Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 3 sah. 20—27
  • «Hemmesi mukaddes ruhdan doldy»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hemmesi mukaddes ruhdan doldy»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ählisi öňki bolýan öýünde ýygnandylar» (Resullar 2:1—4)
  • «Dürli dillerde gepleýändigini eşitdiler» (Resullar 2:5—13)
  • «Petrus... ýerinden turdy» (Resullar 2:14—37)
  • «Suwa çümdüriliň» (Resullar 2:38—47)
  • Dürli dilde gürleýän adamlar hoş habary eşidýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Siz indi Hudaýyň halkysyňyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Şägirtlere mukaddes ruh berilýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 3 sah. 20—27

3-NJI BAP

«Hemmesi mukaddes ruhdan doldy»

Pentikost güni mukaddes ruh berildi

Resullar 2:1—47

1. Pentikost baýramçylygy nähili geçýärdi?

IÝERUSALIMIŇa köçelerinde uly şatlyk-şowhun bolup durdy. Gurbanlyklaryň tüssesi ybadathanadan ýokary göterilýärdi. Lewileriň Ýehowany şöhratlandyryp aýdýan aýdymy bütin şähere ýaň salýardy (Zebur 113—118-nji baplar). Köçelerde adamlaryň köplüginden ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Iýerusalime dürli şäherlerden myhmanlar gelipdi. Olar Elamdan, Mesopotamiýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan, Müsürden we Rimden gelipdilerb. Şol gün Iýerusalime näme üçin köp adam geldi? Olar Pentikost baýramçylygyna gelipdiler. Pentikost baýramçylygyna «ilkinji hasyl güni» hem diýilýär (4 Musa 28:26). Pentikost baýramçylygy her ýyl geçirilýärdi. Ol arpa ýygymynyň soňunda, bugdaý ýygymynyň bolsa başynda bellenilýär. Şol baýramçylyk iň şatlykly, gyzykly günleriň biridi.

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni hoş habary eşiden adamlaryň ýaşan ýerleriniň kartasy. 1. Ýurtlar: Liwiýa, Müsür, Efiopiýa, Bitiniýa, Pontus, Kappadokiýa, Ýahuda, Mesopotamiýa, Wawiloniýa, Elam, Midiýa, Parfiýa. 2. Şäherler: Rim, Aleksandriýa, Memfis, Antakyýa (Siriýadaky), Iýerusalim, Wawilon. 3. Suwlar: Ortaýer deňzi, Gara deňiz, Gyzyl deňiz, Hazar deňzi, Pars aýlagy.

IÝERUSALIM — ÝEHUDY DININIŇ DÖRÄN ÝERI

Resullar kitabynyň 1-nji babynda aýdylýan wakalaryň köpüsi Iýerusalimde bolup geçdi. Iýerusalim şäheri Ortaýer deňzinden takmynan 55 kilometr günbatarda, Ýahuda daglarynyňam merkezinde ýerleşýär. B. e. öň 1070-nji ýylda Dawut patyşa Sion dagynyň depesindäki galany basyp alýar. Soňra şol galanyň daş-töwereginde şäher gurýar. Şeýdip, ol Ysraýylyň paýtagty bolýar.

Sion dagynyň golaýynda Moryýa dagy ýerleşýärdi. Gadymy ýehudylaryň taryhyna görä, Ybraýym Moryýa dagynda ogly Yshagy Hudaýa gurban berjek bolupdy. Şu waka Resullar kitabynda aýdylan wakalardan 1900 ýyl öň bolupdy. Süleýman patyşa dagyň depesinde Ýehowa üçin ybadathana guransoň, Moryýa dagy şähere degişli bolýar. Ýehudylar ybadathana köp barýardylar we şol ýerde Hudaýa sežde edýärdiler.

Dürli ýerlerde ýaşaýan ýehudylar Hudaýa gurbanlyk bermek, sežde etmek we baýramçylyklary bellemek üçin ybadathana gelýärdiler. Olar Hudaýyň: «Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek... Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin» diýen tabşyrygyna gulak asýardylar (5 Mus. 16:16). Şeýle-de Iýerusalimde ýehudylaryň Mejlisi, ýagny ýokary kazyýeti we edara ediş merkezi bardy.

2. Pentikost güni nähili wakalar boldy?

2 B. e. 33-nji ýylynyň ýaz aýlarydy. Irden sagat dokuz töweregidi. Şol gün hiç kimiň ýadyndan çykmajak üýtgeşik waka bolýar. Isanyň 120-ä golaý şägirdi bir jaýda ýygnanyşypdylar. «Birdenkä güýçli ýeliň öwsüşi kimin gökden bir ses gelýär, sesi jaýda oturanlaryň hemmesi eşidýär» (Res. 2:2). Soňra ýene üýtgeşik zat bolýar. Şägirtleriň depesinde oduň ýalnyna meňzeş diller peýda bolýar. Olar mukaddes ruhdan dolup, dürli dillerde gepläp başlaýarlar. Köçä çykyp, gelen myhmanlaryň ene dilinde wagyz edýärler. Olaram şägirtleriň dürli dillerde wagyz edýändigine haýran galýarlar. Şeýdip, uzak şäherlerden gelen adamlaryň hersi hoş habary öz ene dilinde eşidýär (Res. 2:1—6).

3. a) B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni näme üçin ýatdan çykmajak gün? b) Şol gün Petrus näme etdi?

3 Pentikost güni bolan waka ruhy ysraýylyň, saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnagyň döremegine kömek etdi. Şonuň üçin oňa arassa seždäniň wajyp bölegi diýse bolýar (Gal. 6:16). Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna Petrusam goşant goşdy. Isa Petrusa «Patyşalygyň açarlaryny» ynanypdy. Ol märekä ýüzlenende şol üç açaryň birinjisini ulanypdy. Açarlar — dürli milletli adamlara hoş habary kabul edip, Hudaýyň mukaddes ruhy bilen saýlanmaga mümkinçilik döredýär (Mat. 16:18, 19). Netijede, olar ruhy ysraýyla goşulýarlar. Indi olaryň gökde Isa bilen patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürmäge umydy bar (Ylh. 5:9, 10). Birinji açar ýehudylara we ýehudy dinine geçen adamlara şeýle mümkinçiligi berdic. Ikinji açar samariýalylara, üçünji açar bolsa başga milletli adamlara şeýle mümkinçiligi döretdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni bolan wakalardan häzirki mesihçiler näme öwrenýär?

«Ählisi öňki bolýan öýünde ýygnandylar» (Resullar 2:1—4)

4. Mesihçiler ýygnagynyň döreýşi we köpelişi hakda gürrüň beriň.

4 Ilkinji mesihçiler ýygnagynda 120-ä golaý şägirt bardy. Olaryň ählisi «öňki bolýan öýünde», ýagny ýokarky otagda ýygnanyşypdylar (Res. 2:1). Şonda şägirtler mukaddes ruh bilen saýlandylar. Şol gün müňlerçe adamlar suwa çümdürildi. Şeýdip, mesihçileriň sany artyp başlady. Şu günlerem ýygnaklar gün-günden köpelýär. Hudaýa wepaly erkekdir-aýallar dünýäniň soňy gelmänkä, «Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz edýärler» (Mat. 24:14).

5. Ýygnaklara barmagyň nähili peýdasy bar?

5 Mesihçiler ýygnagy saýlananlary, soňra olara goşulan «başga goýunlary» ruhlandyrýar we imanyny berkidýär (Ýah. 10:16). Pawlus ýygnakda ruhlanýandygyna we dogan-uýalaryň imanyny berkidip bilýändigine begenýärdi. Şonuň üçin hem ol rimlilere hat ýazanda: «Sizi göresim gelýär, imanyňyzy berkidip, ruhlandyrasym gelýär. Şeýdip, biz imanymyz bilen biri-birimizi ruhlandyrarys» diýdi (Rim. 1:11, 12).

RIM — GÜÝÇLI IMPERIÝANYŇ PAÝTAGTY

Resullar kitabyndaky wakalaryň bolan döwri Rim iň uly hem güýçli şäherdi. Rim şäheri güýçli imperiýanyň paýtagtydy. Britaniýadan demirgazyk Afrika we Atlantik okeanyndan Pars aýlagyna çenli ýerler onuň golastynda bolupdyr.

Rimde milleti, medeniýeti, dili tapawutlanýan adamlar köpdi. Olar dürli-dürli dinlere uýýardylar. Rimde ýollar örän köpdi, şonuň üçin oňa dünýäniň dürli künjeginden gelip bolýardy. Rimiň golaýynda Ostianyň gämi duralgasy bardy. Şol duralga köp gämiler gelýärdi. Söwdagärler Rimiň ýaşaýjylary üçin köp iýmit we gymmatbaha zatlary getirýärdiler.

I asyrda Rimde milliondan gowrak adam ýaşaýardy. Halkyň ýarysy diýen ýaly guldy. Olaryň arasynda ölüme höküm edilen jenaýatçylar, satylan ýa-da taşlanan çagalar we uruşda ýesir düşen tussaglar bardy. Şeýle-de gullaryň arasynda Iýerusalimden getirilen ýehudylar hem bardy. Olar b. e. öň 63-nji ýylda Rim generaly Pompeý Iýerusalimi basyp alanda ýesir düşüpdi.

Rimde ýaşaýan adamlaryň köpüsi garypdy. Olar birnäçe gatly jaýlarda köpçülik bolup ýaşaýardy. Hökümet olara iýer-içer ýaly zat we az-owlak pul berýärdi. Imperatorlar halk üçin owadan teatrlary we uly stadionlary gurýardy. Adamlar şol ýerlerde her dürli sahnalary, adamlaryň we haýwanlaryň uruşlaryny hem-de arabaly atlaryň ýaryşlaryny mugtuna görýärdi.

6, 7. Şu günler mesihçiler Isanyň tabşyrygyna nädip gulak asýar?

6 I asyrda Isa şägirtlerine ýumuş tabşyrypdy. Ol: «Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20). Isanyň tabşyran ýumşy aňsat däldi. Ýöne şägirtler ony höwes bilen edýärdi. Mesihçilerem Isanyň şol tabşyrygyna gulak asýarlar.

7 Şu günler Ýehowa ähli halkara hoş habaryny ýetirmek üçin Şaýatlaryny iberýär. Olara dürli dilde wagyz etmek aňsat bolmaýar. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary 1000-den gowrak dillerde Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary çykarýarlar. Şeýdip, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar hoş habary eşidýär. Sizem ýygnaklara yzygider barýandygyňyza, hoş habary wagyz edip şägirt taýýarlaýandygyňyza ýürekden begeniň. Sebäbi Ýehowa öz adyny wagyz etmegi sanlyja adama ynandy. Şonuň üçin Hudaýyň halkynyň agzasydygyňyza buýsanyň.

8. Biz näme üçin ýygnaklardan galmaly däl?

8 Soňky günlerde kynçylyklara şatlyk bilen döz geler ýaly, Ýehowa dogan-uýalary berdi. Biz dünýäniň dürli künjeginde ýaşasak-da, bir maşgalanyň agzasy. Pawlus ýewreýlere şeýle hat ýazdy: «Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Käbirleri ýaly ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25). Mesihçiler ýygnagy Ýehowanyň berekedi. Biz ýygnakda hem dogan-uýalary ruhlandyrýarys, hem özümiz ruhlanýarys. Şonuň üçin dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Hiç haçan ýygnaklardan galmaň.

«Dürli dillerde gepleýändigini eşitdiler» (Resullar 2:5—13)

Isanyň şägirtleri uly köçelerde ýehudylara we ýehudy dinine geçen adamlara wagyz edýärler.

«Biziň ählimiz olaryň Allanyň gudratly işleri hakda öz ene dilimizde gürrüň berýändiklerini eşidýäris» (Resullar 2:11)

9, 10. Käbir mesihçiler dürli dilde wagyz etmek üçin näme edýärler?

9 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni ýehudylaryň we ýehudy dinine geçen adamlaryň şatlanyşyny göz öňüne getiriň. Olaryň köpüsi ýewreý ýa-da grek dilinde gepleýärdi. Ýöne şol gün olar «şägirtleriň dürli dillerde gepleýändiklerini eşitdiler» (Res. 2:6). Myhmanlaryň öz ene dilinde eşiden hoş habary ýüregine jüňk boldy. Şu günler mesihçiler gudrat bilen islän dilinde gepläp bilmeýärler. Ýöne olar dürli milletli adamlara hoş habary wagyz edýärler. Munuň üçin täze dil öwrenip, başga dilde gepleýän ýygnaklarda gulluk edýärler ýa-da daşary ýurda göçýärler. Köplenç olaryň tagallasy ýerine düşýär, akýürekli adamlar hoş habary diňleýär.

10 Geliň, Kristin barada gürrüň edeliň. Ol gujarati dilini öwrenmek üçin ýedi sany dogan-uýa bilen sapaklara gatnaýar. Onuň bir işdeşi gujarati dilinde gepleýärdi. Bir gün ol işdeşi bilen gujarati dilinde salamlaşýar. Şonda işdeşi haýran galyp, Kristinden şeýle kyn dili näme üçin öwrenýändigini soraýar. Kristin oňa wagyz edip sebäbini düşündirýär. Işdeşi Kristine: «Onda siz ýöne-möne habar aýdaňyzok» diýýär.

11. Daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin näme edip bileris?

11 Belki, her birimiziň daşary ýurt dilini öwrenmäge mümkinçiligimiz ýokdur. Ýöne biz daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara hoş habary wagyz etmek üçin käbir zatlary öwrenip bileris. Meselem, biz JW Language® programmasyndan daşary ýurt dilinde salamlaşmagy öwrenip bileris. Şeýle-de käbir jümleleri öwrenip wagyz etsek, olar Mukaddes Kitap bilen gyzyklanar. Mundan başga-da biz jw.org saýtyna girmegi öwredip, daşary ýurtly adama ene dilindäki wideolary, edebiýatlary görkezip bileris. Eger biz şu usullary ulansak, daşary ýurt dilinde gepleýän adamlar hoş habary «öz ene dilinde» eşidip hoşal bolar. Şonda bizem I asyrdaky doganlar ýaly, wagyzdan köp şatlyk taparys.

MESOPOTAMIÝADA WE MÜSÜRDE ÝAŞAN ÝEHUDYLAR

Bir kitapda şeýle diýilýär: «Assiriýalylar we wawilonlylar on taýpaly Ysraýyl patyşalygy bilen Ýahuda patyşalygyny ýesir edip alansoň, olaryň nesilleri Mesopotamiýada, Midiýada hem-de Wawilonda ýaşady» («The History of the Jewish People in the Age of Jesus Christ», b. e. öň 175 — b. e. 135). Hydyr 2:64-e görä, Wawilona ýesir äkidilen ysraýyllardan diňe 42 360 adam Iýerusalime dolandy. Olar watanyna b. e. öň 537-nji ýylda gelipdiler. Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, I asyrda Wawilonda on müňlerçe ýehudylar ýaşaýardy. III—V asyrlar aralygynda Wawilonda ýaşan ýehudylaryň däp-dessurlary we düşünjeleri esasynda «Wawilon Talmudy» ýazylypdyr.

Taryhy maglumatlara görä, ýehudylar Müsürde-de ýaşapdyrlar. B. e. öň VI asyrda we ondanam öň ýehudylaryň şol ýerde ýaşandygy barada subutnamalar bar. Şol döwür Ýermeýa pygamber Müsüriň dürli künjeginde, şeýle-de Memfisde ýaşaýan ýehudylara Hudaýyň habaryny aýdypdy (Ýer. 44:1, çykgyt). B. e. öň 320—30-njy ýyllarda ençeme ýehudylar Müsüre göçen bolmaly. Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Aleksandriýa şäherine göçüp, şol ýerde ýaşap başlan ilkinji raýatlaryň arasynda ýehudylar hem bardy. Wagtyň geçmegi bilen, şäheriň bir bölegi şol ýerde ýaşap ýören ýehudylaryň golastyna geçýär. I asyrda ýehudy ýazyjysy Filon millionlarça ildeşleriniň Müsüriň dürli künjeginde, Liwiýadan başlap Efiopiýanyň serhedine çenli ýerlerde ýaşandygyny aýdýar.

«Petrus... ýerinden turdy» (Resullar 2:14—37)

12. a) Ýowel näme barada pygamberlik etdi? Pygamberlik haçan ýerine ýetdi? b) Şägirtler Ýoweliň pygamberliginiň şol wagt ýerine ýetendigini nädip bildiler?

12 «Petrus... ýerinden turup», dürli ýerlerden gelen märekä ýüzlenýär (Res. 2:14). Ol Hudaýyň gudrat bilen şägirtlere dürli dillerde geplemäge ukyp berendigini aýdýar. Şeýle-de Ýoweliň: «Her biriniň üstüne ruhumy indererin» diýen pygamberliginiň ýerine ýetişini düşündirýär (Ýow. 2:28). Isa göge gitmänkä-de şägirtlerine mukaddes ruhuň beriljegini aýdypdy. Ol: «Atama ýalbararyn, ol size... başga kömekçini berer» diýdi (Ýah. 14:16, 17).

13, 14. Petrus märekä nädip ýüzlendi? Biz ondan näme öwrenip bileris?

13 Petrus sözüniň soňunda märekä şeýle diýdi: «Ysraýyl halky, bilip goýuň: pürse çüýlän Isaňyzy Hudaý Baştutan hem Mesih edip belledi» (Res. 2:36). Elbetde, Petrusy diňläp duran adamlaryň köpüsi Isanyň pürse çüýlenişini görenem däldir. Ýöne olar ysraýyl halkyndan bolandygy üçin Isanyň ganyna galypdylar. Petrus olary günäkärlejek bolmaýardy, gaýtam toba etmeklerini isleýärdi. Şonuň üçin hem olara hormat goýup gepleşdi we ýüreklerine täsir etdi. Petrusy diňläp duran adamlaryň gahary gelmedi, gaýtam olaryň «ýüregine gylyç sanjylan ýaly boldy». Adamlar: «Indi biz näme etmeli?» diýişdiler. Petrusyň märekä hormat bilen ýüzlenmegi güýçli täsir eden bolmaly. Şonuň üçin olar ýürekden toba etdiler (Res. 2:37).

14 Biz wagyz edenimizde adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly, Petrusdan köp zatlary öwrenip bileris. Meselem, wagyz edenimizde adamyň her bir nädogry pikirini düzetjek bolmaly däl. Biz onuň aýdan zatlarynyň gowy taraplaryna üns berip, şol barada gürrüň edip bileris. Eger onuň bilen dil tapyşsak, Mukaddes Kitapdan aýat okap bermäge-de mümkinçiligimiz bolar. Adamlar bilen gepleşenimizde Petrus ýaly hormat goýsak, akýürekli adamlar hoş habary kabul etmegi mümkin.

PONTUSDAKY MESIHÇILER

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrusyň wagzyny Pontusdan gelen ýehudylaram eşidýär. Pontus Kiçi Aziýanyň demirgazygynda ýerleşýär (Res. 2:9). Şol ýehudylaryň köpüsi Iýerusalimde eşiden zatlaryny ýaşaýan ýerindäki adamlara gürrüň beren bolmaly. Bilşimiz ýaly, Petrus birinji hatyny dürli ýerde, şol sanda Pontusda «wagtlaýyn ýaşaýan»f mesihçilere ýazypdy (1 Pet. 1:1). Onuň ýazan hatyndan mesihçileriň imany üçin dürli synaglara duş gelendigini bilýäris (1 Pet. 1:6). Belki, olara güýçli garşy çykandyrlar, köp yzarlandyrlar.

Rim imperatory Traýan bilen Pontusyň patyşasy Pliniýiň ýazyşan hatlary Pontusdaky mesihçileriň yzarlanandygyny görkezýär. Takmynan b. e. 112-nji ýylynda Pliniýiň Pontusda ýazan hatyna görä, mesihçiler «ýokanç kesel» ýaly. Olar aýal-erkek, ýaş-garry, baý-garyp diýmän, hemmelere ýokuşýar. Pliniý mesihçi bolan adamlara imandan dänse, ýaşamaga mümkinçilik berýärdi, dänmese ölüm jezasyny berýärdi. Ol Mesihe garganlary, taňrylara ýa-da Traýanyň heýkeline doga edenleri azat edýärdi. Pliniý hakyky mesihçileriň şeýle zatlary etmejekdigini bilýärdi.

f «Wagtlaýyn ýaşaýjy» diýmegi aňladýan grek sözi dürli ýerlere ýaýramak diýip hem terjime edilýär. Köplenç şu sözi ýehudylara aýdypdyrlar, sebäbi ilkinji mesihçi bolanlaryň köpüsi ýehudydy.

«Suwa çümdüriliň» (Resullar 2:38—47)

15. a) Petrus märekä näme diýdi? Märeke näme etdi? b) Müňlerçe adamlar näme üçin hoş habary eşiden güni suwa çümdürildiler?

15 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus ýehudylara we ýehudy dinine geçen adamlara: «Toba ediň we... suwa çümdüriliň» diýdi (Res. 2:38). Şeýdip, 3 000-e golaý adam suwa çümdürildid. Olar Iýerusalimdäki ýa-da onuň golaýyndaky suw howdanlarynda suwa çümdürilen bolmaly. Olar howlugyp şeýle karara geldilermi? Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler ýa-da dogan-uýalaryň çagalary taýyn bolmasa-da suwa çümdürilse bolýarmy? Elbetde, ýok. Pentikost güni gelen ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar suwa çümdürilmäge taýyndylar. Olar öňden bäri Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenýärdiler. Onsoňam Ýehowa bagyş edilen halkdandylar. Olar uzakda ýaşasalaram, Pentikost güni baýramçylyga gelip, yhlasyny görkezipdiler. Indi olar Hudaýyň niýetinde Isanyň wajyp ornunyň bardygyny bildiler. Şonuň üçinem suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi boldular.

ÝEHUDY DININE GEÇENLER KIMLER?

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrusyň wagzyny ýehudylar hem, ýehudy dinine geçenler hem eşidipdi (Res. 2:10).

Nikolawus mesihçilere her gün «azyk paýlamak» üçin bellenen adamlaryň biridi. Ol «ýehudy dinine geçen antakyýaly» adamdy (Res. 6:3—5). Başga milletli adamlar ýehudy dinine geçse, olaram ýehudy hasaplanýardy, sebäbi başga taňrylara däl-de, diňe hak Hudaýa sežde edýärdiler. Olar ýehudylar ýaly, Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanunlary boýunça ýaşaýardylar, erkek adamlar bolsa sünnetlenýärdi.

B. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolansoň, dürli ýerlerde ýaşap başladylar. Ýöne olar baran ýerlerinde-de ýehudylaryň dini däp-dessurlaryny berjaý edýärdiler. Şonuň üçin Ysraýylyň daş-töwereginde, hatda uzak ýerlerde ýaşaýan adamlaram ýehudylaryň dini hakda eşidýärdi. Hores we Seneka atly Rim ýazyjylarynyň aýtmagyna görä, ýehudylar bilen bir ýurtda ýaşaýan adamlar olary we dini däp-dessurlaryny gowy görüp, ýehudy dinine geçipdirler. Şol adamlara ýehudy dinine geçenler diýilýär.

16. I asyrdaky mesihçiler näme etdiler?

16 Şol gün baýramçylyga gelenleriň ählisini Ýehowa goldaýardy. Resullar 2:44, 45-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Isanyň şägirdi bolanlaryň hemmesi bilelikde ýygnanyşýardylar we bar zatlaryny biri-biri bilen paýlaşýardylar. Olar melleklerini we zatlaryny satyp, öz aralarynda mätäçlik çekýänlere paýlaýardylar»e. Şu günlerem mesihçiler şägirtleriň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ýürekden söýýärler we olar üçin hiç zadyny gaýgyrmaýarlar.

17. Suwa çümdürilmek üçin nämeleri etmeli?

17 Mukaddes Kitaba görä, adam özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek islese, käbir talaplara laýyk gelmeli. Ilki bilen, ol Hudaýyň Sözüni öwrenip bilim almaly (Ýah. 17:3). Ol imanyny iş ýüzünde görkezmeli we günälerine toba edip, erbet işlerini gaýtalamaly däl (Res. 3:19). Şeýle-de ol häsiýetlerini üýtgedip, Hudaýyň islegine görä ýaşamaly (Rim. 12:2; Efes. 4:23, 24). Şu ädimleri ädensoň, doga edip Hudaýa özüni bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli (Mat. 16:24; 1 Pet. 3:21).

18. Suwa çümdürileniňe näme üçin buýsanmaly?

18 Siz suwa çümdürildiňizmi? Eger suwa çümdürilen bolsaňyz, Ýehowa gulluk edip bilýändigiňize buýsanyň. Ýehowa şeýle mümkinçiligi berendigi üçin minnetdar boluň. I asyrdaky şägirtlere berişi ýaly, Ýehowa size-de islegini ýerine ýetirmäge we hoş habary wagyz etmäge mukaddes ruhuny berer.

a «Iýerusalim — ýehudy dininiň dörän ýeri» diýen çarçuwa serediň.

b «Rim — güýçli imperiýanyň paýtagty», «Mesopotamiýada we Müsürde ýaşan ýehudylar», «Pontusdaky mesihçiler» diýen çarçuwalara serediň.

c «Ýehudy dinine geçenler kimler?» diýen çarçuwa serediň.

d 1993-nji ýylyň 7-nji awgustynda Ukrainanyň Kiýew şäherinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň halkara kongresi geçirildi. Kongresde 7 402 adam 6 sany suw howdanynda suwa çümdürildi. Doganlar olaryň ählisini 2 sagat 50 minudyň içinde suwa çümdürdiler. Diýmek, şol gün Pentikost günündäkiden hem has köp adam suwa çümdürilipdir.

e Iýerusalimdäki dogan-uýalar uzak ýerlerden gelen adamlara gerek zatlaryny ýetirdiler. Şeýdip, gelen myhmanlar Hudaý barada öwrenmek üçin Iýerusalimde köpräk galyp bildiler. Olar şol zatlary mejburlyk bilen däl-de, ýürekden berdiler (Res. 5:1—4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş