Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýakup mirasdüşer bolýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ysaw bir jam çorba üçin mirasdan geçdi

      12-NJI SAPAK

      Ýakup mirasdüşer bolýar

      Yshak, Rebeka, Ysaw we Ýakup

      Yshak 40 ýaşynda Rebeka atly owadan gyza öýlenýär. Ol aýalyny gowy görýärdi. Olaryň ekiz ogullary bolýar.

      Olar uly ogluna Ysaw, kiçisine Ýakup diýip at dakýarlar. Ysaw awçydy, köplenç aw awlamaga gidýärdi. Ýakup bolsa öýde bolmagy gowy görýärdi, ol öý işlerini edýärdi.

      Gadymy döwürde bir adam ölse, onuň köp ýeri we baýlygy iň uly ogluna berilýärdi. Şol zatlara miras diýilýär. Olary alýana bolsa mirasdüşer diýilýär. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Ybraýyma: «Çagalaryňy köpelderin, olar arkaly ähli adamlara ýagşylyk ederin» diýipdi. Diýmek, Ýehowa ony Yshagyň uly ogly arkaly etmelidi. Ýöne Ysaw Ýehowanyň aýdanlary barada oýlanmaýardy. Ýakup bolsa Ýehowanyň beren sözi hakda hemişe oýlanýardy.

      Ýakup bilen Ysaw

      Bir gün Ysaw awdan ýadap gelýär. Ýakup şol wagt nahar bişirip otyrdy. Ysaw naharyň ysyny alyp: «Aç öldüm, gyzyl çorbaňdan guýup bersene» diýdi. Ýakup bolsa: «Kakamyň mirasyny maňa berseň, guýup bereýin» diýdi. Ysaw: «Kakamyň mirasam, hiç zadam gerek däl. Çaltrak nahar guýsa-na, aç ölüp barýan» diýdi. Ysaw dogry etdimi? Ýok, ol ýalňyşdy. Bir jam nahar üçin mirasdan geçdi.

      Köp ýyl geçdi, Yshak garrady. Indi uly ogluna ak pata bermeli wagty geldi. Ýöne ak patany kiçi ogly Ýakup aldy. Oňa ejesi Rebeka kömek etdi. Ysawyň ak patany alyp bilmändigine gahary geldi. Şonuň üçin inisini öldürjek bolýardy. Yshak bilen Rebeka muny bilip, Ýakuby gaçyryp goýberdi. Olar: «Bar, oglum, doganyň köşeşýänçä Laban daýyňlarda ýaşa» diýdi. Ýakup hem ene-atasyna gulak asyp, daýylaryna gitdi.

      «Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny ýitirse näme peýdasy bar? Eýsem adam janyna derek näme berip biler?» (Markus 8:36, 37).

      Soraglar: Ysaw näme etmegi gowy görýärdi? Ýakup näme etmegi gowy görýärdi? Ak patany näme üçin Ýakup aldy?

      1 Musa 25:20—34; 27:1—28:5; Ýewreýler 12:16, 17

  • Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ýakup doganynyň öňünde baş egýär; Ysaw begenip, oňa tarap ylgaýar

      13-NJI SAPAK

      Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar

      Ýehowa Ybraýym bilen Yshagy goraýşy ýaly, Ýakuby hem gorady. Ýakup Haran şäherinde ýaşady. Şol ýerde öýlendi, köp çagalary boldy we baýady.

      Bir gün Ýehowa Ýakuba: «Indi öýüňe git» diýýär. Ýakubam maşgalasy bilen öýüne tarap ýola düşýär. Ýolda barýarka: «Doganyň ýetip gelýär, ýanynda 400 adam bar» diýip habar berýärler. Ýakup: «Agam meni hem, çagalarymy hem öldürer» diýip gorkýar. Ol Ýehowa: «Meni doganymyň elinden halas et» diýip doga edýär. Ertesi gün Ýakup doganyna köp goýun, geçi, sygyr, düýe we eşek sowgat iberýär.

      Şol gün agşam Ýakubyň ýeke özi otyrdy. Birdenem perişde peýda bolýar, ol Ýakup bilen göreşip başlaýar. Olar daň atýança göreşýärler. Perişde Ýakubyň aýagyny agyrdýar, ýöne ol şonda-da göreşýär. Perişde: «Goýber meni, gideýin» diýýär. Ýakup bolsa: «Ýok, ak pata berýänçäň goýbermerin» diýýär.

      Şeýdip, perişde Ýakuba ak pata berýär. Şondan soň Ýakup Ýehowanyň Ysawdan gorajagyna ynandy.

      Daň atanda, Ýakup Ysawyň 400 adam bilen gelýänini görýär. Ol doganynyň öňünden çykyp, ýedi gezek baş egýär. Ysaw hem ylgap gelip, inisini gujaklaýar. Olar bir-birini gujaklap aglaşýarlar. Şeýdip, iki dogan ýaraşýar. Ýehowa Ýakubyň dogany bilen ýaraşandygyna begendimi?

      Şeýlelikde, hersi öz öýüne gitdi. Ýakubyň 12 ogly bardy. Olar Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Dan, Naftaly, Gad, Aşer, Ysahar, Zebulun, Ýusup we Benýamin. Ýehowa Ýakubyň ogly Ýusup arkaly halkyny halas etdi. Ol hakda indiki sapaklarda aýdylýar.

      «Duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň. Şonda gökdäki Ataňyzyň perzendi bolarsyňyz» (Matta 5:44, 45).

      Soraglar: Ýakup ak pata almak üçin näme etdi? Ol dogany bilen ýaraşmak üçin näme etdi?

      1 Musa 28:13—15; 31:3, 17, 18; 32:1—29; 33:1—18; 35:23—26

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş