Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowanyň öýi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ýehowa ot bilen gurbanlygy ýakdy

      44-NJI SAPAK

      Ýehowanyň öýi

      Süleýman patyşa doga edýär

      Süleýman Ysraýylyň patyşasy bolýar. Ýehowa oňa: «Islän zadyňy sora, saňa bereýin» diýýär. Süleýman: «Men ýaş, köp zady başarmaýaryn. Halkyň aladasyny eder ýaly maňa akyldarlyk ber» diýýär. Ýehowa: «Menden diňe akyldarlyk diläniň üçin, seni ýer ýüzünde iň akyldar adam ederin. Saňa köp baýlyk bererin, gulak assaň uzak ýaşadaryn» diýýär.

      Süleýman patyşa ybadathanany gurup başlady. Ol ybadathananyň zatlaryny altyndan, kümüşden, iň gowy agaçdan we daşdan ýasady. Ybadathananyň gurluşygyna müňlerçe erkek adamlar we aýallar gatnaşdy. Olar örän ökdedi. Süleýman ýedi ýylda ybadathanany gurup gutardy. Soňra ony Ýehowa bagyş etdi. Ybadathananyň içinde gurbanlyk ojagy bardy. Ol ýerde gurbanlyk berilýärdi. Süleýman gurbanlyk ojagynyň öňünde dyza çöküp, şeýle doga edýär: «Ýehowa, sen has owadan we uly ybadathana mynasyp. Ýöne haýyş edýärin, biziň seždämizi kabul et we dileglerimizi eşit». Ýehowa Süleýmanyň guran ybadathanasyny haladymy? Onuň dilegini eşitdimi? Ýehowa ybadathanany halady. Süleýman dileg edip bolansoň, gökden ot geldi. Onuň beren gurbanlygyny ýakyp kül etdi. Ysraýyllar bolýan zatlary görüp begendiler.

      Ýehowa ot bilen gurbanlygy ýakdy

      Süleýman patyşanyň akyldarlygy hakda bütin ysraýyl halky bilýärdi. Muny hatda daş-töweregindäki halklaram eşitdi. Adamlar Süleýmanyň ýanyna kömek sorap gelýärdiler. Ondan maslahat soraýardylar. Bir gezek onuň ýanyna Şeba ýurdunyň şa aýaly gelýär. Ol Süleýmana kyn soraglary berip, akyldarlygyny barlap görýär. Şa aýaly Süleýmanyň beren jogaplaryna haýran galýar. Ol Süleýmana: «Adamlar sen hakda gürrüň berende ynanmadym. Ýöne sen olaryň aýdyşyndan hem akyldar ekeniň. Ýehowa Hudaýyň saňa kömek edýär» diýýär. Süleýmanyň patyşa bolan döwri ysraýyl halky gowy ýaşaýardy, adamlar bagtlydy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen hemme zat üýtgedi.

      «Bärde Süleýmandan-da beýik biri dur» (Matta 12:42).

      Soraglar: Ýehowa Süleýmana näme üçin akyldarlyk berdi? Ybadathana gurlup gutaransoň näme boldy we näme üçin?

      1 Patyşalar 2:12; 3:4—28; 4:29—5:18; 6:37, 38; 7:15—8:66; 10:1—13; 2 Taryh 7:1; 9:22

  • Patyşalyk ikä bölünýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ahyýar Ýerobgamyň ýanynda donuny çykaryp, 12 bölege bölýär

      45-NJI SAPAK

      Patyşalyk ikä bölünýär

      Süleýman Ýehowa gulak asyp, Oňa sežde edýärdi. Halk hem parahat ýaşaýardy. Ýöne Süleýman köp aýala öýlendi. Olar başga milletdendi we butlara sežde edýärdiler. Ýuwaş-ýuwaşdan Süleýman hem buta sežde edip başlady. Ýehowanyň oňa gahary gelip: «Patyşalygy eliňden alaryn. Ol ikä bölüner. Patyşalygyň köp bölegini hyzmatkäriňe bererin, azajyk bölegini bolsa ogluňa bererin» diýdi.

      Patyşalygyň ikä bölünjegini Ýehowanyň pygamberi hem aýtdy. Süleýmanyň Ýerobgam atly hyzmatkäri bardy. Bir gün ol ýolda Ahyýar pygambere duşýar. Ahyýar donuny çykaryp, 12 bölege bölýär. Soňra Ýerobgama: «Ýehowa Süleýmanyň elinden patyşalygy alyp, ony ikä böler. Donuň on bölegini özüňe al, sebäbi sen on taýpanyň patyşasy bolarsyň» diýýär. Süleýman muny eşidip gaharlanýar. Ol Ýerobgamy öldürjek bolýar. Şonuň üçin Ýerobgam Müsüre gaçyp gidýär. Wagtyň geçmegi bilen Süleýman aradan çykýar. Onuň ýerine ogly patyşa bolýar. Onuň ady Rehobam. Şondan soň Ýerobgam: «Indi meni hiç kim öldürmez» diýip, Ysraýyla gelýär.

      Ysraýyllaryň köpüsi Ýerobgamyň ýasan altyn gölesine gurbanlyk berýär

      Ysraýyldaky ýaşulular Rehobamyň ýanyna gelip: «Eger halka ýagşylyk etseň, olar seni gowy görer» diýdiler. Ýöne dostlary: «Sen halky berk tutmaly, olary öňküdenem beter işletmeli» diýip maslahat berdiler. Rehobam dostlaryny diňläp, halky kösedi. Halk hem çydaman oňa garşy çykdy. Olar Ýerobgamy on taýpanyň patyşasy edip bellediler. On taýpa Ysraýyl patyşalygy diýilýär. Galan iki taýpa bolsa Ýahuda patyşalygy diýilýär. Ýahuda patyşalygy Rehobama gulak asdy. Şeýdip, 12 taýpa ikä bölünýär.

      Ýerobgam ysraýyl halkyny Iýerusalime ibermek islemeýärdi. Halk Rehobamyň tarapyna geçer öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin Ýerobgam iki sany altyn göle ýasaýar. Ol halka: «Iýerusalim gaty uzakda, şu ýerde sežde ediberiň» diýýär. Şeýdip, adamlar altyn gölä sežde edip başladylar. Ysraýyl halky ýene-de Ýehowadan daşlaşdy.

      «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Eýsem dogruçyllyk bilen kanunsyzlygyň nähili baglanyşygy bar? ...Ýa-da imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi bar?» (2 Korinfliler 6:14, 15).

      Soraglar: Patyşalyk näme üçin ikä bölünýär? Rehobam patyşa nähili erbet işleri etdi? Ýerobgam patyşa nähili erbet işleri etdi?

      1 Patyşalar 11:1—13, 26—43; 12:1—33

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş