Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isany Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isany höküm etmek üçin Pilatusyň öňüne eltýärler

      127-NJI BAP

      Isa Sinedrionyň, soňra Pilatusyň öňüne getirilýär

      MATTA 27:1—11; MARKUS 15:1; LUKA 22:66—23:3; ÝAHÝA 18:28—35

      • ISANY IR BILEN SINEDRIONYŇ ÖŇÜNE GETIRÝÄRLER

      • IUDA ISKARIOT ÖZÜNI ASJAK BOLÝAR

      • ISANY HÖKÜM ETMEK ÜÇIN PILATUSYŇ ÖŇÜNE ELTÝÄRLER

      Petrus Isadan üçünji gezek dänende, daň atyp barýardy. Sinedrionyň agzalary Isany ýaňsylap, üstünden gülüp bolansoň dargaşýarlar. Olar gije bikanun eden işleriniň üstüni ýapyp, ony kanunlaşdyrmak üçin, anna güni irden ýene-de ýygnanyşýarlar. Isa ýene-de olaryň öňüne getirilýär.

      Kazyýet ondan: «Eger sen Mesih bolsaň, bize aýt» diýip, gaýtadan soraýar. Isa olara: «Men size aýtsam-da, siz asla ynanmarsyňyz. Eger sizden sorasam-da, jogap bermersiňiz» diýýär. Emma soňra ol Danyýel 7:13-däki pygamberligi getirip, özüniň kimdigini aç-açan aýdýar: «Mundan beýläk Ynsan ogly Gudratygüýçli Hudaýyň sag tarapynda oturar» (Luka 22:67—69; Matta 26:63).

      Olar Isadan: «Diýmek, sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip, şol özüniňkini tutduryp durlar. Isa: «Muny siziň özüňiz aýdýarsyňyz» diýip jogap berýär. Bu sözlerden soň olar Isany Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde öldürilmäge mynasyp hasaplaýarlar. Olar: «Bize başga delil nämä gerek?» diýýärler (Luka 22:70, 71; Markus 14:64). Şeýdip, Isanyň ellerini daňýarlar-da, Rim hökümdary Pontius Pilatusyň ýanyna äkidýärler.

      Iuda Iskariot Isany Pilatusyň ýanyna alyp barýanlaryny gören bolmaly. Ol Isanyň höküm edilişini görüp, edenine ökünýär we özüni çykgynsyz ýagdaýa düşen ýaly duýýar. Emma Hudaýyň öňünde ýürekden toba etmäge derek, gidýär-de, 30 kümüş teňňäni yzyna berýär. Ol uly ruhanylara: «Men günä etdim. Bigünä adamy satyp, ganyna galdym» diýýär. Olar biperwaýlyk bilen: «Bize näme? Bu seniň öz işiň!» diýip, jogap berýärler (Matta 27:4).

      Iuda 30 kümüş teňňäni ybadathana taşlaýar-da, gidip, janyna kast edýär. Ol özüni asjak bolanda, agajyň şahasy döwlen bolmaly. Ol aşak gaçanda, garny ýarylyp, içegeleri daşyna çykýar (Resullaryň işleri 1:17, 18).

      Isa Pontius Pilatusyň öňüne getirilende, heniz günortanam bolmandy. Ýehudylar içerik girmeýärler. Olar özge milletli adamlar bilen galtaşyp, özlerini hapalamak islemeýärdiler. Ýogsam, olar 15-nji nisan güni taýýarlanjak nahardan iýip bilmezdiler. Sebäbi ol Pasha baýramyna degişli bolup, Hamyrmaýasyz çörek baýramynyň birinji güni hasaplanýardy.

      Pilatus çykyp, olardan: «Bu adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip soraýar. Olar: «Eger ol jenaýatçy bolmadyk bolsa, ony seniň eliňe bermezdik» diýip jogap berýärler. Pilatus olar aýdanyny etdirjek bolýandyrlar öýdüp düşünýär. Şonuň üçin ol: «Ony alyň-da, kanunyňyza görä, özüňiz höküm çykaryň» diýýär. Olar: «Bize adamy jezalandyrmaga rugsat berilmeýär» diýip, Isanyň öldürilmegini isleýändigini görkezýärler (Ýahýa 18:29—31).

      Aslynda, olar Isany Pasha güni öldürseler, halkyň gozgalaň turuzjakdygyny bilýärdiler. Emma syýasy bahana bilen rimlilere höküm etdirseler, onda halk olary jogapkärçilige çekip bilmezdi.

      Dini ýolbaşçylar Pilatusa Isanyň Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde ýazgarylýandygyny aýtmaýarlar. Olar başga hilä ýüz urýarlar; Isany üç zatda aýyplap, şeýle diýýärler: «Bu adam (1) halkymyzy azdyryp, (2) patyşa salgyt tölemegi gadagan edýär, (3) özüne bolsa Mesih patyşa diýýär» (Luka 23:2).

      Pilatus Rimiň wekili hökmünde Isanyň özüni patyşa diýip yglan edýändigini eşidende, biynjalyk bolup başlaýar. Ol täzeden köşge girip, Isany ýanyna çagyrdýar-da, ondan: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip soraýar. Başgaça aýdanyňda, «Sen özüňi patyşa diýip yglan etmek bilen, Rim hökümetiniň kanunyny bozup, patyşa garşy çykýarmyň?» diýýär. Belki-de, Isa eýýäm Pilatusyň şonça zatlary eşidip ýetişendigini göz öňünde tutup: «Sen muny özüň soraýarmyň ýa-da başgalaryň diýeni üçin?» diýýär (Ýahýa 18:33, 34).

      Ol Isa hakda hiç zat bilmeýändigini aýtsa-da, onuň bilen gyzyklanýandygyny görkezip: «Men näme, ýehudymy? Öz halkyň we uly ruhanylar seni meniň elime tabşyrdylar. Sen näme iş etdiň?» diýip soraýar (Ýahýa 18:35).

      Isa patyşalyk baradaky esasy meseleden gaçjak bolmaýar. Pilatus hökümdar hem muňa diýseň geň galýar.

      GANLY MEÝDAN

      Isany höküm etmek üçin Pilatusyň öňüne eltýärler

      Uly ruhanylar Iudanyň ybadathana zyňyp giden kümüş teňňelerini näme etjeklerini bilmeýärler. Olar: «Muny ybadathananyň hazynasyna atmak nädogry bolar, sebäbi ol dökülen ganyň bahasydyr» diýýärler. Şeýdip, olar bu pula gelmişekleri jaýlamak üçin küýzegäriň ýerini satyn alýarlar. Şonuň üçin oňa «Ganly meýdan» diýip at berilýär (Matta 27:6—8).

      • Sinedrionyň agzalary näme üçin irden ýene-de ýygnanyşýar?

      • Iuda nädip ölýär we 30 kümüş puly näme edýärler?

      • Pilatus Isany ölüme höküm eder ýaly, ýehudylar ony nämede aýyplaýarlar?

  • Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Hirodes we onuň esgerleri Isany kemsidýärler

      128-NJI BAP

      Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar

      MATTA 27:12—14, 18, 19; MARKUS 15:2—5; LUKA 23:4—16; ÝAHÝA 18:36—38

      • ISANYŇ IŞINI PILATUS HEM, HIRODES HEM DERŇEÝÄR

      Isa patyşadygyny Pilatusdan gizlemeýär. Onuň Patyşalygy Rim hökümetine howp salmaýardy. Ol muny şeýle düşündirýär: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Patyşalygym şu dünýäden bolan bolsady, onda şägirtlerim meni ýehudylaryň eline bermejek bolup göreşerdiler. Ýöne patyşalygym bu ýerden däl» (Ýahýa 18:36). Hawa, Isanyň Patyşalygy bu dünýäden däl.

      Pilatus bu meseläniň anygyna ýetjek bolýar. Ol Isadan: «Diýmek, sen patyşa-da?» diýip soraýar. Isa onuň dogry netije çykarandygyny aýdyp, şeýle diýýär: «Meniň patyşadygymy seniň özüň aýdýarsyň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her kes aýdýanlaryma gulak asýar» (Ýahýa 18:37).

      Isa öň Tomasa: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn» diýipdi. Häzir bolsa Pilatus hem Isanyň ýer ýüzüne «hakykata», esasan-da, Patyşalyk baradaky hakykata güwälik etmek üçin gelendigini eşidýär. Isa hakykatyň tarapynda durmak üçin janyndan geçmäge-de taýyndy. Pilatus ondan: «Hakykat diýýäniň näme?» diýip sorasa-da, onuň jogabyna garaşmaýar. Sebäbi ol karar çykarar ýaly, eşiden zatlary ýeterlikdir öýdýär (Ýahýa 14:6; 18:38).

      Pilatus köşgüň agzynda garaşyp duran märekäniň ýanyna dolanyp barýar. Ol uly ruhanylara we ýanyndakylara: «Men bu adamda hiç hili ýazyk tapmadym» diýende, Isa onuň ýanynda duran bolmaly. Onuň çykaran kararyna märekäniň gahary gelýär. Olar öz diýenlerini tutduryp: «Ol tutuş Ýahudada, hatda Jelileden başlap şu ýere çenli adamlara hökümete tabyn bolmazlygy öwredýär» diýýärler (Luka 23:4, 5).

      Ýehudylaryň akylsyz hereketi Pilatusy haýran galdyrandyr. Uly ruhanylaryň we ýaşulularyň gygyryşyny görüp, ol Isadan: «Saňa garşy aýdylýan zatlary eşitmeýärmiň?» diýip soraýar (Matta 27:13). Isa oňa jogap berjegem bolmaýar. Halk özüni ýüpden boşan it ýaly alyp barýardy, Isanyň bolsa arkaýyn duranyny görüp, Pilatus hasam geň galýar.

      Ýehudylar Isanyň «Jelileden başlap» wagyz edendigini aýdanda, Pilatus onuň jelilelidigini bilýär. Bu oňa Isany höküm etmek jogapkärçiliginden el çekmäge mümkinçilik berýärdi. Jelilä Hirodes Antipas hökümdarlyk edýärdi we şol günler Pasha baýramçylygy bolansoň, ol Iýerusalimdedi. Şonda Pilatus Isany Hirodesiň ýanyna iberýär. Ol suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini aldyran Hirodesdi. Isanyň gudrat görkezýändigini eşidende, ol oňa ölümden direlen Ýahýadyr öýdüpdi (Luka 9:7—9).

      Hirodes Isany görüp biljekdigine juda begenýär. Ýöne onuň Isa kömek etmek ýa-da oňa näme esasynda gara ýöňkelýändigini bilmek maksady ýokdy. Hirodes «onuň görkezýän gudratlaryny görmegi umyt edýärdi» (Luka 23:8). Emma Isa onuň bilesigelijiligini kanagatlandyrmaýar. Aslynda, ol Hirodesiň bir soragyna-da jogap bermeýär. Garaşanlary bolmansoň, Hirodes we onuň esgerleri Isany «kemsidýärler» (Luka 23:11). Olar Isanyň egnine gymmatbaha don geýdirip, üstünden gülýärler. Soňra Hirodes Isany yzyna Pilatusyň ýanyna iberýär. Hirodes bilen Pilatus öň duşman bolsalar-da, şol gün gowy dostlaşýarlar.

      Isany yzyna getirenlerinde, Pilatus uly ruhanylary, ýehudy ýolbaşçylary we halky ýygnap, şeýle diýýär: «Siz bu adamy halky azdyrýar diýip ýanyma getirdiňiz. Ine, men ony siziň öňüňizde sorag etdim, ýöne siziň oňa ýöňkeýän zatlaryňyzda hiç hili günäsi ýok eken. Hirodes hem onda hiç hili ýazyk tapmandyr, şol sebäpli ony yzyna, biziň ýanymyza iberipdir. Görşüňiz ýaly, ol ölüme mynasyp iş etmändir. Şeýlelikde, men oňa temmi berip, boşadyp goýberjek» (Luka 23:14—16).

      Pilatus Isany boşatmak isleýärdi, sebäbi ruhanylaryň görüpçilik edip, ony tabşyrandyklaryny bilýärdi. Şondan soňky bolan waka onuň islegini has-da artdyrýar. Ol kazyýet kürsüsinde otyrka, aýalyndan: «Bu dogruçyl adama hiç zat edäýme, sebäbi men şu gije ol zerarly gorkunç düýş gördüm» diýen habar gelýär (Matta 27:19).

      Eýsem, Pilatus bigünä adamy boşadyp bilermikä?

      • Isa Patyşalyk baradaky «hakykaty» nädip gürrüň berýär?

      • Pilatus Isa barada nähili netijä gelýär, halk muňa nähili garaýar we Pilatus näme edýär?

      • Hirodes näme üçin Isany görüp biljekdigine begenýär we ol Isany näme edýär?

      • Pilatus näme üçin Isany boşatmak isleýär?

  • «Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Pilatus Isany boşatmak isleýär

      129-NJY BAP

      «Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»

      MATTA 27:15—17, 20—30; MARKUS 15:6—19; LUKA 23:18—25; ÝAHÝA 18:39—19:5

      • PILATUS ISANY BOŞATJAK BOLÝAR

      • HALK BARABBASY BOŞATMAGY TALAP EDÝÄR

      • ISANY ÝAŇSYLAP, OŇA ÝOWUZ DARAŞÝARLAR

      Pilatus Isanyň öldürilmegini talap edýän märekä: «Siziň oňa ýöňkeýän zatlaryňyzda hiç hili günäsi ýok eken. Hirodes hem onda hiç hili ýazyk tapmandyr» diýipdi (Luka 23:14, 15). Häzir Pilatus Isany boşatmagyň başga bir ýoluny tapyp, märekeden: «Däbiňize görä Pasha baýramy mynasybetli men size bir adamy boşatmaly. Siz ýehudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip soraýar (Ýahýa 18:39).

      Pilatus türmede oturan Barabbasyň talaňçy, gozgalaňçy we ganhor adamdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol: «Siziň üçin kimi azat edeýin: Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip soraýar. Halk uly ruhanylaryň gepine gidip, Isany däl-de, Barabassy boşatmagyny isleýändigini aýdýar. Pilatus: «Bu iki adamyň haýsysyny azat etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, gaýtadan soraýar. Olar hem: «Barabbasy» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýarlar (Matta 27:17, 21).

      Aljyraňňy ýagdaýa düşen Pilatus: «Onda Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip soraýar. Märeke biragyzdan: «Ony pürse çüýle!» diýýär (Matta 27:22). Haýran galaýmaly, bigünä adamyň öldürilmegini talap edýän halkyň ynsaby birjigem ezýet bermeýär. Pilatus ýalbaryp: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men onda ölüme mynasyp zat tapmadym; şonuň üçin oňa temmi berip, boşadyp goýberjek» diýýär (Luka 23:22).

      Pilatus şonça janyksa-da, märeke: «Pürse çüýle!» diýip, bir heňe tutup durdy (Matta 27:23). Dini ýolbaşçylaryň täsiri bilen guduz açan halk gan isleýärdi. Onda-da bir jenaýatçynyň ýa-da ganhoryň däl-de, bigünä adamyň ganyny! Bu adam bary-ýogy bäş gün mundan öň Patyşa hökmünde Iýerusalime giripdi. Märekäniň içinde Isanyň şägirtleri baram bolsa, olar adamlaryň ünsüni çekmejek bolup, dymyp durdular.

      Pilatus aýdan sözleriniň kömek etmän, gaýtam, has erbet täsir edýändigine düşünýär. Şonuň üçin ol märekäniň gözüniň alnynda elini suw bilen ýuwup: «Men bigünä ganyň dökülmegine günäkär däldirin. Muňa siz jogapkärsiňiz» diýýär. Halk pälinden gaýtmakçy däldi. Olar: «Onuň ölümine özümiz we çagalarymyz jogapkär bolar» diýýärler (Matta 27:24, 25).

      Görşümiz ýaly, hökümdar hakykatyň tarapyny tutmagyň deregine, halkyň islegini ileri tutýar. Ol halkyň talabyna görä, Barabbasy boşadýar, Isany bolsa eşigini çykardyp, gamçylamagy buýurýar.

      Isany elhençlik bilen gamçylanlaryndan soň, esgerler ony hökümdaryň köşgüne alyp gidýärler. Birtopar esgerler Isanyň daşyna geçip, ony masgaralap başlaýarlar. Olar tikenekden täç örüp, onuň kellesine geýdirýärler. Şeýle-de Isanyň sag eline taýak tutduryp, egnine patyşalaryňky ýaly gyrmyzy matany geýdirýärler. Olar ýaňsylap: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýýärler (Matta 27:28, 29). Mundan başga-da Isanyň üstüne tüýkürip, ýüzüne şarpyk çalýarlar. Elindäki taýagyny alyp, onuň bilen kellesine urýarlar, kellesindäki «täji» bolsa öňküdenem beter basyp geýdirýärler.

      Isa şeýle azaplara mertlerçe çydaýar. Bu Pilatusa güýçli täsir edýär. Şonuň üçin ol Isany boşatmaga ýene bir gezek synanyşyp: «Men ony günäkärlär ýaly, hiç zat tapmadym, ine, şonuň üçin hem ony ýanyňyza çykardym» diýýär. Ähtimal, Pilatus märeke lenç edilip urlan, gana bulaşan Isany görende, oňa haýpy geler öýdendir. Ol Isany doňýürek märekäniň öňüne çykaryp: «Ine ol adam!» diýýär (Ýahýa 19:4, 5).

      Isanyň bar ýeri ýaralanan bolsa-da, ol mertebesini saklap, özüni parahat alyp barýar. Bu hatda Pilatusa-da täsir edýär. Onuň sözlerinden Isa bolan hormatynyň artandygyny we ýüreginiň awaýandygyny görse bolýar.

      GAMÇYLAMAK

      Pilatus Isany boşatmak isleýär

      Uilýam D. Edwards atly lukman rimlileriň adamlary nädip gamçylaýandygy hakda bir žurnalda şeýle diýýär:

      «Adatça, gysga gamçy (flagrum ýa-da flagellum) ulanylýardy. Onuň uzynlygy dürli-dürli bolan birnäçe gaýyşdan ýa-da örülen deriden ýüpleri bolýardy. Uçlaryna bolsa demir düwmeleri ýa-da goýnuň ýiti süňkleri daňylýardy... Rim esgerleri adamy her sapar saýgylanda, demir düwmeler oňa uly şikes ýetirýärdi, süňkler bolsa bedenine girip, ony ýyrtýardy. Adam saýgylandygyça, onuň bedenindäki süňklerine zyýan ýetýärdi, endamy ganap, etleri-de bölek-bölek bolýardy» («The Journal of the American Medical Association»).

      • Pilatus Isany boşatmak üçin nämeler edýär we ony jezalandyrmakdan nädip sypjak bolýar?

      • Isany nädip gamçylaýarlar?

      • Isany gamçylansoň näme edýärler?

  • Isany ölüme höküm edýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isany pürse çüýleýärler we Simun atly adama onuň pürsüni göterdýärler

      130-NJY BAP

      Isany ölüme höküm edýärler

      MATTA 27:31, 32; MARKUS 15:20, 21; LUKA 23:24—31; ÝAHÝA 19:6—17

      • PILATUS ISANY BOŞATMAGA SYNANYŞÝAR

      • ISA ÖLÜM JEZASY BERILÝÄR

      Isanyň zalymlyk bilen kemsidilmegi we Pilatusyň ony boşatjak bolmagy uly ruhanylardyr olaryň ýaranlarynyň ýüregini eredäýjek ýalydy. Emma olar ýan berjege meňzemeýärdi. Olara Isanyň ölüminden başga hiç zat gerek däldi. Şol sebäpli olar: «Ony pürse çüýle! Ony pürse çüýle!» diýip gygyryşýarlar. Pilatus bolsa: «Alyň-da, oňa özüňiz jeza beriň, sebäbi men ony günäkärlär ýaly hiç zat tapmadym» diýýär (Ýahýa 19:6).

      Ýehudylar Isa ölüm jezasyny berdirmek üçin, ony syýasatyň duşmany hökmünde aýyplasalar-da, Pilatusy ynandyryp bilmeýärler. Şonuň üçin olar Isany Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde günäkärlejek bolýarlar. Sinedrionyň öňünde-de Isa şu aýyplamany ýöňkäpdiler. Olar şeýle diýýärler: «Biziň kanunymyza görä ony ölüme tabşyrmaly, sebäbi ol özüne Hudaýyň ogly diýýär» (Ýahýa 19:7). Bu aýyplamany Pilatus birinji gezek eşidýärdi.

      Ol gaýtadan köşge dolanyp, azap baryny çeken we aýalynyň düýşüne giren adamy ýene-de azat etmegiň ugruny agtaryp başlaýar (Matta 27:19). Indi ýehudylar tussagy, ýagny Isany «Hudaýyň Ogly» hökmünde aýyplaýardylar. Pilatus Isanyň Jeliledendigini bilýärdi (Luka 23:5—7). Emma ol şonda-da: «Sen nireden bolarsyň?» diýip soraýar (Ýahýa 19:9). Eýsem, Pilatus öň Isanyň nirede ýaşandygyny bilmek isledimikä? Ol onuň gökden gelendigi hakda biljek boldumy?

      Pilatus öň Isanyň hut özünden onuň Patyşadygyny, ýöne onuň Patyşalygynyň bu dünýäden däldigini eşidipdi. Indi bulary tassyklamagyň hajaty ýokdy. Şonuň üçin hem Isa dymyp durýar. Pilatus özüni äsgerilmedik ýaly duýýar, şol sebäpli ol gaharlanyp: «Sen meniň bilen gepleşmejek bolýarmyň? Seni boşatmaga-da, jezalandyrmaga-da ygtyýarymyň bardygyny bilmeýärmiň?» diýýär (Ýahýa 19:10).

      Isa bolsa: «Saňa Hudaýdan berilmedik bolsa, meniň üstümden ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem meni seniň eliňe tabşyran adamyň günäsi has uludyr» diýip jogap berýär (Ýahýa 19:11). Şeýle diýmek bilen, Isa kimdir birini göz öňünde tutmaýar. Ol Pilatusa garanyňda, Kaýafanyň, onuň ýaranlarynyň we Iuda Iskariotyň günäsiniň has agyrdygyny aýtjak bolýar.

      Isanyň özüni alyp barşy we aýdýan sözleri Pilatusy has-da gorkuzýar. Şonuň üçin ol Isa gökden gelendir öýdüp, ony ýene-de azat etmäge dyrjaşýar. Emma ýehudylar Pilatusyň gowşak ýerinden tutup, başga bir hile tapýarlar. Olar haýbat atyp: «Eger sen ony boşatsaň, Sezaryň dosty dälsiň. Özüne patyşa diýýän her kes Sezaryň garşysyna çykýandyr» diýýärler (Ýahýa 19:12).

      Hökümdar ýene-de Isany märekäniň öňüne çykarýar, özi bolsa höküm kürsüsinde oturyp: «Ine siziň patyşaňyz!» diýýär. Ýehudylar ýan berer ýaly däldi. Olar: «Ony öldür! Ony öldür! Ony pürse çüýle!» diýip gygyryşýarlar. Pilatus naýynjar ses bilen: «Patyşaňyzy jezalandyraýynmy?» diýýär. Ýehudylar ençeme ýyldan bäri Rim hökümetiniň goly astynda ejir çekip gelýärdiler. Muňa garamazdan, uly ruhanylar: «Biziň Sezardan başga patyşamyz ýok» diýip jogap berýärler (Ýahýa 19:14, 15).

      Ahyry, Pilatus boýun egip, dyngysyz talap edýän ýehudylaryň öňünde Isa ölüm jezasyny çykarýar. Esgerler onuň egnine atylan gyrmyzy matany alyp, oňa öz eşigini geýdirýärler. Isany jezalandyrmaga äkidip barýarkalar, jebir pürsüni onuň özüne göterdýärler.

      Häzir nisan aýynyň 14-i anna güni günortan töweregidi. Isa penşenbe güni daň atandan bäri uklamandy we ejir baryny çekipdi. Agyr pürsi götermäge onuň ysgyn-mydary galmaýar. Şol sebäpli esgerler Afrikanyň Kirena şäherinden bolan Simun atly adama onuň pürsüni göterdýärler. Köp adamlar Isanyň yzyna düşüp gidýärler. Käbirleri hasratdan ýaňa gursaklaryna urup, bolýan zatlara dady-perýat edýärdiler.

      Isa aglap duran aýallara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Eý Iýerusalimiň gyzlary, meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. Sebäbi şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz, çaga dogurmadyk we emdirmedik aýallar bagtlydyr!“ diýerler. Şonda olar daglara: „Üstümize ýykylyň!“ we depelere: „Üstümizi örtüň!“ diýip başlarlar. Eger olar agaç entek ýaşylka şeýle edýän bolsalar, onda ol gurasa näme bolar?» (Luka 23:28—31).

      Isa bu sözleri ýehudy halkyna degişli edip aýdýar. Olar gurap barýan agaja meňzedilýär. Ýöne ol entek doly guramandy. Sebäbi ýehudylaryň arasynda Isa we oňa iman edýän adamlar bardy. Emma Hudaý olary bu halkdan alanda, olar ruhy taýdan ölüp, guran agaç ýaly bolup galar. Rim goşuny Ýehowanyň bu halka çykaran hökümini berjaý edende, olar güýçli dady-perýat ederler.

      • Dini ýolbaşçylar Isany nämede aýyplaýarlar?

      • Pilatus näme üçin has-da gorka düşýär?

      • Pilatus Isany ölüme höküm eder ýaly, uly ruhanylar näme edýärler?

      • Isanyň «agaç entek ýaşyl» we «gurasa näme bolar» diýen sözleri nämäni aňladýar?

  • Bigünä patyşa pürse çüýlenýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa jenaýatçylaryň birine sen meniň bilen Jennetde bolarsyň diýýär

      131-NJI BAP

      Bigünä patyşa pürse çüýlenýär

      MATTA 27:33—44; MARKUS 15:22—32; LUKA 23:32—43; ÝAHÝA 19:17—24

      • ISA JEBIR PÜRSÜNDE ÇÜÝLENÝÄR

      • ONUŇ DEPESINDÄKI ÝAZGYNY ÝAŇSA ALÝARLAR

      • ISA ÝER ÝÜZÜNDÄKI JENNETDE ÝAŞAMAGA UMYT BERÝÄR

      Isany şäherden çykaryp, ony we ýene iki talaňçyny jezalandyrmakçy bolýarlar. «Uzakdan» görünýän bu ýere «Galgota», ýagny «Kelleçanak» diýilýärdi (Markus 15:40).

      Höküm edilen adamlaryň üçüsiniň hem eşigini çykarýarlar. Soňra olara mirra garylan ajy şerap berýärler. Ony Iýerusalimiň aýallary taýýarlan bolmaly. Rimliler hem agyryny gowşadýan bu içgini jezalandyrylýan adamlara bermäge garşylyk görkezmeýärler. Emma Isa ony dadansoň içmeýär. Näme üçin? Ol şeýle güýçli synaga uçranda, aň-düşünjesine täsir etjek hiç bir zady kabul etmek islemeýärdi. Ol pikiriniň dury bolmagyny we ölýänçä wepaly galmak isleýärdi.

      Esgerler Isa pürsüň üstünde ýatmagy buýurýarlar (Markus 15:25). Soňra onuň ellerini we aýaklaryny oňa çüýleýärler. Çüýler Isanyň bedenine çümende, ol güýçli agyryny duýýar. Pürsi diklänlerinde bolsa, agyry has-da güýçlenýär, sebäbi Isanyň agramyna bedeniň çüýlenen ýeri ýyrtylyp başlaýar. Emma Isa esgerlere gargamaýar, gaýtam: «Atam, bu adamlary bagyşla, çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler» diýip, olar üçin doga edýär (Luka 23:34).

      Rimlileriň däbi boýunça, jenaýatçynyň eden işini bir tagta ýazyp, ony pürse berkidýärler. Pilatus: «Ýehudylaryň Patyşasy — nazaretli Isa» diýen sözleri ýazdyrmagy tabşyrýar. Ony her kes okap biler ýaly, ýewreýçe, latynça we grekçe ýazýarlar. Pilatusyň bu edeni Isanyň ölümini talap eden ýehudylaryň gaharyny getirýär. Uly ruhanylar nägile bolup, Pilatusa: «„Ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýazma-da, onuň aýdyşy ýaly, „Men ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýaz» diýýärler. Emma bu gezek Pilatus olara boýun egmek islemeýär. Ol: «Ýazjak zadymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berýär (Ýahýa 19:19—22).

      Gahardan ýaňa depe saçy syh-syh bolan ruhanylar Sinedrionda beren ýalan şaýatlyklaryny gaýtalaýarlar. Şonuň üçin geçip barýan adamlaryň Isanyň üstünden gülüp: «Eý, ybadathanany ýykyp, ony üç günde saljak adam, jebir pürsünden düş-de, özüňi halas et» diýýändikleri geň galdyrmaýar. Şonuň ýaly-da uly ruhanylar we kanunçylar bir-birlerine: «Goý, Ysraýylyň Patyşasy Mesih jebir pürsünden düşsün. Şonda biz muny görüp iman ederis» diýişýärler (Markus 15:29—32). Hatda Isanyň her gapdalynda pürsden asylgy duran jenaýatçylar hem oňa käýeýärdi. Aslynda, olaryň arasynda diňe Isa bigünä adamdy.

      Rimlileriň dört esgeri hem Isany ýaňsylaýar. Olaryň özleri turşy şerapdan içen bolmaly, soňra Isanyň üstünden güljek bolup, oňa uzadýarlar. Elbetde, Isa pürsde asylgy duran ýerinden oňa boýnuny uzadyp bilmezdi. Rimliler onuň depesindäki ýazgyny görkezip: «Eger sen ýehudylaryň Patyşasy bolsaň, özüňi halas et» diýýärler (Luka 23:36, 37). Göz öňüne getirip görüň, ýol görkezip, hakykaty öwreden we ýaşaýyş berýän adamyň üstünden gülüp, ony ýaňsa alýarlar! Emma ol ähli zady çekip çydaýar. Ol ýigrenç bilen seredýän ýehudylaryň, üstünden gülýän rim esgerleriniň we her tarapynda asylgy duran jenaýatçylaryň hiç birini-de ýazgarmaýar.

      Isa jenaýatçylaryň birine sen meniň bilen Jennetde bolarsyň diýýär

      Soňra esgerler Isanyň egin-eşigini dörde bölüp, kime haýsysy düşer diýip, bije atýarlar. Emma Isanyň içki eşigi «tikinsiz, tutuşlygyna dokalan» ýokary hillidi. Esgerler muny görüp: «Geliň, muny ýyrtmalyň-da, bije atyp, kime düşjegini bileliň» diýýärler. Şeýdip, olar Ýazgylardaky: «Eşiklerimi özara paýlaşýarlar, eginbaşym üçin bije atyşýarlar» diýen pygamberligi berjaý edýärler (Ýahýa 19:23, 24; Zebur 22:18).

      Şonda jenaýatçylaryň biri Isanyň hakykatdan-da patyşadygyna göz ýetiren bolmaly. Ol beýleki jenaýatça käýäp: «Sen Hudaýdan gorkmaýarmyň? Senem onuň ýaly jeza çekýärsiň ahyryn. Bize eden işimize laýyk adalatly höküm çykaryldy, emma ol hiç hili erbet iş etmedi» diýýär. Soňra ol Isa ýalbaryp: «Isa, Patyşa bolanyňda, meni ýatlagyn» diýýär (Luka 23:40—42).

      Isa oňa: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile» Patyşalykda däl-de, «Jennetde bolarsyň» diýýär (Luka 23:43). Isanyň bu wadasy resullaryna beren wadasyndan tapawutlanýardy, çünki olar Isa bilen gökdäki Patyşalykda tagtlarda oturarlar (Matta 19:28; Luka 22:29, 30). Bu jenaýatçy Ýehowanyň Adam ata bilen How enä we olaryň nesillerine ýer ýüzünde Jennet berendigi hakda eşiden bolmaly. Şonuň üçin bu talaňçy ölse-de, gelejege umydy bardyr.

      • Isa näme üçin şeraby içmekden boýun gaçyrýar?

      • Isanyň depesinden pürse nähili ýazgyny berkidýärler we bu ýehudylara nähili täsir edýär?

      • Isanyň egin-eşigi babatdaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

      • Isa jenaýatçylaryň birine nähili umyt berýär?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş