Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 119
  • Duşuşmak. 1-nji bölüm: Men duşuşmaga taýynmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Duşuşmak. 1-nji bölüm: Men duşuşmaga taýynmy?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Duşuşmak näme?
  • Sen duşuşmaga taýynmy?
  • Men duşumaga taýynmy?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ýehowanyň Şaýatlarynda duşuşmak babatda belli bir düzgünler barmy?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Duşuşmak. 2-nji bölüm: Duşuşyk döwri nämelere taýyn bolmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Gizlin duşuşmak näme üçin howply?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 119
Oglan bilen gyz köçede ýylgyryp gepleşip barýar.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Duşuşmak. 1-nji bölüm: Men duşuşmaga taýynmy?

Şu makalada:

  • Duşuşmak näme?

  • Sen duşuşmaga taýynmy?

Duşuşmak näme?

Käbirleri ýöne bir wagtyny gowy geçirmek, özüne üns berdirmek üçin duşuşýarlar. Ýöne şu makalada duşuşmak diýlende, başga zat göz öňünde tutulýar. Oglan bilen gyz durmuş gurmak üçin biri-birine gabat gelýändigini ýa-da gelmeýändigini bilmek üçin duşuşmaly. Diýmek, duşuşmagyň maksady bolmaly.

Wagtyň geçmegi bilen, duşuşýanlar bir karara gelmeli: durmuş gurmalymy ýa-da duşuşmagy goýmaly. Duşuşyp başlanyňda iki ýagdaýa-da taýyn bolmaly.

Netije: Eger sen duşuşmaga taýyn diýip pikir edýän bolsaň, onda durmuş gurmaga-da taýyn bolmaly.

Ýaş ýigit işe girmek üçin söhbetdeşlige gelýär, ýöne geýnişi we özüni alyp barşy işläsi gelmeýäne meňzeýär.

Maşgala gurmak niýeti bolmasa-da, duşuşýan adam iş gözleýän, ýöne işlemek islemeýän adama meňzeýär.

Sen duşuşmaga taýynmy?

Duşuşýan adamyň bilen toý etmegiň hem mümkin. Şonuň üçin häsiýetleriň hakda häzirden oýlan. Seniň häsiýetleriň maşgalaňy ýa berkider, ýa dargadar. Şu zatlar barada oýlan:

  • Maşgalaň bilen gatnaşygyň. Gaharyň gelende ene-ataň, jigi-doganlaryň bilen özüňi nähili alyp barýan bolsaň, ýanýoldaşyň bilen hem özüňi şeýle alyp bararsyň.

    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Özüňizden öýke-kinäni, gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleri hem-de ähli erbetligi aýryň» (Efesliler 4:31).

    Özüňe şeýle soraglary ber: «Ene-atam, jigi-doganlarym olara hormat goýýandygymy aýdýarmy? Olar bilen ylalaşmasam, ýagdaýy parahatlyk bilen çözýärinmi ýa-da derrew jedelleşip başlaýaryn?»

    Gyzy ejesi bilen dawalaşýar. Aşhana ýuwulmadyk gap-gaçdan doly.

    Ene-ataň bilen düşünişip bilmeýän bolsaň, ýanýoldaşyň bilen nädip düşünişjek?!

  • Islegiňden geçmek. Maşgala guransoň, sen ýanýoldaşyň halaýan zatlaryny göz öňünde tutup, köplenç öz islegiňden geçmeli bolarsyň.

    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Korinfliler 10:24).

    Özüňe şeýle soraglary ber: «Men hemişe öz diýenimi etdirýärinmi? Başgalar meni eglişikli adam hasaplaýarmy? Haýsy ýagdaýlarda başgalaryň islegini özümiňkiden ýokary goýýaryn?»

  • Pesgöwünlilik. Gowy ýanýoldaş ýalňyşyny boýun alýar we ötünç soraýar.

    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýakup 3:2).

    Özüňe şeýle soraglary ber: «Ýalňyşymy derrew boýun alýarynmy ýa-da özümi aklaýarynmy? Maslahat berenlerinde öýkeleýärinmi?»

  • Pul meselesi. Maşgalada köplenç puluň üstünde dawa turýar. Ýöne puly paýhasly sowsaň, dawaň öňüni alyp bilersiň.

    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Eger siz jaý gurmakçy bolsaňyz, ilki çykdajysyny hasaplap, doly gurup biljegiňize göz ýetirmersiňizmi?» (Luka 14:28).

    Özüňe şeýle soraglary ber: «Men puly tygşytly sowýarynmy ýa-da köplenç bergi edýärinmi? Puly paýhasly sowýandygymy nädip görkezýärin?»

  • Hudaý bilen dostlugym. Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Mukaddes Kitaby yzygider öwrenmeli we ýygnaklara gatnaşmaly.

    Mukaddes Kitapdan maslahat: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Matta 5:3).

    Özüňe şeýle soraglary ber: «Men Hudaýa imanymy berkitmek üçin tagalla edýärinmi? Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýýarynmy ýa-da başga zatlara köp üns berýärinmi?

Netije: Seniň durmuş gurjak adamyň iň gowy ýanýoldaşa mynasyp. Gowy ýanýoldaş bolmaga jan etseň, özüňe mynasyp ýara duşarsyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş