151-NJI AÝDYM
Ol çagyrar
Çap edilen görnüşi
	- 1. Durmuş örän gysga misli ümür, - Üzülýär ömür bagy. - Şeýle bir tiz geçip gidýär ömür, - Diňe gam-gussa, agy. - Ölen adamlar ýene ýaşarmy? - Ýehowa wada berýär: - GAÝTALAMA: - «Çagyrsam eziz balamy, - Dessine jogap berer. - Ellerimiň işini - Ýene göresim geler. - Şübhelenmäň, iman ediň, - Ölümi ýok ederin. - Oglumy hem gyzymy - Hiç haçan unutmaryn». 
- 2. Wepaly dosty ötse dünýäden, - Hudaý salar ýadyna. - Azat eder ölümden, günäden - Wagty gelen badyna. - Hemmeler gowşar ýakynlaryna, - Ýeterler umydyna. - GAÝTALAMA: - «Çagyrsam eziz balamy, - Dessine jogap berer. - Ellerimiň işini - Ýene göresim geler. - Şübhelenmäň, iman ediň, - Ölümi ýok ederin. - Oglumy hem gyzymy - Hiç haçan unutmaryn». 
(Serediň: Ýah. 6:40; 11:11, 43; Ýak. 4:14)