Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt sah. 1958—1959
  • B1 Mukaddes Kitabyň esasy temasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • B1 Mukaddes Kitabyň esasy temasy
  • Mukaddes Kitap
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • B. e. öň 4026 ý. soň
  • B. e. öň 1943 ý.
  • B. e. öň 1070 ý. soň
  • B. e. 29 ý.
  • B. e. 33 ý.
  • Tak. b. e. 1914 ý.
  • Gelejekde
  • Imanyňy berkidýän pygamberlik
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa niýetini aýan edýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Allatagalanyň pygamberler arkaly beren wadasy
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Mukaddes Kitap
B1 Mukaddes Kitabyň esasy temasy

B1

Mukaddes Kitabyň esasy temasy

Çap edilen görnüşi

Ýehowa Hudaýyň höküm sürmäge haky bar. Ol iň gowy Hökümdar. Hudaýyň ýer we adamzat babatdaky niýeti hökman amala aşar.

Erem bagynda Adam ata bilen How enäniň golaýynda ýylan dur

B. e. öň 4026 ý. soň

«Ýylan» Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny we gowy Hökümdardygyny şübhä goýdy. Ýehowa ýylany, ýagny Şeýtany ýok etjek «nesliň» ýa⁠-⁠da «tohumyň» geljekdigini wada berdi (1 Musa 3:1—5, 15, çykgyt). Ýehowa adamlara Şeýtanyň golastynda ýaşamaga ýol berdi.

Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasyny eşidýär

B. e. öň 1943 ý.

Ýehowa Ybraýym pygambere wada edilen «nesliň» onuň neslinden geljekdigini aýtdy (1 Musa 22:18).

Dawud patyşa

B. e. öň 1070 ý. soň

Ýehowa Dawut patyşa, soňra ogly Süleýmana wada edilen «nesliň» olaryň neslinden geljekdigini aýtdy (2 Şamuwel 7:12, 16; 1 Patyşalar 9:3—5; Işaýa 9:6, 7).

Isa pygamberiň suwa çümdürilen wagty

B. e. 29 ý.

Ýehowa Isanyň wada edilen «nesildigini», Dawudyň tagtynyň mirasdüşeridigini mälim etdi (Galatýalylar 3:16; Luka 1:31—33; 3:21, 22).

Isa pygamberiň öldürilen wagty

B. e. 33 ý.

Ýylan, ýagny Şeýtan Isany öldürdip, wada edilen «nesliň» dabanyndan çakdy. Ýehowa Isany gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi we töleg gurbanyny kabul etdi. Şeýdip, Adam atanyň nesliniň günäleriniň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşamagyna ýol açyldy (1 Musa 3:15; Resullar 2:32—36; 1 Korinfliler 15:21, 22).

Ylham kitabynda wada berilişi ýaly, ýylan, ýagny Şeýtan ýer ýüzüne zyňylýar

Tak. b. e. 1914 ý.

Isa ýylany, ýagny Şeýtany ýer ýüzüne zyňdy. Şeýtanyň az wagty galdy (Ylham 12:7—9, 12).

Ylham kitabynda wada berilişi ýaly, Isa tagtynda oturyp, ýeriň üstünden höküm sürýär

Gelejekde

Isa Şeýtany 1 000 ýyla baglar, soňra ýok edip, göçme manyda kellesini mynjyradar. Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti amala aşar. Hudaýyň ady mukaddes edilip, gowy Hökümdardygy subut ediler (Ylham 20:1—3, 10; 21:3, 4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş