Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr26 Ýanwar sah. 1—12
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2026)
  • Sözbaşylar
  • 5—11 ÝANWAR
  • 12—18 ÝANWAR
  • 19—25 ÝANWAR
  • 26 ÝANWAR—1 FEWRAL
  • 2—8 FEWRAL
  • 9—15 FEWRAL
  • 16—22 FEWRAL
  • it «Hizkiýa»
  • 23 FEWRAL—1 MART
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2026)
mwbr26 Ýanwar sah. 1—12

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

5—11 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 17—20

«Bizi talanlaryň görjegi şudur»

w18.06 sah. 7, abz. 16

«Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl»

16 Şeýle özgerişleri etmek örän wajyp! Mukaddes Ýazgylarda adamzat tolkun atýan, güwwüldeýän hem-de asla köşeşmeýän deňze meňzedilýär (Iş. 17:12; 57:20, 21; Ylh. 13:1). Syýasy meseleler adamlary biri-birine garşy öjükdirýär, agzalalyk döredýär we zorluk etmäge iterýär. Ýöne biz şonda-da parahatlygy hem-de agzybirligi saklaýarys. Ýehowa ýer ýüzüne syn edende, bölünişigiň bardygyny görse-de, biziň agzybirligi saklaýandygymyza örän begenýär (Sefanýa 3:17-ni okaň).

w16.04 sah. 28, abz. 4

Agzala dünýäde bitaraplygy saklaň

4 Belki-de, ýaşaýan ýerimizde syýasat hakyky seždä täsir edýän däldir. Şeýle-de Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy golaýlap gelýändigi üçin bitaraplygy saklamak has-da kyn bolmagy mümkin. Emma bu dünýä «eglişik etmeýän» we «kesir» adamlardan doly bolandygy üçin agzalalyk hem bölünişik gitdigiçe köpelýär (2 Tim. 3:3, 4). Meselem, käbir ýurtlarda syýasy ýagdaýlaryň birden üýtgändigi sebäpli, şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar bitaraplygyny saklamak üçin göreşmeli boldular. Siz bitaraplygy saklamaga häzirden taýyn bolmagyň näme üçin wajypdygyna göz ýetirdiňizmi? Eger biz kynçylyklar ýüze çykýança garaşsak, bitaraplygy saklap bilmeris. Şu agzala dünýäde bize bitaraplygy saklamaga näme kömek eder? Geliň, bu babatda berilýän dört maslahata seredeliň.

ip-1 bap 15, abz. 20

Ýehowa duşmanlary höküm edýär

20 Netijede näme boldy? Işaýa pygamber şeýle diýýär: «Gijelerine gorky basar, daň atanda, duşman ýok bolar. Bizi talanlaryň görjegi şudur, ogrularyň aljak paýy şudur» (Işaýa 17:14). Köp halkalar Hudaýyň halkynyň mal-mülküni taladylar, olary ezip, üstünden gülýärdiler. Şu günlerem Hudaýyň halkynyň dünýäniň hiç bir dini bilen baglanyşygy ýok, hiç haçan hem bolmaz. Duşmanlar muny bilýär we Hudaýyň halkyny ezmek üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Ýöne Hudaýyň halky umydyny ýitirmeýär, ejizmeleýär, sebäbi «daň atanda», bar belalaryň soňunyň geljekdigini bilýär (2 Selanikliler 1:6—9; 1 Petrus 5:6—11).

Dürdäne pikirler

w06 1/12 sah. 11, abz. 1

Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm

20:2—5. Işaýa pygamber, dogrudan-da, üç ýyllap çuw ýalaňaç ýördümi? Mümkin, ol donuny çykaryp diňe köýnekde gezen bolmaly (1 Şamuwel 19:24, 2 Şamuwel 6:14, 20-ni deňeşdir).

12—18 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 21—23

Köşk emeldary Şebnadan sapak ediniň

w18.03 sah. 25, abz. 7—9

Hudaý söýýänini terbiýeleýändir

7 Terbiýäniň gymmatyna düşünmek üçin, geliň, Ýehowanyň düzedişini kabul eden iki adam, ýagny Hizkiýa patyşanyň günlerinde ýaşan Şebna we biziň günlerimizde ýaşaýan Graham dogan bilen bolan waka seredeliň. Şebna Hizkiýa patyşanyň köşk häkimi bolupdy we ýokary wezipäni eýeleýärdi (Iş. 22:15). Gynansak-da, ol özüni şöhratlandyrmak üçin tekepbirlige ýüz urýar. Ol hatda özüne gymmatbaha gabyr gazdyrýar we «ajaýyp söweş arabalaryny» edinýär (Iş. 22:16—18).

8 Şebna özüne şöhrat agtarýandygy üçin, Hudaý ony «wezipesinden boşadyp», ýerine Elýakymy goýýar (Iş. 22:19—21). Bu waka Aşur patyşasy Sanheribiň Iýerusalime howp salýan döwründe bolupdy. Biraz wagtdan Sanherip patyşa ýehudylary gorkuzmak we Hizkiýa patyşany boýun egdirmek maksady bilen baş wekilleriniň ýolbaşçylygynda uly goşunyny Iýerusalime ugradýar (2 Pat. 18:17—25). Şonda olar bilen gepleşmäge Elýakym iberilýär, ýöne ol ýeke däldi. Onuň ýanynda iki adam bardy. Olaryň biri şol wagt kätip bolup gulluk edýän Şebnady. Eýsem, bu Şebnanyň hormatly borçlaryny ýitirendigine gaharlanman we nägilelik bildirmän, gaýtam, düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul edendigini görkezmeýärmi?! Biz bu wakadan azyndan üç zady öwrenip bileris. Geliň, olara seredeliň.

9 Birinjiden, Şebna hormatly borjuny ýitirýär. Onuň bilen bolan waka «heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir, ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir» diýen duýduryşa çynlakaý garamalydygyny görkezýär (Sül. tym. 16:18). Eger siz ýygnakda jogapkärli, hatda guramada abraýly borçlary ýerine ýetirýän bolsaňyz, pesgöwünli bolmaga jan edersiňizmi? Berýän sowgatlary ýa-da eden işleriňiz üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirersiňizmi? (1 Kor. 4:7). Pawlus resul: «Men size özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmezligiňizi we... sagdyn düşünjeli bolmagyňyzy ündeýärin» diýip ýazdy (Rim. 12:3).

w18.03 sah. 25, abz. 10

Hudaý söýýänini terbiýeleýändir

10 Ikinjiden, Şebna berk käýinç berilse-de, Ýehowa ony ýaramaz adam hasaplamaýardy (Sül. tym. 3:11, 12). Şu günler ýygnakda hormatly borçlaryny ýitiren mesihçiler üçin nähili gowy sapak! Olar gaharlanman we nägile bolman, gaýtam, berlen terbiýe arkaly Ýehowanyň söýgüsini görüp, täze ýagdaýda Oňa gulluk etmek üçin elinde baryny edip bilerler. Eger pesgöwünli bolsak, gökdäki Atamyz hiç haçan bizden ýüz öwürmez (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Hudaý şeýle terbiýe arkaly bize gerekli düzedişleri berýär. Şol sebäpli, geliň, oňa gulak asyp, tabyn bolalyň.

w18.03 sah. 26, abz. 11

Hudaý söýýänini terbiýeleýändir

11 Üçünjiden, ene-atalar we ýygnagyň gözegçileri ýaly temmi bermäge ygtyýary bolan adamlar Ýehowanyň Şebna bolan garaýşyndan wajyp zatlary öwrenip biler. Nädip? Ýehowanyň terbiýesi onuň günäli işleri ýigrenýändigini, şol sanda günä eden adam hakda ýürekden alada edýändigini görkezýär. Eger siziň ene-ata ýa-da ýygnak ýaşulusy hökmünde düzediş bermek jogapkärçiligiňiz bar bolsa, Ýehowanyň göreldesine eýerip, erbetligi ýigrenersiňizmi we çagaňyzyň, ýa-da imandaşyňyzyň gowy häsiýetlerine üns berersiňizmi? (Ýahd. 22, 23).

Dürdäne pikirler

w06 1/12 sah. 11, abz. 2

Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm

21:1. «Deňiz kenaryndaky çöl» diýip nirä aýdylýar? Babyl şäheriniň golaýynda hiç hili deňiz kenary bolmasa-da, bu aýatda Babyl göz öňünde tutulýar. Sebäbi onuň golaýyndaky Ýefrat we Tigr derýalary her ýyl joşanda ülkäni suw basyp, batgalyk «deňzine» öwrülýärdi.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w15 15/9 sah. 7, abz. 14—18

Isa ýaly ruhy taýdan berk boluň!

14 Isa Mesih adamlar bilen gowy gatnaşyk saklaýardy. Şol sebäpli erkek adamlar, aýallar, garrylar, ýaşlar, hatda çagalaram Isanyň ýanynda özlerini arkaýyn duýýardylar. Emma Isa dostlaryny örän ünsli saýlaýardy. Ol wepaly şägirtlerine: «Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz» diýdi (Ýahýa 15:14). Isa Ýehowa wepaly gulluk edýän we öz yzyna eýerýän adamlar bilen dostlaşýardy. Sizem Ýehowa ak ýürekden gulluk edýänler bilen dostlaşýarsyňyzmy? Bu näme üçin wajyp?

15 Gök-önümleriň gowy bişmegi üçin Günüň şöhlesiniň gerek bolşy ýaly, dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsi hem ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ýaşlar, siz durmuşa gadam basyp, ýörejek ýoluňyzy saýlamaly bolýarsyňyz. Siz tejribeli we ýygnagyň agzybirligine goşant goşýan dogan-uýalar bilen dostlaşsaňyz gowy bolar. Sebäbi olar Hudaýa wepaly galmak üçin ençeme kynçylyklara döz gelip, durmuşyň ajysyny hem süýjüsini dadandyrlar. Şonuň üçin olar durmuşda iň gowy ýoly saýlamaga ýardam berip bilerler. Şeýle dogan-uýalar bilen dostlaşsaň, olar paýhasly karara gelmäge we ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilerler (Ýewreýler 5:14-i okaň).

16 Geliň, indi Helga uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol synpdaşlarynyň soňky okuw ýylynda ýokary bilim alyp, gazançly iş tapmagy maksat edinendiklerini ýatlaýar. Helga uýa mesihçi dostlarynyň beren kömegi barada şeýle gürrüň berýär: «Dostlarymyň köpüsi menden has uludylar we maňa gowy maslahat berdiler. Olar meni doly wagtly gulluk etmäge höweslendirdiler we men bäş ýyllap pioner bolup gulluk etdim. Häzir men ýaşlyk ýyllarymy Ýehowa bagyş edendigime örän begenýärin. Men gelen kararyma hiç hili ökünmeýärin».

17 Biz Isanyň göreldesine eýermäge jan etsek, ruhy taýdan berk bolarys we Ýehowa ýakynlaşyp, Oňa has köp gulluk edip bileris. Eger mesihçi ruhy taýdan össe, ol Ýehowa iň gowy zadyny berip biler. Isa resullaryna: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:16).

18 Ruhy taýdan berk mesihçiniň ynsaby dogry işleri etmäge we ýygnagyň agzybirligine goşant goşmaga höweslendirýär. Biziň ynsabymyz paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär? Biz imandaşlarymyzyň gelýän kararlaryna nähili garaýarys? Bu soraglaryň jogabyna indiki makalada bileris.

19—25 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 24—27

«Ine biziň Hudaýymyz!»

cl bap 1, abz. 21

«Ine biziň Hudaýymyz!»

21 Kakasyna elini uzadyp buýsanç bilen: «Bu meniň kakam!» diýen çagany gördüňizmi? Hudaýy tanaýan bendeleri hem Ýehowa Hudaýyna buýsanýar. Işaýa pygamber wepaly adamlaryň begenip: «Ine biziň Hudaýymyz!» diýjekdigini aýtdy (Işaýa 25:8, 9). Siz Ýehowa Hudaýy ýakyndan tanadygyňyzça, onuň gyzyldan gymmatly häsiýetlerini görersiňiz. Şeýdip, ýüregiňiz söýgüden püre-pür bolar.

w24.12 sah. 6, abz. 14

Isa pygamberiň gudratyndan näme öwrenýäris?

14 Isa «her günki çöregimiz» hakda dileg edenimizde, Hudaýyň isleginiň «gökde bolşy ýaly, ýerde-de... amala aşmagyny» dilemelidigini öwretdi (Mat. 6:9—11). Jennetde ýer ýüzünde iýmit bol bolar. Işaýa 25:6—8-nji aýatlarda Hudaýyň Patyşalygy gelende adamlaryň her dürli näzi-nygmatlary iýip lezzet aljakdygy aýdylýar. Zebur 72:16-da bolsa: «Ýer ýüzünde galla köp bolar, daglaryň depesine çenli ýeter» diýilýär. Jennetde her dürli naharlary bişirişiňiz göz öňüňize gelýärmi? Belki-de, siz öň bişirip görmedik tagamlaryňyzy taýýarlasyňyz gelýändir ýa-da mellegiňize islän zadyňyzy ekip, hasyl alasyňyz gelýändir (Işa. 65:21, 22). Şonda her bir adam eşretli durmuşyň hözirini görer.

w25.01 sah. 28, 29, abz. 11, 12

Töleg gurbany — dertlerimiziň dermany

11 Ýer ýüzündäki Jennetde hiç bir adam kesellärin ýa-da ölerin diýip alada etmez (Işa. 25:8; 33:24). Ýehowa sizi isleg-arzuwlaryňyza ýetirer. Siz Jennetde näme bilen meşgullanmak isleýärsiňiz? Belki-de, siz fizikany, himiýany, saz çalmagy, surat çekmegi öwrenesiňiz gelýändir. Jennetde binagärler, gurluşykçylar we fermerler gerek bolar. Şeýle-de daýhanlar, bagbanlar, aşpezler, zähmet gurallaryny ýasaýan ussalar Jenneti bezär (Işa. 35:1; 65:21). Jennetde biz täzeden-täze zatlary öwreneris.

12 Hiç kim, hiç ýere gyssanmaz, sebäbi adamlar 70-80 ýyl däl-de, ebedi ýaşar (Res. 24:15). Jennetde biz direlen adamlary gujak açyp garşy alarys. Ýehowanyň ýaradan gözel tebigaty we sansyz-sajaksyz janly-jandarlary barada köp zatlary öwreneris (Zeb. 104:24; Işa. 11:9). Esasy zat bolsa, günä Ýehowa sežde etmäge hiç hili päsgel bermez. Siz şol bereketleri «günäniň wagtlaýyn lezzetine» çalşarsyňyzmy? (Ýew. 11:25). Jennetde boljak durmuş dünýäniň häzirki eşretinden müň esse gowy bolar. Jennetdäki durmuş ýöne bir arzuw-hyýal däl. Biz tizden şol durmuşa ýeteris. Eger Ýehowa bizi söýüp, Ogluny gurban bermedik bolsa, onda şol bereketleriň hiç birini alyp bilmezdik.

Dürdäne pikirler

w15 15/12 sah. 17, abz. 1—3

«Täze dünýä terjimesiniň» 2014-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşi

Baplaryň köpüsi näme üçin şygyr bilen ýazyldy? Aslynda, Mukaddes Ýazgylaryň köp bölegi goşgy görnüşinde ýazylypdyr. Häzirki şygyrlar köplenç soňky setirleriniň kapyýalaşmagy bilen tapawutlanýar. Ýewreý dilinde bolsa, deňeşdirme getirmek hem-de gapma-garşylygy görkezmek goşgularyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ýewreý şygyrlary sözleriň kapyýalaşmagy bilen däl-de, pikiriň yzygiderli beýan edilmegi netijesinde sazlaşykly bolýar.

«Täze dünýä terjimesiniň» öňki neşirlerinde Eýýup we Zebur kitaplarynyň, aslynda, aýdym edip ýa-da ýatdan aýtmak üçin niýetlenendigini görkezer ýaly, bu aýatlar goşgy görnüşinde ýazyldy. Goşgy setirlerinde käbir zatlary nygtamak üçin şahyrana sözler ulanylýar we olary ýatda saklamak aňsat bolýar. 2013-nji ýylda çykan neşirde Süleýmanyň tymsallary, Nagmalar nagmasy we pygamberlik kitaplarynyň köp baplary hem goşgy görnüşinde terjime edildi. Sebäbi asyl nusgada bu aýatlar deňeşdirme getirilip, gapma-garşylyk görkezilip, şygyr bilen ýazylypdyr. Muňa Işaýa 24:2-nji aýat mysal bolup biler. Bu aýadyň her setiri biri-birine sepleşýär we hiç bir adamyň Hudaýyň gazabyndan gaçyp-gutulyp bilmejekdigini nygtamak üçin yzygiderli beýan edilýär. Okyjy şeýle aýatlary şygyr görnüşinde okanda, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamyň şol bir diýenini ýöne gaýtalap durman, eýsem, Hudaýyň habaryny nygtamak üçin goşgy setirlerini ulanandygyna göz ýetirýär.

Mukaddes Ýazgylaryň terjimeleri goşgy görnüşinde terjime edilen aýatlar babatda biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin, aslynda, ýewreý dilinde haýsy sözleriň kyssa ýa-da şygyr görnüşinde ýazylandygyny käte anyklap bolmaýar. Haýsy aýatlaryň goşgy ýaly çap ediljekdigini terjimeçileriň özleri çözýär. Käbirleri manysyny dogry bermek üçin, şahyrana sözler bilen çeper beýan edip, şorta sözleri hem-de deňeşdirmeleri ulanyp, kyssa görnüşinde terjime edýärler.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

ijwbq 160

«Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?»

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapda Isa pygambere «Hudaýyň Ogly» diýilýär (Ýahýa 1:49). «Hudaýyň Ogly» diýen jümle Allatagalanyň ähli zadyň, şol sanda Isanyňam Ýaradyjysydygyny we ýaşaýşyň Gözbaşydygyny görkezýär (Zebur 36:9; Ylham 4:11). Mukaddes Kitapda adamlaryňky ýaly göni manyda Hudaýyňam çagasynyň bolandygy aýdylmaýar.

Mukaddes Kitapda perişdelere-de «Hudaýyň ogullary» diýilýär (Eýýup 1:6, çykgyt). Şeýle-de ilkinji ynsan Adam ata hem «Hudaýyň ogly» diýilýär (Luka 3:38). Emma Mukaddes Kitapda Isa Hudaýyň ilkinji ogly diýilýär, sebäbi Hudaý ony öz elleri bilen we ähli zatdan öňürti ýaratdy.

Isa ýere gelmezinden öň gökde ýaşadymy?

Hudaýyň ilkinji Ogly Isa ýer ýüzünde ynsan bolup dogulmanka, gökde perişdedi. Onuň özi hem: «Men gökden... geldim» diýdi (Ýahýa 6:38; 8:23).

Hudaý Isany ähli zatdan öňürti ýaratdy. Isa barada Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

● «Ol... ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir» (Koloslylar 1:15).

● Ol «Hudaýyň ilkinji ýaradany» (Ylham 3:14).

«Onuň asly gadymy döwürdendir, geçmişdendir» diýen pygamberlik Isada ýerine ýetdi (Mikaý 5:2; Matta 2:4—6).

Isa gökde näme edýärdi?

Onuň gökde beýik orny bardy. Isa doga edende öz orny hakda şeýle diýdi: «Atam, dünýä ýaradylmanka... alan şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber» (Ýahýa 17:5).

Ol Atasyna ähli zady ýaratmaga kömek etdi. Isa «ökde ussa kimin» Hudaý bilen zähmet çekdi (Nakyllar 8:30). Mukaddes Kitapda Isa barada şeýle diýilýär: «Gökdäki we ýerdäki ähli zatlar... ol arkaly ýaradyldy» (Koloslylar 1:16).

Hudaý her bir zady, perişdeleri, älem-jahany Isa bilen bile ýaratdy (Ylham 5:11). Jaýyň çyzgysyny çyzýan bilen ony gurýan adamyň bilelikde işleşişi ýaly, Hudaý bilen Isa-da eginme-egin işleşdi.

Oňa Söz diýilýär. Isa ýere gelmänkä-de Söz diýilýärdi (Ýahýa 1:1). Diýmek, Hudaý ony öňem perişdelere habaryny ýetirmek we görkezme bermek üçin ulanypdyr.

Şeýle-de Isa adamlara Hudaýyň habaryny ýetirendir. Hudaý hatda Erem bagynda Adam ata we How ene bilenem Isa arkaly gepleşen bolmaly (1 Musa 2:16, 17). Çölde ysraýyllara ýol görkezen we görkezme beren perişde-de Isa bolmaly. Ysraýyllaram oňa gulak asandyr (2 Musa 23:20—23)a.

26 ÝANWAR—1 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 28, 29

Ýehowany ýürekden şöhratlandyryň

ip-1 bap 22, abz. 23

Ýehowa «täsin işleri» eder

23 Ýehudy dini ýolbaşçylary Allatagala hakynda öwredýäris diýip öwünýärdiler, ýöne olaryň ýüregi Alladan daşlaşypdy. Olar ýagşy-ýaman hakynda Hudaýyň öwüt-nesihatlaryny däl-de, öz pikirini we garaýşyny öňe sürýärdiler. Dini ýolbaşçylar haram işlerini aklaýardylar we halky azdyryp, Hudaýyň gazabyna sezewar edýärdiler. Ýehowa «täsin işleri» ederin diýmek bilen ikiýüzli dini ýolbaşçylary ýok etjekdigini söz berdi. Pygamberlikde şeýle diýilýär: Ýehowa şeýle diýýär: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar, diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr. Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler-de, ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler. Şonuň üçin halkyň öňünde ýene-de täsin işleri ederin, gaýta-gaýta geň-enaýy işleri ederin. Danalaryň akyldarlygy, paýhasly adamyň düşünjesi puç bolar» (Işaýa 29:13, 14). Ýehowa Wawilon dünýä imperiýasy arkaly hak ýoldan sowlan halkyny gyrar. Şonda Ýahuda halkynyň akyldarlygy, düşünjesi zym-zyýat bolar. I asyrda-da dini ýolbaşçylar Hudaýyň halkyny azdyrdylar. Şu günlerem Hudaý hakda öwretmeli adamlar ters zatlary öwredýärler (Matta 15:8, 9; Rimliler 11:8).

w21.05 sah. 9, abz. 7

Dogruçyl adam büdremez

7 Isa pygamber fariseýleriň ikiýüzlüligini batyrgaýlyk bilen paş edýärdi. Meselem, Isa el ýuwmak däbini ene-ataň aladasyny etmekden hem wajyp hasaplaýan fariseýleri ýazgarýar (Mat. 15:1—11). Şägirtler Isanyň mertlik bilen aýdan sözlerine geň galan bolmaly. Olar: «Bilýäňmi, fariseýler aýdan sözleriňe gaty gördüler» diýdiler. Isa: «Gökdäki Atamyň ekmedik agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar» diýdi (Mat. 15:12—14). Isa pygamber fariseýlerden gorkman hemişe hakykaty aýdýardy.

w24.06 sah. 10, abz. 8

Hak Allanyň çadyrynda ebedilik myhman boluň

8 «Ýüreginde hakykaty aýdýan adam» Hudaýa göz üçin gulluk etmeýär (Işa. 29:13). Ol mekirlige ýüz urmaýar. Mekir adam Ýehowanyň kada-kanunlarynyň dogry, peýdalydygy bilen ylalaşmaýar we özüni aklaýar (Ýak. 1:5—8). Ol durmuşyň käbir ýagdaýlarynda Hudaýa gulak asmasaň hem bolar diýip pikir edýär. Mekir adam edýän erbet işiniň netijesini birbada görmese, ýüregi gataýar, Hudaýyň beýleki kada-kanunlaryny hem bozup başlaýar we ikiýüzli ýaşaýar (Nes. 8:11). Emma biz Hudaýyň çadyrynda ebedi galmak islesek, dogruçyl ýaşamaly, hiç haçan ýalan sözlemeli däl.

Dürdäne pikirler

it «Arygel»

Arygel

(Ary-gel) (Hudaýyň gurbanlyk ojagy ýa-da Allanyň ýolbarsy).

3. Işaýa 29:1, 2, 7-nji aýatlarda duş gelýän at Iýerusalim şäherini aňladýar. Ol ýerde Allataganyň ybadathanasy we gurbanlyk ojagy ýerleşýärdi. Iýerusalim arassa seždäniň merkezidi. Işaýa 29:1—4-nji aýatlarda höküm habary aýdylýar. B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar Iýerusalimi derbi-dagyn etdiler. Şonda şäher «gurbanlyk ojagyna» döndi, ýagny gara gana boýalypdy, ony ot ýalmap ýuwdupdy. Işaýa 29:9—16-njy aýatlarda şeýle pajygaly ýagdaýyň näme üçin bolandygy düşündirilýär. Duşmanlar Iýerusalim şäherini köki-damary bilen ýok etmek isledi. Ýöne olar maksadyna ýetip bilmedi (Işaýa 29:7, 8).

2—8 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 30—32

Ýehowanyň penasynda boluň

w01 15/11 sah. 16, abz. 7

Ýehowa — penamyz

7 Ýehowa biziň gaçybatalgamyz. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Ol perleri bilen üstüňi örter, ganatlary saňa pena bolar. Onuň wepasy galkan we diwar bolar» (Zebur 91:4). Allatagala ganatlaryny gerip jüýjelerine pena bolýan bürgüt kimin bizi goraýar (Işaýa 31:5). Ol perleri bilen üstümizi örtýär. Guşuň «perleri» diýlende, onuň ganaty göz öňüne tutulýar. Guş jüýjelerini ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin ganatynyň astynda gizleýär. Bizem jüýjeler ýaly, howpsuz ýerde, ýagny Ýehowanyň ganatlarynyň astynda pena tapýarys. Munuň üçin biz Ýehowanyň guramasynyň, halkynyň arasynda bolmaly (Rut 2:12; Zebur 5:1, 11).

w24.01 sah. 24, abz. 13

Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer

13 Ätmeli ädimler. Ýeke galjak bolup, dostlaryňyzdan gaçmaň. Eger siz köpçülige goşulman ýeke galsaňyz, diňe özüňiz we kynçylygyňyz hakda pikir edip başlarsyňyz. Şeýlelikde, paýhasly karara gelip bilmersiňiz (Nak. 18:1). Elbetde, biziň her birimiz käte ýeke galmak isleýäris. Esasan-da, agyr günler başymyza düşende, köpçülige çykasymyz gelmeýär. Emma hemişe dostlaryňyzdan gaçyp gezseňiz, onda Ýehowanyň goldawyndan ýüz öwren ýaly bolarsyňyz. Şonuň üçin nähili kyn hem bolsa, dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we ýaşuly doganlar bilen görşüp duruň. Unutmaň, Ýehowa sizi şolar arkaly goldaýar (Nak. 17:17; Işa. 32:1, 2).

w23.10 sah. 17, abz. 19

Ýehowa güýç-kuwwat berer

19 Gelejege bolan umydymyz nädip güýjümize güýç goşýar? Eger siz ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, onda Mukaddes Kitapdan Jennet hakdaky aýatlary okap oýlanyň (Işa. 25:8; 32:16—18). Gelejekde durmuşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Siz aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy Jennetde bagryňyza basarsyňyz. Gadym döwürde ýaşan Hudaýa wepaly pygamberler bilen görşersiňiz. Arassa tebigatdan lezzet alarsyňyz. Guşlaryň şirin owazy göwnüňizi galkyndyrar. Siz edebiýatlarda Jennet hakynda çekilen suratlary görüň. Şeýle-de «Täze dünýä ýetip gelýär», «Täze dünýä ýakyn» we «Hökman görersiň» diýen şekilli aýdymlary diňläň. Şonda siziň gelejege bolan umydyňyz has-da berkär we häzirki «kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyn hem ýeňildigine» düşünersiňiz (2 Kor. 4:17). Hawa, Ýehowa Atamyz gelejege bolan umyt arkaly güýjümize güýç goşýar.

Dürdäne pikirler

w24.2 sah. 26, abz. 3, 4

Ýehowa sabyrly garaşyp, şatlanyň

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşar, size rehim etmek üçin ýerinden turar. Ýehowa adalatly Alladyr, Hudaýa umyt edýänleriň ählisi bagtlydyr» (Işa. 30:18). Işaýa pygamber şu sözleri boýnuýogyn ysraýyl halkyna aýdýar (Işa. 30:1). Emma halkyň arasynda Hudaýa wepaly adamlar hem bardy. Aýatdaky sözler olara umyt berendir. Işaýa pygamberiň sözleri bize-de Ýehowa umyt edip garaşmaga kömek edýär.

Ýehowa sabyrly garaşýan bolsa, bizem sabyrly bolmaly. Ýehowa zalym dünýäni ýok etjek gününi we sagadyny belledi. Ol şol wagta sabyrly garaşýar (Mat. 24:36). Şol gün gelende Şeýtanyň Ýehowa we onuň halkyna atan töhmetiniň ýalandygy mälim bolar. Şonda Ýehowa Şeýtany we onuň tarapdarlaryny ýok eder, bize bolsa «rehim eder».

9—15 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 33—35

Hudaý «sizi asuda zamanda ýaşadar»

w24.01 sah. 22, abz. 7, 8

Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer

7 Kynçylyk. Agyr günler başymyza inende, özümize erk etmek we dury pikirlenmek kyn bolýar. Biz käte öz bolşumyza özümiz düşünmeýäris. Biz apy-tupanda eýläk-beýläk çaýkanýan gämä meňzeýäris. Luýis dogan aradan çykýar. Şonda aýaly gam-gussa batýar, erbet pikirler, duýgular äpet tolkun ýaly üstüne abanýar. Anna şeýle gürrüň berýär: «Men göwnüçökgünlige düşdüm, dünýäm boşap galdy. Käte meni ýalňyz goýany üçin ärime-de gaharlanýardym». Uýa özüni ýeke, alaçsyz duýýardy, sebäbi hojalygyň bütin işlerini gerdeninde çekmeli bolýardy. Şonda ol näme edip, näme goýjagyny bilmeýärdi. Ýehowa bize erbet pikirlere we duýgulara garşy göreşmäge nädip kömek eder?

8 Ýehowanyň kömegi. Hak Alla bize berk durmaga kömek etjekdigini wada berýär (Işaýa 33:6; 1 Petrus 5:10-ny okaň). Deňizde apy-tupan turanda gämi eýläk-beýläk çaýkanýar. Gäminiň her tarapynda ýörite ýüzgüji bolýar. Äpet tolkunlar gämä gelip uranda, gämi kän çaýkanmaz ýaly, ýüzgüçleri ony deňagramly ýagdaýda saklaýar. Şonda adamlar özlerini rahat we howpsuz duýýar. Emma gämi bir ýerde durman ýüzmegini dowam etse, ýüzgüçleri ony has-da deňagramly saklaýar. Edil şonuň ýaly, kynçylyklarda gol gowşuryp oturman, Ýehowa wepaly gulluk etsek, Ol bize deňagramly bolmaga kömek eder.

w21.02 sah. 29, abz. 10, 11

Synaglara şatlyk bilen döz geliň!

10 Çözgüdi: Ýehowadan akyldarlyk soraň. Biz synaga düşenimizde Ýehowa doga-dileg etsek, ol bize akyldarlyk berer we dogry karara gelmäge kömek eder (Ýakup 1:5-i okaň). Ýöne Ýehowa dogamyza derrew jogap bermese näme etmeli? Ýehowa gaýta-gaýta dileg etmeli. Ol bizi gaýta-gaýta dileýändigimiz üçin ýazgarmaýar, gaharlanmaýar. Gaýtam Ýehowa jomartlyk bilen akyldarlyk berýär we synaglara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 25:12, 13). Allatagala biziň çykalgasyz ýagdaýa düşendigimizi görýär we göwünlik berip, goldamak isleýär. Biz Ýehowanyň akyldarlyk berýändigine örän begenýäris. Ýöne ol nädip akyldarlyk berýär?

11 Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly akyldarlyk berýär (Nak. 2:6). Eger Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okasak, paýhasly karara gelip bileris. Ýöne Mukaddes Kitaby diňe bir okamak ýeterlikli däl. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Ýakup: «Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň» diýdi (Ýak. 1:22). Biz Hudaýyň maslahatyna eýersek, parahat ýaşasak, paýhasly we rehimdar bolarys (Ýak. 3:17). Şu häsiýetler synaglara şatlyk bilen döz gelmäge kömek edýär

ip-1 bap 26, abz. 21, 22

Hiç bir adam: «Men syrkaw» diýmez

21 Işaýanyň aýdan pygamberligi şu günler ýerine ýetýär: Hudaýyň halky ruhy taýdan sagalýar. Olar baky ruh, üç ýüzli taňry we dowzah ody ýalan taglymatlardan azat bolýarlar. Mesihçiler Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary hakda öwrenip, haram işlerden el çekýärler we halal ýaşaýarlar. Olar Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýy razy edýärler we arassa ynsap bilen ýaşaýarlar (Koloslylar 1:13, 14; 1 Petrus 2:24; 1 Ýahýa 4:10). Mesihçiler hem ruhy taýdan, hem beden taýdan sagdyn ýaşaýarlar. Olar ahlaksyz işlere baş goşmaýarlar, çilim, neşe çekmeýärler, rak we jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellere ýolukmaýarlar (1 Korinfliler 6:18; 2 Korinfliler 7:1).

22 Armageddondan soňra Işaýa 33:24-däki pygamberlik doly ýerine ýeter. Isa Mesihiň hökümdarlygy astynda ähli adamlaryň jany tut ýaly sagdyn bolar (Ylham 21:3, 4). Şeýtanyň dünýäsi ýok edilen badyna, Isa pygamber gudratlary işleri eder: körleriň gözüni, kerleriň gulagyny açar, agsaklary sagaldar. Isa ýer ýüzünde ýaşanda şeýle gudratlary edipdi (Işaýa 35:5, 6). Uly betbagtçylykdan sag-aman geçen adamlar ýeňini çermäp ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwrer.

Dürdäne pikirler

w23.05 sah. 15, abz. 8

«Mukaddes ýoldan» ýöräliň

8 Käbir adamlaryň: «Ýehudylaryň „Mukaddes ýoldan“ ýörändigi hakdaky waka bize-de degişlimi?» diýmegi mümkin. Hawa, degişli! Sebäbi şu günler bizem göçme manyda «Mukaddes ýoldan» ýöreýäris. Saýlanan mesihçiler-de, «başga goýunlar-da» şol ýoldan sowulmazlygy ýüregine berk düwmeli. Sebäbi diňe «Mukaddes ýoldan» ýöreýän adamlar Ýehowa ýürekden sežde edip, gelejekde bol bereketleri alar (Ýah. 10:16). 1919-njy ýyldan bäri millionlarça erkekler, aýallar we çagalar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Beýik Wawilondan» çykyp, «Mukaddes ýoldan» ýöreýärler. Sizem olaryň arasynda! «Mukaddes ýoluň» çekileninden bäri 100 ýyldan gowrak wagt geçdi, emma şol ýoluň taýýarlygy ençeme asyr öň başlapdy.

16—22 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 36, 37

Duşmanlaryň «sözlerinden gorkmaň»

it «Hizkiýa»

Hizkiýa

Sanheribiň goşuny derbi-dagyn bolýar. Hizkiýa patyşanyň aýdyşy ýaly, Sanherip Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwýär. Şol wagt Sanherip iň berk şäher Lakyşy gabady. Ol baş şerapçysyny beýleki wekilleri bilen bile Iýerusalime ýollap, derrew boýun bolmagy talap edýär. Baş şerapçy (harby wezipäniň ady) ýewreý dilini gowy bilýärdi. Ol men-menlik edip, Hizkiýa patyşanyň we Ýehowanyň üstünden gülýär. Beýleki taňrylar ýaly, Ýehowanyň hem Iýerusalimi Assiriýa patyşanyň elinden halas edip bilmejekdigini aýdýar (2Pa 18:13—35; 2Tr 32:9—15; Işa 36:2—20).

ip-1 bap 29, abz. 10

Allatagala berk imanly patyşany sylaglaýar

10 Assiriýanyň baş şerapçysy Ýahuda goşunynyň ejizdigini aýtdy. Ol sesine bat berip, şeýle diýdi: «Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň?» (Işaýa 36:8). Eýsem, ýeňiş araba, nöker sanyna baglymy? Ýok! Ýahudylaryň ýeňşi harby güýçlerine bagly däldi. Sebäbi Nakyllar 21:31-de: «At söweş güni üçin seýislenýär, emma ýeňşi Ýehowa berýär» diýilýär. Baş şerapçy sözüni dowam edip, Ýehowa Hudaýyň Ýahuda däl, Assiriýanyň goşunyna ak pata berýändigini aýtdy. Ol Ýehowa ýol bermedik bolsa, Ýahudanyň serhedine aýak sekip bilmejekdigini aýdypdy (Işaýa 36:9, 10).

ip-1 bap 29, abz. 13, 14

Allatagala berk imanly patyşany sylaglaýar

13 Baş şerapçy ýahudylaryň gözüniň oduny aljak bolup, ýurduň patyşasy Hizkiýa-da dil ýetirýär. Ol: «Eger Hizkiýa patyşa — Ýehowa bizi halas eder — diýse, ynanmaň» diýýär. Şeýle-de ol on taýpaly Samariýanyň taňrylary Assiriýanyň elinden halky halas edip bilmändigi ýatladýar. Beýleki ýurtlaryň taňrylary hem Assiriýa güýji ýetmän, tabyn boldular diýdi. Baş şerapçy: «Hamatyň, Arpatyň taňrylary nirede? Separwaýymyň taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildilermi?» diýýär (Işaýa 36:18—20).

14 Ýalan taňrylara sežde edýän baş şerapçy Samariýa bilen Iýerusalimiň biri-birinden düýbünden tapawutlanýandygyndan bihabardy. Sebäbi samariýalylar butlara sežde edýärdi (2 Patyşalar 17:7, 17, 18). Hizkiýanyň golastyndaky Iýerusalimiň halky ýalan taňrylara sežde etmegini bes edipdi we Ýehowa dolanypdy. Emma patyşanyň wekilleri baş şerapça bu zatlary düşündirjek hem bolmadylar. «Olar sesini çykarmadylar, bir agyz jogap bermediler, sebäbi patyşa: «Hiç zat jogap beräýmäň» diýip tabşyrypdy» (Işaýa 36:21). Ýehoýakym, Şebna we Ýowa Hizkiýa patyşanyň ýanyna baryp, baş şerapçynyň aýdan zatlaryny ýekän-ýekän gürrüň berdiler (Işaýa 36:22).

Dürdäne pikirler

it «Agyzzyryk»

Agyzzyryk

Ýehowa Assiriýa patyşasy Sanheribe: «Burnuňa çeňňek ildirip, agzyňa agyzzyryk geýdirip, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn» diýýär (2Pa 19:28; Işa 37:29). Sanherip öz islegi bilen däl, Ýehowanyň buýrugy bilen Iýerusalimi gabamagyny bes edýär we Ninewiýa gaçyp gidýär. Şol ýerde ony öz bilinden önen ogullary öldürýär (2Pa 19:32—37; Işa 37:33—38). Agyzzyryk salnan at adama boýun bolýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da duşmanlara agyzzyryk salyp, olary tabyn edýär (Işa 30:28).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

ijwbq 110, abz. 1—4

«Suwa çümdürilmek näme?»

Mukaddes Kitabyň jogaby

Suwa çümdürilmek üçin adam suwa doly çümüp çykmalyb. Mukaddes Kitapda köp adamlaryň suwa çümdürilendigi barada ýazylan (Resullar 2:41). Meselem, Isa pygamberiň suwa çümdürilende Iordan derýasyna doly çümüp çykandygy aýdylýar (Matta 3:13, 16). Birnäçe ýyldan soň efiopiýaly bir adam «suwly ýerde» suwa çümdürilýär (Resullar 8:36—40).

Isa pygamberiň şägirdi bolmak isleýän adam suwa çümdürilmeli (Matta 28:19, 20). Petrus resul hem munuň wajypdygyny aýtdy (1 Petrus 3:21).

Suwa çümdürilmek näme aňladýar?

Suwa çümdürilmek bilen adam eden günälerine toba edendigini we diňe Hudaýyň islegini ýerine ýetirjekdigini söz berendigini görkezýär. Suwa çümdürilen adam hemişe Hudaýa we Isa Mesihe gulak asyp ýaşamaly. Şeýdip, ol ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp başlaýar.

Adam suwa çümdürilmek bilen durmuşyny üýtgedendigini görkezýär. Bu örän ýerlikli, sebäbi Mukaddes Kitapda suwa çümdürilmek jaýlanmak bilen deňeşdirilýär (Rimliler 6:4; Koloslylar 2:12). Suwa çümdürilýän adam göçme manyda öňki durmuşy üçin ölýär, suwdan çykanda bolsa, Hudaýa özüni bagyş eden adam hökmünde direlip, täze durmuşa başlaýar.

23 FEWRAL—1 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 38—40

«Ol çopan kimin sürüsini bakar»

w23.02 sah. 2, 3, abz. 3, 4

Mukaddes Kitap arkaly Hudaýy tanaň

3 Işaýa 40:8-i okaň. Mukaddes Kitabyň maslahatlary müňlerçe ýyl bäri wepaly adamlara kömek edip gelýär. Başda Hudaý öz Sözüni golýazmalara ýazdyrypdyr. Olar hem wagtyň geçmegi bilen zaýalanypdyr. Şonuň üçin Hudaý Mukaddes Kitaby adamlara göçürdipdir. Mukaddes Kitaby göçürenler bikämil bolsa-da, olar Hudaýyň Sözüni ünsli göçüripdirler. Töwrat kitaby hakda bir alym şeýle sözleri aýdýar: «Hiç bir gadymy kitap Mukaddes Kitap ýaly dogry göçürilmändi». Mukaddes Kitap gadymy kitap bolsa-da, bikämil adamlar göçürse-de, ony Hudaýyň ýazdyrandygyna ynamly bolup bileris.

4 Ýehowa Hudaý bize «gowy we kämil sowgatlary» berýär (Ýak. 1:17). Mukaddes Kitap hem şol sowgatlaryň biri. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Dostumyz köplenç bize gerek zadymyzy sowgat berýär. Sebäbi ol bizi gowy tanaýar. Hudaý hem bizi gowy tanaýandygy üçin Mukaddes Kitaby berdi. Mukaddes Kitaby öwrensek, Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna göz ýetireris we Ol barada köp zatlary bileris. Şu makalada Mukaddes Kitap arkaly Ýehowanyň üç häsiýeti: akyldarlygy, adalatlylygy we söýgüsi hakda bileris.

cl bap 7, abz. 7

Halas edýän güýç. «Hudaý penamyz»

7 Ýehowa özüni çopana meňzedip, bizi halas etmek isleýändigini görkezýär (Hyzkyl 34:11—16). Şu kitabyň 2-nji babynda Işaýa 40:11-nji aýat şeýle düşündirilýär: «Ol öz sürüsini Çopan kimin bakar. Guzujyklaryny ýygnar we gujagynda göterer». Çopan guzujygy näme üçin gujagynda göterýär? Belki, guzy çopanyň ýanyna baryp, aýagyna süýkenendir. Çopan guzujygy almak üçin aşak egilýär, ony mähir bilen elinde göterip, bagryna basýar. Hawa, Beýik Çopanymyz Ýehowa hem bizi gujagyna göterip mährini siňdirýär, goramak isleýär.

w18.01 sah. 8, abz. 4—6

«Ol ejizleri kuwwatlandyrýar»

4 Işaýa 40:26-ny okaň. Älem-jahandaky ýyldyzlaryň sanyny hiç kim bilmeýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, Akmaýanyň ýoly galaktikasynda 400 milliard ýyldyz bar. Emma Ýehowa olaryň hersiniň adyny we tutýan ornuny bilýär. Mundan näme öwrense bolýar? Eger Ýehowa jansyz zatlar bilen şeýle gyzyklanýan bolsa, onda Özüne robot ýaly däl-de, söýgi bilen gulluk edýän adamlara nähili garaýarka?! (Zeb. 19:1, 3, 14). Mähriban Atamyz bedenimizdäki her bir öýjügimizi bilýär. Hatda «başymyzdaky saçymyzam sanalgydyr» (Mat. 10:30). Mezmurçy: «Reb kämilleriň günlerini bilýändir» diýip ýazdy (Zeb. 37:18). Hawa, Ýehowa biziň nähili kynçylyklara uçraýandygymyzy bilýär we olara hötde gelmäge güýç berýär.

5 Işaýa 40:28-i okaň. Ýehowanyň güýjüniň çägi ýok. Geliň, onuň ýaradan asman jisimleriniň biri Günüň güýji hakda oýlanyp göreliň. Deýwid Bodanis atly alym şeýle diýdi: «Günüň her sekuntda bölüp çykarýan güýji milliard atom bombasynyň güýjüne barabar». Başga bir alym bolsa Günüň «bir sekuntda berýän güýjüni adamzadyň 200 müň ýyllap ulanyp biljekdigini» aýdýar. Eýsem, şeýle güýçli Güni ýaradan Hudaý, heý-de, kynçylyklarymyzy ýeňmäge bize güýç berip bilmezmi?!

6 Işaýa 40:29-y okaň. Ýehowa gulluk etmek köp şatlyk berýär. Isa şägirtlerine: «Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň... Şonda janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:28—30). Nähili ýerlikli aýdylan sözler! Käte ýadawlyk sebäpli ýygnaga ýa-da wagza gitmek üçin özümize zor salmaly bolýarys. Ýöne öýe gelenimizden soň, özümizi nähili duýýarys? Isanyň aýdyşy ýaly, dynçlyk tapýarys we gündelik kynçylyklara döz gelmäge güýç toplaýarys. Dogrudan-da, Isanyň boýuntyrygy ýumşak!

Dürdäne pikirler

ip-1 bap 30, abz. 7

«Halkyma teselli beriň»

7 Bu pygamberlik b. e. öň VI asyrda arassa sežde dikeldilende ýerine ýetdi. Ikinji gezek bolsa I asyrda ýerine ýetdi. Işaýa 40:3-däki «çölden biriniň sesi gelýär» diýen pygamberlik suwa çümdürýän Ýahýa arkaly berjaý boldy (Luka 3:1—6). Ýahýa Hudaýyň ylhamy bilen Işaýa pygamberiň aýdan sözleri özünde berjaý bolýandygyny aýtdy (Ýahýa 1:19—23). B. e. 29-njy ýylynda Ýahýa Isa pygamber üçin ýol taýynlap başlady. Ol adamlara wada edilen Mesih hakda wagyz etdi, oňa gulak asyp, yzyna eýermegi ündedi (Luka 1:13—17, 76). Ýehowa bellän patyşasy Isa arkaly toba eden adamlary günäden we ölümden azat eder (Ýahýa 1:29; 8:32). Işaýa pygamberiň aýdan sözleri 1919-njy ýylda has uly möçberde ýerine ýetdi. Şol döwri ruhy ysraýyl Beýik Wawilondan azat boldy we arassa sežde dikeldildi.

[Çykgyt],[Çykgytlar]

a Hudaý geçmişde başga perişdeler arkaly hem gepleşipdir. Meselem, ysraýyllara Kanun berende Hudaý ilkinji Ogluna derek başga perişdeleri ulandy (Resullar 7:53; Galatýalylar 3:19; Ýewreýler 2:2, 3).

b «Suwa çümdürilmek» diýip terjime edilen grek sözi «suwa batyrylmagy, doly çümüp çykmagy» aňladýar («Vine’s Complete Expository Dictionary of Old and New Testament Words»).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş