Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 88
  • Sporty gowy görer ýaly näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sporty gowy görer ýaly näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Sport nämä gerek?
  • Näme päsgel berýär?
  • Nädip endik edinmeli?
  • Çägiňi bil
  • Jan saglygymy näme üçin aýamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 88
Ýetginjek oglan oturan ýerinden turup ylgap barýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Sporty gowy görer ýaly näme etmeli?

  • Sport nämä gerek?

  • Näme päsgel berýär?

  • Nädip endik edinmeli?

  • Çägiňi bil

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Sport nämä gerek?

Käbir ýurtlarda ýaşlar sport bilen känbir meşgullanmaýar. Şol sebäpli olaryň saglygy öwerlik bolmaýar. Mukaddes Kitapda-da: «Beden maşkynyň... peýdasy bardyr» diýilýär (1 Timoteos 4:8). Şu zatlar hakda oýlanyp görüň:

  • Keýpiňi göterýär. Maşk edende adamyň beýnisi endorfin bölüp çykarýar. Şonda onuň şähdi açylýar. Sport köp keselleriň öňüni alýar.

    «Irden ylgamaga çykan günlerim köp işlerime ýetişýän, özümi şadyýan duýýan, günümem gowy geçýär. Ylgamak keýpimi göterýär» (Selbi).

  • Owadan hem görmegeý bolarsyň. Çeniňi-çakyňy bilip maşk etmek işjeň we güýçli bolmaga kömek edýär. Özüňe ynamyňy hem artdyrýar.

    «Saglyk özüme gerek. Bir ýyl mundan öň, maňa maşk etmek kyndy. Sport bilen meşgullanyp başlanymdan bäri, men ýeňil gopýan, on gezek oturyp-turup bilýän» (Ogulbagt).

  • Sport ömrüňi uzaldýar. Maşk etmek gan aýlanşy gowulandyrýar we dem alyş ýollaryny giňeldýär. Ýüregagyry keselinden köp adamlar ölýärler. Beden maşklary bolsa ýüregagyry (işemiýa) keseliniň öňüni alýar.

    «Yzygider maşk etseň, Ýehowanyň beren jan-saglygynyň gadyryny bilýändigiňi görkezersiň» (Jemal).

Netije. Maşk etmek hiç haçan zyýan etmeýär, saglygyňa-da peýdaly. Täzegül atly 22 ýaşly gyz şeýle gürrüň berýär: «Şu wagta çenli men: „Biderek ýere ylgamaga gidipdirin“ diýmedim. Wagt tapyp, maşk edýändigime asla ökünemok».

Ýaş ýigit döwlen ulagyna seredip dur.

Ulagyň kemçiliklerine seretmän diňe sürüp ýörseň, ol hökman döwler. Şonuň ýaly maşk edip durmasaň, saglygyň gowşar

Näme päsgel berýär?

Käbir sebäpler:

  • Islegi bolmaýar. «Käbir ýaşlar hemişe gujur-gaýratly bolaryn, hiç haçan kesellemerin diýip pikir edýärler. Şonuň üçin olar köplenç garrylar keselleýär, goý, olar edibersin diýýärler» (Selbi).

  • Wagty bolmaýar. «Men iýip-içmäge, ukymy almaga zordan ýetişýän, maşk etmäg-ä aňyrda dursun» (Käkilik).

  • Ýagdaýy bolmaýar. «Özüňe seretjek bolsaň gymmada düşýär. Fitnes zalyna gatnajak bolsaň jübiňem galyňja bolmaly» (Jemal).

Oýlan.

Saňa, esasanam, näme päsgel berýär? Elbetde, päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin köpräk tagalla etseň, netijesini hem görersiň.

Nädip endik edinmeli?

Käbir maslahatlar:

  • Saglyk özüňe gerek (Galatýalylar 6:5).

  • Bahana gözleme (Nesihat 11:4). Meselem, maşk etmek üçin fitnes zalyna gatnamak hökman däl. Maşklary öýde hem yzygider edip bolýar.

  • Başgalardan nähili maşklary edýändiklerini sora (Nakyllar 20:18).

  • Ýörite wagt belle. Öňüňde maksat goýup, şolara ýetjek bol. Şonda maşk etmäge höwesiň gaçmaz. (Nakyllar 21:5).

  • Bile maşk eder ýaly adam tap. Şonda hem gyzykly bolar, hem yzygider etmäge kömek eder (Nesihat 4:9, 10).

  • Käte yzygider maşk edip bilmeseň, gynanma. Öňkiň ýaly dowam et (Nakyllar 24:10).

Çägiňi bil

Mukaddes Kitapda erkek adamlaryňam, aýal-gyzlaryňam «ähli zatda çägini bilmelidigi» maslahat berilýär (1 Timoteos 3:2, 11). Şonuň üçin maşk edeniňde-de çägiňi bil. Köp adamlar owadanlyga gyzýar. Ýöne onuň peýdasy ýok. Jennet atly gyz şeýle diýýär: «Boýy derek ýaly, akly körek ýaly goç ýigitden ne peýda?!»

Başgalardan kem galmajak bolup köp maşk etseň, özüňe agram salarsyň. Şeýle-de «iň wajyp zatlardan» ünsüň sowlar (Filipililer 1:10).

Käbir zatlar maşk etmäge höweslendirýän ýaly bolup görünse-de, aslynda ruhdan düşürýär. Umyda atly gyz şeýle diýýär: «Beden maşkyny owadan bolmak üçin däl-de, sagdyn bolmak üçin maşk etmeli. Meselem, gyzlaryň köpüsi meşhur ýyldyzlar ýaly owadan boljak bolup, wagtal-wagtal olaryň suratlaryna seredýärler. Şol suratlar maşk etmäge höwes döreder öýdýärler. Ýöne olar özüni şol ýyldyzlar bilen deňäp ruhdan düşýärler».

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Jasmin

«Men ylgamagy gowy görýän. Näçe köp ylgasam, şonça-da şähdim açylýar. Ylgamak ýürek urşuňy kadalaşdyrýar, semremezlige kömek edýär. Ylgap gelemsoň, şadyýanam bolýan» (Jasmin).

Joýl

«Men basketboly gowy görýän. Basketbol oýnamda hem maşk edýän, hemem hezil edip oýun oýnaýan. Elbetde, gowy oýnap lezzet almak üçin tagalla-da etmeli bolýar, ýöne şeýdeniňe degýär» (Joýl).

Lili

«Men ýöremegi gowy görýän. Ýöremek diňe bir beden taýdan kömek etmän, keýpiňem göterýär. Käte gaýgy-alada basanda tebigata gezelenje gidýän. Şonda ünsümi jemläp, dury pikirlenip bilýän, özümi has gowy duýýan, güýjüme güýç goşulýar. Häzirki aladaly döwürde şeýle mümkinçiligi sypdyrmaly däl» (Lili).

Maýles

«Käbir adamlar maşk etmegi kyn görýär. Ýöne maşk etmek o diýen kyn däl. Mysal üçin, men ýadasamam, basketboly hezil edip oýnaýan. Şeýle-de basketbolda başgalar bilen dostlaşyp bolýar» (Maýles).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş