Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Gedeýon midýanlary ýeňýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Gedeýon bilen esgerleri surnaý çalýar, küýze döwýär we otly taýagy ýokary galdyryp, gygyrýar

      34-NJI SAPAK

      Gedeýon midýanlary ýeňýär

      Ysraýyllar ýene Ýehowa gulak asmaýar. Olar butlara sežde edip başlaýar. Midýanlar olara ýedi ýyllap azar berýär. Olaryň mallaryny we zatlaryny elinden alýar. Ysraýyllar olardan gaçyp, daglarda we gowaklarda ýaşaýar. Olar: «Ýehowa, bizi halas et» diýip ýalbarýar. Ýehowa bir ýaş ýigidiň ýanyna perişdesini iberýär. Onuň ady Gedeýon. Perişde oňa: «Ýehowa halkyny halas etmek üçin seni saýlady» diýýär. Gedeýon bolsa: «Men nädip halas edeýin?! Men hiç zat başarmaýaryn» diýýär.

      Gedeýon özüni Ýehowanyň saýlandygyny bilesi gelýärdi. Munuň üçin Gedeýon biraz ýüň alyp, ýere ýazýar. Soň Ýehowa: «Ertire çenli ýüňöl bolsun. Ýer hem gury bolsun. Şonda meni saýlandygyňa düşünerin» diýýär. Gedeýon ir bilen turup görse, ýüň öl myžžyk bolupdyr. Ýer bolsa gurydy. Ol Ýehowadan ýene bir zat etmegi haýyş edýär. Gedeýon: «Indi bolsa ýüň gury, ýer öl bolsun» diýýär. Ertesi irden Gedeýonyň aýdyşy ýaly bolýar. Şondan soň Gedeýon Ýehowanyň saýlandygyna düşünýär. Ol midýanlar bilen söweşmek üçin köp adam ýygnaýar.

      Ýehowa Gedeýona: «Siz midýanlary ýeňersiňiz. Ýöne özümiz ýeňdik diýmez ýaly, esgerleriňi azalt. Kim gorkýan bolsa, öýüne gaýtsyn» diýýär. Şeýdip, 22 000 esger öýüne gaýdýar, 10 000 esger bolsa galýar. Ýehowa Gedeýona: «Esgerleriňi ýene azalt. Olary çeşmäniň ýanyna elt, suw içsinler. Kim daş-töweregine seredip suw içse, şolary alyp gal» diýýär. Şeýdip, Gedeýon 300 adamy alyp galýar. Midýanlaryň 135 000 esgeri bardy. Ýehowa Gedeýona: «Siz 300 adam bilen midýanlary ýeňersiňiz» diýýär.

      Şol gün agşam Ýehowa Gedeýona: «Midýanlaryň üstüne çoz» diýýär. Gedeýon esgerlerine surnaý we küýze berýär. Küýzäniň içinde otly taýak bardy. Ol: «Men näme etsem, şony ediň» diýýär. Gedeýon surnaý çalyp, küýzesini döwýär. Soňra küýzäniň içindäki otly taýagy ýokary galdyryp: «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» diýip gygyrýar. Gedeýonyň esgerleri hem şeýle edýär. Midýanlar örän gorkýar, hersi her tarapa gaçýar. Olar aljyrap, biri-birini öldürýär. Şeýdip, Ýehowa ysraýyllara kömek edýär. Olar duşmanlaryny ýeňýär.

      Midýanlar gorkýarlar

      «Biz gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen edýäris» (2 Korinfliler 4:7).

      Soraglar: Gedeýon Ýehowadan näme haýyş edýär we näme üçin? Gedeýonyň ýanynda näme üçin 300 adam galýar?

      Serdarlar 6:1—16, 6:36—7:25, 8:28

  • Hanna Hudaýdan ogul dileýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Hanna ogluny Aly ruhanynyň ýanyna getirýär

      35-NJI SAPAK

      Hanna Hudaýdan ogul dileýär

      Ysraýylda Alkana atly adam ýaşaýardy. Onuň iki aýaly bardy. Biriniň ady Hanna, beýlekisiniň ady Peninna. Ýöne Alkana Hannany has gowy görýärdi. Peninnanyň çagasy köpdi. Hannanyň bolsa çagasy bolmaýardy. Şonuň üçinem Peninna Hannany kemsidip, içini ýakýardy. Alkana maşgalasy bilen her ýyl Şilo gidýärdi. Olar şol ýerdäki çadyrda Hudaýa sežde edýärdi. Bir gezek Şilo gidenlerinde Alkana Hannanyň aglap oturanyny görýär. Ol: «Hanna, goý, aglama! Çagamyz bolmasa-da, ýanyňda men baryn. Men seni gowy görýärin» diýýär.

      Soňra Hanna çadyrda Ýehowa doga edýär. Ol Hudaýdan ogul dileýär. Hanna: «Ýehowa, eger ogul berseň, men ony saňa bererin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder» diýýär.

      Aly ruhany Hannanyň aglap durandygyny görýär

      Hanna aglap içinden doga edýärdi. Onuň diňe agzy gymyldaýardy. Şonuň üçin Aly ruhany Hanna içgilidir öýdýär. Hanna: «Wah, atam, men içgili däl. Meniň gaýgy-aladam bar. Men Ýehowa ýüregimi dökýärin» diýýär. Şondan soň Aly özüniň ýalňyşandygyna düşünýär. Ol Hanna: «Goý, Ýehowa seniň dilegiňi eşitsin» diýýär. Hanna köşeşip, öýüne gaýdýar. Şondan bir ýyl geçmänkä, Hannanyň ogly bolýar. Oglunyň adyna Şamuwel dakýar. Hanna çagasynyň bolandygyna örän begenýär.

      Hanna Ýehowa beren sözünde durýar. Şamuwel ulalyp, süýtden aýrylýar. Hanna ogluny Ýehowa gulluk etmek üçin çadyra getirýär. Ol Aly ruhana: «Ýehowa dilegimi eşitdi. Maňa ogul berdi. Ol bütin ömrüne çadyrda Ýehowa gulluk eder» diýýär. Alkana bilen Hanna her ýyl ogluny görmäge gelýärdi. Olar her gezek ogluna täze don getirýärdi. Ýehowa Hanna ýene çaga berdi. Onuň üç ogly we iki gyzy boldy.

      «Gaýta-gaýta diläň, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz» (Matta 7:7).

      Soraglar: Hanna näme üçin aglaýardy? Ýehowa Hannanyň dilegine nädip jogap berdi?

      1 Şamuwel 1:1—2:11, 18—21

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş