48-NJI AÝDYM
Her gün Ýehowanyň ýolundan ýöräliň
Çap edilen görnüşi
1. Eziz Allanyň ýolundan
Her gün ýöräň pespällik bilen.
Hudaý edýär köp ýagşylyk
Islegini etseň ýürekden.
Hudaýyň söýgüsi çäksiz,
Ýaşaýarys arkaýyn.
Ömrümizi bagyş etdik,
Dostluk berkeýär günsaýyn.
2. Ýetip gelýär bellenen gün,
Şeýtan gahar-gazapdan doly.
Ýadaman etse-de hüjüm,
Berk duralyň, bolmalyň guly.
Hudaý arkamyzda durar,
Gorar berk gala ýaly.
Hiç wagt ýolundan sowulman
Gulluk edeliň wepaly.
3. Hudaý kömek edýär mydam,
Sözüni hem güýjüni berýär.
Jogap berýär dogamyza,
Ýygnaklarda goluny gerýär.
Ýöräp Hudaýyň ýolundan,
Edeliň dogry zady.
Pälimizi pes tutalyň,
Gowşatman hiç haçan bady.
(Serediň: 1 Mus. 5:24; 6:9; 1 Pat. 2:3, 4)