Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w21 Iýun sah. 31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2017/2018 Etrap kongresiniň meýilnamasy — Beýteliň wekiliniň gatnaşmagynda
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
w21 Iýun sah. 31

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resulyň «men kanuna eýerip, kanun üçin öldüm» diýen sözleri nämäni aňladýar? (Gal. 2:19).

Pawlus resul.

Pawlus resul: «Men kanuna eýerip, kanun üçin öldüm, ýöne Hudaý üçin direldim» diýip ýazýar (Gal. 2:19).

Pawlus şu sözleri Rimiň Galatýa şäherinde ýaşaýan dogan-uýalara ýazypdy. Pawlus olara wajyp bir taglymaty düşündirjek bolýardy. Käbir mesihçiler ýalan taglymatlary öwredýärdi. Olar halas bolmak üçin Musanyň kanunyna eýerip, sünnetlenmeli diýýärdiler. Pawlus bolsa Hudaýyň indi sünnetlenmegi talap etmeýändigini bilýärdi. Ol ýalan taglymatlary paş etmek üçin ygtybarly deliller getirdi. Pawlus resul halas bolmak üçin Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etmelidigini düşündirdi (Gal. 2:4; 5:2).

Mukaddes Kitapda adam ölensoň, hiç zady bilmeýändigi we hiç zady duýmaýandygy aýdylýar (Nes. 9:5). Pawlus resul «kanun üçin öldüm» diýende, Musanyň kanunyny berjaý etmäge borçly däldigini we ondan azat bolandygyny aýtjak boldy. Şeýle-de ol töleg gurbanyna iman edip, «Hudaý üçin direlendigini» aýtdy.

Pawlus resul: «Adam kanuny berjaý edip däl-de, Isa Mesihe iman edip dogruçyl hasaplanýar» diýdi (Gal. 2:16). Ýöne Kanun hem wajyp bir işi ýerine ýetirmelidi. Pawlus muny galatýalylara şeýle düşündirýär: «Wada gowuşjak nesil gelýänçä, ol adamlaryň günälerini ýüze çykarmalydy» (Gal. 3:19). Musanyň kanuny günäli hem bikämil adamlaryň kanuny doly ýerine ýetirip bilmejekdigini we kämil adamyň töleg gurbanyna mätäçdigini subut etdi. Kanun wada edilen «nesil», ýagny Mesih gelýänçä, adamlaryň günäsini ýüze çykardy. Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýän adam Hudaýyň öňünde dogruçyl hasaplanýar (Gal. 3:24). Pawlus resul Musanyň kanunyna eýerendigi üçin, Isa Mesihiň töleg gurbanyna mätäçdigine has gowy düşündi we oňa iman etdi. Şondan soňra Pawlus «kanun üçin öldi... Hudaý üçin direldi». Indi Pawlus kanuna däl-de, Allatagala tabyn bolýardy.

Pawlus rimlilere ýazan hatynda hem şol pikiri nygtap geçdi. Ol şeýle diýdi: «Doganlarym, siz hem Mesihiň bedeni arkaly Kanun üçin öldüňiz... Emma biz Töwratdan azat edildik we tussaglykda saklaýan kanun üçin öldük» (Rim. 7:4, 6, çykgyt). Pawlusyň Galatýalylar 2:19-daky sözleri onuň günä edip, Kanun arkaly ölüme höküm edilendigini aňlatmaýar. Gaýtam Pawlus özüniň we ähli adamlaryň Kanunyň gulçulygyndan azat bolandygyny aýdýar. Sebäbi olar Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş