28-NJI AÝDYM
Kim Ýehowa dost bolup biler?
Çap edilen görnüşi
	(Zebur 15)
- 1. Ýehowa Hudaýa - Kim dost bolup biler? - Kimler mukaddes çadyryna - Myhman bolup biler? - Mukaddes Kitaba - Iman edýän adam. - Hudaýhon, dogruçyl, wepaly, - Päk niýetli adam. 
- 2. Mähriban Hudaýym, - Kim durar sagyňda? - Kimler ýaşamaga mynasyp - Mukaddes dagyňda? - Maslahatlaryňa - Gulak asýan adam. - Hakykat ýolunda ýöreýän, - Sadyk, halal adam. 
- 3. Doga-dileg edip, - Içimi dökýärin. - Her gün aladamy edýärsiň, - Söýgiňi görýärin. - Sen iň ýakyn Dostum, - Çykarmaýyn ýatdan. - Ölüm ýa synag aýra salmaz - Seniň ýaly Dostdan. 
(Serediň: Zeb. 139:1; 1 Pet. 5:6, 7)