Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar

      103-NJI BAP

      Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar

      MATTA 21:12, 13, 18, 19; MARKUS 11:12—18; LUKA 19:45—48; ÝAHÝA 12:20—27

      • ISA INJIR AGAJYNY NÄLETLEÝÄR WE YBADATHANANY ARASSALAÝAR

      • ISA KÖPLERI HALAS ETMEK ÜÇIN JANYNY GURBAN BERMELIDI

      Isa şägirtleri bilen Erihadan gelensoň, Betaniýada üç gün bolýar. Olar nisan aýynyň 10-una duşenbe güni irden Iýerusalime tarap ýola düşýärler. Isa gaty ajygýar. Ol injir agajyny görüp, onuň ýanyna barýar. Eýsem, onda injir barmydy?

      Häzir mart aýynyň aýagydy, injir bolsa iýun aýyndan bärde bişmeýär. Emma onuň şahalary eýýäm ýapraklapdy. Şonuň üçin Isa agaçda ir ýetişen injirler bardyr öýden bolmaly. Ýöne ol agaçda hiç hili miwe tapmaýar. Agajyň ýapraklary bolansoň, ol miwe getiren ýaly görünýärdi. Şonda Isa: «Goý, senden gaýdyp hiç kim injir iýmesin» diýýär (Markus 11:14). Agaç şol bada gurap başlaýar, ýöne onuň nämäni aňladýandygy ertesi irden aýan bolýar.

      Birnäçe wagtdan Isa şägirtleri bilen Iýerusalime gelýär. Şonda Isa ybadathana barýar, ol bu ýere düýn hem gelip, ony gözden geçiripdi. Bu gün bolsa ol ybadathanany diňe bir gözden geçirmez; onuň etjek işi mundan üç ýyl öň, ýagny b. e. 30-njy ýylynyň Pasha günündäki eden işini ýatladar (Ýahýa 2:14—16). Isa ybadathanadaky «satyjylary we alyjylary kowup başlaýar». Şeýle-de «pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdarýar» (Markus 11:15). Ol hatda hiç kime ybadathananyň içi bilen zat geçirmäge-de rugsat bermeýär. Sebäbi şäheriň beýleki tarapyna barýan adamlar ýoluny gysgaltmak üçin onuň howlusyndan geçýärdiler.

      Isa näme üçin ybadathanada pul çalyşýanlara we mal satýanlara garşy aýgytly hereket etdikä? Ol muny şeýle düşündirýär: «Ýazgylarda: „Meniň öýüm ähli milletler üçin doga edilýän ýer bolar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna öwürdiňiz» (Markus 11:17). Isanyň satyjylara garakçy diýmegi ýerliklidi, sebäbi olar gurban bermek üçin mal satyn alýan adamlardan ummasyz pul talap edýärdiler. Isa olaryň edýän işini talaňçylyk bilen deň hasaplaýardy.

      Uly ruhanylar, kanunçylar we halkyň abraýly adamlary Isanyň bu eden işi barada eşidip, ony öldürmek üçin has-da aýaga galýarlar. Emma olara päsgel berýän zat bardy. Isany tussag etmek aňsat däldi, sebäbi ony diňlemek üçin ýanyna uly märeke üýşýärdi.

      Pasha baýramyna diňe bir ýehudylar däl, eýsem, ýehudy dinine geçen özge milletli adamlar hem gelýärdi. Olaryň arasynda Hudaýa sežde etmek üçin gelen grekler hem bardy. Olar Filipusyň ýanyna baryp, Isany görmek isleýändiklerini aýdýarlar. Ähtimal, olar Filipusyň ady grekçe bolansoň, oňa ýüz tutandyrlar. Filipus olary Isanyň ýanyna eltmegiň ýerliklidigine şübhelenýär, şonuň üçin ol Andreas bilen maslahatlaşýar. Olar iki bolup Isanyň ýanyna barýarlar, ol henizem ybadathanada bolmaly.

      Isa özüniň birnäçe günden öldüriljekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ol häzir adamlaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmagyň ýa-da at-abraý gazanmagyň wagty däldigine düşünýärdi. Isa iki resulyna mysal arkaly jogap berip: «Ynsan oglunyň şöhratlanmaly wagty gelip ýetdi. Size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý tohumy topraga düşüp çüýremese, ol ýöne bir däne bolup galýar; ýöne çüýrese, köp hasyl berer» diýýär (Ýahýa 12:23, 24).

      Bugdaý tohumy ujypsyz zat ýaly bolup görünýändir, ýöne ony topraga ekseň we ol «çüýrese», kök urup, ösüp başlaýar hem-de bol hasyl berýär. Şonuň ýaly-da Isa ölüminiň ahyryna çenli Hudaýa wepaly galsa, onuň kämil jany arkaly ençeme wepaly hem-de janaýamaz adamlar ebedi ýaşaýşa gowşar. Şol sebäpli Isa: «Öz janyny söýýän adam ony ýitirer, ýöne bu dünýäde janyny ýigrenýän adam ony ebedi ýaşaýyş üçin halas eder» diýýär (Ýahýa 12:25).

      Emma Isa diňe özi barada pikir etmeýärdi. Ol: «Kim meniň gullukçym bolmak islese, goý, yzyma düşsün. Men nirede bolsam, gullukçym hem şol ýerde bolar. Gullukçym bolan adamy Atam hem hormatlar» diýýär (Ýahýa 12:26). Gör, nähili uly sylag! Hawa, Atanyň hormatlan adamlary Isa Mesih bilen Patyşalykda höküm sürer.

      Isa ejir çekip, öldüriljekdigi barada oýlanyp: «Men juda hasrat çekýärin, indi näme diýeýin? Atam, meni bu ýagdaýdan halas et» diýýär. Emma ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmakçy bolmaýardy. Ol sözüni dowam edip: «Ýöne men şunuň üçin gelipdim ahyryn» diýýär (Ýahýa 12:27). Hawa, Isa Hudaýyň ähli niýeti bilen razylaşyp, öz janyny gurban bermäge-de taýyndy.

      • Injiriň möwsümi bolmasa-da, Isa näme üçin ondan miwe gözleýär?

      • Isanyň ybadathanadaky satyjylara «garakçy» diýmegi näme üçin ýerliklidi?

      • Isany haýsy manyda bugdaý tohumyna meňzetse bolar we ol ejir çekip öldüriljekdigine nähili garaýardy?

  • Ýehudylar Hudaýyň sesini eşidýär — Olar iman edermikä?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa «Atam, adyňy şöhratlandyr» diýýär. Soňra Ýehudylar gökden ses eşedýärler

      104-NJI BAP

      Ýehudylar Hudaýyň sesini eşidýär — Olar iman edermikä?

      ÝAHÝA 12:28—50

      • KÖPLER HUDAÝYŇ SESINI EŞIDÝÄR

      • HÖKÜM ETMÄGE SEBÄP

      Duşenbe güni, ýagny 10-njy nisanda Isa ybadathanadaka, öz ölüminiň golaýlaýandygy hakda aýdýar. Ol ölüminiň Hudaýyň adyna ysnat getirer öýdüp aladalanýardy, şonuň üçin: «Atam, adyňy şöhratlandyr» diýýär. Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym, ýene-de şöhratlandyraryn» diýen güýçli ses eşidilýär (Ýahýa 12:27, 28).

      Golaýda duran adamlar muňa akyl ýetirip bilmeýärler. Käbiri gök gürrüldändir öýdýär, başgalar bolsa: «Onuň bilen perişde gepleşdi» diýýär (Ýahýa 12:29). Emma ol Ýehowanyň sesidi! Isanyň ýer ýüzünde gulluk edip başlany bäri, adamlar eýýäm birnäçe gezek Hudaýyň sesini eşitdiler.

      Üç ýarym ýyl mundan öň Isa suwa çümdürilende, Ýahýa Hudaýyň ol hakda: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýen sözlerini eşidipdi. B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramyndan soň, Ýakup, Ýahýa we Petrus Isanyň daş-keşbiniň özgerişini görüpdiler. Şonda olar Hudaýyň: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen sözlerini eşidipdiler (Matta 3:17; 17:5). Häzir bolsa Ýehowanyň sesini gaty köp adam eşidýär!

      Isa: «Ses meniň üçin däl-de, siziň üçin boldy» diýýär (Ýahýa 12:30). Bu Isanyň Hudaýyň Ogludygyny, wada edilen Mesihdigini subut edýärdi.

      Şeýle-de Isanyň alyp baran durmuşy adamlar üçin görelde bolup durýar we bu dünýäniň hökümdary Şeýtan Iblisiň ýok edilmäge mynasypdygyny görkezýär. Isa: «Hudaý dünýäni höküm edýär we ol dünýäniň hökümdaryny kowup çykarar» diýýär. Hawa, Isanyň ölümi onuň ýeňlişe sezewar bolandygyny däl-de, ýeňiş gazanandygyny görkezer. Nädip? Ol muny şeýle düşündirýär: «Meni pürsden asanlarynda, adamlary özüme tarap çekerin» (Ýahýa 12:31, 32). Dogrudan-da, Isa pürsdäki ölümi bilen adamlary özüne tarap çeker, ýagny olara ebedi ýaşaýşa ýol açar.

      Isanyň sözlerini eşiden märeke: «Biz Musanyň kanunyndan Mesihiň ebedi galjakdygyny bilýäris. Sen nädip Ynsan ogly pürsden asylar diýýärsiň? Ynsan ogly diýýäniň kim?» diýýär (Ýahýa 12:34). Şonça subutnamalary görüp, Hudaýyň hut öz sesini eşitseler-de, adamlaryň köpüsi Isany hakyky Ynsan ogly we wada edilen Mesih hökmünde kabul etmeýär.

      Isa öň aýdanlaryny gaýtalap: «Men... ýagtylykdyryn» diýýär (Ýahýa 8:12; 9:5). Ol märekä ýüzlenip: «Ýagtylyk araňyzda ýene biraz wagt bolar. Şonuň üçin sizi garaňkylyk gurşap almaz ýaly, ýagtylykda geziň... Ýagtylyk araňyzdaka, oňa iman ediň, şonda siz ýagtylygyň ogullary bolarsyňyz» diýýär (Ýahýa 12:35, 36). Şondan soň Isa ol ýerden gaýdýar, sebäbi ol 10-njy nisanda öldürilmeli däldi. Ony 14-nji nisanda Pasha güni «pürsden asarlar», ýagny pürse çüýlärler (Galatýalylar 3:13).

      Ýehudylar Isanyň gulluk edip başlan döwründen bäri oňa iman etmeýärler. Şeýdip, Işaýa pygamberiň: «Olar gözleri bilen görüp, ýürekleri bilen düşünip bilmez ýaly, Men olaryň gözlerini kör etdim we ýüreklerini gatatdym. Men olary sagaldar ýaly, olar maňa dolanmaýarlar» diýen sözleri berjaý bolýar (Işaýa 6:10; Ýahýa 12:40). Hawa, ýehudylaryň aglabasy Isanyň wada edilen Halasgärdigini, ýagny ýaşaýşa eltýän ýoldugyny tassyklaýan delilleri kesirlik bilen inkär edýärler.

      Nikodim, arimatiýaly Ýusup we başga-da ençeme ýolbaşçylar «Isa ýürekden iman etdiler». Emma olar imanyna görä hereket ederlermikä ýa-da sinagogadan kowulmakdan gorkarlar? Belki-de, olar «adamlaryň şöhratyny Hudaýyň şöhratyndan has gowy görerler»? (Ýahýa 12:42, 43).

      Isa özüne iman etmegiň nämedigini şeýle düşündirýär: «Maňa iman edýän, diňe maňa däl, eýsem, meni Iberene-de iman edýändir. Meni görýän meni Ibereni-de görýändir». Hudaýyň Isa beren görkezmesi we Isanyň adamlara öwredýän hakykaty örän wajypdyr. Şonuň üçin ol: «Meni kabul etmeýän we aýdanlaryma eýermeýän adamy meniň sözlerim höküm eder. Ol aýdanlarymyň esasynda gelejekde höküm ediler» diýýär (Ýahýa 12:44, 45, 48).

      Isa sözüni şeýle jemleýär: «Men öz sözlerimi aýtmadym, meni iberen Atamyň özi maňa näme diýmelidigimi we näme öwretmelidigimi tabşyrdy. Onuň tabşyrygynyň bolsa ebedi ýaşaýşa eltjekdigini bilýärin» (Ýahýa 12:49, 50). Dogrudan-da, ol bary-ýogy birnäçe günden özüne iman eden adamlar üçin ganyny döküp, janyny gurban eder (Rimliler 5:8, 9).

      • Isa ýer ýüzünde gulluk edende haýsy üç ýagdaýda Hudaýyň sesi eşidilýär?

      • Isa iman eden ýolbaşçylar kimler we olara imanyny açyk aýtmaga näme päsgel bermegi mümkin?

      • Adamlara «gelejekde» nämäniň esasynda höküm çykarylar?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş