Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Noýabr sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Ol Hudaýyň halkyny halas etdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Mordekaý we Ester
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ester kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Noýabr sah. 31

Şuny bilýäňizmi?

Gadymy döwürde Mordekaý atly adam ýaşapdyrmy?

MUKADDES KITABYŇ «Ester» kitabynda Mordekaý adyna köp duş gelse bolýar. Ol ýesir düşen ýehudydy we Pars patyşalygynyň köşgüniň derwezesinde oturýardy. Ol b. e. öň V asyryň başlarynda ýaşap geçipdir. Şol döwri Haşaýar patyşa hökümdarlyk edýärdi (oňa Kserks I hem diýilýär). Mordekaý patyşany öldürmek üçin dildüwşük guralandygyny bilip, Haşaýara habar berdi. Şeýdip, patyşanyň janyny halas etdi. Haşaýar oňa sylag-serpaý berilmegini we hemmeleriň hormat goýmagyny buýurdy. Ýehudylaryň we Mordekaýyň duşmany Haman öldürilenden soňra, patyşa Mordekaýy baş wezir edip belledi. Mordekaý ähli ýehudylaryň Pars patyşalygyndan gyrlyp ýok edilmeginiň öňüni aldy (Est. 1:1; 2:5, 21—23; 8:1, 2; 9:16).

XX asyryň başlarynda käbir taryhçylar «Ester» kitabynda agzalýan Mordekaý atly adamyň asla ýaşamandygyny aýdýarlar. Emma 1941-nji ýylda gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi netijesinde Mordekaý atly adamyň ýaşandygy barada käbir maglumatlar tapyldy. Olar näme tapdylar?

Olar pars golýazmasynda Marduka (türkmençe Mordekaý) adynyň ýazylandygyny görýärler. Ol Şuşanda hazyna gözegçilik edýän eken. Taryhçy Artur Ungnad Mordekaý adynyň diňe Mukaddes Kitapda däl-de, başga hem golýazmalarda duş gelýändigini aýdýar.

Artur Ungnaddan soňra alymlar müňlerçe pars golýazmalaryny terjime edipdirler. Olaryň arasynda Persepol şäheriniň golaýynda tapylan hatlar hem bar. Olar şäher diwarlarynyň golaýyndaky haraba öwrülip ýatan hazynalardan tapylypdyr. Ýazgylar Kserks I hökümdarlyk eden döwrüne degişli. Şol hatlar elam dilinde ýazylypdyr. «Ester» kitabyndaky käbir atlar şol hatda duş gelýära.

Pars golýazmasynda Mordekaý (Marduka) ady duş gelýär

Şol hatlarda Marduka ady köp duş gelýär. Ol Kserks I hökümdarlyk eden döwründe Şuşanda köşk derwezesiniň öňünde oturypdyr. Şol hatlaryň birinde Mardugyň terjimeçi bolandygy hem aýdylýar. Mukaddes Kitapda Mordekaýyň hem şeýle borçlary ýerine ýetirendigi ýazylan. Ol Haşaýaryň (Kserks I) döwründe köşk emeldary bolup hyzmat eden bolmaly. Belki-de, ol iki ýa-da ondan hem köp dil bilen bolmaly. Mordekaý Şuşanda köşk derwezesiniň agzynda oturýardy (Est. 2:19, 21; 3:3). Adatça, köşk derwezeleriniň öňünde patyşanyň emeldarlary oturýarlar.

Tapylan golýazmalardaky Marduka bilen Mukaddes Kitapda agzalýan Mordekaýyň ýaşan döwri, ýaşan ýeri we kärleri meňzeş gelýär. Şulardan çen tutsak, Marduka ýa Mordekaý diýlende şol bir adam göz öňünde tutulýar diýip bilýäris.

a 1992-nji ýylda professor Edwin Ýamauçi ýazan makalasynda Persepol golýazmalarynda duş gelýän on sany at hakda agzap geçýär. Şol atlar «Ester» kitabynda hem duş gelýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş