-
Iýerusalim şäheri ýykylýarMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
58-NJI SAPAK
Iýerusalim şäheri ýykylýar
Ýahuda halky ýene-de Ýehowa gulak asmaýar. Olar butlara sežde edýär. Ýehowa halka kömek etmek üçin pygamberlerini iberýär. Pygamberler halka: «Düzeliň!» diýýärdi. Ýöne halk pygamberleri diňlemeýärdi. Gaýtam olaryň üstünden gülýärdi. Halk buta sežde etmez ýaly Ýehowa näme etdi?
Wawilonyň patyşasynyň ady Nawuhodonosor. Ol köp ýurdy basyp aldy. Nawuhodonosor, ilki bilen, Iýerusalimi basyp aldy. Ol Ýehoýakyn patyşanyň el-aýagyny daňyp, Wawilona alyp gitdi. Şeýle-de ol han-begleri, esgerleri we ussalary şol ýere alyp gitdi. Ol Ýehowanyň öýündäki altyn-kümüşleri we gap-gaçlary aldy. Soňra Nawuhodonosor Ýehoýakynyň ýerine başga birini patyşa belledi. Onuň ady Sadykýar.
Başda Sadykýar Nawuhodonosora gulak asýardy. Ýöne goňşy halklar we ýalan pygamberler Sadykýara erbet maslahat berdi. Oňa: «Wawilona garşy çyk» diýdiler. Ýermeýa pygamber bolsa: «Eger oňa garşy çyksaň, Ýahudada açlyk we keselçilik bolar. Adamlar hem öler» diýdi.
Sadykýaryň patyşa bolanyna sekiz ýyl bolanda, ol Wawilona garşy çykýar. Patyşa Müsür ýurdundan kömek soraýar. Şondan soň Nawuhodonosor patyşa esgerlerini Iýerusalime iberýär. Olar şäheriň daşyny gabaýar. Ýermeýa Sadykýara: «Ýehowa şeýle diýýär: „Wawilon patyşasynyň aýdanyny et. Şonda hiç kim ölmez, şäher hem ýykylmaz. Ýöne garşy çyksaň, wawilonlylar Iýerusalimi ýakyp kül eder. Sizi bolsa tutup äkider“» diýýär. Ýöne Sadykýar Wawilon patyşasynyň aýdanyny etmeýär.
Bir ýarym ýyldan soň Wawilonlylar Iýerusalimiň diwarlaryny ýykýar. Soňra olar şäheri ýakýar, ybadathana-da ýanyp kül bolýar. Wawilonlylar köp adamlary öldürýär, köpüsini bolsa tutup äkidýär.
Sadykýar Iýerusalimden gaçyp gaýdýar. Ýöne wawilonlylar onuň yzyndan kowalaýar. Olar Sadykýary Ýerihonyň golaýynda tutýarlar. Soňra Nawuhodonosoryň ýanyna getirýärler. Patyşa Sadykýaryň gözüniň öňünde ogullaryny öldürýär. Soňra Sadykýaryň gözüni oýup, türmä basýar. Sadykýar türmede ölýär. Ýehowa ýahuda halkyna: «Men sizi 70 ýyldan soň Iýerusalime getirerin» diýip söz berýär.
Wawilonlylar köp ýaşlary hem äkidipdi. Olara näme boldy? Olar Ýehowa wepaly boldumy?
«Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, seniň hökümleriň dogrudyr we adalatlydyr» (Ylham 16:7).
-
-
Ýehowa gulak asan ýigitlerMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
59-NJY SAPAK
Ýehowa gulak asan ýigitler
Nawuhodonosor patyşa Ýahudanyň ýaş ýigitlerini Wawilona äkidýär. Şol ýigitler patyşalaryň, han-begleriň çagalary we agtyklary. Patyşa baş wezirine olara seretmegi tabşyrýar. Onuň ady Aşpenaz. Aşpenaz ukyply we sagdyn ýigitleri saýlamalydy. Ýigitler üç ýyl bilim almalydy. Üç ýyldan soň, olar Wawilon patyşasyna gulluk etmelidi. Ýigitler wawilon dilinde ýazyp, okap we gepläp bilmelidi. Olar sagdyn bolar ýaly patyşa berilýän nahardan iýmelidi. Şol ýigitleriň arasynda Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy. Aşpenaz olara wawilon atlaryny goýdy. Danyýara Belteşazar, Hananýa Sedrah, Mişaýyla Meşah we Azarýa Abdynag diýip at dakdy. Olar Wawilonyň bilimini alyp Ýehowany ýatdan çykardymy?
Ýigitler nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowa gulak asmak isleýärdi. Ýehowa käbir haýwanlary haram hasaplaýardy. Şonuň üçin ysraýyllar olaryň etini iýmeli däldi. Patyşanyň saçagynda Ýehowanyň halamaýan naharlary bardy. Ysraýylly dört ýigidem şol naharlardan iýmeli däldigini bilýärdi. Olar Aşpenaza: «Bize şu naharlary berme» diýip haýyş etdi. Aşpenaz hem: «Şu zatlary iýmeseňiz, ejiz görünersiňiz. Patyşa-da meni öldürer» diýdi.
Şonda Danyýaryň kellesine gowy pikir geldi. Ol gözegçä: «Bize on günläp gök-önüm we suw beriň. Soňam patyşanyň saçagyndan iýip-içýän oglanlar bilen deňeşdirip görüň» diýdi. Gözegçi hem: «Bolýar» diýdi.
Şeýdip, ýigitler on günläp gök-önüm iýdiler. On günden soň, Danyýar bilen dostlary beýleki ýigitlerden sagdyn görünýärdi. Ýigitler Ýehowa gulak asyp, ony begendirdiler. Ýehowa Danyýara akyl-paýhas berdi. Ol görnüşlere we düýşlere düşünip bilýärdi.
Üç ýyldan soň, Aşpenaz oglanlary patyşanyň ýanyna getirdi. Nawuhodonosor hem olar bilen gepleşip gördi. Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa beýleki ýigitlerden tapawutlanýardy. Olar akylly we düşünjelidi. Şonuň üçin olar patyşa gulluk etmäge saýlandy. Patyşa ýigitlerden kyn meselelerde maslahat soraýardy. Olar köşkdäki akyldarlardan we jadygöýlerden has ökdedi. Olara akyldarlygy Ýehowa berýärdi.
Danyýar, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa başga ýurtda ýaşaýardy. Olaryň ýanynda ene-atasy ýokdy. Ýöne olar şonda-da Ýehowany ýadyndan çykarmady. Senem nirede bolsaň-da, Ýehowa gulak asarmyň? Ene-ataň ýanyňda bolmasa-da, Ýehowany begendirermiň?
«Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gepleýşiň, özüňi alyp barşyň, söýgiň, imanyň we ahlak taýdan arassalygyň bilen wepaly adamlara görelde bol» (1 Timoteos 4:12).
-