Siz «Hudaýyň nazarynda baýmysyňyz»?
«Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir» (LUKA 12:21).
1, 2. a) Köp adamlar näme üçin ähli zatdan geçmäge taýyn? b) Mesihçiler nähili kynçylyga we howpa uçraýarlar?
ASYRLAR boýy ýurtlaryň köpüsinde adamlar baýamak üçin köp güýç sarp etdiler. Meselem, XIX asyrda Awstraliýada, Günorta-Afrika respublikasynda, Kanadada we ABŞ-da ýaşaýan adamlar öz bagtyny synap görmek üçin, altyn tapmak höwesi bilen öýlerini terk edip, keseki ýurtlara, käte ýaşalmaýan ýerlere-de gidýärdiler. Hawa, şu günlerem adamlaryň köpüsi baýamak üçin özüni howp astyna salmaga we köp zatdan geçmäge taýyn.
2 Emma biziň günlerimizde adamlaryň köpüsi şeýle hazyna gözlemeseler-de, eklenmek üçin agyr zähmet çekýärler. Sebäbi ýaşaýyş gaty kyn. Biz iýmit, egin-eşik we jaý edinmek ýaly işler bilen başagaý bolup, has wajyp zatlary unudyp bileris (Rimliler 14:17). Isa Mesih ynsanyň höwesini aýdyň görkezýän tymsaly gürrüň berdi. Bu tymsal Luka 12:16—21-nji aýatlarda ýazylan.
3. Luka 12:16—21-nji aýatlardaky Isanyň tymsalyny gysgaça gürrüň beriň.
3 Isa bu tymsaly açgözlük barada duýduryş berenden soň gürrüň berdi. Bu barada biz geçen makalada giňişleýin seredipdik. Isa zatlary ammarlaryna sygmaýan bir baý adam barada gürrüň berýär. Baý öňki ammarlaryny kiçi görüp, ulurak ammarlar salyp, bar zadyny şol ýere ýygnamagy ýüregine düwýär. Ol durmuşynyň lezzetli boljakdygy hakynda ýaňy oýlanyp başlanda, Hudaý oňa: «Janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?» diýýär. Soňra Isa: «Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir» diýýär (Luka 12:21). Biz bu tymsaldan näme öwreneris we durmuşymyzda ony nädip ulanyp bileris?
«Näme etsemkäm?»
4. Isanyň tymsalyndaky adam barada näme diýse bolar?
4 Isanyň gürrüň beren tymsalyndaky ýaly ýagdaý, şu günlerem köp duş gelýär. Isa tymsaly: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär» diýip, ýönekeý sözler bilen başlaýar. Isa bu adam baýlygy haram gazanç bilen gazandy diýmeýär. Başgaça aýdanyňda, ol erbet adam bolmandyr. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, ol işeňňir adam bolmaly. Baý gelejekde-de maşgalasynyň hal-ýagdaýynyň gowy bolmagynyň aladasyny edýär. Diýmek, ynsan garaýşy bilen garanyňda, ol zähmetsöýer, jogapkär adamdy.
5. Isanyň tymsalyndaky adam nähili kynçylyga uçraýar?
5 Isa ol adama baý diýmek bilen onuň mal-mülküniň köpdügini belleýär. Emma Isanyň aýdyşy ýaly, baý adam bir kynçylyga uçraýar. Onuň ýeri garaşanyndanam, geregindenem we onuň saklap biljegindenem artyk hasyl berýär. Baý adam näme eder?
6. Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi nämäni saýlamaly bolýar?
6 Şu günler Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsiniň ýagdaýy baý adamyňka meňzeýär. Mesihçiler dogruçyl, yhlasly we akýürekden işlemäge çalyşýarlar (Koloseliler 3:22, 23). Olar hakyna tutulan işde ýa-da öz kärhanasynda işleseler-de üstünlik gazanýarlar, hatda ösüp geçýärler. Haçan-da olara täze iş ýa-da wezipe hödürlänlerinde belli bir karara gelmeli bolýarlar. Olara wezipe we köp gazanç etmegi teklip edenlerinde, olar mümkinçiliginden peýdalanmalymy ýa-da ýok? Ýaş mesihçileriň hem köpüsi mekdepde gowy okaýarlar. Şol sebäpli olara abraýly ýokary okuw jaýlarynda okamagy teklip edip bilerler. Olar köp adamlaryň edenine eýerip, şeýle teklibi kabul etmelimi?
7. Isanyň tymsalyndaky adam näme etdi?
7 Isanyň gürrüň beren tymsalyna dolanalyň. Baý adamyň ýeri bol hasyl berip, ony goýmaga ýeri bolmaýar, şonda ol näme etdikä? Ol bütin gallasyny we bar zadyny goýmak üçin ammarlary ýykyp, täze ammarlar salmagy ýüregine düwýär. Bu pikiri ony şeýle rahatlandyryp, kanagatlandyrýar welin, ol özüne: «Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek» diýýär (Luka 12:19).
Näme üçin «akmak» diýilýär?
8. Isanyň tymsalyndaky adam nämäni göz öňünde tutmady?
8 Isanyň aýtmagyna görä, baý adam ýalan duýgulara batyp, öz-özüni aldaýar. Sebäbi ol iň esasy zady, Hudaýyň islegini göz öňünde tutmaýar. Ol diňe özi barada, ýagny iýmek, içmek we keýp çekip, dynç almak hakynda oýlanýar. Ol özüni «birtopar zat» bilen «köp ýyla» üpjün ederin öýdýär. Emma ol gaty ýalňyşýardy. Isanyň aýdyşy ýaly, «biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däl» (Luka 12:15). Edil şol gije baýyň eden bar zähmeti puç bolýar, sebäbi Hudaý oňa: «Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?» diýýär (Luka 12:20).
9. Näme üçin tymsaldaky adama akmak diýilýär?
9 Indi bolsa, Isanyň tymsalynyň esasy pikirine seredeliň. Hudaý baý adama akmak diýýär. Bir sözlügiň düşündirişine görä, bu ýerde ulanylan grek sözi «bir zada hemişe ýeterlikli düşünmezligi aňladýar». Şeýle-de sözlükde, Hudaýyň adama akmak diýmeginiň sebäbi «baý adamyň arzuwynyň puçdygyny» aňladýar diýip düşündirilýär. Bu söz akyl taýdan pesligi däl-de, «Hudaýa baglydygyna boýun bolmaýan adamy» aňladýar (Exegetical Dictionaru of the New Testament). Isanyň tymsalyndaky baý adam I asyrdaky Kiçi Aziýanyň laodikiýaly baý mesihçilerini ýatladýar. Isa olara: «Sen: «Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin» diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň» diýdi (Ylham 3:17).
10. Näme üçin «birtopar» zat «köp ýyla» umyt bermeýär?
10 Bu tymsal barada oýlanmak biziň üçin peýdaly. Mümkin, biz hem şu tymsaldaky adam ýaly, «birtopar» zady «köp ýyla» ýygnamak üçin gije-gündiz işläp, onuň hözirini görmek isleýändiris? (Ýahýa 3:16; 17:3). Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir... baýlygyna baýrynýan ýykylar» (Süleýmanyň tymsallary 11:4, 28). Isa tymsaly gürrüň berip, şeýle netijä gelýär: «Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir» (Luka 12:21).
11. Näme üçin baýlyga bil baglamak biderek?
11 Isa «ýagdaýy şeýledir» diýmek bilen, adam baýlyga bil baglap, abadançylykda ýaşaryn öýtse, onuň ýagdaýy tymsaldaky baý adamyň ýagdaýyna meňzeýändigini görkezýär. «Özi üçin döwlet ýygnaýan» adam ýalňyşmaýar-da, «Hudaýyň nazarynda baýamaýan» adam ýalňyşýar. Ýakup şägirt: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak» diýýänlere: «Ertirki günüň näme getirjegini bilmeýärsiňiz» diýip duýduryş berýär. Olar näme etmelidi? Ýakup: «Munuň deregine: «Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis» diýmelisiňiz» diýip düşündirýär (Ýakup 4:13—15). Adam Hudaýyň nazarynda baý bolmasa, onda onuň pul ýygnany we mal-mülküniň bollugy biderekdir. Hudaýyň nazarynda baý bolmak nämäni aňladýar?
Hudaýyň nazarynda baý bolmak
12. Hudaýyň nazarynda bizi näme baý edýär?
12 Isa tymsalynda ruhy baýlygy ýygnamagy, mal-mülk ýygnamak bilen deňeşdirýär. Diýmek, Isanyň aýtmagyna görä, durmuşymyzyň esasy maksady mal-mülk ýygnamak we baýlygymyzdan lezzet almak bolmaly däl. Biz bar zadymyzy Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmek üçin ulanyp, durmuşymyzy baý etmeli. Şeýtmek bilen, biz Hudaýyň nazarynda baýarys. Näme üçin? Sebäbi ol bol bereketlere eltýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbiň berekedi baý edýändir, Ol oňa hysyrdy garýan däldir» (Süleýmanyň tymsallary 10:22).
13. Ýehowanyň berekedi nädip «baý edýär?»
13 Ýehowa halkyna bereket berende, iň gowusyny berýär (Ýakup 1:17). Mysal üçin, Ýehowa ysraýyllylara ýaşamak üçin ýer berende, «bal we süýt akýan ýeri» berdi. Müsür ýurdy hem şeýle suratlandyrylsa-da, Ýehowanyň ysraýyllylara beren ýeri has tapawutlanýardy. Musa ol ýer barada ysraýyllylara: «Ýehowa Hudaýyňyz aladasyny edýär» diýdi. Başgaça aýdanyňda, Ýehowa ysraýyllylaryň aladasyny edýändigi sebäpli, olar gülläp ösmelidi. Ysraýyllylar Ýehowa wepalykalar, bol ak pata alyp, goňşy halklardanam juda gowy ýaşaýardylar. Hakykatdan-da, Ýehowanyň «berekedi baý edýär!» (Sanlar 16:13; Kanunyň gaýtalanyşy 4:5—8; 11:8—15).
14. Hudaýyň nazarynda baý adamlar nähili bereketler alýar?
14 Baý adamlar üçin easasan adamlaryň olar barada näme pikir edýändigi wajyp. Bu köplenç olaryň alyp barýan durmuşyna täsir edýär. Olar Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «ýaşaýyş tekepbirligi» bilen adamlarda täsir galdyrmak isleýärler (1 Ýahýa 2:16). Munuň tersine, Hudaýyň nazarynda baý adamlar, Hudaýy razy etmekden, onuň merhemetinden, rehiminden we ýakyn gatnaşykdan lezzet alýarlar. Hudaý bilen şeýle ýakyn gatnaşyk olara hiç bir baýlygyň berip bilmejek rahatlygyny berýär we olary bagtly edýär (Işaýa 40:11). Emma Hudaýyň nazarynda baý bolmak üçin biz näme etmeli?
Hudaýyň nazarynda nädip baý bolmaly?
15. Hudaýyň nazarynda baý bolmak üçin, biz näme etmeli?
15 Isanyň tymsalyndaky adam diňe özüniň baýamagy üçin plan düzüp, köp zähmet çekýär, şol sebäpli oňa «akmak» diýilýär. Ýehowanyň nazarynda baý bolmak üçin, onuň nazaryndaky wajyp işlere yhlasly we doly gatnaşmaly. Olaryň arasynda Isanyň: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýen tabşyrygy hem bar (Matta 28:19). Biz wagtymyzy, güýjümizi we zehinimizi durmuşymyzy gowulandyrmak üçin däl-de, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şägirt taýýarlamak üçin sarp edýäris, göçme manyda aýdanda, maýa goýýarys. Muny edýänleriň ruhy taýdan bol «girdeji» alýandygyny indiki mysallardan görse bolýar (Süleýmanyň tymsallary 19:17).
16, 17. Hudaýyň nazarynda baý bolan adamlaryň durmuşy barada nähili mysallar getirip bilersiňiz?
16 Aziýa ýurtlaryň birinde, bir mesihçi bilen bolan waka seredeliň. Ol mesihçi kompýuter bejerip, köp aýlyk alýardy. Emma iş onuň bütin wagtyny alýardy we ol ruhy taýdan pese düşüp başlandygyny duýýar. Ahyry, ol ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, mesihi borçlaryny ýerine ýetirmek üçin işinden çykýar we buzgaýmak taýýarlap, köçede satýar. Şonda onuň ruhy işlere köp wagty bolýar. Öňki işdeşleri bolsa, onuň üstünden gülýär. Ýöne wagt nämäni görkezýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Dogrusyny aýdanyňda, men öňküdenem köp gazanç edýärin. Men özümi bagtly duýýaryn, sebäbi öňki işdäki ýaly biynjalyk bolmaýaryn we darykmaýaryn. Esasanam, men Ýehowa ýakynlaşdym». Mesihçiniň durmuşda eden özgerişleri oňa doly wagtly gulluk etmäge mümkinçilik döretdi; ol häzir ýurdundaky Ýehowanyň Güwäçileriniň Beýtelinde gulluk edýär. Ýehowanyň berekedi ony, dogrudan-da, «baý etdi».
17 Ýene-de bir mysala seredeliň. Bir aýal ýokary bilimi wajyp saýylýan maşgalada terbiýelenýär. Ol Fransiýanyň, Meksikanyň we Şweýsariýanyň uniwersitetinde okaýar we onuň gelejekde gowy wezipe gazanmaga mümkinçiligi bardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men üstünlik gazandym, hormata hem abraýa eýe boldum, ýöne kalbym boşluk we kanagat tapmaýardy». Soňra ol Ýehowa barada bilim alyp başlaýar. Ol gürrüňini şeýle dowam edýär: «Men ruhy taýdan ösdügim saýyn, Ýehowa ýaranmak islegim artyp, onuň eden kömegi üçin elimden gelenini etmegi ýüregime düwdüm. Men doly wagtly gulluk etmegiň iň gowy işdigine düşündim». Ol gowy wezipeden ýüz öwürýär we tizden suwda çokundyrylýar. Bu mesihçi ýigrimi ýyldan bäri doly wagtly gulluk edýänine örän begenýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Käbir adamlar men zehinimi biderek zatlara ulanýaryn diýip pikir edýärler, emma olar meniň bagtlydygymy görýärler we ýaşaýan prinsiplerime hormat goýýarlar. Men her gün Ýehowany razy etmek we kiçigöwünlik barada doga edýärin».
18. Biz Pawlus resul ýaly Hudaýyň nazarynda nädip baýap bileris?
18 Saul, soňra Pawlus bolan resulda ýokary wezipe gazanmak mümkinçiligi bardy. Emma ol soňra: «Bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn» diýip ýazýar (Filipililer 3:7, 8). Pawlus resul Mesih arkaly bu dünýäniň hödür edýän islendik zadyndan gowy baýlygy gazandy. Şonuň ýaly biz hem diňe özüňi bilmek islegini ret edip, Hudaýa ýaranmak üçin tagalla etsek, Onuň nazarynda baý bolmakdan lezzet alarys. Mukaddes Ýazgylarda bizi ruhlandyrýan şeýle sözler bar: «Pes göwünliligiň we Rebden gorkmagyň sylagy baýlyk, hormat we ýaşaýyşdyr» (Süleýmanyň tymsallary 22:4).
Siz düşündirip bilermisiňiz?
• Isanyň tymsalyndaky adam nähili kynçylyga uçrady?
• Näme üçin tymsaldaky adama akmak diýilýär?
• Hudaýyň nazarynda baý bolmak nämäni aňladýar?
• Biz Hudaýyň nazarynda nädip baýap bileris?