Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Uly agaç baradaky düýş
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Nawuhodonosoryň düýşündäki agaç çapylýar

      62-NJI SAPAK

      Uly agaç baradaky düýş

      Bir gün agşam Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol akyldarlary ýanyna çagyrýar. Olardan düýşüniň manysyny soraýar. Ýöne hiç kim düşündirip bilmeýär. Ahyry patyşa Danyýary ýanyna çagyrýar.

      Nawuhodonosor düýşüni Danyýara gürrüň berýär. Ol şeýle diýýär: «Men bir agaç gördüm. Agaç ösüp ulaldy. Agajyň depesi asmana ýetdi. Ony dünýäniň ähli ýerinden görüp bolýardy. Agajyň ýapraklary örän owadandy. Köp miwe berýärdi. Haýwanlar onuň kölegesinde ýatýardy. Guşlar şahalarynda höwürtge ýasaýardy. Soňra gökden perişde geldi. Ol: „Agajy kesiň, şahalaryny çapyň. Ýöne agajyň köküni aýyrmaň. Töňňesini demir we mis bilen daňyň. Oňa ynsan ýüregine derek haýwan ýüregini beriň. Soňra ýedi döwür geçsin. Ähli adamlar Hudaýyň Patyşadygyny biler. Ol Patyşalygy islän adamyna berýär“ diýdi».

      Ýehowa Danyýara düýşüň manysyny aýtdy. Danyýar gaty gorkdy. Soňra ol şeýle diýdi: «Patyşahym, düýşüňizdäki uly agaç siz. Agajyň çapylyşy ýaly, siziň hem patyşalygyňyz eliňizden alnar. Haýwanlar bilen ýaşarsyňyz, ot iýersiňiz. Ýöne düýşüňizdäki agajyň köki doly aýrylmandy. Şonuň ýaly sizem ýene patyşa bolarsyňyz».

      Şondan soň bir ýyl geçdi. Nawuhodonosor patyşa köşgüniň ýokarsynda aýlanyp ýördi. Ol guran şäherine buýsanyp: «Şu beýik şäheri men gurdum. Maňa taý geljek barmy?!» diýdi. Ol gepläp durka, gökden: «Nawuhodonosor, patyşalygyň eliňden alyndy» diýen ses eşidildi.

      Şol bada Nawuhodonosor patyşanyň kellesi üýtgedi. Ol ýyrtyjy haýwan ýaly boldy. Ony köşkden kowdular. Nawuhodonosor ýyrtyjy haýwanlar bilen ýaşap başlady. Onuň saçy ösüp, bürgüdiň ýelekleri ýaly boldy. Dyrnaklary bolsa guşuň penjesi ýaly boldy.

      Ýedi ýyl geçensoň, Nawuhodonosor patyşanyň akyly ýerine gelýär. Ýehowa ony ýene Wawilonyň patyşasy etdi. Nawuhodonosor patyşa: «Gökleriň Hudaýy Ýehowa alkyş bolsun! Ýehowa Hökümdar eken. Ol tekepbirleri peseldýär, Patyşalygyny islän adamyna berýär» diýdi.

      «Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär» (Nakyllar 16:18).

      Soraglar: Nawuhodonosor nähili düýş gördi? Düýşüň manysy näme? Nawuhodonosor nämä düşündi?

      Danyýar 4:1—37

  • Diwara ýazylan hat
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • El diwara hat ýazýar

      63-NJI SAPAK

      Diwara ýazylan hat

      Belşazar Wawilonyň patyşasy bellenýär. Bir gün agşam ol oturyşyk gurnaýar. Oňa müňlerçe atly-abraýly adamlary çagyrýar. Ol hyzmatkärlerine altyn käseleri getirdýär. Kakasy Nawuhodonosor ony Ýehowanyň ybadathanasyndan alyp gaýdypdy. Belşazar bilen myhmanlar altyn käselerde şerap içýärler. Olar taňrylaryny öwüp arşa çykarýarlar. Birdenem adamyň eli peýda bolýar. Ol diwara düşnüksiz sözleri ýazyp başlaýar.

      Belşazar örän gorkýar, el-aýagy sandyraýar. Ol derrew ýanyna palçylary çagyryp: «Kim şu diwardaky ýazgyny düşündirip berse, ony Wawilonda üçünji adam edip bellärin» diýýär. Ýöne hiç kim düşündirip bilmeýär. Patyşanyň aýdanlaryny şa aýaly hem eşidýär. Ol: «Danyýar atly bir adam bar. Ol Nawuhodonosora köp zatlary düşündirýärdi. Ol şu ýazgynyň manysyny hem düşündirip biler» diýýär.

      Danyýar Belşazar patyşanyň ýanyna gelýär. Patyşa: «Şu ýazgyny düşündirip berseň, boýnuňa altyn zynjyr dakaryn. Wawilonda üçünji adam ederin» diýýär. Danyýar şeýle diýdi: «Maňa seniň sowgadyň gerek däl. Ýöne haty okap, düşündirip bereýin. Kakaň Nawuhodonosor tekepbirlik etdi. Ýehowa-da patyşalygy elinden aldy. Sen şu zatlary bilseňem, Ýehowa hormat goýmadyň. Ýehowanyň ybadathanasynda durýan altyn käselerde şerap içdiň. Şonuň üçin hem Hudaý „Mene, mene, tekel we parsin“ diýen sözleri ýazdyrdy. Onuň manysy şeýle: midiýalylar bilen parslar Wawilony basyp alar. Senem indi patyşa bolmarsyň».

      Kir patyşanyň esgerleri derýadan geçip, Wawilonyň derwezesinden girýär

      Wawilon şäheriniň diwarlary örän berkdi. Onuň daşyndaky derýa hem çuňdy. Ýöne şol gün agşam midiýalylar bilen parslar Wawilona çozýar. Pars patyşasy Kir derýany başga tarapa akdyrýar. Şeýdip, esgerler şäheriň derwezesinden girýär. Şol gün şäheriň derwezeleri açykdy. Olar şäheri basyp alyp, patyşany öldürýär. Şeýlelikde, Kir Wawilonyň patyşasy bolýar.

      Kiriň patyşa bolanyna bir ýyl bolup gelýärdi. Ol şeýle kanun çykarýar: «Ýehowa maňa Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurmagy tabşyrdy. Kimiň kömek edesi gelse, gidip biler». Şeýdip, ýehudylaryň köpüsi Iýerusalime gidýär. Iýerusalimde 70 ýyllap hiç kim ýaşamandy. Ýehowa 70 ýyldan soň halkynyň şol ýere barjakdygyny aýdypdy. Kir patyşa olara altyn-kümüş käseleri we gap-çanaklary berip goýberýär. Nawuhodonosor patyşa olary ybadathanadan alyp gaýdypdy. Ýehowa Kir patyşanyň üsti bilen halkyna kömek etdi.

      «Weýran boldy! Beýik Wawilon weýran boldy! Ol jynlaryň mekany boldy» (Ylham 18:2).

      Soraglar: Diwardaky ýazgy nämäni aňladýar? Kir patyşa nähili kanun çykardy?

      Hydyr 1:1—11; Danyýar 5:1—30; Işaýa 44:27—45:2; Ýermeýa 25:11, 12

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş