Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Barak bilen iki aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Barak Debora bile gitmegi haýyş edýär

      32-NJI SAPAK

      Barak bilen iki aýal

      Ýuşa Ýehowanyň halkyna köp ýyl ýolbaşçy boldy. Ol 110 ýaşynda aradan çykdy. Ýuşa dirikä, ysraýyllar Ýehowa gulluk edýärdi. Ýöne ölensoň, kenganlar ýaly butlara sežde edip başladylar. Şonuň üçin Ýehowa olara kömek etmedi. Kenganlaryň patyşasy Ýabin ysraýyllara azar berýärdi. Ysraýyllar ýadap, Ýehowadan kömek sorady. Ýehowa olara täze ýolbaşçy belledi, onuň ady Barak. Ol ysraýyllara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi.

      Şol wagtlar Debora atly pygamber aýal bardy. Ýehowa oňa bir habar aýdýar. Debora habary Baraga aýtmalydy. Ol Baragyň ýanyna adam iberip: «Ýanyňa 10 000 adam al. Ýabiniň goşuny bilen söweş. Olar Kişon derýasynyň ýanynda durlar. Sen Ýabiniň goşun serkerdesi Siserany ýeňersiň» diýdi. Barak Debora: «Meniň bilen gitseň giderin» diýýär. Debora: «Bolýar, giderin. Ýöne Siserany sen öldürmersiň. Ýehowa ony bir aýalyň öldürjegini aýtdy» diýdi.

      Debora, Barak we esgerler Tabor dagyna çykdylar. Şol ýerde söweşe taýýarlandylar. Sisera olaryň daga çykandygyny eşitdi. Ol Kişon jülgesinde söweş arabalaryny we goşunyny ýygnady. Debora Baraga: «Şu gün Ýehowa saňa kömek eder. Sen duşmanlary ýeňersiň» diýdi. Ol Sisera bilen söweşmek üçin dagdan düşdi. Baragyň ýanynda 10 000 adam bardy.

      Soň Ýehowa Kişon derýasyny joşdurýar. Siseranyň söweş arabalary palçyga batýar. Sisera arabasyny taşlap gaçyp gidýär. Barak bilen esgerleri Siseranyň goşunyny gylyç bilen öldürýär. Sisera Ýaýyl atly aýalyň çadyryna barýar. Ol gaty ýadawdy. Ýaýyl oňa içmäge süýt berýär, üstüne ýorgan ýapýar. Sisera uklap galýar. Ýaýyl eline çekiç bilen çadyryň ýere kakylýan agajyny ýa demrini alyp, ýuwaşlyk bilen Siseranyň ýanyna barýar. Ony Siseranyň kellesine goýup, çekiç bilen urýar. Sisera şol bada ölýär.

      Barak bilen Debora aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyrýar

      Barak Siserany gözläp ýördi. Ýaýyl onuň öňünden çykyp şeýle diýýär: «Geliň, gözleýän adamyňyzy görkezeýin». Barak çadyra girýär. Görse, Sisera öli ýatyr. Şeýdip, ysraýyllar duşmanlaryny ýeňýär. Barak bilen Debora Ýehowany şöhratlandyryp aýdym aýdýar. Şondan soň 40 ýyllap ysraýyllara hiç kim azar bermeýär.

      «Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr» (Zebur 68:11).

      Soraglar: Debora ysraýyllara nädip kömek etdi? Ýaýyl näme etdi?

      Serdarlar 4:1—5:31

  • Rut bilen Nagomy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Nagomy Ruta öýüne gitmegi haýyş edýär

      33-NJI SAPAK

      Rut bilen Nagomy

      Ysraýylda güýçli açlyk bolýar. Nagomy äri we iki ogly bilen Mowap ýurduna göçýär. Birnäçe wagt geçensoň, Nagomynyň äri aradan çykýar. Nagomynyň ogullary Orpa we Rut atly mowaply gyzlara öýlenýär. Aradan köp wagt geçensoň, Nagomynyň iki ogly hem ölýär. Şonda Nagomy hasam gynanýar.

      Ahyry Ysraýylda açlyk gutarýar. Nagomy hem muny eşidýär. Ol ýurduna gaýdýar. Gelinleri Orpa bilen Rut hem onuň bilen gaýdýar. Ýolda barýarkalar Nagomy: «Siz ogullaryma-da, maňa-da gowy gelin bolduňyz. Baryň, Mowaba, öýüňize gaýdyň. Ýene-de durmuşa çykyň» diýýär. Gelinleri: «Biz seni taşlap gitmeris. Seni gowy görýäris» diýýär. Nagomy gelinlerine öýüňize gaýdyň diýip, gaýta-gaýta aýdýar. Şondan soň Orpa öýüne gidýär. Rut bolsa gaýynenesiniň ýanynda galýar. Nagomy Ruta: «Orpa öz halkyna, öz taňrylaryna dolandy. Gyzym, bar, senem öýüňe gaýt» diýýär. Ýöne Rut: «Seni taşlap hiç ýere gitmerin. Seniň halkyň, meniň halkym bolar. Seniň Hudaýyň, meniň Hudaýym bolar» diýýär. Şonda Nagomy örän begenýär.

      Rut bilen Nagomy Ysraýyla gelýär. Şol wagt hasyl ýygnalyp başlapdy. Bir gün Rut hoşa çöplemäge gidýär. Ol Bowazyň ekin meýdanynda işleýär. Bowaz Rahawyň ogludy. Ol Rutuň öýüne gitmän, gaýynenesiniň ýanynda galandygyny eşidýär. Şonuň üçin Ruta kömek edesi gelýär. Bowaz işgärlerine: «Hemme hasyly almaň. Ruta-da goýup gidiň» diýýär.

      Rut Bowazyň ekin meýdanynda hasyl ýygnaýar

      Agşam Rut öýüne gelýär. Gaýynenesi: «Şu gün kimiň ekin meýdanynda işlediň?» diýip soraýar. Rut: «Bowazyňkyda» diýýär. Nagomy: «Ol biziň garyndaşymyz. Özüň ýaly ýaş gelinler bilen şol ýerde işläber. Hiç kim saňa zat diýmez» diýýär.

      Nagomy, Bowaz, Rut we Abyt

      Hasyl ýygymy gutarýança Rut Bowazyň melleginde işleýär. Bowaz Rutuň gowy hem işeňňir gelindigine üns berýär. Şol döwürde bir aýalyň ogly bolmanka äri ölse, ol ýene durmuşa çykyp bilýärdi. Ýöne ony diňe äriniň garyndaşy alyp bilýärdi. Şonuň üçin Bowaz Ruta öýlenýär. Olaryň ogly bolýar. Adyna Abyt dakýarlar. Abyt Dawut patyşanyň atasy bolýar. Rutuň ogly bolanda Nagomynyň joralary we goňşulary begenýär. Olar: «Ruty saňa Ýehowa beripdir. Ol gowy gelin, seni taşlamady. Indi bolsa agtyk berdi. Ýehowa şöhrat bolsun!» diýýärler.

      «Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr» (Nakyllar 18:24).

      Soraglar: Rut Nagomyny gowy görýändigi üçin näme etdi? Ýehowa Rut bilen Nagoma nädip kömek etdi?

      Rut 1:1—4:22; Matta 1:5

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş