-
Dawut bilen JalutMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
40-NJY SAPAK
Dawut bilen Jalut
Ýehowa Şamuwele: «Ýesse atly adamyň öýüne git. Onuň ogullarynyň biri Ysraýylyň täze patyşasy bolar» diýýär. Şamuwel Ýessäniň öýüne barýar. Onuň uly ogluny görende: «Ýehowa şuny saýlandyr» diýip pikir edýär. Ýöne Ýehowa: «Men ony saýlamadym. Adam daş keşbe seredýär. Men ýürege seredýärin» diýýär.
Ýesse Şamuweliň ýanyna alty ogluny getirýär. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa olary saýlamady. Başga-da ogluň barmy?» diýýär. Ýesse: «Hawa, kiçi oglum bar. Ol goýun bakyp ýör» diýýär. Dawut öýüne gelende, Ýehowa Şamuwele: «Ine, meniň saýlanym» diýýär. Şamuwel Dawudyň kellesine ýag guýýar. Ony Ysraýylyň täze patyşasy belleýär.
Biraz wagtdan soň ysraýyllar piliştliler bilen söweşmäge çykýarlar. Piliştlileriň güýçli pälwany bardy. Onuň ady Jalutdy. Jalut her gün ysraýyllaryň üstünden gülýärdi, kemsidýärdi. Ol: «Kimiň özüne göwni ýetýän bolsa orta çyksyn, meniň bilen söweşsin. Meni ýeňse, siziň guluňyz bolarys. Eger men ony ýeňsem, siz biziň gulumyz bolarsyňyz» diýýär.
Dawut söweş bolýan ýere gelýär. Onuň doganlary söweşe gatnaşýardy. Dawut olara iýmit getiripdi. Ol Jalutyň aýdan zatlaryny eşidýär. Dawut: «Men onuň bilen söweşerin» diýýär. Şawul patyşa: «Sen entek ýaş, söweşip bilmersiň» diýýär. Dawut: «Ýehowa maňa kömek eder» diýýär.
Şawul Dawuda ýaraglaryny berýär. Ýöne Dawut: «Men bulary dakynyp söweşip bilmerin» diýýär. Soň ol sapanyny alyp, çeşmäniň boýuna gidýär. Ol ýerde bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna salýar. Soňra Jaluta tarap ýöreýär. Jalutyň oňa göwni ýetmeýär. Ol: «Gel hany, men seni öldüreýin. Guşlaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň öňüne zyňaýyn» diýip gygyrýar. Dawut ondan gorkmady. Ol Jaluta şeýle diýip gygyrdy: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly topulýarsyň. Ýöne men Ýehowanyň ady bilen barýaryn. Sen bize däl, Hudaýa garşy söweşýärsiň. Şu ýerdäkileriň hemmesi Ýehowanyň gylyçsyz, naýzasyz halas edişini görer. Ol sizi elimize berer».
Dawut daşlary sapanyna salyp, aýlap zyňýar. Ýehowanyň kömegi bilen daş göni Jalutyň maňlaýyna degýär. Jalut şol bada ýere ýykylýar. Piliştliler onuň ölenini görüp gaçýarlar. Dawut ýaly senem Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýarsyňmy?
«Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Markus 10:27).
-
-
Dawut bilen ŞawulMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
41-NJI SAPAK
Dawut bilen Şawul
Dawut Jaluty öldürensoň, Şawul ony ýanynda alyp galýar. Dawut söweşlere gatnaşyp başlaýar. Ol söweşlerde ýeňiş gazanýar. Ony hemmeler tanaýar. Dawut söweşden gelende gelin-gyzlar aýdym aýdyp, tans edip garşy alýarlar. Olar: «Şawul 1000 adamy, Dawut 10 000 adamy öldürdi» diýýärdiler. Şawul Dawudy ýigrenip başlaýar. Hatda ony öldürjek bolýar.
Dawut ökde sazandady. Ol arfa çalýardy. Bir gezek Dawut Şawul üçin saz çalyp otyrdy. Şonda Şawul naýzasyny Dawuda zyňýar. Ýöne Dawut eglip ýetişýär. Naýza diwara çümýär. Şondan soň Şawul Dawudy köp gezek öldürjek bolýar. Dawut ahyry gaçmaly bolýar. Ol çölde gizlenip ýaşaýar.
Şawul 3 000 esgeri bilen Dawudy gözlemäge gidýär. Dawut esgerleri bilen bir gowakda gizlenip otyrdy. Şawul hem şol gowaga barýar. Şonda Dawudyň esgerleri: «Bol, häzir Şawuly öldürip bilýäň» diýdiler. Dawut ýuwaşlyk bilen Şawulyň ýanyna barýar. Onuň donunyň eteginden bir bölegini kesip alýar. Şawul Dawudyň gelenini duýmaýar. Soňra Dawut Ýehowanyň bellän patyşasyna hormat goýmandygyna gynanýar. Dawut esgerlerine Şawuly öldürmäge ýol bermeýär. Aslynda, Dawut Şawuly gowakda öldürip bilýärdi. Ýöne oňa ýamanlyk etmeýär. Muny Şawulyň özüne-de aýdýar. Şondan soň Şawul düzeldimi?
Ýok! Şawul şonda-da Dawudy yzarlady. Bir gün gije Dawut Şawul bilen esgerleriniň bolýan ýerine barýar. Onuň ýanynda ýegeni Abyşaý hem bardy. Şawulyň esgerleri uklap ýatyrdy. Hatda goşunbaşysy Abnur hem öli ýaly ýatyrdy. Abyşaý: «Şu wagt Şawul elimize düşdi. Ony öldüreýin-le» diýýär. Dawut: «Ýok, degme! Ýehowanyň özi arymyzy alar. Onuň naýzasy bilen küýzesini alyp, bärden gideli» diýýär.
Dawut golaýdaky dagyň depesine çykýar. Şol ýerden Şawulyň bolýan ýeri gowy görünýärdi. Ol: «Abnur, patyşaňy näme üçin goramadyň? Şawulyň küýzesi bilen naýzasy hany?» diýip gygyrýar. Şawul Dawudy sesinden tanaýar. Ol: «Sen meni öldürip bilýärdiň, ýöne öldürmediň. Sen Ysraýylyň patyşasy bolarsyň» diýýär. Soňra Şawul köşgüne gaýdýar. Şawul Dawudy ýigrenýärdi. Emma onuň maşgalasynda Dawudy gowy görýänler hem bardy.
«Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň. Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň» (Rimliler 12:18, 19).
-