Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Aprel sah. 15
  • Güjüklerim üçin kökejik

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Güjüklerim üçin kökejik
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň wepalylygyny we geçirimliligini gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Aprel sah. 15
Bir adam iki güjügi bilen aýlanmaga çykypdyr. Ol stendli wagyz edýän Ýehowanyň Şaýatlaryna tarap ýöräp barýar.

Güjüklerim üçin kökejik

«2014-NJI ÝYLYŇ ýaz paslydy. Bir gün men iki güjügim bilen aýlanmaga çykdym. Şäheriň merkezinde Ýehowanyň Şaýatlary stendli wagyz edip duran eken. Olar salykatly geýnipdirler we mähirli ýylgyryp durdular». Muny Oregonda ýaşaýan (ABŞ) Nik gürrüň berdi. Ol sözüni şeýle dowam edýär:

«Ýehowanyň Şaýatlary adamlar bilen mähirli gepleşýärdiler. Olar haýwanlary hem gowy görýän ekenler. Bir gün stendli wagyz edip duran Eleýn güjüklerime kökejik berdi. Şondan soň her gezek gezelenje çykanymda güjüklerim stende tarap ylgaýarlar.

Aýlar-günler geçdi. Güjüklerim-ä köke iýip hezil etdi. Menem Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş boldum. Ýöne men olaryň dinine uýmaýardym, sebäbi olara ynanmaýardym. Men 70 ýaşy arka atypdym. Ruhanylaryň ikiýüzlüligini köp gördüm, şonuň üçin Mukaddes Kitaby özüm okanymy gowy görýärdim.

Bir gün men şähere gezelenç etmäge çykdym, görsem, Ýehowanyň Şaýatlary ýene-de stendli wagyz edip duran eken. Olar hem mähirli gepleşýärdi. Meniň soraglarymyň hemmesine Mukaddes Kitap esasynda jogap berdiler. Şeýlelikde, men olaryň dininiň dogrudygyna ynanyp başladym.

Bir gün Eleýn menden: „Siz haýwanlary Hudaýyň ýaradandygyna ynanýarsyňyzmy?“ diýip sorady. Men: „Hawa, ynanýaryn“ diýdim. Şonda ol Işaýa 11:6—9-njy aýatlary okap berdi. Aýatlar ýüregime jüňk boldy. Men Mukaddes Kitaby köpräk okasym geldi. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlaryny okamaga ýaýdanýardym.

Her gün diýen ýaly Eleýn we äri Brent bilen gyzykly gürrüňler edýärdik. Olar maňa Injiliň dört Hoş habaryny we Resullar kitabyny okamagy hem-de hakyky mesihçileri nädip tanap bolýandygy barada oýlanmagy maslahat berdiler. Men olaryň aýdyşy ýaly etdim. Şondan köp wagt geçmänkä, Brent we Eleýn bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçip başladym. Şol wagt 2016-njy ýylyň tomus paslydy.

Men her hepde Mukaddes Kitap okuwyna we ýygnak duşuşyklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Men Mukaddes Kitaby okap özümi bagtly duýýardym. Bir ýyldan soň özümi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürildim. Häzir men 79 ýaşymda. Ýehowa müňde bir şükür! Ol maňa özüni tanatdy we halkyna goşulmaga kömek etdi».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş