Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Duza öwrülen aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Lutuň aýaly duza öwrülýär; Lut gyzlary bilen gaçyp barýar

      10-NJY SAPAK

      Duza öwrülen aýal

      Lut Ybraýymyň inisi. Olar Kenganda ýaşaýardy. Ybraýym bilen Lutuň köp mallary bardy. Indi olara köp ýer gerekdi. Bir gezek Ybraýym Luta şeýle diýdi: «Biz indi bir ýere sygamyzok, aýratyn ýaşamasak bolmaz. Sen bir tarapa gitseň, men beýleki tarapa giderin. Göwnüňe ýaran ýeri saýla». Ybraýym özüne gowy ýer aljak bolmady, gaýtam ilki Luta saýlatdy.

      Şonda Lut daş-töweregine seredip, köp otly we suwly ýeri saýlady. Soňra maşgalasy bilen şol ýere göçdi. Ol Sodom şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi.

      Sodom bilen Gomorra şäheriniň adamlary erbetdi. Olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edýärdi. Şonuň üçin Ýehowanyň olary ýok edesi geldi. Ýöne Lut bilen maşgalasy ölmez ýaly, Hudaý olaryň ýanyna iki perişdesini iberdi. Perişdeler gelip: «Boluň çaltrak, şäherden çykyň, Ýehowa şäheri ýok etjek bolýar» diýdiler.

      Lut bolsa çykman, arkaýyn gezip ýördi. Şonda perişdeler Lutuň, aýalynyň we iki gyzynyň elinden tutup şäherden çykardy. Soňra: «Tizräk gaçyň! Yzyňyza seretmäň, ýogsam ölersiňiz» diýdi.

      Sodom bilen Gomorra şäherine ot ýagýar

      Olar gaçyp, Sogar şäherine ýetdi. Soňra Ýehowa Sodom bilen Gomorranyň üstüne ot ýagdyrdy. Iki şäher hem ýanyp kül boldy. Lutuň aýaly Ýehowa gulak asman, yzyna seretdi. Ol şol bada duza öwrülip, gatap galdy. Şonda Lut bilen iki gyzy oňa gynandy. Ýöne olar yzyna seretmän halas boldy. Lut bilen iki gyzy Ýehowa gulak asandygyna begendi.

      «Lutuň aýalyny ýada salyň» (Luka 17:32).

      Soraglar: Ýehowa Sodom bilen Gomorra näme üçin ot ýagdyrdy? Lutuň aýaly näme üçin duza öwrüldi?

      1 Musa 13:1—13; 19:1—26; Luka 17:28, 29, 32; 2 Petrus 2:6—9

  • Ybraýymyň imany synalýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ybraýym bilen Yshak Moriýa ýurduna barýar

      11-NJI SAPAK

      Ybraýymyň imany synalýar

      Ybraýym ogly Yshaga Ýehowany söýmegi, oňa ynanmagy öwretdi. Yshak ulalyp 25 ýaşady. Bir gün Ýehowa Ybraýyma kyn iş tabşyrdy. Bilýäňmi, nähili iş?

      Ýehowa oňa: «Ogluňy al-da, Moriýa ýurdundaky daga git. Şol ýerde ony gurban ber» diýdi. Ybraýym Ýehowanyň näme üçin şeýle diýenine düşünmedi. Ýöne şonda-da gulak asdy.

      Ybraýym ir bilen turdy. Ol ogluny we iki hyzmatkärini alyp ýola düşdi. Olar üç günläp ýörediler, soňra dagyň ýanyna bardylar. Ybraýym hyzmatkärlerine: «Yshak bilen gurbanlyk berip gelýänçäk, bärde galyň» diýdi. Şeýdip, olar daga çykdylar. Ybraýymyň elinde pyçak bardy, Yshak bolsa odunlary göterip barýardy. Yshak: «Kaka, gurban berjek malymyz nirede?» diýip sorady. Ybraýym: «Oglum, maly Ýehowa berer» diýdi.

      Olar daga çykyp, gurbanlyk ojagyny gurdular we üstüne odunlary goýdular. Ybraýym oglunyň el-aýagyny daňyp, odunlaryň üstünde ýatyrdy.

      Yshagyň el-aýagy daňylgy; Ybraýymyň elinde pyçak bar

      Soňra Ybraýym eline pyçagyny aldy. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi gökden şeýle diýdi: «Ybraýym, dur, ogluňy öldürme. Sen ýekeje ogluňy gurban berjek bolduň. Indi seniň Hudaýa gulak asýandygyňy bildim». Soňra Ybraýym bir goç gördi, onuň şahy agaja çolaşypdyr. Ol derrew oglunyň el-aýagyny çözüp, goçy Hudaýa gurban berdi.

      Şondan soň Ýehowa Ybraýyma dostum diýdi. Bilýäňmi, näme üçin? Ybraýym Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asýardy. Hatda bir zady näme üçin etmelidigine düşünmese-de, Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýärdi.

      Ybraýym Yshagyň el-aýagyny çözýär

      Ýehowa Ybraýyma: «Men saňa ýagşylyk ederin, çagalaryňy köpelderin» diýdi. Diýmek, ol Ybraýymyň çagalary arkaly gowy adamlara ýagşylyk eder.

      «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýahýa 3:16).

      Soraglar: Ybraýym näme etdi? Ýehowa Ybraýyma näme söz berdi?

      1 Musa 22:1—18; Ýewreýler 11:17—19; Ýakup 2:21—23

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş