Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Danyýar ýolbarsly çukura taşlanýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Danyýar penjiräniň öňünde doga edip otyrka, görip adamlar ony tutýar

      64-NJI SAPAK

      Danyýar ýolbarsly çukura taşlanýar

      Midiýaly Dariý Wawilona patyşa bellenýär. Ol Danyýaryň akyl-paýhaslydygyny görýärdi. Şonuň üçin ony bütin ýurda baştutan edip goýýar. Patyşa hyzmat edýän adamlar Danyýara göriplik edýär. Ony wezipesinden aýyrjak bolýardylar. Olar Danyýaryň günde üç gezek Ýehowa dileg edýändigini bilýärdi. Olar patyşanyň ýanyna baryp: «Patyşahym, şeýle kanun çykar: hemmeler diňe saňa dileg etsin. Kimde-kim kanunyňa gulak asmasa, ýolbarsly çukura taşla» diýdiler. Dariý olaryň maslahatyny gowy görýär. Olaryň aýdyşy ýaly kanun çykarýar.

      Danyýar kanuny eşiden badyna öýüne gidýär. Onuň otagyndaky penjire açykdy. Ol penjiräniň öňünde dyza çöküp, Ýehowa dileg edýär. Şol wagt oňa göriplik edýän adamlar öýe girýär. Olar Danyýaryň doga edýändigini görýär. Soňra Dariý patyşanyň ýanyna baryp: «Danyýar size gulak asmaýar. Ol her gün Hudaýyna üç gezek dileg edýär» diýýär. Dariý patyşa Danyýary gowy görýärdi. Ony öldürmek islemeýärdi. Ol uzakly gün Danyýar hakda oýlanýar. Ony halas etjek bolýar. Ýöne patyşanyň özem çykaran kanunyny üýtgedip bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Danyýary ýolbarsly çukura taşlamaly bolýar.

      Şol gün agşam Dariý patyşa ýatyp bilmeýär. Ol Danyýary alada edýär. Ir bilen turup, ýolbarsly çukura tarap ylgaýar. Baryp: «Danyýar, Hudaýyň seni halas etdimi?» diýip gygyrýar.

      Danyýar hem: «Ýehowanyň perişdesi ýolbarslary saklady. Olar maňa hiç zat etmedi» diýýär. Dariý patyşa örän begenýär. Ol derrew Danyýary ýolbarsly çukurdan çykardýar. Danyýara hiç zat bolmandyr. Soňra patyşa Danyýara ýamanlyk eden adamlary ýolbarsly çukura taşladýar. Olar çukuryň düýbüne ýetip-ýetmänkä ýolbarslar lak-luk atýar.

      Dariý patyşa hemme adamlara şeýle hat iberýär: «Ähli adamlar Danyýaryň Hudaýyndan gorksun. Ol Danyýary ýolbarslardan halas etdi».

      Senem Danyýar ýaly Ýehowa her gün doga edýärsiňmi?

      Danyýar ýolbarsly çukurda

      «Ýehowa wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýar» (2 Petrus 2:9).

      Soraglar: Danyýar günde üç gezek näme edýärdi? Ýehowa Danyýary nädip halas etdi?

      Danyýar 6:1—28

  • Ester halkyny halas edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Şa aýaly Ester Haşaýar patyşanyň goragly köşgüne girýär

      65-NJI SAPAK

      Ester halkyny halas edýär

      Şa aýaly Ester

      Gadym zamanlarda Ester atly gyz bardy. Ol Şuşan şäherinde ýaşaýardy. Şuşan parslaryň şäheridi. Ester kiçijik wagty Iýerusalimde ýaşady. Soňra Nawuhodonosor patyşa ony maşgalasy bilen Iýerusalimden alyp gaýdýar. Esteri doganoglany Mordekaý ulaldýar. Ol Pars patyşasy Haşaýaryň hyzmatkäridi.

      Bir gezek Haşaýar patyşanyň aýaly ýamanlyk edýär. Şonda patyşa aýalyny kowýar. Onuň ýerine bolsa başga aýal almak isleýär. Hyzmatkärler patyşanyň ýanyna ýurduň iň owadan gyzlaryny getirýärler. Olaryň arasynda Ester hem bardy. Haşaýar patyşa owadan gyzlaryň içinden Esteri saýlaýar. Şeýdip, Ester şa aýaly bolýar. Ýöne Mordekaý oňa: «Ýehudydygyňy hiç kime aýtma» diýýär.

      Haşaýar patyşanyň Haman diýen hyzmatkäri bardy. Ol han-begleriň baştutanydy. Haman tekepbir adamdy. Ol hemme adamlary özüne baş egdirjek bolýardy. Mordekaý bolsa oňa baş egmeýärdi. Şonuň üçin Hamanyň gahary gelip, ony öldürjek bolýardy. Bir gün Haman Mordekaýyň ýehudydygyny bilýär. Ol ýehudylaryň ählisini öldürmegiň ugruna çykýar. Ol patyşa: «Ýehudylar erbet halk, olary ýok etmeli» diýýär. Patyşa: «Islän zadyňy et» diýýär. Ol Hamana kanun çykarmaga rugsat berýär. Haman hem ýehudylary öldürmek hakda kanun çykarýar. Ýehudylar adar aýynyň 13-ne öldürilmelidi. Ýehowa hemme zady görýärdi.

      Ester şol kanun hakda bilmeýärdi. Mordekaý kanuny göçürip, Estere iberýär. Ol Estere: «Patyşa bilen gürleşäý» diýýär. Ester şeýle diýýär: «Patyşanyň özi çagyrmasa, ýanyna baran adam öldürilýär. Patyşa meni 30 gün bäri ýanyna çagyranok. Ýöne şonda-da gidip gürleşerin. Eger hasasyny uzatsa, meni öldürmezler. Uzatmasa öldürerler».

      Soňra Ester köşge barýar. Patyşa Esteri görüp begenýär. Oňa altyn hasasyny uzadýar. Ester patyşanyň ýanyna barýar. Patyşa: «Näme haýyşyň bar?» diýýär. Ester: «Men siziň bilen Hamany oturylyşyga çagyrasym gelýär» diýýär. Patyşa Haman bilen oturylyşyga barýar. Ester olary ikinji gezegem oturylyşyga çagyrýar. Patyşa: «Ester, näme gerek bolsa aýt, saňa bererin» diýýär. Ester: «Patyşahym, bizi halas ediň! Meni we halkymy öldürjek bolýarlar» diýýär. Patyşa: «Kim öldürjek bolýar?» diýýär. Ester: «Ine, şol adam!» diýip, Hamany görkezýär. Haşaýaryň ýaman gahary gelýär. Ol şol bada Hamany öldürmegi buýurýar.

      Hamanyň çykaran kanunyny hiç kim ýatyryp bilmeýärdi. Hatda patyşa-da kanuny ýatyryp bilmeýärdi. Şonuň üçin ol Mordekaýy han-beglere baştutan belleýär. Oňa täze kanun çykarmaga rugsat berýär. Şeýdip, Mordekaý kanun çykarýar. Kanuna görä, ýehudylar duşmanyna garşy söweşip bilýärdi. Adar aýynyň 13-ne ýehudylar duşmanlaryny ýeňdiler. Olar begenip baýram etdiler. Şondan soň her ýyl şol gün baýramçylyk bellediler.

      «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin, sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar. Şonda olara we başga halklara wagyz etmäge mümkinçilik bolar» (Matta 10:18).

      Soraglar: Ýehudylara nädip ýamanlyk etjek boldular? Ester Ýehowa nädip bil baglady?

      Ester 2:5—20; 3:1—5:8; 7:1—8:14; 9:1—28

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş