«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
2—8 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 41, 42
«Gorkma»
ip-2 bap 2, abz. 10
Teselli berýän pygamberlik
10 Ýehowa dünýäde boljak wakalar hakda 200 ýyl öňünden pygamberlik etdi. Kir patyşa ägirt uly goşuny bilen öňe okdurylyp, duşmanlaryny ýeňýär. Serkerdäniň gelýändigini eşiden halklar örän gorkýar, hatda adalarda ýaşaýan adamlar sandyraşýar. Olar başyny gutarmak we Ýehowanyň gündogardan çagyran patyşasyna garşy çykmak üçin jebisleşýär. Adamlar: «Dogumly bol!» diýip, biri-birini ruhlandyrmak isleýärdi.
ijwbv 5, abz. 4—7
Işaýa 41:10. «Gorkma, men seniň bilendirin»
«Men seniň bilendirin». Ýehowa halkyna gorkmaly däldigini aýdýar, sebäbi olar ýeke däldi. Hudaý olaryň ýanynda duran ýalydy. Ýehowa halkynyň başyna düşen bela-beterini görýär we doga-dilegini eşidýär (Zebur 34:15; 1 Petrus 3:12).
«Men seniň Hudaýyňdyryn». Ýehowa halkynyň seždesini kabul edýändigini aýdyp, olara göwünlik berýär. Hudaý hiç haçan olardan ýüz öwürmejekdigini wada berýär (Zebur 118:6; Rimliler 8:32; Ýewreýler 13:6).
«Men saňa güýç bererin, kömek ederin, seni adalatly sag golum bilen goldaryn». Ýehowa şu sözleri üç sapar nygtamak bilen, halkyny goldajakdygyny aýdýar. Adam ýykylanda, dosty oňa ýerden galdyrmaga kömek edýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa sag goluny uzadyp, ýykylan halkyny ýerden galdyrýar (Işaýa 41:13).
Ýehowa, esasan-da, Sözi arkaly halkyny berkidýär, kömek edýär (Ýuşa 1:8; Ýewreýler 4:12). Adam mätäçlik çekende, syrkawlanda ýa-da dogan-garyndaşlaryndan biri aradan çykanda, Hudaýyň Sözünden gerekli maslahatlary tapyp bilýär (Nakyllar 2:6, 7). Şeýle-de Allatagala mukaddes ruhy arkaly goldaýar. Mukaddes ruh adama synaglarda sagdyn pikirlenmäge we kalby rahat bolmaga kömek edýär (Işaýa 40:29; Luka 11:13).
«Gorkmaň, ýardam ederin»
Bu sözler seni ruhlandyrýan bolsa gerek! Gel, Ýehowanyň aýdan sözleri barada oýlanyp göreli. Elbetde, biz göni manyda Ýehowa bilen ýöräp bilmeýäris. Sebäbi Ýehowanyň sag elinden tutup ýöremek üçin, oňa çep elimizi bermeli bolýarys. Aslynda, iki adam bir-biriniň sag elinden tutup, bir tarapa ýöräp bilmeýär. «Sag eliňden tutaryn» diýen sözler Ýehowanyň bizi betbagtçylykdan halas etmek üçin «sadyk sag goluny» uzadýandygyny görkezýär. Sebäbi ol: «Gorkmaň, ýardam ederin» diýip wada berýär.
Sen Ýehowany söýýän we aladaly günde dadyňa ýetişýän dostuň hasaplaýarmyň? Ol seniň biynjalyk edýän zatlaryňy bilýär we saňa kömek etmek isleýär. Zebur 46:1-de: «(Hudaý) muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» diýilýär. Hawa, kynçylyga uçranyňda, sen Ýehowany edil ýanyňda ýaly duýup bilersiň.
Dürdäne pikirler
w01 1/10 sah. 20, abz. 3
Wepaly bolmak nämäni aňladýar?
Ýehowa dosty Ybraýyma: «Men seniň penakäriň» diýýär (1 Musa 15:1; Işaýa 41:8). Bu ýöne bir gury, boş söz däldi. Ýehowa Ybraýymy we maşgalasyny faraondan, soňra Abymälik patyşadan goraýar. Hudaý doganoglany Luty dört patyşanyň ganly penjesinden halas edýär. Şeýle-de Allatagala 100 ýaşly goja we 90 ýaşly mama mukaddes ruhuny indirip, perzent dünýä indirtýär. Şeýdip, Ybraýym Mesihiň ata-babasy bolýar. Ýehowa dosty bilen görnüş, düýş we perişdeleri arkaly gepleşýär. Allatagala Ybraýyma hemişe wepaly bolýar, dosty dünýäden ötensoň hem ony unutmaýar. Ýehowa asyrlarboýy beren wadasynda durýar, ýagny Ybraýymyň nesli bolan ysraýyl halkyna wepaly bolýar. Halk ençeme sapar Ýehowadan ýüz öwürse-de, Ol Ybraýyma beren sözüniň hatyrasyna halky goldaýar. Hakyky wepalylyk — iş ýüzünde görünýän söýgi (1 Musa 12—25-nji baplar).
9—15 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 43, 44
200 ýyl öňünden aýdylan pygamberlik
gm bap 9, abz. 16, 17
Ýerine ýeten pygamberlik
16 Pars patyşasy Kir we onuň ýaranlary bolan midiýa goşuny Wawilona hüjüm edýär. Şeýlelikde, b. e. öň 539-njy ýylda dünýä imperiýasy bolan Wawilon ýykylýar. Ýöne Wawilony basyp almak aňsat däldi. Sebäbi şäheriň diwarlary berkdi, onuň içinden we daş-töwereginde möwç urýan Ýewfrat derýasy akýardy. Indi Kir patyşa näme eder?
17 Grek taryhçysy Gerodot Kir patyşa barada şeýle ýazýar: «Kir patyşa goşunyň bir bölegini derýanyň şähere akýan ýerinde, beýleki bölegini şäherden çykýan ýerinde goýdy... Soňra Wawilonyň öňki patyşasynyň gazdyran kölüne tarap bir ýap çekdirdi. Derýanyň suwy köle akyp, kem-kemden peseldi. Şonda esgerler derýadan arkaýyn ýöräp geçdiler, sebäbi suw olaryň dyzyndan gelýärdi».
bh bap 2, abz. 14, 15
Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby
14 Takmynan 200 ýyldan soň, ýagny b. e. öň 539-njy ýylyň oktýabr aýynyň bäşinden altysyna geçen gije, duşmanyň goşuny Babyl galasyna golaý düşledi. Bu goşunyň baştutany kimdi? Pars patyşasy Kir. Şeýdip täsin pygamberlik ýerine ýetip başlady. Ýöne Kir goşuny bilen Babyla söweşsiz girermikä?
15 Şol gije babyllylar meýlis gurnadylar we şäheriň berk galasy bolany üçin, özlerini howpsuz duýýardylar. Şol wagt bolsa, ugur tapyjy Kir patyşa şäheriň içi bilen geçýän derýanyň akymyny başga ýere sowýar. Soňra derýanyň suwy peselende, esgerler şol ýerden geçip, şäheriň galasyna bardylar. Ýöne Babylyň berk galasyna Kiriň goşuny nädip girer? Bir sebäp bilen şäheriň derwezesi şol gije gulplanylman galypdyr!
it «Kir»
Kir
Kir patyşanyň gözýetimi giňdi. Ol butparaz Wawilon patyşasyndan düýbünden tapawutlanýar. Ol ýehudylara köp ýagşylyk edýär. Kir Nawuhodonosor II patyşanyň ybadathanadan alyp gaýdan ähli zatlaryny yzyna berýär. Şeýle-de ybadathanany dikeltmek üçin Liwanyň kedr agaçlaryny we patyşanyň hazynasyndan pul almaga rugsat berýär (Hyd 1:7—11; 3:7; 6:3—5). Gadymy golýazmada (SURAT, it-U sah. 332) pars patyşasy Kiriň golastyndaky milletlere rehimdarlyk bildirendigi aýdylýar. Patyşanyň sözleri şeýle beýan edilýär: «Men Tigr derýasynyň ýakasyndaky mukaddes şäherleri, ybadathanalaryny we butlaryny yzyna berdim. Mukaddes ýerler ençeme ýyldan bäri haraba bolup ýatyrdy. Men halklary jemledim, watanyna dolanmaga rugsat berdim» («Ancient Near Eastern Texts», sah. 316).
Dürdäne pikirler
Okyjylaryň sowallary
Ýehowa Kir patyşanyň ýehudylary azat etjekdigini we ybadathanany dikeltmek hakda perman çykarjakdygyny pygamberlik edýär (Işa. 44:26—45:4). Ýehowanyň aýdyşy ýaly hem bolýar (Hyd. 1:1—4). Emma Pars patyşasy Kir hak Hudaýa sežde etmeýärdi. Ýehowa Kir patyşa arkaly niýetini amala aşyrsa-da, ony özüne sežde etmäge mejbur etmedi (Nak. 21:1).
16—22 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 45—47
«Men Hudaý, meniň ýaly ýok»
«Adyň mukaddes bolsun!»
14 Ýehowanyň isleginiň amala aşmazlygy üçin Şeýtan elinde baryny edýär. Ýöne Şeýtan näçe jan etse-de, hiç zat başarmaýar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adyny aklamak üçin eden işleri barada aýdylýar we Ýehowanyň söýgüden doly Atadygy hem-de iň gowy Hökümdardygy düşündirilýär. Şeýtanyň turzan gozgalaňy we onuň tarapyna geçenler Ýehowanyň ýüregine ýara saldylar (Zeb. 78:40). Ýöne Ýehowa ýüze çykan meseläni akyldarlyk, sabyrlylyk we adalatlylyk bilen çözdi hem-de ençeme gezek gudratly güýjüni görkezdi. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň edýän ähli işlerinden söýgüsi görünýär (1 Ýah. 4:8). Ýehowa adyny aklamak üçin häzirem köp işleri edýär.
Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
15 Biz ertir näme boljagyny bilmesek-de, Ýehowanyň sözünde durjakdygyny bilýäris. Ol gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlara ebedi ýaşaýşy sylag berer. Ýehowa ýalan sözlemegi başarmaýar, Oňa sözünde durmaga hiç kim we hiç zat päsgel bermez (Tit. 1:2). Ýehowa «soňunda näme boljagyny öňünden aýdyp» bilýär. Geçmişde-de Onuň öňden aýdan zatlary ýerine ýetdi, gelejekde-de her bir sözi ýerine ýeter (Işa. 46:10). Bizi Ýehowanyň söýgüsinden hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:35—39). Ýehowa bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge güýç, akyldarlyk we göwünlik berer. Ýehowanyň bizden kömegini we berekedini gaýgyrmajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň (Ýer. 17:7, 8).
w99 15/5 sah. 14, abz. 18, 19
Ýehowa bize ýol görkezýär
18 Gadymy döwürdäki ýaly, şu günler hem Ýehowanyň ýollaryndan ýöremek isleýän adam, diňe oňa wepaly bolmaly. Munuň üçin Ýehowa iman etmeli we beren wadasynda durýandygyna ynanmaly. Allanyň ýolundan ýöremek üçin oňa gulak asmaly, kanunlaryna we ýokary ahlak kadalaryna eýerip ýaşamaly. Zebur 11:7-de: «Ýehowa adalatly! Ol adalatly işleri gowy görýär» diýilýär.
19 Ahaz patyşa janyny halas etmek üçin Siriýa taňrylaryna bil baglaýar. Ysraýyllar Müsürde ýaşan döwri Gündogar «asman melikesine» sygynyp, onuň ähli zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýardylar. Şu günler adamlar butlara sežde etmeýär, ýöne Isanyň aýdyşy ýaly, Ýehowa däl-de, «baýlyga» sežde edýär (Matta 6:24). Pawlus resul hem açgöz adamlaryň «butparazlyk» edýändigini aýtdy (Koloslylar 3:5). Şeýle-de ol käbirleriniň «hudaýy» olaryň «garnydyr» diýdi (Filipililer 3:19). Hawa, mal-mülk adamlaryň gözüni gapýar, olar «ýalan baýlyga» bil baglaýar (1 Timoteos 6:17). Köp adamlar baýlygyň yşkyna düşüp, hars urýarlar, kaşaň jaýlarda ýaşaýarlar, gymmatbaha zatlary satyn alýarlar we saçagyny näz-nygmatdan doldurýarlar. Emma şu zatlar adamy bagtly edip bilmeýär. Baýlyk Hudaýdan daşlaşdyrýar, ýagty gelejege umyt bermeýär. Gynansak-da, köp adamlar gije-gündiz işlese-de, eli uzadan ýerine ýetmeýär (Matta 5:3).
Dürdäne pikirler
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň öňdengörüjilik ukybyny ulanyşy hakda näme diýilýär?
Ýehowanyň başarmaýan zady ýok, emma käte ol öz-özüne çäk goýýar. Onuň akyldarlygy çäksiz bolsa-da, hemme zady öňünden biljek bolmaýar (Rim. 11:33). Ýehowa sabyrly, özüne erk edýän Hudaý. Şonuň üçin öňdengörüjilik ukybyny hemişe ulanmaýar (Işaýa 42:14-i deňeşdiriň).
Ýehowa niýetini hökman amala aşyrýar. Muny bilmek Hudaýyň öňdengörüjilik ukybyna düşünmäge nädip kömek edýär? Işaýa 46:10-da şeýle diýilýär: «Soňunda näme boljagyny öňünden aýdypdym, boljak zatlary gadymy günlerde habar beripdim. Men diýýärin: „Niýetim ýerine ýeter, ýüregime düwenim amala aşar“».
Ýehowanyň niýetini amala aşyrmaga güýjüniň ýetýändigi üçin, ol gelejegi öňünden aýdyp bilýär. Aýdaly, bir adam kitap okap otyr. Ol kitabyň diňe soňky sahypalaryny okap näme bilen gutarýandygyny bilýär. Ýehowa öňdengörüjilik ukybyny ulananda beýle etmeýär. Ýogsam adamlaryň durmuşyny öňünden kesgitlän ýaly bolardy. Ýehowa näme edýär? Ýehowa niýetiniň amala aşjak wagtyny öňünden aýdýar we şol wagtda niýeti ýerine ýeter ýaly hem edýär (2 Mus. 9:5, 6; Mat. 24:36; Res. 17:31).
23—29 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 48, 49
Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asalyň
lff sapak 35, abz. 1
Dogry karara nädip gelmeli?
Mukaddes Kitap dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?
Karara gelmezden öň, Ýehowa doga etmeli we Mukaddes Kitapdan Hudaýyň garaýşyny bilmeli (Nakyllar 2:3—6-njy aýatlary oka). Käbir ýagdaýlarda näme etmelidigi Mukaddes Kitapda anyk aýdylýar. Şonda Ýehowanyň aýdyşy ýaly etseň, onda ýalňyşmarsyň.
ijwbq 44, abz. 2, 3
Mukaddes Kitapda erkinlik barada näme diýilýär? Adamyň ykbalyny Hudaý kesgitleýärmi?
● Hudaý adamlary öz keşbinde ýaratdy (1 Musa 1:26). Instinkt boýunça hereket edýän haýwanlardan tapawutlylykda, biz söýgi we adalatlylyk ýaly häsiýetleri görkezýän Ýaradyjymyza meňzeýäris. Edil Ýaradyjymyz ýaly, bizde-de erkinlik bar.
● Gelejegimiziň nähili boljakdygy biziň özümize bagly. Mukaddes Kitap bizi «ýaşaýşy saýlap,.. Oňa (Hudaýa) gulak asmaga» höweslendirýär (5 Musa 30:19, 20). Erkinligimiz bolmadyk bolsa, bu tabşyrygyň berilmegi peýdasyz, hatda zalymlyk bolardy. Hudaý bizi özüne gulak asmaga mejbur etmeýär, gaýtam, mähir bilen: «Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý,.. bolardy» diýýär (Işaýa 48:18).
lv bap 17, abz. 8
«Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň»
8 Ýehowa bu sözler arkaly bize gulak asmagyň peýdasyny ýatladýar. Eger gulak assak, ol iki zady wada edýär. Birinjiden, biziň parahatlygymyz asuda, bol, tükeniksiz derýa ýaly bolar. Ikinjiden, dogrulygymyz bolsa deňiz tolkunlary kimin bolar. Deňziň kenarynda durup, tolkunlaryň yzly-yzyna urşuna syn edeniňde, olaryň hemişelikdigine düşünýärsiň. Sen tolkunlaryň kenara elmydama urlup durjagyny bilýärsiň. Ýehowa seniň dogrulygyň, ýagny dogry hereket etmek islegiň hem şeýle bolar diýýär. Oňa wepaly bolsaň, ol seni elmydama goldar! (Zebur 55:22-ni okaň). Şu tolgundyryjy wadalar Ýehowa we onuň dogry talaplaryna bolan imanyňy berkitmeýärmi?
Dürdäne pikirler
Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!
12 Biz ýüregimizi däl-de, Ýehowany diňlemeli (Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Ýehowa bize nämäniň peýdalydygyny özümizden hem gowy bilýär (Işa. 55:8, 9). Oňa gulak assak, biz hiç wagt ökünmeris. Eger Ýehowa bagyşla diýýän bolsa, biz bagyşlamaga taýyn bolmaly (Zeb. 40:4; Işa. 48:17, 18). Emma biz ýüregimizi diňlesek hiç haçan bagyşlap bilmeris (Nak. 14:12; Ýer. 17:9). Naomi uýa şeýle gürrüň berýär: «Başda men ärimi hiç bagyşlap bilmedim. Öýkelemäge hakym bar diýip, özümi aklaýardym. Eger ony bagyşlasam, gözýaşlarymy unudar, ýüregime ýene-de ýara salar diýip gorkýardym. Elbetde, Ýehowa meniň duýgularyma düşünýär, ýürek ýaramyň bitmegi üçin wagtyň gerekdigini bilýär. Ýöne Ol öýkeläp oturmagymy däl-de, Öz göreldesine eýerip bagyşlamagymy isleýär».
6—12 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 50, 51
Oka, öwren, diňle!
kr bap 17, abz. 5
Patyşalygyň gullukçylaryna tälim berilýär
5 Wagty gelende, Ýehowa Ogluna ýer ýüzünde nähili işi ýerine ýetirmelidigini aýtdy. Geliň, Beýik Mugallym bilen onuň ilkinji ýaradan Oglunyň gatnaşygyny beýan edýän pygamberlige seredeliň (Işaýa 50:4, 5-nji aýatlary okaň). Pygamberlikde Ýehowanyň öz Ogluny «her säher» oýarandygy barada aýdylýar. Bu sözler mugallymyň öz okuwçysyna öwretmek üçin, ony säher bilen oýarýandygyny suratlandyrýar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowa... ony okuwçy ýaly mekdebe äkidip, oňa nädip we näme barada wagyz etmelidigini öwredýär». Şol gökdäki «mekdepde» Ýehowa Ogluna «näme diýmelidigini we näme öwretmelidigini» düşündirdi (Ýahýa 12:49). Şeýle-de Ýehowa Isanyň adamlara nädip öwretmelidigi babatda görkezme berdib. Isa ýer ýüzünde diňe bir öz gullugyny ýerine ýetirmän, eýsem, şägirtlerine-de wagyz etmegi öwredip, Ýehowadan alan tälimini gowy ulanmagy başardy.
cf bap 13, abz. 13
«Atamy söýýärin»
13 Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň Atasyny diňläp, köp zatlary öwrenýär. Işaýa 50:4—6-njy aýatlarda Ýehowa Ogluna Mesihiň etmeli işlerini ýekän-ýekän öwredendigi hakda ýazylan. Isa Ýehowanyň Belläni hökmünde köp ejir çekmelidi, emma ol hemme zada taýýardy. Isa ýer ýüzüne gelende, Atasynyň öýünde bolmagy halaýardy, arassa sežde edýärdi we Hudaý hakda öwredýärdi. Mukaddes Kitapda Isanyň her gün ybadathana we sinagoga barandygy aýdylýar (Luka 4:16; 19:47). Bizem Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýmeli we ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaly, sebäbi ol ýerde hak Hudaýa arassa sežde edýäris, bilim alýarys we onuň bilen dostlaşýarys.
Dürdäne pikirler
Siz «ýeri miras almaga» taýýarmy?
Geliň, Wawilon ýesirliginden azat bolup, watanyna dolanan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Ysraýyl topragynda 70 ýyllap adam-gara ýaşamandy. Ýöne Işaýa pygamber ysraýyllaryň Ýehowanyň goldawy bilen tutuş ýurdy bagy-bossanlyga öwürjekdigi hakda pygamberlik etdi. Ol şeýle diýdi: «Çölleri Erem bagy deý bolar, düz ýerleri Ýehowanyň bagyna öwrüler» (Işa. 51:3). Ysraýyllar Ýehowanyň ak patasy bilen ýurduny dikeltdi. Edil şonuň ýaly, akýürekli adamlar hem Ýehowanyň goldawy bilen tutuş ýer ýüzüni Jennete öwrerler. Siz häzirden şol işe gatnaşmak isleýändigiňizi nädip görkezip bilersiňiz?
Munuň üçin öýüňizi we onuň daş-töweregini arassa saklaň. Goňşy-golamyňyz arassaçyl bolsun, bolmasyn, siz öýüňizi tämiz saklaň. Şeýle-de Ýygnak jaýynyň we Kongresler köşgüniň arassaçylyk hem-de abatlaýyş işlerine kömek edip bilersiňiz. Mümkinçiligiňiz bolsa, tebigy betbagtçylyk bolanda meýletinçi hökmünde kömek etmek üçin arza dolduryň. Şonda kyn ýagdaýa düşen dogan-uýalary zerur wagty goldap bilersiňiz. Şeýle-de şu sorag hakda hem oýlanyp bilersiňiz: «Ýehowanyň ýagşylygy bilen täze dünýä geçsem, ýer ýüzüni Jennete öwürmek üçin häzirden nähili hünär öwrenip bilerin?»
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Isa nädip halas edýär?
ijwbq 140, abz. 4
Halas bolmak üçin Isa iman etmek ýeterlikmi?
Biz Isa iman edip, halas bolup bilýäris, ýöne başga zadam etmeli (Resullar 16:30, 31). Mukaddes Kitapda: «Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýilýär (Ýakup 2:26). Halas bolmak üçin şulary etmeli
● Isa bilen Atasy Ýehowa Hudaýy gowy tanamaly (Ýahýa 17:3).
● Olara iman etmeli (Ýahýa 12:44; 14:1).
● Olaryň tabşyryklaryna gulak asyp ýaşamaly (Luka 6:46; 1 Ýahýa 2:17). Isa özüne «Halypam!» diýýänleriň däl-de, «diňe gökdäki Atasynyň islegini berjaý edýän» adamlaryň halas bolup biljekdigini aýtdy (Matta 7:21).
● Başymyza kyn günler düşende, imanymyzy gowşatmaly däl. Isa pygamber: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13).
13—19 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 52, 53
Ogluň Atasyna bolan söýgüsi
Ýaşlar, deň-duşlaryňyzyň ýaramaz täsirine garşy duruň!
2 Deň-duşlaryň saňa-da şeýle güýçli täsir edýärmi? Näme üçin şeýlekä? Belki, sen olaryň göwnüni tapmak isleýänsiň? Deň-duşlaryň göwnüni tapmak erbet zat däl. Uly adamlar hem öz deňleriniň hormatyny gazanmak isleýärler. Hiç kimem — ulular-da, kiçiler-de — ak jüýje bolmak islemeýär. Dogry, käbir adamlar seniň edýän ýagşy işleriňi hemişe halap durmaz. Hatda Isa-da şeýle ýagdaýa düşüpdi. Muňa garamazdan, ol hemişe dogrulyk edýärdi. Käbir adamlar onuň yzyna eýerip, şägirdi boldy, käbiri bolsa Hudaýyň Ogluny ýigrenip, «ony inkär etdi» (Işa 53:3).
ip-2 bap 14, abz. 25
Ýehowa Saýlan guluny beýgeldýär
25 Mesih jebir çekmäge we ölmäge razydymy? Işaýa şeýle pygamberlik edýär: «Oňa sütem edildi, ol jebir çekmäge razy boldy, agzyny hem açmady. Ol soýuljak goýun ýaly alnyp gidildi, gyrkymçynyň öňünde sessiz ýatan goýun deý, agzyny hem açmady» (Işaýa 53:7). Isa pygamber ömrüniň soňky gijesi «12 goşundan hem köp perişdäni» kömege çagyryp bilerdi. Emma ol: «Eger şeýle etsem, pygamberlikler nädip ýerine ýetsin?» diýdi (Matta 26:53, 54). «Hudaýyň Guzusy» hiç hili garşylyk görkezmedi (Ýahýa 1:29). Uly ruhanylar we ýaşulular Pilatusyň öňünde Isa töhmet atdylar, emma «ol hiç zat jogap bermedi» (Matta 27:11—14). Sebäbi Isa Hudaýyň niýetiniň ýerine ýetmegine hiç zadyň päsgel bermegini islemedi. Isa pygamber janyny töleg hökmünde bermäge taýyndy. Şeýdip, ol adamzady günäden we ölümden halas edip bilerdi.
Dürdäne pikirler
Geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!
25 Işaýa 53:5-de (okaň) günäkär agyr kesele uçran adama meňzedilýär. Ýehowanyň beren töleg gurbany biziň ýaralarymyza melhem bolýar (1 Pet. 2:24). Keseliň adama zyýan ýetirişi ýaly, günä-de Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar. Agyr keselinden gutulan adam özüni bagtly saýýar. Günäsi bagyşlanan adam hem Ýehowa bilen jana-jan dost bolýar we arassa ynsap bilen sežde edýär.
20—26 APREL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 54, 55
Siz nämelerden geçmäge taýyn?
Hudaý gymmatly bilim berýär
3 Ýehowa mähriban bolany üçin, bikämil adamlara höwes bilen öwredýär. Işaýa 54:13-de mesh edilen mesihçiler barada şeýle pygamberlik edilen: «Seniň ähli ogullaryň Ýehowadan bilim alar we seniň ogullaryňda bol parahatlyk bolar». Bu sözler «başga goýunlara-da» degişli (Ýahýa 10:16). Pygamberlikden görnüşi ýaly, bu sözler şu günler berjaý bolýar. Işaýa ähli milletleriň hakyky seždä tarap barýanyny gördi. Işaýa olaryň: «Geliň, Taňrynyň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Ol bize Öz ýollaryny öwreder, biz Onuň ýodalaryndan ýöräris» diýen sözlerini ýazdy (Işa 2:1—3, MKS). Hudaýdan öwrenmek, gör, nähili uly hormat!
«Hakykaty satyn al, ony hiç haçan satma»
6 Işaýa 55:1—3-nji aýatlary okaň. Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly aýdan sözleri hakykaty satyn almagyň näme aňladýandygyna has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Bu aýatlarda Ýehowa sözüni suw, süýt we şerap bilen deňeşdirýär. Arassa we buz ýaly suwuň teşneligimizi gandyryşy ýaly, Hudaýyň Sözündäki hakykat hem janymyza dynçlyk berýär. Şeýle-de süýdüň bedeni berkidip, çaganyň sagdyn kemala gelmegine kömek edişi ýaly, Ýehowanyň sözleri bizi berkidip, ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Mundan başga-da Ýehowanyň sözleri şerap bilen deňeşdirilýär. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylarda şerap adamy şatlandyrýan zat hökmünde agzalýar (Zeb. 104:15). «Şeraby satyn alyň» diýmek bilen, Ýehowa sözlerine gulak asyp ýaşamagyň şatlyk berýändigine ynandyrýar (Zeb. 19:8). Bu ajaýyp deňeşdirme Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwrenmegiň we ony durmuşda ulanmagyň peýdalydygyny görkezýär. «Tagalla etmekligi» bir zat üçin berilýän töleg bilen deňeşdirse bolýar. Geliň, haýsy bäş usul bilen hakykaty satyn alyp biljekdigimize seredeliň.
HAKYKATY SATYN ALMAK ÜÇIN SIZ NÄMEDEN GEÇDIŇIZ?
7 Wagt. Bu hakykaty satyn almak üçin zerur bolan zatlaryň biri. Dogrudan-da, Patyşalyk habaryny diňlemek, Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlary okamak, şahsy okuwyny geçirmek hem-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa yzygider gatnaşmak üçin wagt gerek bolýar. Munuň üçin biz wajyp bolmadyk käbir işlerden wagty «satyn almaly» bolýarys (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň we çykgydyna serediň). Eýsem, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmek üçin näçe wagt gerek? Bu biziň ýagdaýymyza bagly. Biz Ýehowanyň akyldarlygynyň, işleriniň we ýollarynyň hiç haçan aňyrsyna ýetip bilmeýäris (Rim. 11:33). «Garawul diňiniň» ilkinji sanynda hakykat «kiçijik owadan gül» bilen deňeşdirilip, şeýle diýildi: «Diňe bir gül bilen çäklenmäň. Sebäbi bir gül ýeterlik bolan bolsa, onda güller köp bolmazdy. Şonuň üçin köpräk ýygyň we olary gözlemegiňizi dowam ediň». Özümize şeýle sorag berip bileris: «Meniň gül dessämiň ululygy nähili?» Başgaça aýdanyňda, biz Hudaýyň açan hakykatlaryny gymmat saýýarysmy? Biz hatda ebedi ýaşaýşyň dowamynda-da Ýehowa barada hemişe öwrenmegimizi dowam ederis. Şonuň üçin şu günler hakykaty satyn alar ýaly, wagtymyzy paýhasly ulanmak örän wajyp.
«Eşidişiňize üns beriň»
Ünsli bolmaga köp zat päsgel berip biler. Gaýgy-alada sebäpli ünsümizi jemlemek kyndyr. Ýygnakda we daşarda bolýan gymyldy-hereketler ýa sesler ünsümizi sowmagy mümkin. Ýarawsyzlyk zerarly hem pikiriňi jemlemek kyn bolýar. Ata-eneler bolsa çagalaryna-da üns bermeli. Bize ýygnakda ünsli bolmaga näme kömek eder?
Ünsüňi jemlemekde gözüň uly ähmiýeti bar. Eger biz nutuk bilen çykyş edýän dogana seredip diňlesek, ünsli bolup bileris. Ol Mukaddes Ýazgylary açyp okanda, hatda tanyş aýat bolsa-da, sizem açyp yzarlaň. Her hili sese we herekete üns bermejek boluň. Eger dürli zatlara seredip ünsüňiz sowulsa, sahnada aýdylýan köp zatlary sypdyrarsyňyz.
Eger dürli «aladalar» sebäpli dykgatly bolmak kyn bolsa, onda Ýehowa doga edip, pikiriňize we kalbyňyza rahatlyk bermegini diläň (Zeb. 94:19; Flp. 4:6, 7). Zerur bolsa, gaýta-gaýta doga ediň (Mat. 7:7, 8). Ýygnak duşuşyklaryny Ýehowa gurnaýar. Ol siziň ýygnakdan peýda almagyňyzy isleýär (1 Ýahýa 5:14, 15).
Dürdäne pikirler
«Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men»
14 Birinjiden, Mesihiň şägirtleri hökmünde bizi ýigrenjekdiklerini bilýäris (Mat. 10:22). Isa şägirtleriniň soňky günlerde güýçli yzarlamalara duçar boljakdyklaryny pygamberlik etdi (Mat. 24:9; Ýah. 15:20). Ikinjiden, Işaýanyň pygamberligi duşmanlarymyzyň bizi ýöne bir ýigrenmän, bize garşy her dürli ýaraglary ulanjakdyklaryny ýatladýar. Bu ýaraglara ýalan-ýaşryk maglumatlar we zalymlyk bilen yzarlamaklyk degişli (Mat. 5:11). Ýehowa duşmanlarymyzyň bize garşy şeýle ýaraglary ulanmagyna häzirlikçe ýol berýär (Efes. 6:12; Ylh. 12:17). Emma biz olardan gorkmaýarys. Näme üçin?
15 Geliň, ýatda saklamaly üçünji zadymyza seredeliň. Ýehowa biziň garşymyza ýasalan «ýaragyň derde ýaramajakdygyny» aýtdy. Güýçli harasat turanda, diwarlaryň gorag bolşy ýaly, Ýehowa-da bizi «rehimsizleriň gaharyndan» goraýar (Işaýa 25:4, 5-nji aýatlary okaň). Hawa, duşmanlar bize asla düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär (Işa 65:17).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Okuwyň berýän sylagy
be sah. 28, abz. 3—sah. 31 abz. 2
Nädip okamaly?
Birinji abzasdan soňky abzasa çenli okap çykmazdan öň, makala ýa-da baba göz aýlaň. Ilki, makalanyň adyna üns beriň. Bu siziň öwrenmeli temaňyzdyr. Soňra sözbaşylaryň tema bilen baglanyşygy barada oýlanyň. Makaladaky suratlara, tablisalara we gaýtalamak üçin soraglara serediň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men bu makaladan näme öwrenerin? Özüme nähili wajyp sapaklary edinerin?» Şeýle taýýarlyk sizi dogry ýola ugrukdyrar.
Indi makalany özleşdirmäge başlap bilersiňiz. «Garawul diňindäki» öwrenilýän makalalarda we käbir kitaplarda soraglar berilýär. Siz her bir abzasy okanyňyzda, oňa degişli soragyň jogabyny tapyp, aşagyny çyzsaňyz gowy bolar. Emma makalada soraglar bolmasa-da, wajyp pikiri ýatda saklamak üçin, onuň aşagyny çyzyp bilersiňiz. Eger siz täze bir pikiri bilseňiz, ony gowy özleşdirmäge çalşyň. Esasan-da, aýdyň mysallara we delillere ünsli boluň. Olar size wagyzda ýa-da ýumuş bilen çykyş edeniňizde kömek edip biler. Bilen zatlaryňyzy gürrüň berip, kimiň imanyny berkidip biljekdigiňiz barada oýlanyň. Durmuşda ulanjak pikirleriňizi belläň we okuwyň soňunda olary ýene-de bir sapar gözden geçiriň.
Okuwyň dowamynda aýatlary açyp okaň. Her bir aýadyň abzas bilen baglanyşygy barada pikirleniň.
Belki-de, siz käbir pikirlere onçakly gowy düşünen dälsiňiz ýa-da olara has çuňňur düşünesiňiz gelýändir. Temadan ünsüňiz sowulmaz ýaly, soraglary belläp alyň-da, soň gözleg geçiriň. Köplenç, soraglaryň jogabyny okuwyň dowamynda taparsyňyz, emma tapmasaňyz, goşmaça gözleg geçiriň. Eýsem, näme barada gözleg geçirip bolar? Belki, siz bir aýada ýa-da onuň tema bilen baglanyşygyna düşünen dälsiňiz. Mümkin, siz düşünen zadyňyzy başga birine düşündirip bilmerin öýdýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda ünsli boluň. Şahsy okuwy tamamlanyňyzdan soň, goşmaça gözleg geçirmegi maksat edinseňiz paýhasly bolar.
Pawlus resul ýewreý mesihçilere ýazan hatynda: «Aýdanlarymyzyň özeni şunda» diýdi (Ýew. 8:1). Siz hem özüňize wagtal-wagtal şeýle zatlary ýatladyp durýarmysyňyz? Pawlusyň näme üçin şeýle sözleri ýazandygy hakynda oýlanyň. Ol hatynyň beýleki baplarynda Hudaýyň beýik Baş Ruhanysy hökmünde Mesihiň göge galşyny düşündiripdi (Ýew. 4:14—5:10; 6:20). Emma Pawlus 8-nji babyň başynda esasy pikiri belläp, okyjylaryna munuň nähili täsir edýändigi hakynda oýlanmaga höweslendirdi. Ol Mesihiň olar üçin Hudaýyň öňünde görnendigini we olara gökdäki «mukaddes ýere» girmäge ýol açandygyny görkezdi (Ýew. 9:24; 10:19—22). Şeýle umyt olary iman, çydamlylyk we mesihçi häsiýetler babatda beriljek maslahatlary kabul etmäge höweslendirerdi. Biz hem şahsy okuwymyzyň dowamynda esasy pikirlere ünsli bolsak, tema gowy düşüneris we näme üçin bilen zatlarymyzyň esasynda ýaşamalydygymyzy unutmarys.
Şahsy okuw sizi bilen zatlaryňyza görä ýaşamaga höweslendirýärmi? Bu örän wajyp sorag. Bir zat okanyňyzdan soň, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu meniň garaýşyma we durmuşdaky maksatlaryma nähili täsir etmeli? Kynçylyklara uçranymda, bir meseläni çözmeli ýa-da bir maksada ýetmeli bolanymda, bilen zatlarymy nähili peýdalanyp bilerin? Olary maşgalamda, wagyzda, ýygnakda nädip ulanaryn?» Bu soraglaryň üstünde doga edip oýlanyň we olary haýsy ýagdaýlarda ulanyp boljakdygyny göz öňüne getiriň.
Bir baby ýa-da makalany okanyňyzdan soň, ony gysgaça gaýtalaň. Esasy pikirleri we wajyp delilleri ýadyňyza saljak boluň. Bu size okan zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanmaga kömek eder.
27 APREL—3 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR IŞAÝA 56, 57
Ýehowa Hudaýa sežde edýänler bagtlydyr
ip-2 bap 18, abz. 14—16
Ýehowa pesgöwünlileri galkyndyrýar
14 Allatagalanyň sabyr käsesi doldy. Ýehowa şeýle diýýär: «Men „dogruçyllygyňyzy“, eden işleriňizi paş ederin, olaryň size peýdasy bolmaz. Siz kömek sorap ýalbararsyňyz, emma butlaryňyzyň biri-de sizi halas etmez. Olar ýele tozap gider, bir üfläniňde ýok bolar» (Işaýa 57:12, 13a). Ýehowa ýahuda halkynyň haram işlerini paş eder. Olaryň ýaranjaňlyk etmeginiň hiç hili peýdasy bolmaz. Olaryň sežde edýän taňrylary halas edip bilmez. Butlaryň bary çalaja öwüsýän şemala ýom-ýok bolar.
15 Ýehowanyň aýdan pygamberligi b. e. öň 607-nji ýylda ýerine ýetdi. Şol ýyl Nawuhodonosor patyşa Iýerusalimi derbi-dagyn etdi we ybadathanasyny ýakdy, halkyny bolsa ýesir aldy. «Şeýlelikde, ýahuda halky watanyndan sürgün edilip äkidildi» (2 Patyşalar 25:1—21).
16 Hristian dini köp butlara sežde edýär, emma Ýehowanyň höküm gününde olary halas etjek bolmaz (Işaýa 2:19—22; 2 Selanikliler 1:6—10). Hristian dünýäsi we Beýik Wawilon, ýagny ýalan diniň dünýä imperiýasy, köki-damary bilen ýok ediler. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan we onuň on şahy ýalan dini «ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar (onuň) etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler» (Ylham 17:3, 16, 17). Biz şu tabşyryga ýürekden tabyn bolýarys: «Eý halkym, onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, başyna injek belalara uçramaz ýaly, ol ýerden çykyň!» (Ylham 18:4, 5). Geliň, Beýik Wawilona hiç haçan dolanmalyň, onuň ýollaryndan ýöremäliň!
«Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl»
Şeýle özgerişleri etmek örän wajyp! Mukaddes Ýazgylarda adamzat tolkun atýan, güwwüldeýän hem-de asla köşeşmeýän deňze meňzedilýär (Iş. 17:12; 57:20, 21; Ylh. 13:1). Syýasy meseleler adamlary biri-birine garşy öjükdirýär, agzalalyk döredýär we zorluk etmäge iterýär. Ýöne biz şonda-da parahatlygy hem-de agzybirligi saklaýarys. Ýehowa ýer ýüzüne syn edende, bölünişigiň bardygyny görse-de, biziň agzybirligi saklaýandygymyza örän begenýär (Sefanýa 3:17-ni okaň).
Dürdäne pikirler
Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — ikinji bölüm
«Özge taýpalylar» kim we olar nädip Ýehowanyň «ähtini berk saklaýarlar»? «Özge taýpalylar» Isanyň «başga goýunlaryny» aňladýar (Ýahýa 10:16). Olar täze äht bilen bagly kanuna boýun bolýarlar we äht bilen baglanyşykly guramaçylykly işleri goldaýarlar. Olar mesh edilen mesihçiler bilen bir saçakdan iýmitlenip, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmekde we şägirt taýýarlamak işinde olary goldaýarlar.
Mukaddes duşuşyklarymyza hormat goýýarys
ÝEHOWA halkyny, ýagny mesh edilen mesihçileri we olaryň ýoldaşlaryny, sežde etmek üçin «mukaddes dagynda» ýygnady. Ol halkyny «doga öýünde», ýagny ruhy ybadathanasynda begendirýär. Oňa «bütin milletleriň doga öýi» hem diýilýär (Işaýa 56:7; Markus 11:17). Ýehowanyň öz halkyny sežde etmek üçin ýygnamagy şol seždäniň mukaddes, arassa hem belentdigini görkezýär. Öwrenmek hem sežde etmek üçin barýan duşuşyklarymyza mynasyp hormat goýup, biz mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýandygymyzy görkezýäris.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
ijwbq 90
Dini guramanyň agzasy bolmak hökmanmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hawa, sebäbi Hudaý adamlaryň sežde etmek üçin ýygnanyşmagyny isleýär. Mukaddes Kitapda: «Bir-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň... ýygnaklara sowuk-sala garamalyň» diýilýär (Ýewreýler 10:24, 25).
Isa pygamberiň aýtmagyna görä, onuň şägirtleriniň hemmesi bir dini toparyň agzasy bolmaly. Ol: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Esasan-da, şeýle söýgini onuň şägirtleri bir-birine bildirmeli. Olar Hudaýa sežde etmek üçin elmydama ýygnanyşmaly (1 Korinfliler 16:19). Ähli ýygnaklar bolsa halkara doganlygy döredýär (1 Petrus 2:17).
Dini guramanyň agzasy bolmak ýeterlik däl
Mukaddes Kitapda sežde etmek üçin ýygnanyşmagyň wajypdygy barada aýdylýar. Emma bu Hudaýyň göwnünden turmak üçin dini guramanyň agzasy bolmagyň ýeterlikdigini aňlatmaýar. Adamyň Hudaýa bolan imany gündelik durmuşyna täsir etmeli. Meselem, Mukaddes Kitapda: «Ata Hudaýymyzyň öňünde tämiz, çirksiz sežde etmek üçin kynçylyk çekýän ýetimleriň, dul aýallaryň aladasyny etmeli hem-de özüňi bu dünýäden tegmiltsiz saklamaly» diýilýär (Ýakup 1:27).