«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
1—7 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 32, 33
Ejir çekýänleri goldaň
it «Alyhuw»
Alyhuw
Alyhuw hiç kimi ala tutmaýardy we ýaranjaňlyk etmeýärdi. Ol edil Eýýup ýaly, özüniň toprakdan ýaradylandygyny boýun alýardy. Ol ähli zady Gudratygüýçli Hudaýyň ýaradandygyny bilýärdi. Alyhuw Eýýuby gorkuzjak bolmaýardy, gaýtam hak dost hökmünde adyny tutup ýüzlenýärdi. Ýöne Eýýubyň Alypaz, Bildat we Sapar dostlary bolsa, onuň adyny bir sapar hem tutmadylar (Eýp. 32:21, 22; 33:1, 6).
Siz adamlaryň ejizliklerine Ýehowa ýaly garaýarmysyňyz?
8 Eger biz käbir dogan-uýalarymyzyň ýarawsyzlygy, Ýehowa iman etmeýän maşgalada ýaşaýandygy ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli ejir çekip, ejizleýändigini unutmasak, olara duýgudaşlyk bildirip bileris. Elbetde, biziň hem şeýle ýagdaýlara düşmegimiz mümkin. Meselem, ysraýyllylar Müsürde köp ejir çekdiler. Emma Wada edilen diýara girmezden öňürti Ýehowa olara «doňýürek bolmazlygy» ündedi. Hawa, Ýehowa olaryň garyp we ejiz doganlaryna kömek etmeklerini isleýärdi (5 Mus. 15:7, 11; 3 Mus. 25:35—38).
9 Kynçylyga uçran adamlary günäkärlemegiň we olara şübheli garamagyň deregine, ruhy taýdan teselli bermäge çalyşmaly (Eýp. 33:6, 7; Mat. 7:1). Geliň, bir mysala seredeliň. Ýol heläkçiligine uçran sürüjini keselhana getirýärler. Lukmanlar onuň günäkärdigini ýa-da däldigini anyklajak bolarlarmy? Elbetde, ýok! Olar ýaralanan adama haýal etmän kömek edip başlaýarlar. Şonuň ýaly biz hem kynçylyklar sebäpli «ejizlän» imandaşymyza, ilki bilen, ruhy taýdan kömek etjek bolmaly (1 Sel. 5:14-ny okaň).
10 Eger biz dogan-uýalarymyzyň ýagdaýlary barada oýlansak, olaryň «ejizliklerine» dogry garamagy öwreneris. Maşgala agzalary tarapyndan ençeme ýyldan bäri garşylyklara duş gelýän uýalar barada oýlanyp göreliň. Ähtimal, olaryň käbiri daşyndan sada we gowşak bolup görünýändir, emma olar imanda berk durup, çydamlylyk görkezmeýärlermi? Çagalaryny ýeke terbiýeleýän uýamyzyň ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gelýändigini göreniňizde, onuň imany we dogumlylygy sizi ruhlandyrmaýarmy? Ýa-da mekdepde deň-duşlarynyň erbet täsirine garamazdan, imanda berk durýan ýetginjekler barada hem oýlanyp görüň. Şeýle imandaşlarymyz, göräýmäge, ejiz görünse-de, olaryň beýleki dogan-uýalar ýaly «imana baýdygyna» göz ýetirip bileris (Ýak. 2:5).
Haçan geplemeli?
17 Eýýubyň ýanyna gelen dördünji adam bolsa, Ybraýymyň garyndaşy Alyhuwdy. Ol Eýýuby we beýleki üç adamy ünsli diňledi. Şonuň üçin ol mähir bilen birnäçe maslahat berip, Eýýubyň garaýşyny düzetmäge kömek etdi (Eýp. 33:1, 6, 17). Alyhuw özüni ýa başga birini däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak isleýärdi (Eýp. 32:21, 22; 37:23, 24). Alyhuwyň galdyran göreldesinden geplemegiň we dymmagyň öz wagtynyň bardygyny bilýäris (Ýak. 1:19). Şeýle-de maslahat berenimizde özümizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmalydygyny öwrenýäris.
18 Biz haçan we nädip geplemelidigi barada Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýersek, Hudaýyň beren sowgadyny, ýagny geplemek ukybyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Akyldar Süleýman patyşa Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýerlikli aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» diýdi (Nak. 25:11). Biz dogan-uýalary ünsli diňlesek we oýlanyp geplesek, kümüş gabyň içindäki altyn almalar ýaly, aýdýan sözlerimiz peýdaly hem ýakymly bolar. Şonda biz köp geplesek-de, az geplesek-de, sözlerimiz bilen dogan-uýalary ruhlandyrarys, Ýehowany şatlandyrarys (Nak. 23:15; Efes. 4:29). Şeýdip, biz Hudaýyň beren sowgadyna minnetdardygymyzy subut edýäris.
Dürdäne pikirler
Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň
10 Daş keşbimiz barada hem belli bir derejede alada etmek ýerliklidir. Ýöne garrylyk sebäpli döreýän her bir alamaty gizlejek bolup alada galmaly däl. Gaýtam, ol biziň ruhy taýdan ösendigimizi, mertebämizi we içki gözelligimizi görkezýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilýär (Nak. 16:31). Bu aýatda Ýehowanyň bize bolan garaýşyny görse bolýar. Diýmek, biz hem özümize Ýehowa ýaly garamaly (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň). Beden taýdan owadan görünjek bolup howply operasiýalaryny we medisina bejergilerini etmek paýhasly bolarmy? «Taňrymyzyň... şatlygy» hakyky gözelligiň gözbaşydyr, sebäbi şeýle gözellik adamyň ýaşyna we saglygyna däl-de, içki dünýäsine baglydyr (Neh. 8:10). Biz diňe täze dünýäde sagdyn we ýaş bolup bileris (Eýp. 33:25; Işa. 33:24). Emma häzirki ýagdaýymyza kaýyl bolup, paýhasly we iman bilen hereket etsek, bu bize Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder (1 Tim. 4:8).
8—14 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 34, 35
Adalatsyzlyga duş geleniňizde ruhdan düşmäň
wp19.1 sah. 8, abz. 2
Hudaý kim?
Hudaý hemişe dogry zady edýär. Mukaddes Kitapda «Hak Hudaý asla erbetlik etmez, Gudratygüýçli adalatsyzlyk etmez» diýilýär (Eýp. 34:10). Ol adalatly höküm çykarýar. Mezmurçy Ýehowa barada şeýle diýdi: «Sen adalatly höküm çykararsyň» (Zeb. 67:4). Ýehowa adamyň «ýüregine seredýär», şonuň üçin hem ol mekir adamyň erbet niýetini görýär. Hudaý elmydama hakykatyň tarapdary we adalatly höküm çykarýar (1 Şam. 16:7). Ol ýer ýüzündäki ähli adalatsyzlygy we azgynlygy görýär, şonuň üçin «dönükleri sogrup taşlajakdygyny» wada berýär (Nak. 2:22).
Hudaýyň Patyşalygy tizden nämeleri eder?
5 Ýehowa näme eder? Häzir ol zalym adamlara düzelmäge mümkinçilik berýär (Iş. 55:7). Bu dünýä höküm çykarylsa-da, adamlara heniz doly höküm çykarylmady. Emma durmuşyny özgertmän, dünýäniň zalym işlerini goldamagyny dowam edýän adamlara agyr muşakgat gelende näme bolar? Ýehowa zalym adamlary ýer ýüzünden bütinleý ýok etjekdigini söz berdi (Zebur 37:10-ny okaň). Şu günler köp adamlar edýän zalym işlerini gizlemegi we jezadan gaçmagy başarýar (Eýp. 21:7, 9). Şol sebäpli olar hatda höküm gününde-de halas bolarys öýdýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär. Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar» diýilýär (Eýp. 34:21, 22). Ýehowa Hudaýdan hiç zady gizläp bolmaýar. Kezzap adamlar ony aldap bilmez; Hudaýyň nazaryndan ne garaňkylykdaky zatlar, ne-de ynsan ýüregindäki çuň oý-pikirler sypyp biler. Armageddondan soň, biz ýekeje erbet adamam görmeris. Olar ebedilik ýok bolar! (Zeb. 37:12—15).
Siz Isa pygambere iman edýärsiňizmi?
19 Şu günler Isa iman edýän adamlara nähili garaýarlar? Biz syýasata goşulmaýarys, bitarap ýaşaýarys. Köp adamlar bizi ýazgarýarlar. Olar biziň saýlawlara gatnaşmagymyzy isleýär. Emma biz adamy patyşa saýlasak, Ýehowadan ýüz öwürýändigimize düşünýäris (1 Şam. 8:4—7). Adamlar biziň haýyr-sahawat işlerine gatnaşyp, mekdepleri we keselhanalary gurmagymyza garaşýarlar. Olar: «Siz diňe wagyz edýärsiňiz, adamlaryň kynçylygyny çözmäge kömek etmeýärsiňiz» diýip nägile bolýarlar.
20 Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly näme etmeli? (Matta 7:21—23-nji aýatlary okaň). Biz Isa pygamberiň tabşyran işini ýürekden ýerine ýetirmeli (Mat. 28:19, 20). Biz dünýäniň kynçylyklaryny çözjek bolup, syýasata goşulmaly däl. Elbetde, biz adamlary söýýäris, kyn ýagdaýa düşenlerinde goldamaga jan edýäris. Emma biz adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjegini bilýäris, şol sebäpli ol hakda wagyz edýäris we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris.
Dürdäne pikirler
Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!
3 Alyhuw: «Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar, Onuň saňa mätäçligi näme?» diýende, Ýehowa ony düzetmedi (Eýp. 35:7). Eýsem, Alyhuw Hudaýa sežde etmek üçin edýän tagallamyz biderek diýjek boldumy? Elbetde, ýok. Ol Ýehowanyň biziň seždämize mätäç däldigini aýtjak boldy. Dogrudan-da, Ýehowa hiç zada bagly däl. Biz edýän işlerimiz bilen ony ne baý, ne-de has güýçli edip bilýäris. Gaýtam, ähli ýagşy zatlar, ukybymyz we güýjümiz Hudaýdandyr. Ol biziň bu zatlary nädip ulanýandygymyza üns berýär.
15—21 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 36, 37
Hudaýyň ebedi ýaşaýyş hakdaky wadasyna näme üçin ynansa bolýar?
Hak Hudaýy ýakyndan tanap bolýarmy?
HUDAÝ EBEDILIK BAR: Mukaddes Kitapda Hudaýyň «ebedi bardygy» aýdylýar (Zebur 90:2). Başgaça aýdanyňda, onuň ne başlangyjy bar, ne-de soňy. Hiç bir adam onuň «ýaşan ýyllaryny sanap bilmez» (Eýýup 36:26).
Bize berýän peýdasy: Hudaý özi bilen dostlaşýan adamlara ebedi ýaşaýşy wada berýär (Ýahýa 17:3). Eger Hudaý ebedi bolmadyk bolsa, adamlara ebedi ýaşaýşy wada berip bilmezdi. Adamlara soňsuz ýaşaýşy diňe «ebedi ýaşaýan, döwürleriň Patyşasy» berip bilýär (1 Timoteos 1:17).
Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?
6 Biziň planetamyz Günden iň gowy aralykda ýerleşýändigi üçin suw ýer ýüzünde suwuklyk görnüşinde bolýar. Eger Ýer şary Güne birazajyk ýakyn bolan bolsa, juda yssy bolardy, ähli suwlar bugaryp, ýer ýüzi takrap galardy. Şeýle-de planetamyz Günden sähel aralyk daşda ýerleşen bolsa, ähli suw doňup, ýer ýüzi uly bir doňaklyga öwrülerdi. Ýehowa Ýer şaryny iň gowy ýerde ýerleşdirendigi üçin, suw emele gelip, ýaşaýşyň bolmagyna kömek edýär. Ondan başga-da Gün ummandaky we ýeriň üstündäki ähli suwlary gyzdyrýar, soňra şol suwlar bugaryp, buluda öwrülýär. Her ýyl Gün 500 müň kub kilometr (km3) suwy buga öwürýär. Şol suwlar ýagyş ýa gar bolup ýagmazdan öň, 10 gün töweregi atmosferada durýar. Şeýlelikde, ýagan suw yzyna ummana ýa-da derýalara dolanyp, şol hadysa ýene-de gaýtalanýar. Bu zatlar Ýehowanyň akyldar hem-de güýçlüdigini ýene bir gezek subut edýär (Eýp. 36:27, 28; Nes. 1:7).
Gelejege bolan umydymyzy üzmäliň!
16 Allatagala ebedi ýaşamaga umyt berdi. Biz sabyrsyzlyk bilen garaşýan eşretli durmuşymyza hökman ýeteris. Gelejege bolan umyt edil labyr ýaly synaglarda, yzarlamalarda, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda-da hakykat ýolundan sowulman ýöremäge kömek edýär. Şeýle-de umydymyz tuwulga kimin aňymyzy erbet pikirlerden goraýar we zalymlygy ýigrenip, ýagşy işleri etmäge höweslendirýär. Gelejege umydymyz berk bolsa, Hudaý bilen dost bolarys we bizi ýürekden söýýändigini bileris. Biz ebedi ýaşamaga umydymyzy üzmesek, köp bereketleri alarys.
Dürdäne pikirler
it «Habarlaşmak»
Habarlaşmak
Mukaddes Kitapda agzalan gadymy ýurtlaryň arasynda adamlar dürli ýollar bilen habarlaşypdyrlar. Adatça, adamlar täzelikleri biri-birinden eşidýärdiler (2Şm 3:17, 19; Eýp 37:20). Adamlar kerwen bilen uzak ýola gidenlerinde, dynç almak üçin düşlän ýerlerinde biri-birine täzelikleri gürrüň berýärdiler. Aziýadan, Afrikadan we Ýewropadan gelýän kerwenler Palestinanyň üsti bilen geçýärdi. Şeýdip, Palestinanyň ýaşaýjylary uzak ýurtlarda bolýan täzelikleri hem eşidýärdiler. Şeýle-de adamlar täzelikleri şäher bazaryna baranlarynda eşidýärdiler.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Imanyňyz hakda gürrüň beriň
ijwfq 57 abz. 5—15
Ýehowanyň Şaýatlary holokost döwri näme üçin yzarlandylar?
Ýehowanyň Şaýatlaryny Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandyklary üçin yzarladylar. Faşistler Ýehowanyň Şaýatlaryndan Mukaddes Kitaba garşy gelýän zatlary etmegi talap edende, olar boýun gaçyrdylar. Sebäbi olar «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýyna gulak asdylar» (Resullar 5:29). Ýehowanyň Şaýatlary şu iki ýagdaýda wepaly boldular:
1. Syýasy işlerde bitaraplygy saklamak. Faşistleriň döwründe-de, şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde syýasy işlerde bitaraplygyny saklaýar (Ýahýa 18:36). Faşistleriň döwründe olar...
● harby gullukdan boýun gaçyrdylar we uruşlary goldamadylar (Işaýa 2:4; Matta 26:52).
● saýlawlarda ses bermediler we faşistleriň guramasyna goşulmadylar (Ýahýa 17:16).
● faşistleriň nyşanyna tagzym etmediler we «Haýl Gitler!» diýmediler (Matta 23:10; 1 Korinfliler 10:14).
2. Hudaýa sežde etmek. Häkimiýetler Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etseler-de, olar...
● Hudaýa doga we sežde etmek üçin ýygnanyşýardylar (Ýewreýler 10:24, 25).
● hoş habary wagyz edýärdiler we Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary ýaýradýardylar (Matta 28:19, 20).
● adamlara, hatda ýewreýlere-de ýagşylyk edýärdiler (Markus 12:31).
● imandan dänmek hakdaky resminama gol çekmän, Hudaýa wepaly galýardylar (Markus 12:30).
Professor Robert Gerwart kitabynda şeýle ýazýar: «Faşistleriň döwründe imany üçin diňe Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarlandy. Konslagerdäki beýleki tussaglar Ýehowanyň Şaýatlarynyň berk imanyny görüp haýran galdylar. Awstriýaly bir tussag: «Olar urşa gatnaşmaýar. Olar adam öldüreninden, özleriniň ölenini gowy görýärler» diýýär.
22—28 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 38, 39
Siz ýaradylan zatlara syn etmäge wagt tapýarsyňyzmy?
Ýehowa sabyrly garaşyň
7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeriň «ölçegini» berendigi, «sütünlerini... berkidendigi» we «düýp daşyny... goýandygy» hakda aýdylýar (Eýp. 38:5, 6). Ol ýaradan zatlaryny ýekän-ýekän synlap, örän begendi (1 Mus. 1:10, 12). Allatagalanyň gudratly gollary bilen ýaradan Ýer şaryny görende, perişdeler özüni nähili duýduka? Mukaddes Kitapda: «Perişdeler joşup alkyş aýtdy» diýilýär (Eýp. 38:7). Ýehowa älem-jahany müňlerçe ýylyň dowamynda ýaratdy. Ol ýaradan zatlaryndan hoşal bolup: «Ähli zat juda gowy» diýdi (1 Mus. 1:31).
Direliş wadasy Allatagalany tanamaga kömek edýär
2 Ilki bilen, Ýehowa özüne kömekçi, ýagny Ogluny ýaratdy. Soňra Hudaý Ogly bilen bilelikde «ähli zatlary» we millionlarça perişdeleri ýaratdy (Kol. 1:16). Isa Atasy bilen işleşip, köp şatlyk tapýardy (Nak. 8:30). Perişdeler hem şatlanýardy. Sebäbi olar Ýehowa bilen «ökde ussa» Isanyň gögi we ýeri ýaradyşyna ünsli syn edýärdiler. Şonda perişdeler näme etdiler? Olar «joşup alkyş aýtdylar». Elbetde, perişdeler Ýehowanyň elleriniň işini tarypladylar, esasanam, ynsany ýaradanda öwüp arşa çykardylar (Eýp. 38:7; Nak. 8:31). Hawa, Ýehowanyň her bir ýaradan zadyndan söýgüsini we akyldarlygyny görse bolýar (Zeb. 104:24; Rim. 1:20).
Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň
8 Ýehowa ynama mynasyp Hudaý. Eýýup pygamber Ýehowa bilen gürrüňdeş bolandan soň, onuň imany has-da berkeýär (Eýp. 32:2; 40:6—8). Ýehowa Eýýuba garaňky gijede ýagty saçýan ýyldyzlar, kerwen gurap geçýän bulutlar we gök gürlände çakýan ýyldyrym hakda gürrüň berýär. Şeýle-de Ýehowa göreniňde sustuňy basýan ýabany öküz we kişňeýän bedew hakda aýdýar (Eýp. 38:32—35; 39:9, 19, 20). Şonda Eýýup pygamber Ýehowanyň güýç-kuwwatly, akyldar we söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirýär. Şol gürrüňdeşlik Eýýup pygamberiň Beýik Ýaradana bolan ynamyny has-da berkidýär (Eýp. 42:1—6). Eger bizem ýaradylan zatlary synlasak, Ýehowanyň çäksiz akyldarlygyna, güýç-kuwwatyna göz ýetireris we ähli kynçylygymyzy aýyrjakdygyna ynanarys. Şonda biziň hak Alla bolan imanymyz has-da berkär.
Dürdäne pikirler
it «Kanun çykaryjy»
Kanun çykaryjy
Ýehowa Kanun çykaryjy. Ýehowa älem-jahanyň eýesi bolansoň, onuň kanun çykarmaga haky bar. Ol tebigatdaky janly we jansyz zatlar üçin fiziki kanunlary döretdi (Eýp 38:4—38; Zb 104:5—19; Eýp 39:1—30). Adamlar hem Ýehowanyň çykaran fiziki kanunlaryna eýerýärler. Ýöne Hudaý adama aň-düşünje, oýlanmak ukybyny, ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak islegini we ynsap berdi. Şol sebäpli adam Hudaýyň ahlak kadalaryna hem eýerýär (Rim 12:1; 1Kr 2:14—16). Ýehowa perişdeler üçin hem kanunlary girizdi (Zb 103:20; 2Pe 2:4, 11).
Ýehowanyň tebigatdan goýan fiziki kanunlary hiç haçan üýtgemeýär (Ýer 33:20, 21). Älem-jahandaky kanunlaryň üýtgewsiz bolany üçin, alymlar Aýyň, planetalaryň we beýleki asman jisimleriniň hereketlerini öňünden anyklap bilýärler. Fiziki kanunlary bozýan adam özüne uly zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň ahlak kadalaryny bozýan adam hem onuň erbet netijesini görýär. Hudaýyň ahlak kadalaryny bozýan adam fiziki kanunlary bozýan adam ýaly erbet netijesini şol bada görmese-de, iru-giç görýär. Sebäbi «Hudaý üstünden güldürýän däldir. Adam näme ekse, şony-da orar» diýilýär (Gal 6:7; 1Tm 5:24).
29 ÝANWAR—4 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 40—42
Eýýubyň mysalyndan näme öwrenýäris?
Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»
4 Ýehowanyň işleri barada oýlananda, ynsan garaýşy bilen Hudaýy ýazgarmaly däl. Ýehowanyň Zebur 50:21-de: «Sen Meni edil özüň kimindir öýtdüň» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, adam Hudaýy ýazgaryp bilýär. 175 ýyl mundan ozal Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýdi: «Adamlar Hudaýy özüçe ýazgarýar we olaryň pikirine görä, özleriniň tabyn bolýan kanunlaryna Hudaý hem gulak asmalydyr öýdýär».
5 Biz öz kadalarymyz we islegimiz sebäpli, Ýehowa barada nädogry garaýyşda bolmakdan ägä bolmaly. Bu näme üçin wajyp? Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, düşünjämiziň çäkli we bikämildigi sebäpli, Ýehowanyň käbir hereketleri nädogry ýaly bolup görünmegi mümkin. Gadymy ysraýyllylar ýüreginiň gatylygy sebäpli, Ýehowa barada nädogry pikirdedi. Ýehowanyň olara aýdan sözlerine üns beriň: «Siz: «Ýehowanyň ýoly adalatly däl» diýýärsiňiz. Emma Ysraýyl öýi gulak asaýyň. Meniň ýolum adalatsyzmy? Eýsem, siziň ýollaryňyz adalatsyz dälmi?» (Hyz. 18:25).
6 Öz garaýşymyza we islegimize görä, Ýehowany ýazgarmaz ýaly, düşünjämiziň çäklidigine hem-de gaty ýoýlandygyna düşünmeli. Eýýup hem muňa düşünmelidi. Ol betbagtçylyklary başdan geçiren döwri göwni synyp, özi barada çendenaşa alada edip başlady. Ol wajyp zatlary unutdy. Emma Ýehowa onuň garaýşyny ýumşaklyk bilen düzetdi. Ýehowa Eýýuba ýetmişden gowrak sorag berdi, ýöne ol jogap berip bilmedi. Şeýdip Ýehowa onuň düşünjesiniň çäklidigini görkezdi. Eýýup bolsa, kiçigöwünlilik bilen garaýşyny üýtgetdi (Eýýup 42:3, 6-njy aýatlary okaň)
Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň
12 Eýsem, Ýehowanyň Eýýuba şeýle kyn ýagdaýda gönümel maslahat bermegi dogrumydy? Hudaýam, Eýýubam beýle pikir etmeýärdi. Eýýup gören görgülerine garamazdan, soňunda Hudaýa minnetdarlyk aýtdy. Ol hatda: «Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin» diýdi. Görşümiz ýaly, Ýehowa Eýýuba söýgi bilen maslahat berdi (Eýp. 42:1—6). Ondan öň dosty Elihu ony düzetmek üçin hem maslahat beripdi (Eýp. 32:5—10). Eýýup berlen käýinji kabul edip, garaýşyny düzedensoň, Ýehowa ony kynçylyklarda wepaly galandygy üçin öwdi (Eýp. 42:7, 8).
«Ýehowa umyt bagla»
17 Mukaddes Kitapda Eýýup pygamber ýaly agyr synaglara döz gelen ençeme adamlar hakda ýazylan. Pawlus resul: «Bizi uly bulut kimin gurşap alýan şeýle şaýatlar köpdür» diýdi (Ýew. 12:1). Olar agyr synaglara döz gelip Ýehowa wepaly boldular (Ýew. 11:36—40). Olaryň Hudaýa wepaly bolmak üçin eden tagallasy biderek bolmady. Olar Allatagalanyň wadalarynyň ýerine ýetendigini görüp bilmeseler-de, oňa ýürekden umyt etdiler. Olar Ýehowanyň razydygyna we beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine ynanýardylar (Ýew. 11:4, 5). Bizem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowa her gün umyt edip ýaşarys.
18 Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär (2 Tim. 3:13). Şeýtan hem Hudaýyň halkyna hüjüm edýär. Gelejekde biz köp synaglara duş gelmegimiz mümkin. Ýöne biz gorkmaýarys, sebäbi Beýik Biribara umyt baglaýarys (1 Tim. 4:10). Eýýup pygamber bilen bolan waka Ýehowanyň «örän mähirli we rehimdar Hudaýdygyny» subut edýär (Ýak. 5:11). Geliň, bizem Eýýup pygamber ýaly Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweliň! Şonda gökdäki Atamyz bize hökman sylag berer (Ýewreýler 11:6-ny okaň).
Dürdäne pikirler
it «Ýaňsylamak»
Ýaňsylamak
Eýýuby ýazgarsalar-da, ol aýypsyzlygyny saklady. Ýöne soňabaka ol ýalňyş pikir edip başlady. Şonda Ýehowa Alyhuw arkaly ony düzetdi. Alyhuw Eýýuba: «Ýaňsyly gepleri suw deý içýän, Eýýup ýaly adam barmy?» diýdi (Eýp. 34:7). Eýýup Ýehowanyň däl-de, öz pikirini dogry hasaplap, özüni Hudaýdan has dogruçyl saýyp başlady (Eýp. 35:2; 36:24). Eýýup üç «dostunyň» aýdýan sözlerini özüne aýdylýandyr öýtdi we olaryň aslynda Hudaýa garşy gürleýändigine düşünmedi. Eýýup hamala suw içýän ýaly, dostlarynyň ýaňsylamalaryny diňleýärdi. Ýöne Hudaý Eýýuba dostlarynyň ony däl-de, Hudaýy ýaňsylaýandygyny düşündirdi (Eýp. 42:7). Şamuwel pygamberiň döwründe-de ysraýyllylar patyşa bellemeklerini talap edenlerinde, Ýehowa oňa: «Olar senden däl-de, menden ýüz öwürdiler. Meni öz patyşasy hasaplamadylar» diýdi (1 Şam. 8:7). Isa hem şägirtlerine şeýle diýipdi: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener» (Mat. 24:9). Adamlar bizi ýaňsylanlarynda, olaryň aslynda Hudaýa garşy çykýandygyny ýatdan çykarmasak, synaglarda çydamly bolup, dogry garaýşy saklarys we ebedi ýaşaýşa gowşarys (Luka 6:22, 23).
5—11 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 1—4
Hudaýyň Patyşalygyny goldaň
«Men ähli milletleri sarsdyraryn»
8 Şu günler adamlar hoş habara nähili seslenýärler? Olaryň köpüsi hoş habary diňlemek islemeýär (Zebur 2:1—3-nji aýatlary okaň). Köp adamlaryň bolsa gahary gelýär. Olar Ýehowanyň bellän Patyşasyna tabyn bolmaýarlar. Patyşalyk baradaky habary «hoş habar» hasaplamaýarlar. Hatda käbir ýurtlarda wagyz işi gadagan edilýär. Patyşalar we ýolbaşçylar Allatagala iman edýäris diýseler-de, öz häkimiýetini elden gidermejek bolup jan edýärler. I asyrdaky ýaly şu günler hem ýolbaşçylar Hudaýyň halkyny yzarlap, Ýehowanyň bellän Patyşasyna garşy çykýarlar (Res. 4:25—28).
Agzala dünýäde bitaraplygy saklaň
11 Maddy zatlar. Eger biz öz emlägimizi wajyp hasaplasak, synaga düşenimizde bitaraplygy saklap bilmeris. 1970-nji ýyllarda yzarlanmalara sezewar bolan dogan-uýalar hem şeýle ýagdaýa düşüpdi. Bu zatlary öz gözi bilen gören malawili Rut uýa şeýle ýatlaýar: «Olara öz eşretli ýaşaýşyny goýup gitmek kyn boldy. Hatda olar biziň bilen bile ýurdy taşlap gitseler-de, wagtyň geçmegi bilen syýasy gurama goşulyp, öýüne dolandylar. Çünki olar horluk çekip, gaçgaklaryň lagerinde ýaşaslary gelmeýärdi». Emma Hudaýyň halkynyň köpüsi ähli zadyny ýitirendigine we ykdysady kynçylyklara garamazdan, bitaraplygyny sakladylar (Ýew. 10:34).
Dürdäne pikirler
it «Saman»
Saman
Saman — arpanyň ýa-da bugdaýyň däneleriniň daşyndaky ýukajyk gaby. Mukaddes Kitapda saman sözi göçme manyda ulanylýar we gadymy döwürde galla önümleriniň üwelişini bilmäge kömek edýär. Hasyl ýygnalyp, galla ýele sowrulansoň, saman hiç zada ýaramsyz hasaplanýardy. Şonuň üçin saman gerekmejek, dereksiz we zir-zibili aňladýardy.
Galla başda döwek bilen döwülýärdi, soňra saman ýele sowrulýardy (Serediň: ÝELE SOWURMAK). Bu mysal Ýehowanyň imandan dänenleri, erbet adamlary we duşmanlary halkynyň arasyndan ýok edýändigini suratlandyrýar (Eýp 21:18; Zb 1:4; 35:5; Işa 17:13; 29:5; 41:15; Hoş 13:3). Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny edil saman ýaly ýele sowrar (Dan 2:35).
Saman dereksiz bolany üçin ýakylýardy. Şeýle etmeseň, saman yzyna tozap gelip, däne bilen garyşyp bilýärdi. Suwa çümdürýän Ýahýa Isanyň ýalan diniň tarapdarlaryny ot bilen ýok etjekdigini aýtdy. Isa «bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar» (Mat 3:7—12; Luk 3:17; serediň: DÖWEK DÖWMEK).
12—18 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 5—7
Hiç kim imanyňyzy gowşatmasyn
Mukaddes Kitap güýjümize güýç goşýar
7 Belki, siziň dost-ýarlaryňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz tamaňyzy ödän däldir. Eger şeýle bolsa, size Dawut patyşa we ogly Abselim bilen bolan waka kömek eder. Abselim «saman astyndan suw goýberip», kakasyna dönüklik edýär we patyşa bolmak isleýär (2 Şam. 15:5—14, 31; 18:6—14).
8 1) Doga etmek. Dawut bilen Abselim hakdaky wakany okamazdan öň Ýehowa doga edip, duýgularyňyzy we göwnüňize degendikleri hakda ýekän-ýekän gürrüň beriň (Zeb. 6:6—9). Mukaddes Kitapdaky ataly-ogul bilen bolan wakadan gerekli maslahatlary tapar ýaly Ýehowadan kömek soraň.
Hakykat ýoluny tapandygyňyza ynamly boluň
3 Biz Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgini halaýarys. Emma imanymyz diňe birek-birege bildirýän söýgimize esaslanmaly däl. Näme üçin? Aýdaly, dogan-uýalaryň biri (belki, ýygnak ýaşulusy ýa-da pioner) agyr günä edýär ýa-da göwnüňize degýär. Başga biri bolsa imandan dänip, Ýehowanyň guramasyna töhmet atýar. Şeýle ýagdaýlar sebäpli imanyňyz gowşap, Ýehowa gulluk etmegiňizi goýarsyňyzmy? Eger imanymyz adamlara bagly bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular we imanymyz gowşar. Şeýle ýagdaýda biziň imanymyzyň, ýagny gurýan jaýymyzyň düýbi berk bolmaz. Elbetde, Ýehowa we onuň halkyna bolan söýgiňiz azda-kände imanyňyzy berkitmäge kömek edýär. Ýöne imanymyzyň hakykatdan-da berk bolmagy üçin Mukaddes Kitaby okap, çuňňur özleşdirmeli. Şonda siz Mukaddes Kitapda Ýehowa barada hakykatyň ýazylandygyna göz ýetirersiňiz (Rim. 12:2).
4 Isa käbir adamlaryň hakykaty «şatlyk bilen kabul edip», soňra kynçylyklar sebäpli imanyny gowşadýandygyny aýtdy (Matta 13:3—6, 20, 21-nji aýatlary okaň). Mümkin, olar Isa pygamberiň yzyna eýerende, synaglaryň we kynçylyklaryň boljakdygyna düşünen däldir (Mat. 16:24). Olar mesihçi bolsak, gaýgy-aladasyz ýaşarys we ähli kynçylyklarymyzy Allatagala çözüp berer diýip pikir edendirler. Ýöne şu dünýäde hiç kim kynçylykdan gaçyp gutulyp bilmez. Durmuşyň üýtgäp durýandygy üçin käte şatlygymyzy ýitirip bileris (Zeb. 6:6; Nes. 9:11).
Dürdäne pikirler
it «Mazar»
Mazar
Pawlus resul Rimliler 3:13-de Zebur 5:9-daky sözlere salgylanyp, erbetleriň bogazyny «açyk gabra» meňzedýär. Gabyrda adamyň jesedi çüýreýär, şonuň ýaly erbetleriň bogazyndan çykýan sözler adama erbet täsir edip, ony çüýredýär (Matta 15:18—20-nji aýatlary deňeşdiriň).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Imanyňyz hakda gürrüň beriň
ijwfq 64
Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin syýasy çärelere gatnaşmaýarlar?
Ýehowanyň Şaýatlary hökümete we döwlet nyşanlaryna hormat goýýar. Biz adamlary kasam içýändigi, gimn aýdýandygy we baýdaga tagzym edýändigi üçin ýazgarmaýarys.
Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary şeýle çärelere gatnaşmaýarlar, sebäbi bu zatlar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýär. Biz adamlaryň garaýşyna hormat goýýarys, şonuň üçin olar hem biziň garaýşymyza hormat goýanda begenýäris.
Makalada şulara serederis:
Mukaddes Kitapda syýasy çäreler hakda näme diýilýär?
Döwletiň kanuny syýasy çärelere gatnaşmagy talap edýän bolsa näme etmeli?
Ýehowanyň Şaýatlary belli bir syýasy garaýşy öňe sürýärmi?
Mukaddes Kitapda syýasy çäreler hakda näme diýilýär?
Biz iki sebäbe görä syýasy çärelere gatnaşmaýarys:
● Biz diňe Hudaýa sežde etmeli. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» diýilýär (Luka 4:8). Adam kasam içende we gimn aýdanda köplenç ähli zatdan öňürti ýurduna wepaly boljakdygyny söz berýär. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary şeýle çärelere gatnaşmaýarlar.
Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary baýdaga tagzym etmegi butparazlyk hasaplaýarlar. Butparazlyk bolsa Mukaddes Kitapda ýazgarylýar (1 Korinfliler 10:14). Käbir taryhçylaryň aýtmagyna görä, döwlet baýdagy dini nyşan hasaplanýar. Taryhçy Karlton Heýs: «Baýdak milletparazlygyň baş nyşany bolup, oňa sežde edilýär» diýdi. Danyýel Manniks atly adam bolsa şeýle sözleri aýtdy: «I asyrdaky mesihçiler Rim imperatoryna gurban getirmekden boýun gaçyrdylar. Şu günler muny baýdaga sežde etmekden boýun gaçyrmak bilen deňeşdirse bolýar».
Ýehowanyň Şaýatlary baýdaga tagzym etmeseler-de, ony depelemeýärler, ýakmaýarlar we haraplamaýarlar. Gaýtam baýdaga we beýleki döwlet nyşanlaryna hormat goýýarlar.
● Hudaý adamlary ala tutmaýar (Resullar 10:34, 35). Mukaddes Kitapda Hudaýyň «bir adam arkaly ähli milletleri döredendigi» aýdylýar (Resullar 17:26). Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary bir milleti ýa-da taýpany başga bir milletden ýa taýpadan ýokary tutmaýar. Biz adamyň asly nireli bolsa-da, hemmelere hormat goýýarys (1 Petrus 2:17).
Döwletiň kanuny syýasy çärelere gatnaşmagy talap edýän bolsa näme etmeli?
Ýehowanyň Şaýatlary döwlete garşy çykmaýarlar. Biz Hudaýyň häkimiýetlere höküm sürmäge ýol berýändigini bilýäris (Rimliler 13:1—7). Şonuň üçin häkimiýetlere tabyn bolýarys (Luka 20:25).
Eger hökümetiň kanuny Hudaýyň kanuna garşy gelse näme etmeli? Käbir ýagdaýlarda hökümete ýüz tutup, kanunlara düzediş girizmegi haýyş edip bolýar. Ýöne şeýle mümkinçilik bolmasa, Ýehowanyň Şaýatlary «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýen tabşyryga eýerýärler (Resullar 5:29).
Ýehowanyň Şaýatlary belli bir syýasy garaýşy öňe sürýärmi?
Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary jemgyýetçilik we syýasy meselelerde hiç kimiň tarapyny tutmaýarlar. Biz kasam içmeýäris, baýdaga tagzym etmeýäris ýa-da döwlet gimnini aýtmaýarys. Ýöne şu zatlary syýasy garaýşymyzy öňe sürýändigimiz üçin däl-de, Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna görä ýaşaýandygymyz üçin edýäris.
19—25 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 8—10
«Eý Ýehowa, saňa... alkyş aýdaryn»
Ýehowanyň perzendi boluň!
6 Ýehowa adamzat üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy. Ýehowa heniz Adam atany ýaratmanka, onuň üçin owadan öýi, Erem bagyny döretdi (Eýp. 38:4—6; Ýer. 10:12). Ýehowa paýhasly we jomart Hudaý. Ol adamlar hezil edip ýaşar ýaly ir-iýmişleri berdi (Zeb. 104:14, 15, 24). Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlap, ählisiniň «juda gowudygyny» gördi (1 Mus. 1:10, 12, 31). Ýehowa ähli janly-jandarlary ynsanyň ygtyýaryna berdi (Zeb. 8:6). Allanyň niýetine görä, adamlar ýer ýüzüne eýeçilik edip ebedi ýaşamalydy. Siz Ýehowa Hudaýyň ajaýyp gelejegi wada berendigi üçin, oňa alkyş aýdýarsyňyzmy?
Hudaýyň berýän sowgatlaryny gymmat saýýarsyňyzmy?
10 Geplemek ukybyny berendigi üçin, Hudaýa minnetdarlyk bildirmegiň bir usuly ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlara Hudaý hakda gürrüň bermeli (Zeb. 9:1; 1 Pet. 3:15). Ewolýusiýa taglymatyna ynanýanlar ýer we ondaky ähli zatlar tötänden döredi diýýärler. Biz şeýle adamlara (eger bizi diňleseler) Mukaddes Kitabyň we şu makaladaky käbir pikirleriň kömegi bilen Ýehowanyň gögi hem ýeri ýaradandygyna näme üçin ynanýandygymyzy düşündirip bileris (Zeb. 102:25; Işa. 40:25, 26).
Gepleýşiňiz bilen görelde boluň
13 Joşup aýdym aýdyň. Biz ýygnakda aýdym aýdyp Ýehowany şöhratlandyrýarys. Sara uýa aýdymy gowy aýdyp bilmeýändigi üçin ýygnakda aýdym aýtmaga çekinýär. Emma onuň Ýehowany wasp edesi gelýär. Şonuň üçin ol ýygnaga taýýarlananda aýdymlary hem aýdýar. Sara aýdymyň sözleriniň tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanýar. Şeýlelikde, ol ýygnakda joşup aýdym aýdýar.
Dürdäne pikirler
it «Barmak»
Barmak
Hudaý köp zatlary göçme manyda «barmaklary» bilen edýär. Meselem, ol «barmagy» bilen on tabşyrygy daşyň ýüzüne ýazdy (2Ms 31:18; 5Ms 9:10), gudratly işleri etdi (2Ms 8:18, 19) we gökleri ýaratdy (Zb 8:3). Allanyň ýaradylyşda ulanan barmaklary mukaddes ruhy, hereketdäki güýjüni (ruah, «ruh») aňladýar. Bu hakda 1-nji Musa kitabynda «Hudaýyň mukaddes ruhy suwuň ýüzünde eýläk-beýläk aýlanýardy» diýilýär (1Ms 1:2). Muňa düşünmäge Injil kitaby hem kömek edýär. Meselem, Matta Isanyň jynlary «mukaddes ruhuň» kömegi bilen kowandygyny, Luka bolsa Isanyň jynlary «Hudaýyň barmagy» bilen kowandygyny ýazdy (Mat 12:28; Luk 11:20).
26 FEWRAL—3 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 11—15
Täze dünýädäki parahat durmuşy göz öňüne getiriň
Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler
11:3 — Haýsy binalar ýykylýar? Şol binalar adamzat jemgyýetiniň daýanýan zatlary — kanunlar, tertip-düzgün we adalatlylyk. Eger-de şol zatlarda tertip bolmasa, onda jemgyýetde bulam-bujarlyk başlaýar we hiç hili adalatlyk bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda «dogry adam» bütin ýüregi bilen Ýehowa bil baglamaly (Zebur 11:4—7).
wp16.4 sah.11
Parahat durmuş bolup bilermi?
Mukaddes Kitapda Hudaýyň tizden zalymlygy ýok etjekdigi aýdylýar. «Hudaýsyz adamlaryň höküm gününde ýok ediljek wagty» golaý (2 Petrus 3:5—7). Ýer ýüzünde gaýdyp hiç haçan erbetlik bolmaz. Hudaýyň erbetligi ýok etjekdigine näme üçin ynanyp bileris?
Mukaddes Kitapda Hudaý «zorlugy söýýäni ýigrenýär» diýilýär (Zebur 11:5). Söýgüden doly Ýaradyjymyz ýer ýüzünde parahatlygyň we adalatyň bolmagyny isleýär (Zebur 33:5; 37:28). Şonuň üçin ol erbet adamlary tizden ebedilik ýok eder.
Siz sabyrly garaşarmysyňyz?
15 Dawut näme üçin sabyrly garaşdyka? Ol muňa dört sapar «haçana deňeç» diýip soran mezmurynda jogap berýär. Ol şeýle diýýär: «Men Seniň merhemetiňe bil bagladym; ýüregim Seniň gutaryşyňa şatlanar. Men Rebbe nagma aýdaryn, çünki Ol maňa jomartlyk etdi» (Zeb. 13:5, 6). Dawut Ýehowanyň merhemetine bil baglaýardy we onuň gutulyş berjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Şeýle-de aljak sylagy hakda oýlanýardy. Hawa, Dawudyň garaşany biderek bolmady.
kr bap 22, abz. 16
Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar
16 Howpsuzlyk. Ahyrsoňy, Işaýa 11:6—9-njy aýatlardaky göwnümizi göterýän wadalar göni manyda ýerine ýeter. Erkek adamlar, aýallardyr çagalar nirede bolsalar-da, özlerini howpsuz duýarlar. Bize ne ynsanlar, ne-de haýwanlar howp salar. Göz öňüne getiriň, bütin ýer şary siziň öýüňiz bolar. Siz hiç kimden we hiç zatdan gorkman, derýalarda, köllerde we deňizlerde suwa düşersiňiz, daga çykarsyňyz we otluk meýdanlarda gezim edersiňiz. Garaňky düşüp barýan bolsa-da, siz asla gorkmarsyňyz. Şonda Ezekiýel 34:25-däki sözler berjaý bolar we Hudaýyň halky hatda «çölde-de howpsuz ýaşar we tokaýlarda ýatar».
Dürdäne pikirler
Siz Hudaýyň islegine görä täzelendiňizmi?
12 Gynansak-da, biz hem erbet häsiýetli adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň käbiri Hudaýyň beren kanunlaryny we prinsiplerini könelişen hasaplap, olara eýermek hökman däl diýýärler. Mugallymlaryň we ata-eneleriň köpüsi ýaşlary öz isleýişlerine görä ýaşamaga höweslendirýärler. Olar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny her kimiň özüniň çözüp bilýändigine ynanýarlar. Ýa-da ýagşy we ýamanyň arasynda näme tapawut bardygyny bilmek kyn diýýärler. Hatda hudaýhon adamlaram Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolman, özüniň dogry hasaplaýan zatlaryny öňe sürýärler (Zeb. 14:1). Adamlaryň şeýle garaýşy mesihçilere erbet täsir edip bilýär. Eger Ýehowanyň gullukçysy seresap bolmasa, onuň teokratik çärelere bolan garaýşy ýoýlup biler. Şeýle mesihçi ýygnagyň çärelerine höwes bilen gatnaşman, hatda özüniň göwnemeýän zatlaryna nägilelik bildirip başlamagy mümkin. Ýa-da ol göwün açmalar, Internet ulanmak we ýokary bilim almak babatda berilýän maslahatlara närazy bolmagy ähtimal.