90-NJY AÝDYM
Birek-biregi ruhlandyralyň
Çap edilen görnüşi
	- 1. Bir-biregi ruhlandyralyň, - Gulluk edeliň wepaly. - Söýeliň, ýagşylyk edeliň, - Jebislikde ýaşar ýaly. - Birek-birege gyzgyn söýgi - Çydamaga kömek edýär. - Sowuk hem garaňky dünýäde - Pena bolýar, gorag berýär. 
- 2. Söýgi bilen aýdylan sözler - Kyn günde derdiňe derman. - Wepaly dostlar ruhlandyrýar - Hoş sözlerini gaýgyrman. - Dogan-uýalar bilen bile - Zähmet çekeliň ýadaman. - Bir-birege goldaw bereliň - Hiç kimi ýatdan çykarman. 
- 3. Iman edeliň, garaşalyň, - Ýehowanyň güni ýakyn. - Her hepde ýygnaga baralyň - Durmuş näçe bolsa-da kyn. - Agzybirlikde gulluk edýär - Ýehowanyň saýlan halky. - Ruhlandyralyň bir-biregi, - Her gün bolalyň wepaly. 
(Serediň: Luka 22:32; Res. 14:21, 22; Gal. 6:2; 1 Sel. 5:14)