141-NJI AÝDYM
Täsin ýaşaýyş
Çap edilen görnüşi
	- 1. Her bir täze gün, her suw damjasy, - Şöhle saçýan Günüň dogup ýaşmasy, - Ählisi Ýahyň eliniň işi, - Şeýle gözel durmuş Hudaýyň peşgeşi. - GAÝTALAMA: - Ýaşaýyş täsindir, mydam gymmat saý, - Her pursatdan lezzet alyp Ýaradany söý. - Hiç wagt güýjüň bilen gazanmarsyň aňsat, - Täsin ýaşaýşyňy hak Hudaý beripdir. 
- 2. Durmuşdan ýadap, köpler gam çekýär, - Halys gowşap, dileýär ölümini. - Emma durmuşda gymmat her pursat, - Alla minnetdar bolup aýdalyň şöhrat. - GAÝTALAMA: - Ýaşaýyş täsindir, mydam gymmat saý, - Her pursatdan lezzet alyp ýakynyňy söý. - Hiç wagt güýjüň bilen gazanmarsyň aňsat, - Täsin ýaşaýşyňy hak Hudaý beripdir. 
(Serediň: Eýp. 2:9; Zeb. 34:12; Nes. 8:15; Mat. 22:37—40; Rim. 6:23)