Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isanyň çagalygy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Isa 12 ýaşynda ybadathanadaky mugallymlaryň ýanynda otyr

      72-NJI SAPAK

      Isanyň çagalygy

      Ýusup maşgalasy bilen Nazaret şäherinde ýaşaýardy. Ýusup bilen Merýemiň Isadan başga-da çagalary boldy. Ýusup ussaçylyk edip maşgalasyny ekleýärdi. Ol çagalaryna Ýehowa barada gürrüň berýärdi. Hudaýyň Kanunyny öwredýärdi. Ýusup maşgalasy bilen her hepde sinagoga, ýagny ýehudylaryň Hudaýa sežde edýän jaýyna barýardy. Her ýyl Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime gidýärdi.

      Isa 12 ýaşady. Ýusup maşgalasy bilen Iýerusalime baýramçylyk bellemäge gidýär. Ol ýere köp adam barypdy. Baýramçylyk gutaransoň, olar öýüne gaýtdylar. Olaryň ýanynda dogan-garyndaşlary hem bardy. Ýusup bilen Merýem Isa dogan-garyndaşlarynyň ýanyndadyr öýdýär. Ýöne Isa olar bilen gaýtmandyr. Ene-atasy ony tapmaýar.

      Şonuň üçin olar yzyna Iýerusalime gaýdýarlar. Ol ýerde Isany üç günläp gözleýärler. Ahyry ony ybadathanadan tapýarlar. Görseler, Isa mugallymlaryň arasynda otyrdy. Olary ünsli diňleýärdi we gyzykly soraglary berýärdi. Hatda mugallymlaryň özi hem oňa sorag berýärdi. Isanyň berýän jogaplaryna haýran galýarlar. Mugallymlar: «Isa Hudaýyň Kanunyna gowy düşünýän eken» diýdiler.

      Ýusup bilen Merýem gaty alada edipdi. Merýem: «Oglum, biz seni hemme ýerden gözledik. Nirede bolduň?» diýip sorady. Isa-da: «Men Atamyň öýünde boldum. Siz muny bileňizokmy?» diýdi.

      Soňra Isa ene-atasy bilen öýüne gaýtdy. Ýusup ogluna ussaçylygy öwretdi. Isa nähili oglan bolup ýetişdi? Ol akyllydy, Hudaýa gulak asýardy, adamlar hem ony gowy görýärdi.

      Isa ene-atasy we jigileri bilen bir saçakda otyr

      «Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn. Kanunyň ganyma siňendir» (Zebur 40:8).

      Soraglar: Ene-atasy Isany nireden tapdy? Ol näme üçin şol ýerde galdy?

      Matta 13:55, 56; Markus 6:3; Luka 2:40—52; 4:16; 5 Musa 16:15, 16

  • Ýahýa Isanyň geljekdigini aýdýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Suwa çümdürýän Ýahýa Iordan derýasynyň boýunda adamlara wagyz edýär

      73-NJI SAPAK

      Ýahýa Isanyň geljekdigini aýdýar

      Ýahýa Zekerýa bilen Elizabetiň ogludy. Ol ulalanda pygamber boldy. Ýehowa Ýahýa ýumuş tabşyrdy. Ol adamlara Mesihiň geljekdigini aýdýardy. Ýöne ol şäherlerde we ýehudylaryň üýşýän ýerinde däl-de, çölde wagyz edýärdi. Adamlar Iýerusalimden, Ýahudanyň ähli ýerlerinden Ýahýanyň ýanyna barýardy. Ýahýa olara: «Hudaýa gulak asyň, erbet işleriňizi goýuň» diýýärdi. Adamlar ony diňläp erbet işlerini goýdular. Soň Ýahýa olary Iordan derýasynda suwa çümdürdi.

      Ýahýa baý däldi. Onuň eşigi düýäniň ýüňündendi. Ol çekirtge bilen ary bal iýýärdi. Adamlaryň Ýahýa hakda köp zat bilesi gelýärdi. Fariseýler bilen saddukeýler tekepbirdi. Ýöne olar hem Ýahýany görmäge gelipdi. Ýahýa olara: «Erbet işleri etmäň. Toba ediň. „Biz Ybraýymyň çagalary“ diýip, özüňizi beýik tutýarsyňyz. Ybraýymyň nesli bolsaňyzam, Hudaýyň çagalary bolup bilmersiňiz» diýdi.

      Köp adamlar Ýahýanyň ýanyna gelýärdiler. Olar: «Hudaýy begendirmek üçin biz näme etmeli?» diýýärdiler. Ýahýa olara: «Iki donuňyz bar bolsa, birini dony ýok adama beriň» diýdi. Ýahýa näme üçin şeýle diýdi? Adamlar biri-birini söýse, Hudaý begenýär. Şonuň üçin Ýahýa-da şägirtleriniň adamlary söýmegini isleýärdi.

      Ýahýa salgytçylara: «Dogruçyl boluň, hiç kimi aldamaň» diýdi. Esgerlere bolsa: «Hiç kimden pul almaň, ýalan sözlemäň» diýdi.

      Ruhanylar bilen lewiler hem Ýahýanyň ýanyna geldiler. Olar Ýahýa: «Sen kim? Hemmeleriň seniň kimdigiňi bilesi gelýär» diýdiler. Ýahýa olara şeýle diýdi: «Men çölde gygyrýan adam. Men adamlara Ýehowa bilen dost bolmaga kömek edýärin. Muny Işaýa pygamber hem aýdypdy».

      Ýahýa adamlara köp zatlary öwredýärdi. Adamlar hem ony hezil edip diňleýärdi. Köpler oňa Mesihdir öýdýärdi. Ýöne Ýahýa olara şeýle diýdi: «Aramyzda biri bar. Ol menden has beýik. Men onuň köwşüniň bagyny-da çözmäge mynasyp däldirin. Men sizi suwa çümdürýärin. Ýöne ol sizi mukaddes ruh bilen çümdürer».

      «Ol nur hakda şaýatlyk etmäge geldi, ähli adamlar ol arkaly iman edip bilýärdi» (Ýahýa 1:7).

      Soraglar: Ýahýa näme barada wagyz etdi? Adamlar näme etdiler?

      Matta 3:1—11; Markus 1:1—8; Luka 3:1—18; Ýahýa 1:19—28; Işaýa 40:3

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş