-
Ýehowa «syrlary açýan» HudaýGarawul diňi — 2012 | 15 iýun
-
-
Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
«Siziň Hudaýyňyz, dogrudan-da, hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Hökümdary we syrlary açýar» (DAN. 2:47).
1, 2. Ýehowa bize nämäni açýar we näme üçin?
HUDAÝYŇ PATYŞALYGY ynsan hökümetlerini ýok etjek mahaly, ýer ýüzünde haýsy hökümet iň güýçlüsi bolar? Biz munuň jogabyny bilýäris, sebäbi «syrlary açýan» Ýehowa Hudaý Daniýel pygambere we Ýahýa resula beren pygamberliklerinde şol hökümetler hakda gürrüň berýär.
2 Ýehowa Daniýele we Ýahýa wagşy haýwan barada birnäçe görnüş berýär. Onsoňam, Hudaý Daniýele äpet heýkel barada düýş berip, manysyny düşündirýär. Ýehowa Daniýele we Ýahýa şol görnüşleri ýazdyrypdyr, sebäbi Mukaddes Ýazgylardan şolar barada bilmegimizi isleýär (Rim. 15:4). Şol pygamberlikleri içgin öwrensek, Hudaýyň Patyşalygynyň ähli ynsan hökümetlerini ýok etjekdigine ynamymyz berkär (Dan. 2:44).
3. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen, nämä düşünmeli? Näme üçin?
3 Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliklerinde sekiz patyşa, ýagny ynsan hökümdarlygy we olaryň nähili yzygiderlikde peýda boljagy barada aýdylýar. Ýöne şol pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen Mukaddes Ýazgylarda ýazylan birinji pygamberlige düşünmeli. Näme üçin? Sebäbi tutuş Mukaddes Ýazgylar we ähli pygamberlikler şol ilkinji pygamberlik bilen baglanyşyklydyr.
ÝYLANYŇ «TOHUMY» WE WAGŞY HAÝWAN
4. Kimler aýalyň nesli we şol nesil näme eder?
4 Erem bagynda bolan pitneden soňra, Ýehowa «aýalyň» «tohumy», ýagny nesli hakda pygamberlik aýtdya (Gelip çykyş 3:15-i okaň)b. Ahyry şol nesil ýylanyň, ýagny Şeýtanyň kellesini owradar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa şol nesliň Ybraýymyň neberelerinden, Ysraýyl halkynyň ýehudy taýpasynda we Dawut patyşanyň maşgalasynda dünýä injegini aýtdy (Gel. çyk. 22:15—18; 49:10; Zeb. 89:3, 4; Luka 1:30—33). Şol nesil Isa Mesihdir (Gal. 3:16). Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy hem aýalyň neslidir (Gal. 3:26—29). Hudaýyň Patyşalygy hem Isa Mesihden we mesh edilen mesihçilerden ybarat. Hudaý şol Patyşalygyň kömegi bilen Şeýtany ýok eder (Luka 12:32; Rim. 16:20).
5, 6. a) Daniýeliň we Ýahýanyň görnüşlerinde näçe sany hökümet agzalýar? b) Ylham kitabyndaky janawaryň başlary näme aňladýar?
5 Erem bagynda aýdylan ilkinji pygamberlikde Şeýtanyň «tohumy» barada-da aýdylýar. Şeýtanyň tohumy aýalyň tohumyny ýigrenýär. Ýylanyň tohumy kim? Şeýtan ýaly Hudaýy ýigrenýän we Hudaýyň halkyna garşylyk görkezýän ähli adamlar. Asyrlaryň dowamynda Şeýtan we nesli diňe dini we harby guramalary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli hökümetleri, ýagny patyşalyklary hem döretdi (Luka 4:5, 6). Şol hökümetleriň diňe käbiri Hudaýyň halkyna, ýagny Ysraýyl halkyna ýa-da mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna gös-göni azar berdi. Şol sebäpli-de Daniýele we Ýahýa berlen pygamberliklerde diňe sekiz patyşalyk hakynda aýdylýar. Ýöne taryhda başga-da ençeme güýçli patyşalyklar bolupdyr.
6 B. e. I asyrynyň soňunda direlen Isa Ýahýa resula birnäçe täsin görnüşler görkezýär (Ylh. 1:1). Şolaryň birinde Ýahýa uly deňziň kenarynda duran aždarha meňzedilýän Iblisi görýär (Ylham 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýa görnen täsin wagşy haýwan şol deňizden çykyp, Iblisden uly ygtyýar alýar. Biraz soňra Ýahýa ýedi başly gyzyl janawary görýär. Ol Ylham 13:1-däki wagşy haýwanyň buty. Perişde Ýahýa şol gyzyl janawaryň ýedi başy ýedi patyşalar, ýagny hökümetlerdigini düşündirýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 9, 10). Ýahýa Ylham kitabyny ýazýarka, şol patyşalaryň bäşisi indi höküm sürmeýärdi, biri höküm sürýärdi, «biri entek gelenokdy». Olar haýsy patyşalyklardy? Geliň, Ylham kitabynda agzalýan «janawaryň» her başy, ýagny kellesi barada gürrüň edeliň. Daniýeliň kitabyndan hem şol hökümetler barada, käte olar peýda bolmanka, birnäçe asyr öňünden köp zatlar aýdylypdyr.
BIRINJI WE IKINJI KELLE — MÜSÜR WE ASSIRIÝA
7. Birinji kelle näme aňladýar we näme üçin?
7 Janawaryň birinji kellesi Müsüri aňladýar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň halkyny ilki ýigrenen dünýä şalygy Müsürdi. Hudaý şol aýalyň tohumynyň Ybraýymyň maşgalasynda dünýä injekdigini aýtdy. Ysraýyllylar bolsa Ybraýymyň neslidi. Olar Müsürde ýaşaýarkalar barha köpeldiler. Müsürliler olara azar berip başladylar. Şeýtan şol «tohumyň» dünýä inmegini islemeýärdi, şonuň üçin Hudaýyň halkyny ýok etmäge çalyşdy. Şeýlelikde ol faraonyň kömegi bilen ysraýyllylarda doglan ähli oglan bäbekleri gyrmaga synanyşdy. Emma Ýehowa muňa ýol bermedi we halkyny Müsürden azatlyga çykardy (Müs. çyk. 1:15—20; 14:13). Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ysraýyllylary wada edilen diýarda ýerleşdirdi.
8. Ikinji kelle näme aňladýar we ol näme etjek boldy?
8 Janawaryň ikinji kellesi Assiriýany aňladýar. Bu dünýä şalygy hem Hudaýyň halkyny gyrjak boldy. Dogry, Ýehowa Ysraýylyň butlara sežde eden we pitne turzan on taýpasyna temmi bermek üçin Assiriýany ulandy. Emma soňra Assiriýa Iýerusalime hüjüm etdi. Megerem, Şeýtan Iýerusalimde ýaşan patyşa maşgalasyny ýok etmek isländir, sebäbi Isa şol nesilden gelmelidi. Şonuň üçin Ýehowa Iýerusalimiň weýran edilmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Hudaý Assiriýany derbi-dagyn edip, halkyny gudrat bilen halas etdi (2 Pat. 19:32—35; Iş. 10:5, 6, 12—15).
ÜÇÜNJI KELLE — BABYL
9, 10. a) Ýehowa babyllylara näme etmäge ýol berdi? b) Pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin näme bolmalydy?
9 Ýahýanyň gören janawarynyň üçünji kellesi Babyly aňladýar. Ýehowa babyllylara Iýerusalimi weýran edip, halkyny ýesirlige äkitmäge ýol berdi. Hudaý pitneçi ysraýyllylara weýrançylygyň boljagyny öňünden duýdurypdy (2 Pat. 20:16—18). Onsoňam, Hudaý indi Iýerusalimde «Ýehowanyň tagtynda» patyşa nesliniň höküm sürmejekdigini aýtdy (1 Tar. 29:23). Emma Ýehowa Dawut patyşanyň neslinden kanuny hukugy bolan birine patyşalyk häkimiýetini berjekdigini wada berdi (Iş. 11:1).
10 Başga bir pygamberlikde bolsa wada edilen Mesih gelende ýehudylaryň Iýerusalimdäki ybadathanada entek sežde etjekdikleri aýdylýar (Dan. 9:24—27). Ysraýyllylar Babyla ýesirlige äkidilmänkä aýdylan bir pygamberlikde Mesihiň Beýtullahamda dünýä injegi agzalýar (Mika 5:2). Şol pygamberlikleriň ýerine ýetmegi üçin ýehudylar ýesirlikden boşap, watanyna dolanmalydy we ybadathanany täzeden gurmalydy. Emma Babyl ýesirleri hiç haçan boşatmaýardy. Eýsem, Hudaýyň halky nädip ýurduna dolanardy? Ýehowa muny pygamberlerine aýan etdi (Amos 3:7).
11. Babyl şalygy nähili suratlandyrylýar? (Çykgyda serediň).
11 Daniýel pygamber Babyla äkidilen ýesirleriň biridi (Dan. 1:1—6). Ýehowa Daniýel pygambere Babyldan soňra yzly-yzyna peýda boljak dünýä şalyklaryny aýan etdi. Ýehowa boljak zatlary dürli nyşanlar arkaly görkezýär. Meselem, ol Babyl patyşasy Nebukadnezara äpet heýkel barada düýş berýär (Dan. 2:1, 19, 31—38). Ýehowa şol heýkeliň altyn kellesiniň Babyl şalygydygyny Daniýele aýan etdic. Heýkeliň kümüş döşi we elleri Babyldan soňra peýda boljak dünýä şalygyny suratlandyrýar. Ol haýsy dünýä şalygy we Hudaýyň halkyna nähili garar?
DÖRDÜNJI KELLE — MIDIÝA-PARS PATYŞALYGY
12, 13. a) Ýehowa Babylyň ýykylyşy barada näme aýan etdi? b) Midiýa-Pars şalygyna näme üçin «janawaryň» dördünji kellesi diýse bolar?
12 Daniýeliň ýaşan döwründen bir asyrdan gowrak ozal, Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Babyly basyp aljak dünýä şalygy barada käbir zatlary aýan etdi. Ýehowa Babyl şäheriniň diňe nähili ýykyljagyny däl-de, eýsem, kimiň basyp aljagyny hem aýtdy. Ol pars patyşasy Kir (Kureş) (Iş. 44:28—45:2). Daniýele Midiýa-Pars dünýä şalygy hakda başga-da iki görnüş berildi. Olaryň birinde şol şalyk bir ýanynda duran aýa meňzedilýär. Oňa: «Köp et iý» diýilýär (Dan. 7:5). Başga bir görnüşde bolsa, Daniýel iki halkdan ybarat dünýä şalygyny iki şahly goç hökmünde görýär (Dan. 8:3, 20).
13 Ýehowa Midiýa-Pars şalygynyň kömegi bilen Babyly ýykdy we ysraýyllylara watanyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Şeýdip pygamberlik ýerine ýetdi (2 Tar. 36:22, 23). Soňy bilen, Midiýa-Pars patyşalygy hem Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy. Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitabynda aýdylmagyna görä, pars patyşasynyň weziri Haman şol patyşalykda ýaşan ähli ýehudylary öldürmek isleýär. Haman bellenen bir güni ähli ýehudylary gyrmagy tabşyrýar. Emma Ýehowa halkyna kömege ýetişip, olary Şeýtanyň «tohumynyň» hüjüminden goraýar (Est. 1:1—3; 3:8, 9; 8:3, 9—14). Diýmek, Midiýa-Pars şalygy Ylham kitabyndaky «janawaryň» dördünji kellesi.
BÄŞINJI KELLE — GRESIÝA
14, 15. Ýehowa gadymy Gresiýa şalygy hakda nämeleri öňünden aýtdy?
14 Ylham kitabynda agzalýan janawaryň bäşinji kellesi Gresiýany aňladýar. Daniýeliň Nebukadnezara ýorup beren düýşünde Gresiýa şalygy heýkeliň mis garny hem budy hökmünde suratlandyrylýar. Ýehowa Daniýele beren beýleki iki görnüşinde Gresiýa şalygy we onuň iň görnükli hökümdary hakda käbir zatlary aýan edýär.
15 Bir görnüşde Daniýel dört ganatly gaplaňy görýär. Gaplaň beýleki halklary derrew basyp aljak Gresiýany aňladýar (Dan. 7:6). Başga bir görnüşde Daniýel ullakan bir şahly tekäni görýär. Teke Midiýa-Pars şalygyny aňladýan iki şahly goçy süsüp öldürýär. Ýehowa Daniýele tekäniň Gresiýany aňladýandygyny we ullakan bir şahynyň bolsa onuň patyşasydygyny aýdýar. Soňra Daniýel uly şahyň döwlüp, ýerine dört sany kiçiräk şahyň çykjagy barada ýazýar. Bu pygamberlik Gresiýa dünýä şalygy bolmazyndan birnäçe asyr öňünden aýdylsa-da, jikme-jik ýerine ýetdi. Isgender Zülkarneýin şol ullakan şah, sebäbi ol gadymy Gresiýanyň iň görnükli hökümdarydy we ol Midiýa-Pars şalygyna garşy söweşdi. Isgenderiň duýdansyz aradan çykmagy bilen, ullakan şah döwüldi. Şonda ol bary-ýogy 32 ýaşyndady we abraýly hökümdardy. Onuň deregine dört goşunbaşysy öz aralarynda patyşalygy paýlaşdylar (Daniýel 8:20—22-nji aýatlary okaň)d.
16. Antioh IV näme etdi?
16 Gresiýa Pars patyşalygyny basyp alyp, Hudaýyň halkynyň üstünden höküm sürüp başlady. Ýehudylar eýýäm watanyna dolanyp, Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurupdylar. Ysraýyllylar entegem Hudaýyň halkydy we şol ybadathana hakyky seždäniň merkezi hasaplaýardy. B. e. öň II asyrda janawaryň bäşinji kellesi Gresiýa Hudaýyň halkyna hüjüm etdi. Isgenderiň şalygynyň bir bölegini miras alan Antioh IV Iýerusalimdäki ybadathanada butparazlar üçin gurban berilýän ýeri gurup, ýehudy dinini gadagan etdi. Bu kanuny bozana ölüm jezasy berilýärdi. Şeýtanyň «tohumy» ýene-de Hudaýyň halkyna topuldy! Ýöne tizden Gresiýanyň deregine başga bir şalyk gelmelidi. Janawaryň altynjy kellesi kimi aňladýarka?
ALTYNJY KELLE, «ELHENÇ HEM GORKUNÇ» JANAWAR — RIM
17. Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine altynjy kelle nähili täsir etdi?
17 Ýahýa resul görnüş görende Rim dünýä şalygynda höküm sürýärdi (Ylh. 17:10). Altynjy kelle Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine güýçli täsir etdi. Şeýtan Rimiň wekillerini ulanyp, aýalyň «tohumynyň» dabanyndan çakdy. Rimliler Isany döwlete garşy gozgalaň turuzmakda aýyplap, oňa ölüm jezasyny berdiler (Mat. 27:26). Emma dabanyň ýarasy çalt bitdi, sebäbi Ýehowa Isany direltdi.
18. a) Ýehowa nähili täze halky saýlady we näme üçin? b) Ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny nädip dowam etdi?
18 Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Rim hökümdarlary bilen Isa garşy dil düwüşdiler. Ysraýyllylaryň köpüsi-de Isany kabul etmedi. Şol sebäpli Ýehowa tebigy Ysraýyldan ýüz öwrüp, indi olary öz halky hasaplamaýar (Mat. 23:38; Res. iş. 2:22, 23). Ol täze halky, «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlady (Gal. 3:26—29; 6:16). Ol halk ýehudy we özge milletli mesh edilen mesihçileriň ýygnagyndan ybarat (Efes. 2:11—18). Isanyň ölüminden we direlişinden soňam, ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny dowam etdi. Rim şalygy ençeme sapar aýalyň tohumyna degişli bolan mesihçiler ýygnagyny ýok etmäge synanyşdye.
19. a) Daniýel altynjy dünýä şalygyny nähili suratlandyrýar? b) Indiki makalada näme serediler?
19 Daniýeliň Nebukadnezara ýoran düýşündäki heýkeliň demir aýagy Rim şalygyny aňladýar (Dan. 2:33). Şeýle-de Daniýeliň gören görnüşinde diňe Rim şalygy däl-de, Rimden dörejek indiki dünýä şalygy hem suratlandyrylýar (Dan. 7:7, 8). Asyrlaryň dowamynda Rim «gorkunç, elhenç we örän güýçli» hasaplanýardy. Emma pygamberlige laýyklykda, bu şalykdan on şah ösüp çykýar, şahlaryň biri has-da tapawutlanýar. On şah we kiçiräk şah kimi aňladýar? Bu Nebukadnezaryň gören heýkeliniň haýsy bölegini aňladýar? Muňa indiki makalada serederis.
a Bu aýal Ýehowanyň gökdäki gullukçylaryndan ybarat guramasyny aňladýar (Iş. 54:1; Gal. 4:26; Ylh. 12:1, 2).
b Gelip çykyş 3:15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Onuň nesli seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
c Babyl şalygy Daniýeliň kitabynda heýkeliň kellesi we Ylham kitabynda janawaryň üçünji kellesi hökmünde suratlandyrylýar. 12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň.
d Daniýel 8:20 Seniň gören iki şahly goçyň, bu Midiýa hem-de Pars patyşalarydyr. 21 Tüýlek teke bolsa — Gresiýanyň patyşasy, onuň iki gözüniň ortarasyndaky uly şah bolsa — onuň birinji patyşasy; 22 ol döwüldi we onuň ýerine beýleki dördüsi çykdy: ýagny ol halkdan dört patyşalyk aýaga galar, emma güýji onuňkyça bolmaz.
e Rimliler b. e. 70 ýylynda Iýerusalimi weýran etseler-de, munuň bilen Gelip çykyş 3:15 ýerine ýetmeýär. Şol wagt tebigy ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky hasaplanmaýardy.
-
-
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýärGarawul diňi — 2012 | 15 iýun
-
-
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
«Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr» (YLH. 1:1).
1, 2. a) Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliginden näme öwrenýäris? b) Janawaryň ilkinji alty kellesi näme aňladýar?
DANIÝEL PYGAMBERIŇ we Ýahýa resulyň pygamberliklerini deňeşdirip, biz dünýäde bolýan we boljak wakalara düşünýäris. Eýsem, biz Ýahýanyň janawar baradaky, Daniýeliň on şahly wagşy haýwan hakdaky görnüşinden we Nebukadnezaryň ägirt heýkel baradaky düýşünden näme öwrenip bileris? Şol pygamberlikler bizi nämä höweslendirmeli?
2 Geliň, Ýahýanyň gören janawary hakda gürrüň edeliň (Ylhamyň 13-nji baby). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, janawaryň ilkinji alty kellesi Müsüri, Assiriýany, Babyly, Midiýa-Pars patyşalygyny, Gresiýany we Rimi aňladýar. Bu dünýä şalyklarynyň hemmesi aýalyň neslini ýigrendiler (Gel. çyk. 3:15). Ýahýa görnüşi gören wagty Rim dünýä şalygydy we ýüzlerçe ýyllap höküm sürdi. Wagtyň geçmegi bilen, Rimiň, ýagny altynjy kelläniň ýerini ýedinji kelle tutmalydy. Bu dünýä şalygy kimkä we ol aýalyň nesline nähili garar?
BRITANIÝA WE ABŞ AÝAGA GALÝAR
3. On şahly wagşy haýwan kim we onuň on şahy näme aňladýar?
3 Ylhamyň 13-nji babyndaky janawaryň kimdigini bilmek üçin Ýahýanyň görnüşini Daniýeliň on şahly wagşy haýwan baradaky görnüşi bilen deňeşdirmelia (Daniýel 7:7-ni okaň)b. Daniýeliň gören wagşy haýwany Rim dünýä şalygyny aňladýar (12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň). B. e. V asyrynda Rim şalygy kiçi patyşalyklara bölnüp başlady. Daniýeliň gören wagşy haýwanynyň on şahy Rim şalygyndan dörän patyşalyklary aňladýar.
4, 5. a) «Kiçiräk şah» näme aňladýar? b) Janawaryň ýedinji kellesi näme?
4 Wagşy haýwanyň kellesinde çykan dört şah, ýagny patyşalyk barada aýratyn agzalýar. Soňra başga bir «kiçiräk şah» üç şahy gysyp çykarýar. Bu pygamberlik Rim şalygynyň daşky welaýaty Britaniýa güýjäp başlanda ýerine ýetdi. XVII asyra çenli Britaniýa onçakly güýçli däldi. Rim şalygynyň beýleki üç bölegi — Ispaniýa, Niderlandlar we Fransiýa — has güýçlüdi. Britaniýa olary birin-birin gysyp çykardy, ýagny abraýdan gaçyrdy. XVIII asyryň ortalarynda Britaniýa gitdigiçe güýjäp başlaýar. Ýöne ol entek janawaryň ýedinji kellesi däldi.
5 Britaniýa güýjese-de, onuň Demirgazyk Amerikadaky koloniýalary garaşsyzlygyny yglan edýär. Britaniýa ABŞ-nyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň) güýçli döwlet bolmagyna päsgel bermedi, gaýtam, ony deňiz goşuny bilen gorady. 1914-nji ýylda Rebbiň güni başlanda, Britaniýa taryhda iň uly şalykdy, ABŞ bolsa senagatda iň ösen ýurtdyc. Birinji Jahan urşunyň dowamynda ABŞ we Britaniýa ýakyn hyzmatdaşlyk etdiler. Netijede, olar Iňlis-Amerikan dünýä şalygyna öwrüldi. Bu dünýä şalygy janawaryň ýedinji kellesi boldy. Eýsem, janawaryň ýedinji kellesi aýalyň nesline nähili garaýardy?
6. Ýedinji kelle Hudaýyň halkyna nähili garaýardy?
6 Rebbiň güni başlan badyna ýedinji kelle Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihiň ýerdäki doganlaryna topulyp başlady (Mat. 25:40). Isa nesliň ýerdäki galyndysynyň Rebbiň gününde işeňňir hereket etjekdigini aýtdy (Mat. 24:45—47; Gal. 3:26—29). Iňlis-Amerikan dünýä şalygy «mukaddeslere», ýagny Mesihiň doganlaryna garşy urşup başlady (Ylh. 13:3, 7). Ol Birinji Jahan urşy döwründe Hudaýyň halkyna azar berip, käbir edebiýatlaryny gadagan etdi we sadyk hyzmatkäriň wekillerini türmä basdy. Ýedinji kelle biraz wagtlyk wagyz işini düýbünden diýen ýaly duruzdy. Emma aýalyň neslinden bolan mukaddesleriň bedenine ýaşaýyş demi girip, aýak üstüne galjagyny Hudaý aýdypdy. Diýmek, olar wagyz işine täzeden başlamalydylar (Ylh. 11:3, 7—11). Ýehowanyň gullukçylarynyň häzirki zaman taryhy munuň şeýle-de bolandygyny tassyklaýar.
IŇLIS-AMERIKAN DÜNÝÄ ŞALYGY HEM-DE DEMIR WE TOÝUN GARYLAN DABAN
7. Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar?
7 Janawaryň ýedinji kellesi bilen ägirt heýkeliň näme baglanyşygy bar? Britaniýa hem-de ABŞ Rim şalygyndan döredi. Heýkeliň dabany barada näme diýip bolar? Heýkeliň dabany demirden we toýundan ybarat (Daniýel 2:41-i okaň)d. Bu janawaryň ýedinji kellesiniň — Iňlis-Amerikan şalygynyň — agalyk edip başlan döwrüne gabat gelýär. Toýun gatyşykly demriň arassa demirden gowşak bolşy ýaly, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy hem Rim şalygyndan gowşakdyr. Munuň sebäbi näme?
8, 9. a) Ýedinji dünýä şalygy nädip demir ýaly berk güýjüni görkezdi? b) Heýkeliň toýun dabany näme aňladýar?
8 Janawaryň ýedinji kellesi käte özüni demir häsiýetli alyp barýar. Meselem, ol Birinji Jahan urşunda ýeňiş gazanyp, güýjüni görkezdi. Ikinji Jahan urşy döwründe-de onuň «demir» ýaly berk güýji göründie. Şol uruşdan soňra-da ýedinji kelle käte demir häsiýetlerini görkezýär. Emma Iňlis-Amerikan şalygy peýda bolanda eýýäm toýun bilen demir garyşykdy.
9 Ýehowanyň gullukçylary heýkeliň dabanynyň manysyna köpden bäri düşünmäge çalyşýarlar. Daniýel 2:41-den görnüşi ýaly, toýun gatyşykly demir daban köp patyşalyklary däl-de, bir «patyşalygy» aňladýar. Toýun Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň tabynlygynda ýaşaýan adamlary aňladýar. Olar bu dünýä şalygyny Rim şalygyny aňladýan «arassa demirden» gowşak edýär. Şonuň üçin toýna «ynsan nesli», ýagny sada halk diýilýär (Dan. 2:43). Iňlis-Amerikan dünýä şalygynda ýaşaýan adamlar raýatlaryň we işgärleriň hukugyny goraýan guramalary, bileleşikleri hem-de garaşsyzlyk ugrunda hereketleri döredip, hak-hukuklary üçin göreşýärler. Sada halk ony özüni demir ýaly berk alyp barmakdan saklaýar. Hatda meşhur syýasatçylar hem saýlawlarda ýeterlik ses alyp bilmän, garşydaşlarynyň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar, şol sebäpli-de olarda öz syýasatyny ýöretmäge ýeterlik ygtyýary ýok. Daniýel: «Patyşalyk käte güýçli, käte gowşak bolar» diýip, öňünden aýdypdy (Dan. 2:42; 2 Tim. 3:1—3).
10, 11. a) «Dabana» gelejekde näme bolar? b) Barmak sanlarynyň ähmiýeti barmy?
10 XXI asyrda-da Britaniýa we ABŞ dünýä işlerine köplenç bilelikde gatnaşyp, ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Olar pygamberlikdäki ägirt heýkeliň iň soňky bölegi, ýagny dabany we janawaryň iň soňky ýedinji kellesi. Bu bolsa Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň ýerine başga bir dünýä şalygynyň peýda bolmajakdygyny aňladýar. Hatda demir aýagy aňladýan Rimden ejizräk bolsa-da, ol öz-özünden dargamaz.
11 Heýkeliň aýagyndaky barmaklaryň sany hem bir zady aňladýarmyka? Daniýel beýleki görnüşlerinde sanlara üns berýär. Mysal üçin, wagşy haýwanyň kellesindäki şahlaryň sany agzalýar. Ýöne Daniýel heýkeliň näçe barmagynyň bardygyny aýtmaýar. Diýmek, heýkeliň barmak sany hiç hili many aňlatmaýar. Şeýle-de heýkeliň näçe eli ýa aýagy bardygy hem aýdylmaýar. Daniýel diňe heýkeliň barmaklarynyň demirden hem toýundandygyny aýdyp geçýär. Şeýlelikde, dünýäde Iňlis-Amerikan şalygy höküm sürýärkä, Hudaýyň Patyşalygyny aňladýan «daş» heýkeliň dabanyna urar (Dan. 2:45).
IŇLIS-AMERIKAN ŞALYGY WE IKI ŞAHLY JANAWAR
12, 13. Iki şahly janawar näme aňladýar we ol näme edýär?
12 Iňlis-Amerikan dünýä şalygy demirden we toýundan ybarat bolsa-da, Isanyň Ýahýa beren görnüşine laýyklykda, soňky günlerde bu şalygyň ähmiýeti uly bolar. Ýahýa iki şahly janawaryň aždarha ýaly ses edýändigini görýär. Ol janawar kimi aňladýarka? Onuň iki şahy bar, diýmek, iki güýji aňladýar. Şeýlelikde, Ýahýa ýene-de Iňlis-Amerikan dünýä şalygyny görýär, ýöne ol indi başga bir üýtgeşik zady edýär (Ylham 13:11—15-nji aýatlary okaň).
13 Bu janawar adamlara öňki janawaryň butuny ýasadýar. Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty «bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler». Britaniýanyň we ABŞ-nyň döreden guramasyna hut şeýle hem boldy. Ol gurama dünýä döwletlerini birleşdirip, olara wekilçilik etmelidif. Bu gurama Birinji Jahan urşundan soň döredilip, Milletler Ligasy diýen ady aldy. Ol Ikinji Jahan urşunyň başlamagy bilen dargady. Uruş döwürleri Hudaýyň halky Ylham kitabyna esaslanyp, janawaryň butunyň ýene-de peýda boljagyny yglan etdiler. Ol, hakykatdan-da, peýda boldy — Birleşen Milletler Guramasy döredildi (Ylh. 17:8).
14. Janawaryň butuna näme üçin patyşalaryň «sekizinjisi» diýilýär?
14 Ýahýanyň aýtmagyna görä, janawaryň buty patyşalaryň «sekizinjisidir». Näme üçin? Ol başdaky janawaryň sekizinji kellesi däl-de, ol şol janawaryň buty. Şol buta erk-ygtyýary Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary, esasanam, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy berýär (Ylh. 17:10, 11). Ol edil patyşa ýaly hereket edip, özüne berlen ygtyýar esasynda bütin dünýäni üýtgetjek bir zady eder.
JANAWARYŇ BUTY KEMÇINI ÝOK EDÝÄR
15, 16. Kemçin aýal nämäni aňladýar? Häzir adamlar dine nähili garaýar?
15 Ýahýanyň aýtmagyna görä, gyzyl janawaryň, ýagny ýedi kelleli janawaryň butunyň üstünde bir aýal oturyp, oňa diýenini etdirýär. Oňa «Beýik Babyl» diýen at berlipdir (Ylh. 17:1—6). Ol kemçin aýal ähli ýalan dinleri aňladýar. Hristian dünýäsiniň dinleri bolsa Beýik Babylyň esasy bölegidir. Ýalan dinler janawaryň butuny, ýagny Birleşen Milletler Guramasyny aç-açan goldaýarlar we oňa täsir etmäge çalyşýarlar.
16 Beýik Babylyň suwlaryň üstünde oturandygy aýdylýar. Şol suwlar ony goldaýan adamlary aňladýar. Emma Rebbiň gününde adamlar Beýik Babyly öňküsi ýaly goldamaýarlar. Şonuň üçin «derýanyň suwlary gurady» diýilýär (Ylh. 16:12; 17:15). Meselem, janawaryň buty ilki-ilki peýda bolanda, hristian dinleri günbatar ýurtlarynda örän abraýlydy. Häzir bolsa köp adamlar şol dinleri onçakly sylanok. Köpleriň pikirine görä, dünýädäki kynçylyklar, esasan, din sebäpli döreýär. Başgalar bolsa dinleriň adamzat jemgyýetine asla täsir etmegini islemeýär.
17. Tizden ýalan dine näme bolar we näme üçin?
17 Emma ýalan din öz-özünden ýok bolmaz. Hudaý patyşalaryň ýüregine kemçini ýok etmek islegini guýýança, kemçin aýal hökümdarlara öz islegini etdirmäge çalşar we güýç-kuwwatyny ýitirmez (Ylham 17:16, 17-nji aýatlary okaň). Tizden Ýehowa Şeýtanyň dünýäsiniň syýasy ýolbaşçylaryny — BMG-ni — ýalan dine topulmaga höweslendirer. Kemçin aýal indi patyşalara täsir edip bilmez we baýlygyndan mahrum bolar. Beýle zat bolar diýip, bary-ýogy birnäçe on ýyl öňräk aýtmak kyndy. Häzir bolsa kemçin aýal gyzyl janawaryň arkasynda zordan ýapyşyp otyr. Şonda-da ol kem-kemden sypyrylyp düşmez. Ol birdenkä rehimsiz ýok ediler (Ylh. 18:7, 8, 15—19).
JANAWARLAR ÝOK EDILÝÄR
18. a) Janawar näme eder we netijesi näme bolar? b) Daniýel 2:44-e laýyklykda, Hudaýyň Patyşalygy haýsy patyşalyklary ýok eder? (17-nji sahypadaky çarçuwa serediň).
18 Ýalan din ýok edilenden soňra, janawar we Şeýtanyň ýerdäki hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna hüjüm eder. Olar göge ýetip bilmez, şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan adamlara topular. Netijede, olar Hudaýa garşy soňky urşa çykarlar (Ylh. 16:13—16; 17:12—14). Daniýel soňky söweş barada käbir zatlary aýdýar (Daniýel 2:44-i okaň)g. Ylham 13:1-de agzalýan janawar, onuň buty we iki şahly janawar ýok ediler.
19. Nämeler hökman bolar we häzir näme etmegiň wagty?
19 Biz janawaryň ýedinji kellesiniň döwründe ýaşaýarys. Ol ýok edilýänçä başga kelle peýda bolmaz. Ýalan din ýok edilen mahaly, Iňlis-Amerikan şalygy dünýäde höküm sürer. Daniýeliň we Ýahýanyň aýdan pygamberlikleri jikme-jik ýerine ýetdi. Tizden ýalan din hökman ýok ediler we Armageddon urşy başlar. Bu zatlary Hudaý bize öňünden aýdýar. Eýsem, biz şol pygamberliklere gulak asýarysmy? (2 Pet. 1:19). Häzir Ýehowanyň tarapyna geçip, gökdäki Patyşalygyny goldamagyň tüýs wagtydyr! (Ylh. 14:6, 7).
a Mukaddes Ýazgylarda onluk san köplenç bir zadyň dolulygyny aňladýar. Şu aýatda bolsa, Rim şalygynyň dargamagy bilen dörän ähli patyşalyklary aňladýar.
b Daniýel 7:7 Soňra gijeki görnüşlerde elhenç hem gorkunç örän güýçli dördünji janawary gördüm. Onuň ullakan demir dişleri bardy. Ol ähli zady lak-luk atýardy we parça-parça edýärdi, galanyny bolsa aýagy bilen depeleýärdi. Ol öňki janawarlardan tapawutlanýardy we on şahy bardy.
c Britaniýa şalygy-da, ABŞ-da XVIII asyrdan bäri bardy. Ýöne Ýahýanyň gören görnüşine laýyklykda, olar Rebbiň gününiň başynda bir dünýä şalygy bolmalydy. Ylham kitabynda ýazylan görnüşler «Rebbiň gününde» ýerine ýetýär (Ylh. 1:10). Britaniýa we ABŞ diňe Birinji Jahan urşunyň dowamynda bilelikde dünýä şalygy hökmünde hereket edip başlady.
d Daniýel 2:41 Sen dabanyň we barmaklaryň az-kem toýundan, az-kem demirdendigini gördüň, ol hem şeýle bölünen patyşalyk bolar. Ýöne çyg toýun demir gatyşyklydyr, şoňa görä, onda biraz demriň berkligi bolar.
e Daniýel bu patyşanyň şol uruşda etjek elhenç heläkçiligi barada öňünden aýdýar: «Ol üýtgeşik (gorkunç) heläkçilik eder» (Dan. 8:24). Meselem, ABŞ öz duşmanyna atom bombasyny zyňyp, elhenç heläkçilik döretdi.
f «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» atly kitaba (rusça, sah. 240, 241, 253) serediň.
g Daniýel 2:44 Şol patyşalyklaryň günlerinde gökdäki Hudaý bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka berilmez. Ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar.
[17-nji sahypadaky çarçuwa]
«OL PATYŞALYKLARYŇ ÄHLISI» KIMLERI AŇLADÝAR?
Daniýel 2:44-däki pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy «ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder» diýilýär. Bu pygamberlikde diňe heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar göz öňünde tutulýar.
Daniýel 2:44-de beýleki patyşalyklara näme boljagy barada aýdylmaýar. Emma bu babatda Ylham kitabyndaky pygamberlikde köpräk aýdylýar. Şol pygamberlige görä, «bütin dünýäniň patyşalary» «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde» Ýehowa garşy söweşmek üçin üýşerler (Ylh. 16:14; 19:19—21). Diýmek, Armageddon urşunda diňe bir heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar däl-de, eýsem, ähli ynsan hökümetleri ýok ediler.
-
-
Sekiz patyşa aýan boldyGarawul diňi — 2012 | 15 iýun
-
-
Sekiz patyşa aýan boldy
Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliklerinde sekiz patyşa, ýagny ynsan hökümdarlygy we olaryň nähili yzygiderlikde peýda boljagy barada aýdylýar. Ýöne şol pygamberliklere düşünmek üçin, Mukaddes Ýazgylarda ýazylan ilkinji pygamberlige düşünmeli.
Asyrlaryň dowamynda Şeýtan dürli hökümetleri, ýagny patyşalyklary döretdi (Luka 4:5, 6). Şol hökümetleriň diňe käbiri Hudaýyň halkyna, ýagny Ysraýyl halkyna ýa-da mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna gös-göni azar berdi. Şol sebäpli-de Daniýele we Ýahýa berlen pygamberliklerde diňe sekiz patyşalyk hakynda aýdylýar.
[12-nji sahypadaky shema/suratlar]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
DANIÝEL KITABYNDAKY YLHAM KITABYNDAKY
PYGAMBERLIKLER PYGAMBERLIKLER
1. Müsür
2. Assiriýa
3. Babyl
4. Midiýa-Pars patyşalygy
5. Gresiýa
6. Rim
7. Britaniýa we ABŞa
8. Milletler ligasy we BMGb
HUDAÝYŇ HALKY
B. E. ÖŇ 2000 ý.
Ybraýym
1500
Ysraýyl halky
1000
Daniýel 500
B. E. ÖŇ/B. E.
Ýahýa
Hudaýyň Ysraýyly 500
1000
1500
B. E. 2000
a Döwrüň soňunda iki patyşa-da höküm sürýär. 19-njy sahypa serediň.
b Döwrüň soňunda iki patyşa-da höküm sürýär. 19-njy sahypa serediň.
[Suratlar]
Äpet heýkel (Dan. 2:31—45)
Deňizden çykan dört janawar (Dan. 7:3—8, 17, 25)
Goç we teke (Dan., bap 8)
Ýedi başly janawar (Ylh. 13:1—10, 16—18)
Iki şahly janawar öňki janawaryň butuny ýasadýar (Ylh. 13:11—15)
[Awtor barada maglumat]
Suratlar: Egypt and Rome: Photograph taken by courtesy of the British Museum; Medo-Persia: Musée du Louvre, Paris
-