Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Nawuhodonosor patyşa düýşünde beýik heýkel görýär; bir daş heýkeli ýumurýar

      60-NJY SAPAK

      Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar

      Bir gün agşam Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol alada edip ýatyp bilmeýär. Şonuň üçin ýanyna akyldarlary çagyryp: «Düýşümiň manysyny düşündiriň» diýýär. Akyldarlar: «Patyşahym, düýşüňizi gürrüň beriň» diýýär. Ýöne Nawuhodonosor patyşa: «Näme düýş görenimi özüňiz aýdyň, ýogsam öldürerin» diýýär. Olar patyşa ýalbaryp: «Düýşüňizi aýtsaňyz, manysyny düşündirip bereli» diýýär. Patyşa: «Siz meni aldajak bolmaň. Näme düýş görenimi aýdyň» diýýär. Akyldarlar: «Ol aýdýanyňyz bolmaýar. Muny hiç kim edip bilmeýär» diýýär.

      Nawuhodonosor patyşanyň ýaman gahary gelýär. Ol: «Ýurtdaky ähli akyldarlary öldüriň» diýýär. Olaryň arasynda Danyýar, Sedrah, Meşah we Abdynag bardy. Danyýar patyşadan: «Bize biraz wagt beräý» diýip haýyş edýär. Soňra dostlary bilen Ýehowa doga edip, kömek soraýar. Ýehowa olara kömek etdimi?

      Ýehowa Danyýara patyşanyň düýşüni görkezýär. Onuň manysyny hem düşündirýär. Ertesi gün Danyýar garawullaryň baştutanynyň ýanyna baryp: «Akyldarlaryň hiç birini öldürmäň. Men patyşanyň düýşüni düşündireýin» diýýär. Hyzmatkär Danyýary patyşanyň ýanyna eltýär. Danyýar patyşa şeýle diýýär: «Hudaý size gelejekde boljak zatlary görkezdi. Siz düýşüňizde beýik heýkeli gördüňiz. Onuň kellesi altyndan, döşi we elleri kümüşden, garny hem butlary misden, aýaklary demirden, topukdan aşagy bolsa demir bilen toýun garylan. Soňra dagdan bir daş gopýar. Ol heýkeliň aýagyna degýär. Heýkel çym-pytrak bolýar. Şemal hem döwlen zatlary aýyrýar. Heýkeli pytradan daş beýik daga öwrülýär. Bütin ýer ýüzüni eýeleýär».

      Soňra Danyýar düýşüň manysyny düşündirýär. Ol patyşa şeýle diýýär: «Heýkeliň altyn kellesi siz. Sizden soň kümşe meňzedilýän patyşalyk dörär. Ondan soň mise meňzedilýän patyşalyk dörär. Ol bütin ýer ýüzünde höküm sürer. Dördünji patyşalyk demir ýaly berk bolar. Iň soňunda bolsa bölünen patyşalyk dörär. Ol bir tarapdan demir ýaly güýçli, beýleki tarapdan toýun ýaly ejiz bolar. Daga öwrülen daş bolsa Hudaýyň Patyşalygyny aňladýar. Hudaýyň Patyşalygy şol patyşalyklaryň ählisini ýok eder, özi bolsa ebedi galar».

      Patyşa Danyýaryň öňünde dyza çöküp, baş egýär. Oňa: «Hudaý saňa düýşümi aýdyp berdi. Seniň Hudaýyň ýaly hudaý ýokdur» diýýär. Nawuhodonosor Danyýary öldürmän, gaýtam akyldarlaryň baştutany edýär. Wawilon welaýatynyň hem häkimi edip belleýär. Diýmek, Ýehowa Danyýaryň dogasyna nädip jogap beripdir?

      «Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar» (Ylham 16:16).

      Soraglar: Danyýar Nawuhodonosor patyşanyň düýşüni nädip bildi? Düýşüň manysy näme?

      Danyýar 2:1—49

  • Olar baş egmedi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Sedrah, Meşah we Abdynag altyn heýkele baş egmedi

      61-NJI SAPAK

      Olar baş egmedi

      Nawuhodonosoryň düýş görenine biraz wagt geçdi. Ol altyndan uly heýkel ýasatdy. Ony Deýra düzlüginde goýdy. Ol ýere atly-abraýly adamlary çagyrdy. Olaryň arasynda Sedrah, Meşah we Abdynag bardy. Patyşa gelen adamlara: «Häzir surnaý, tüýdük we arfa çalnar. Şonda hemmäňiz heýkeliň öňünde baş egiň. Kim baş egmese, ýanyp duran peje taşlaryn» diýdi. Üç ýewreý ýigit baş egermi? Ýa-da Ýehowa gulak asarmy?

      Patyşanyň buýrugy bilen saz çalyndy. Hemmeler heýkele sežde etdiler. Ýöne Sedrah, Meşah we Abdynag oňa baş egmedi. Şol ýerde duran adamlar olaryň baş egmeýändigini gördi. Käbirleri patyşa: «Üç ýewreý ýigit baş egenok» diýip ýamanlady. Patyşa olary ýanyna çagyryp: «Size ýene bir mümkinçilik berýärin. Heýkele sežde etseňiz ölmersiňiz. Sežde etmeseňiz, ýanyp duran peje oklaryn. Sizi hiç bir taňry halas edip bilmez» diýdi. Olar: «Patyşahym, biz diňe Hudaýymyza sežde edýäris. Ol bizi halas eder. Eger halas etmese-de, heýkeliň öňünde baş egmeris» diýdiler.

      Nawuhodonosor gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. Ol: «Pejiň oduny ýedi esse güýçlendiriň» diýdi. Soňra esgerlere: «Ýigitleriň el-aýagyny daňyň. Ýanyp duran peje oklaň» diýdi. Pejiň ody gaty güýçlüdi. Üç ýewreý ýigidi peje okladylar. Olary peje oklan esgerler şol bada öldi. Nawuhodonosor pejiň içine seredende, dört adamyň gezip ýörendigini görýär. Ol gorkup: «Biz peje üç adam oklapdyk, ýöne dört adam görýärin. Olaryň biri perişdä meňzeýär» diýdi.

      Nawuhodonosor pejiň ýanyna baryp: «Hak Allanyň gullary, çykyň!» diýdi. Sedrah, Meşah we Abdynag oduň içinden çykdy. Olaryň hiç ýeri, saçy hem, eşikleri hem ýanmady. Hatda üstünden oduň ysy-da gelmedi. Olary gören adamlar haýran galdy.

      Nawuhodonosor: «Sedrahyň, Meşahyň we Abdynagyň Hudaýy beýikdir. Ol perişdesini iberip, ýigitleri halas etdi. Olaryň Hudaýy ýaly hudaý ýokdur» diýdi.

      Senem üç ýewreý ýigit ýaly Ýehowa gulak asarmyň? Kyn ýagdaýda berk durarmyň?

      Nawuhodonosor patyşa Sedrahyň, Meşahyň we Abdynagyň ýanyp duran peçden çykyp gelýändigine haýran galýar

      «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» (Matta 4:10).

      Soraglar: Sedrah, Meşah we Abdynag patyşa näme diýdi? Ýehowa näme etdi?

      Danyýar 3:1—30

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş