Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýaşulular, siz doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlaýarsyňyzmy?
    Garawul diňi — 2015 | 15 aprel
    • Şamuwel we Şawul üçekde hezil edip nahar iýýär

      Ýaşulular, siz doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlaýarsyňyzmy?

      «Her zadyň öz wagty bar». WAG. 3:1

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak wajypmy we näme üçin?

      • Doganlary taýýarlaýan ýaşulular ýygnaga nähili goşant goşýarlar?

      • Ýaşulular Şamuwelden nähili görelde alýarlar?

      1, 2. Etrap gözegçileri nämä göz ýetirdiler?

      ETRAP GÖZEGÇISI ýygnak ýaşululary bilen duşuşyk geçirýär. Şonda ol dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin agyr zähmet çekýän ýaşululara hormat bilen seredýär. Ýaşulularyň käbiri onuň kakasy bilen ýaşdaşdy. Etrap gözegçisi soňky sapar ýygnaga aýlananda, olara doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak babatda maslahat beripdi. Gözegçi dogan olardan: «Siz doganlary taýýarlamak üçin nämeler etdiňiz?» diýip soraýar. Şonda ýaşululardan biri: «Gynansak-da, biz kän zat edip bilmedik» diýýär. Beýleki ýaşulular hem baş atyp, ony makullaýarlar.

      2 Eger siz ýygnak ýaşulysy bolsaňyz, onda etrap gözegçisiniň aýdanlaryna düşünýänsiňiz. Bütin dünýädäki etrap gözegçileri köp ýygnaklarda bir zada üns berdiler. Olar imandaşlarymyzyň aladasyny etmek üçin ýaş we garry doganlara öwretmegiň gerekdigine göz ýetirdiler. Elbetde, bu aňsat däl. Näme üçin?

      3. a) Mukaddes Ýazgylar doganlary taýýarlamagyň wajypdygyny nädip görkezýär we biz munuň bilen näme üçin gyzyklanmaly? (Çykgyda serediň). b) Käbir ýaşululara doganlary taýýarlamak näme üçin aňsat bolmaýar?

      3 Ýaşulular, siz çopan kimin doganlary taýýarlamagyň wajypdygyna şübhesiz düşünýänsiňiza. Sebäbi imandaşlarymyzy ruhy taýdan berkitmek we täze ýygnaklary döretmek üçin jogapkärli doganlaryň gerekdigini bilýänsiňiz (Işaýa 60:22-ni okaň)b. Hudaýyň Sözem «beýlekilere öwretmäge» höweslendirýär (2 Timoteos 2:2-ni okaň). Emma ýokarda agzalýan ýaşulular ýaly muny etmek size aňsat düşýän däldir. Siz maşgala agzalyryňyzyň aladasyny edýändigiňiz, işleýändigiňiz, ýygnakdaky jogapkärçiligiňiz we başga borçlaryňyz sebäpli doganlary taýýarlamaga wagt galmaýar diýip oýlanýansyňyz. Ýöne, geliň, munuň näme üçin wajypdygyny bileliň.

      DOGANLARY TAÝÝARLAMAGY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ

      4. Doganlary taýýarlamak näme üçin soňa goýulýar?

      4 Käbir ýygnak ýaşulularyna doganlary taýýarlamaga wagt tapmak näme üçin kyn bolup biler? Belki-de, olar: «Hawa, doganlary taýýarlamak gerek, ýöne ýygnagyň has gyssagly işleri bar ahyryn. Eger doganlary taýýarlamak bilen başagaý bolsak, ýygnagyň işlerini kim eder?» diýip pikir edýändir. Ýygnakda köp wajyp işler bar bolsa-da, doganlara wagtynda kömek edilmese, bütin ýygnagyň ruhy saglygyna zyýan ýeter.

      5, 6. Sürüjiniň garaýşyndan nähili sapak edinýäris we bu mysal doganlary taýýarlamagyň wajypdygyny nädip görkezýär?

      5 Geliň, bir mysala seredeliň. Ulagyň motory gowy işlär ýaly, sürüji onuň ýagyny wagtynda çalyşmaly. Emma ol motoryň ýagyny çalyşmagy ýangyç guýmak ýaly wajyp hasaplamazlygy mümkin. Sebäbi ulaga ýangyç guýulmasa, ol tizden durar, asla ýöremez. Sürüji: «Motoryň ýagyny çalyşmasam-da, ulagym entek biraz ýörär-le» diýip pikir edýändir. Dogrudan-da, şeýlemi? Eger sürüji ulagyň motoryna üns bermese, ýagny ýagyny wagtynda çalyşmasa, bir gün ol döwler. Indi motory bejermek üçin köp wagt hem pul gerek bolar. Biz mundan näme öwrenýäris?

      6 Ýaşulular ýygnakdaky wajyp işleri wagtynda ýerine ýetirýändigi sebäpli, dogan-uýalaryň arasynda agzybirlik höküm sürýär. Sürüjiniň ulagyna hemişe ýangyç guýup duruşy ýaly, ýaşulular hem «iň ýokary zatlara göz ýetirmeli» (Flp. 1:11). Emma käbir ýaşulular şeýle başagaý bolýarlar welin, doganlary taýýarlamaga üns bermeýärler. Başgaça aýdanyňda, olar mysaldaky sürüji ýaly, motoryň ýagyny çalyşmagy wajyp hasaplamaýarlar. Eger-de ýaşulular doganlary taýýarlamagy hemişe soňa goýsalar, onda günlerde bir gün ýygnagyň aladasyny etjek tejribeli doganlar ýetmezçilik eder.

      7. Biz doganlary taýýarlaýan ýaşululara nähili garamaly?

      7 Görşümiz ýaly, doganlary taýýarlamak wajyp däl diýen pikirden gaça durmaly. Käbir öňden görüji ýaşulular tejribesi az doganlary taýýarlamaga wagt sarp edýärler. Şeýle ýaşulular paýhasly iş dolandyryjy hökmünde bütin ýygnaga bereket getirýärler (1 Petrus 4:10-ny okaň). Nähili bereket?

      GELEJEGE TAÝÝARLYK

      8. a) Doganlary taýýarlamaga ýaşululary näme höweslendirýär? b) Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän ýaşulularyň nähili wajyp jogapkärçiligi bar? («Örän wajyp ýumuş» diýen çarçuwa serediň).

      8 Iň tejribeli ýygnak ýaşululary-da, häzirki edýän işlerine garran çagynda güýjüniň ýetmejekdigini kiçigöwünlilik bilen boýun alýarlar (Mika 6:8). Şeýle-de olar «amatsyz wagt we hadysa» zerarly ýygnagyň aladasyny etmäge ýagdaýynyň bolmajakdygyna düşünmeli (Wag. 9:11, 12; Ýakup 4:13, 14). Gelejegiň pikirini edýän ýaşulular Ýehowanyň guzularynyň ýürekden aladasyny edip, toplan tejribesini ýaş doganlara öwredýärler (Zebur 71:17, 18-nji aýatlary okaň).

      9. Doganlary häzirden taýýarlamak näme üçin wajyp?

      9 Ýaşulularyň doganlary taýýarlamagynyň ýene-de nähili peýdasy bar? Olar ýygnagy berkidýär. Nädip? Ýaşulular näçe köp doganlary taýýarlasa, şonça-da ýygnagyň berk hem agzybir bolmagyna kömek edýär. Bu diňe bir häzir däl-de, eýsem, uly muşakgatyň kyn günlerinde-de peýdaly bolar (Ezek. 38:10—12; Mika 5:5, 6). Gadyrly ýaşulular, şu günden başlap, doganlary taýýarlamagy birinji orunda goýmagy sizden haýyş edýäris!

      10. Ýaşulular doganlary taýýarlamak üçin näme etmeli?

      10 Elbetde, siziň ýygnakdaky wajyp işlere zordan ýetişýändigiňize düşünýäris. Emma doganlary ýygnakda jogapkärli borçlary almaga taýýarlamak üçin wagt tapsaňyz, gowy bolardy (Wag. 3:1). Şonda siz gelejege gowy taýýarlyk görersiňiz.

      AMATLY ŞERTLERI DÖREDIŇ

      11. a) Ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşulularyň berýän maslahaty barada näme diýse bolar? b) Olaryň maslahatyna eýermegiň paýhaslydygyny Süleýmanyň tymsallary 15:22-i nädip görkezýär?

      11 Ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşululardan doganlara ruhy taýdan ösmäge kömek etmekde nähili üstünlik gazanandyklaryny soranlarynda, birmeňzeş maslahat berýändikleri anyklanyldyc. Bu nämäni görkezýär? Pawlus resulyň günlerinde bolşy ýaly, ýaşulular «her ýerde, her ýygnakda» Mukaddes Ýazgylaryň esasynda doganlary taýýarlap bilýärler (1 Kor. 4:17). Biz şu we indiki makalada olaryň berýän maslahatlary barada gürrüň ederis (Sül. tym. 15:22). Olarda tälim berýän doganlara «mugallymlar», öwrenýänlere bolsa «okuwçylar» diýeris.

      12. Mugallym näme etmeli we näme üçin?

      12 Mugallym öwretmek üçin amatly şertleri döretmeli. Bagbanyň ýere tohum sepmezden öň topragy ýumşadyşy ýaly, mugallym hem öwretmezden öň okuwçynyň ýüregini taýýarlamaly, ýagny ony höweslendirmeli. Amatly şertleri döretmek üçin näme etmeli? Munuň üçin bir pygamberiň ulanan usulyna eýermeli. Ol nähili usul?

      13—15. a) Şamuwele näme tabşyrylýar? b) Ol ýumşy nädip ýerine ýetirýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). w) Ýaşulular näme üçin Şamuweliň göreldesine eýermeli?

      13 Ýehowa 3 000 ýyl mundan ozal Şamuwel pygambere: «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdarlyga ýag çalyp saýlarsyň» diýýär (1 Şam. 9:15, 16). Şamuwel tizden halka özüniň däl-de, Ýehowanyň başga birini ýolbaşçylyk etmäge bellejekdigine düşünýär. Belki-de, ol: «Men oňa patyşa bolmaga nädip kömek etsemkäm?» diýip pikirlenendir. Ol oýlanyp, bir karara gelýär.

      14 Ertesi gün Şamuwel Şawuly görende, Ýehowa oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu» diýýär. Şonda ol gelen kararyna görä hereket edýär. Ol Şawuly we onuň hyzmatkärlerini nahara çagyryp, törden ýer berýär. Pygamber Şawula goýan paýyny berip: «Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym» diýýär. Soňra olar gürrüňdeş bolup, pygamberiň öýüne gidýärler. Hawa, pygamber tagamly nahardan we gowy gezelençden soňra dörän amatly şertlerden peýdalanýar. Ol Şawul bilen öýüniň «üçeginiň üstüne» çykyp, agşamyň salkyn şemalynda gürrüňini dowam edýär. Ertesi gün Şamuwel Şawuly mesh edýär, ogşaýar we görkezme berýär. Şeýdip, Şawuly gelejekde etmeli jogapkärli borçlara taýýarlaýar (1 Şam. 9:17—27; 10:1).

      15 Elbetde, patyşany bellemek bilen doganlary ýaşuly ýa-da ýygnak hyzmatçysy bolmaga taýýarlamagyň arasynda tapawut bar. Ýöne ýaşulular Şamuwelden birnäçe zatlary öwrenip bilerler. Geliň, olaryň ikisine seredeliň.

      YHLASLY MUGALLYM WE HAKYKY DOST

      16. a) Pygamber patyşa bellemeli bolanda özüni nähili duýdy? b) Şamuwel ýumşy nähili ýerine ýetirdi?

      16 Sowuk-sala däl-de, höwes bilen kömek ediň. Şamuwel pygamber ysraýyllylaryň patyşa talap edýändigini eşidende gynanyp, özüni dereksiz duýdy (1 Şam. 8:4—8). Ol şeýle bir lapykeç boldy welin, Ýehowa oňa ysraýyllylaryň haýyşyny bitirmegini üç sapar aýtdy (1 Şam. 8:7, 9, 22). Emma Şamuwel öz ýerini aljak adama ýüreginde ýigrenjiň kök urmagyna ýol bermedi. Ol Şawuly mesh etmeli bolanda, muny sowuk-sala däl-de, höwes bilen etdi.

      17. Ýaşulular Şamuweliň göreldesine nädip eýerýärler we olar näme üçin begenýärler?

      17 Şu günler tejribeli ýaşulular Şamuwelden görelde alyp, doganlara mähir bilen kömek edýärler (1 Pet. 5:2). Olar ýygnakda ýerine ýetirýän borçlaryny doganlara bermekden gorkmaýarlar we olara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärler. Şeýle mugallymlar göripçilik etmeýärler we okuwçylaryny bäsdeşi hasaplamaýarlar. Gaýtam, olara «işdeşler» we ýygnagyň gymmatly hazynalary hökmünde garaýarlar (2 Kor. 1:24; Ýew. 13:16). Şeýle kiçigöwünli mugallymlar ukyply okuwçylarynyň ýygnaga peýdasynyň degýändigini görüp begenýärler (Res. iş. 20:35).

      18, 19. Ýaşulular okuwçynyň ýüregini nädip taýýarlamaly we bu näme üçin wajyp?

      18 Diňe bir mugallym däl-de, hakyky dost boluň. Şamuwel pygamber Şawuly gören badyna, onuň başyna derrew ýag çalyp, ugradyp bilerdi. Ol patyşa bellense-de, borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýar bolardymy?! Emma pygamber dost hökmünde wagt tapyp, Şawulyň ýüregini ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlaýar. Olar tagamly nahar iýip, gezelenç we gürrüňdeşlik edip, gowy dynç alýarlar. Soňra pygamber Şawuly mesh edip, patyşa belleýär.

      Ýaşuly we gulluk hyzmatçysy gürrüňdeşlik edýärler

      Doganlara kömek etmek üçin, ilki, olar bilen dostlaşyň (18, 19-njy abzaslara serediň)

      19 Mugallym hem okuwçyny taýýarlamak üçin, ilki, amatly şertleri döretmeli we onuň bilen dostlaşmaly. Ýaşulularyň şeýle gatnaşyklary ýola goýmak üçin edýän tagallary her ýurtda dürli-dürli bolup biler. Elbetde, olar ýerli ýagdaýy we medeniýeti göz öňünde tutmaly. Ýöne ýaşulular haýsy ýurtda ýaşasa-da, näçe başagaý bolsa-da, okuwçysyna wagt sarp etse, oňa: «Sen meniň gadyrly dostum» diýen ýaly bolardy (Rimliler 12:10-y okaň). Şonda okuwçylar özüni gerekli duýup, höwes bilen öwrenerler.

      20, 21.a) Kime gowy mugallym diýse bolar? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

      20 Ýaşulular, siz gowy mugallymyň diňe bir öwretmek bilen çäklenmän, okuwçysyny söýýändigini unutmaň (Ýahýa 5:20-ni deňeşdiriň). Mugallymynyň söýgüsini duýýan okuwça öwrenmek aňsat bolar. Gadyrly ýaşulular, dogany taýýarlanyňyzda, diňe bir mugallym bolman, hakyky dost boluň (Sül. tym. 17:17; Ýahýa 15:15).

      21 Hawa, mugallymlar okuwçysynyň ýüregini taýýarlandan soňra gerekli tärleri öwredip bilerler. Ýaşulular nähili tärleri ulanyp bilerler? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

      a Şu we indiki makala ýaşulular üçin ýazylsa-da, biziň ählimiz bu barada oýlanyp bileris. Näme üçin? Sebäbi makalada Patyşalyk işini goldamak üçin suwda çokundyrylan doganlaryň ählisine ýörite taýýarlyk görmegiň wajypdygy düşündirilýär. Bu ählimize peýda getirer.

      b Işaýa 60:22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men — Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.

      c Ýaşulular ABŞ-da, Awstraliýada, Bangladeşde, Belgiýada, Braziliýada, Günorta Afrikada, Günorta Koreýada, Meksikada, Namibiýada, Nigeriýada, Reýunon, Russiýada, Fransiýada, Fransuz Gwianada we Ýaponiýada ýaşaýarlar.

      Örän wajyp ýumuş

      Daşary ýurtly ýaşuly ýerli dogana süriniň çopany bolmaga kömek edýär

      WAGYZÇYLARYŇ ýetmeýän ýerinde gulluk edýän daşary ýurtly dogan-uýalar köp ýygnaklaryň ruhy taýdan ösmegine kömek edýärler. Ýehowanyň janaýamaz Şaýatlary ruhy hasylyň bol bolmagyna uly goşant goşýarlar. Emma bu zähmetsöýer Patyşalygyň wagyzçylary ýurtdan çykmaly bolsalar ýygnaklara nähili täsir eder? Köp ýerlerde ýygnagyň ähli işleriniň aladasyny etmäge talaba laýyk gelýän ýerli doganlaryň sany ýetmezçilik eder. Şol sebäpli-de, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän ýaşulular örän wajyp ýumşy ýerine ýetirýärler. Olar ýerli doganlara süriniň çopany bolmaga kömek etmeli.

  • Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär
    Garawul diňi — 2015 | 15 aprel
    • Ylýas donuny suwa urup, Iordan derýasyny ikä bölüşini Elýaşa görýär

      Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär

      «Menden eşidenleriňi... wepaly (TD) adamlara tabşyr». 2 TIM. 2:2

      SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

      • Ýaşulular doganlary nädip ruhy taýdan berkidip bilerler?

      • Doganlara haýsy aýatlar ruhy maksatlary goýmaga kömek eder?

      • Okuwçylar Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

      1. a) Hudaýyň gullukçylary türgenleşmek babatda nämä göz ýetirdiler we şu günler nädip türgenleşýärler? b) Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

      HUDAÝYŇ gullukçylary üstünlik gazanmak üçin türgenleşmegiň wajypdygyna düşünýärler. Ybraýym pygamber «türgenleşen... esgerleri» bilen Luty halas edip, ýeňiş gazandy (Gel. çyk. 14:14—16). Dawut patyşanyň günlerinde Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen» adamlar bardy (1 Ýyl. 25:7). Şu günler bizem Şeýtan we onuň ýaranlary bilen ruhy söweşi alyp barýarys (Efes. 6:11—13). Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin tagalla edýäris (Ýew. 13:15, 16). Hudaýyň öňki gullukçylary ýaly, bizem üstünlik gazanmak üçin türgenleşmeli, ýagny guramada berilýän borçlary ýerine ýetirmegi öwrenmeli. Ýaşulular doganlary ýygnakda jogapkärli borç almaga taýýarlamaly. Sebäbi muny Ýehowa tabşyrdy (2 Tim. 2:2). Tejribeli ýaşulalar doganlara süriniň aladasyny etmegi nähili usullar bilen öwredýärler?

      DOGANLARY RUHY TAÝDAN BERKIDIŇ

      2. Ýaşulular doganlaryň ukybyny ösdürmek üçin näme etmeli we näme üçin?

      2 Hawa, ýaşululary bagbana meňzetse bolýar. Belki-de, bagban nahaly ekmezinden öň, topragy ýumşadyp, gowy iýmitlendirmegiň gerekdigini görer. Şonuň ýaly sizem tejribesi az doganlaryň ukybyny ösdürmäge kömek etmek üçin, ilki bilen, olaryň ýüregini tälim almaga taýýarlap, Mukaddes Ýazgylar arkaly berkitmelidigine göz ýetirersiňiz (1 Tim. 4:6).

      3. a) Markus 12:29, 30-njy aýatlaryň esasynda näme barada gürrüň edip bolar? b) Ýaşulynyň dogasy dogana nähili täsir eder?

      3 Belki-de, siz dogandan: «Özüňi Ýehowa bagyş edeniňden soňra durmuşyň özgerdimi?» diýip sorasaňyz, onuň pikirlerini we maksatlaryny anyklap bilersiňiz. Şonda siz jan aýaman gulluk etmek barada gürrüň edip bilersiňiz (Markus 12:29, 30-njy aýatlary okaň). Soňra siz doganyň jogapkärli borjy almagy üçin Ýehowadan mukaddes ruhy diläp bilersiňiz. Dogan özi hakda ýürekden edilen dogany eşidip, ruhlansa gerek!

      4. a) Ruhy taýdan ösmäge höweslendirýän käbir aýatlary mysal getiriň. b) Ýaşulular doganlary taýýarlanda nämäni göz öňünde tutmaly?

      4 Siz käbir aýatlar arkaly dogana yhlasly, ynamdar we kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny düşündirip bilersiňiz (1 Pat. 19:19—21; Neh. 7:2; 13:13; Res. iş. 18:24—26). Şeýle häsiýetler ruhy taýdan çalt ösmäge kömek edýär. Olary topragy mes edýän döküne meňzetse bolýar. Fransiýaly ýaşuly Žan-Klod şeýle diýýär: «Men doganlary taýýarlanymda, esasanam, olaryň ruhy taýdan dogry garaýyşda bolmagyna üns berýärin. Men her bir pursatdan peýdalanyp, Hudaýyň Sözündäki „ajaýyp zatlara“ „gözlerini açmaga“ kömek edýän gerekli aýady bile okaýaryn» (Zeb. 119:18). Ýene-de nähili usullar okuwçyny ruhy taýdan berkitmäge kömek edýär?

      RUHY MAKSATLARYŇ SEBÄBINI DÜŞÜNDIRIŇ

      5. a) Ýaşulular näme üçin doganlaryň ruhy maksatlary barada soramaly? b) Ýaşululylar doganlary näme üçin ýaşlygyndan taýýarlamaly? (Çykgyda serediň).

      5 Siz okuwçydan: «Seniň nähili ruhy maksatlaryň bar?» diýip soraň. Eger onuň maksady ýok bolsa, oňa anyk we ýetip biläýjek maksat goýmaga kömek ediň. Siz goýan maksatlaryňyz barada we olara ýeteniňizde nähili şatlyk tapandygyňyzy gürrüň beriň. Bu usul ýönekeý bolup görünse-de, örän peýdaly. Afrikada pioner bolup gulluk edýän Wiktor atly ýaşuly şeýle ýatlaýar: «Men ýetginjekgäm bir ýaşuly dogan maňa maksatlarym barada birnäçe oýlandyryjy soraglary berdi. Şeýle soraglar öz ruhy ýagdaýym barada çynlakaý pikirlenmäge kömek etdi». Tejribeli ýaşulular ýygnakda doganlaryň ýaşyna görä ýumuşlary tabşyryp, ýetginjek döwründen talaba laýyk gelmäge kömek etmegiň wajypdygyny nygtaýarlar. Şonda doganlar ýaşlyk höweslerinden gaçyp, ünsüni ruhy maksatlara gönükdirip bilerlera (Zebur 71:5, 17-nji aýatlary okaň).

      Patyşalyk zalynda ýaşuly ýaş dogana ýumşy näme üçin etmelidigini düşündirýär

      Okuwça ýumşuň näme sebäpden tabşyrylandygyny düşündiriň we edýän tagallary üçin öwüň (5—8-nji abzaslara serediň)

      6. Isa nähili görelde galdyrdy?

      6 Siz dogana ýumşy nädip etmelidigini däl-de, näme üçin ýerine ýetirmelidigini düşündirseňiz, ol muny höwes bilen eder. Bu babatda siz Beýik Mugallym Isa Mesihden görelde alyp bilersiňiz. Meselem, ol resullaryna ýumuş tabşyrýar we sebäbini şeýle düşündirip: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýýär (Mat. 28:18, 19). Siz Isanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

      7, 8. a) Ýaşulular Isanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Näme üçin öwgüli sözleri aýtmaly? w) Ýaşulular doganlara kömek etmek babatda nähili usullardan peýdalanyp bilerler? («Doganlara talaba laýyk gelmäge kömek ediň» diýen çarçuwa serediň).

      7 Siz Mukaddes Ýazgylar arkaly ýumşuň näme sebäpden tabşyrylandygyny düşündiriň. Şonda dogana ondaky prinsipleriň esasynda pikirlenmäge kömek edersiňiz. Aýdaly, siz dogana Patyşalyk zalynyň öňüni arassalamagy we ýöremek üçin howpsyz bolmagyny tabşyrýarsyňyz. Şonda siz Titus 2:9-y okap, Patyşalyk zalynyň gowy ýagdaýda saklanmagynyň «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezeýändigini» düşündiriň. Mundan başga-da, onuň gartaşan dogan-uýalara nähili peýda getirýändigi barada oýlanmaga kömek ediň. Şeýle gürrüňdeşlik dogana tertip-düzgün barada däl-de, adamlar hakda alada etmegi öwreder. Ol ýerine ýetirýän işiniň imandaşlaryna nähili peýda getirýändigini görüp, köp şatlyk tapar.

      8 Elbetde, dogana maslahata eýermäge jan edýändigi üçin öwgüli sözleri aýdyň. Näme üçin? Ösümligiň ösmegine suwuň gerek bolşy ýaly, ýürekden aýdylan öwgüli sözler dogany ruhy taýdan berkidýär (Matta 3:17-ni deňeşdiriň).

      BAÝ ÝURTLARDA DÖREÝÄN KYNÇYLYKLAR

      9. a) Baý ýurtlarda ýaşaýan ýaşulular nähili kynçylyklara duş gelýärler? b) Käbir ýaş doganlar näme üçin Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaýarlar?

      9 Baý ýurtlardaky ýaşulular başga-da kynçylyga duş gelýärler. Meselem, olara suwda çokundyrylan 20-30 ýaşlaryndaky doganlary ruhy taýdan ösmäge höweslendirmek aňsat bolmaýar. Biz 20 sany günbatar ýurtlaryndaky tejribeli ýaşululardan ýaş doganlaryň jogapkärli borçlary almakdan çekinýändiginiň sebäbini soradyk. Şonda olar doganlary ýaşlygyndan ruhy maksat goýmaga höweslendirilmändigini aýtdylar. Emma käbir doganlara ýaşulular kömek etse-de, olaryň ata-eneleri dünýewi maksatlara höweslendirýärdiler. Şeýle ýaşlar Patyşalyk işlerini hiç haçan birinji orunda goýmandyrlar (Mat. 10:24).

      10, 11. a) Dogana ruhy maksatlary goýmaga ýaşuly nädip kem-kemden kömek edip biler? b) Ýaşuly haýsy aýatlar arkaly pikir alşyp biler we näme üçin? (Çykgyda serediň).

      10 Ýaşulular ruhy maksatlary bolmadyk doganlaryň pikirini özgertmek üçin köp tagalla etmeli we sabyrly bolmaly. Bagban egri agaçlaryň göni ösmegi üçin, olary ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýär. Ýaşuly hem dogany jogapkärli borçlary almaga höweslendirmek üçin, oňa dogry garaýyşda bolmaga kem-kemden kömek edýär. Nädip?

      11 Siz doganyň hakyky dosty bolmak üçin wagt sarp ediň. Onuň ýygnaga gereklidigini aýdyň. Soňra onuň bilen arkaýynçylykda käbir aýatlaryň esasynda özüni Ýehowa näme üçin bagyş edendigi barada oýlanmaga kömek ediň (Wag. 5:4; Iş. 6:8; Mat. 6:24, 33; Luka 9:57—62; 1 Kor. 15:58; 2 Kor. 5:15; 13:5). Siz onuň ýüregine täsir edýän şeýle soraglary beriň: «Özüňi Ýehowa bagyş edeniňde nämäni söz berdiň? Ýehowa seniň suwda çokundyrylandygyňy görende özüni nähili duýandyr? Bu Şeýtana nähili täsir edendir?» (Sül. tym. 27:11; 1 Pet. 5:8). Gowy saýlanan aýatlaryň güýçli täsir etjekdigine hiç haçan şübhelenmäňb (Ýewreýler 4:12-ni okaň).

      OKUWÇYLAR, MUGALLYMYŇYZA WEPALY BOLUŇ

      12, 13. a) Elýaşa nähili garaýyşdady? b) Ýehowa Elýaşany nädip patalady?

      12 Ýygnakda jogapkärli borçlary almak isleýän doganlar, siz barada näme diýse bolar? Siz üstünlik gazanmak üçin nähili garaýyşda bolmaly? Geliň, bu soragyň jogabyny bilmek üçin geçmişde bolan bir waka seredeliň.

      13 Takmynan 3 000 ýyl mundan ozal Ylýas pygamber Elýaşany kömekleşmäge çagyrýar. Elýaşa çakylyga derrew seslenip, hormatsyz hasaplanylýan işleri ýerine ýetirip, garry pygambere wepaly gulluk edýär (2 Pat. 3:11). Elýaşa alty ýyl hyzmat edenden soňra Ylýas pygamberiň Ysraýylda gulluk etmeli wagtynyň tamamlanyp barýandygyna düşünýär. Ylýas okuwçysyny doly taýýarlaýar. Ol ýolda barýarka Elýaşa özi bilen gitmäge rugsat bermeýär. Emma Elýaşa üç gezegem mugallymyna: «Men senden galmaryn» diýip jogap berýär. Ol soňuna çenli pygamberiň ýanynda bolmagy ýüregine düwýär. Ýehowa Elýaşanyň wepalylygy üçin patalap, Ylýasyň gudrat bilen göge galandygynyň şaýady bolmaga mümkinçilik berýär (2 Pat. 2:1—12).

      14. a) Okuwçylar Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Wepaly bolmak näme üçin wajyp?

      14 Siz Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Eger size-de hormatsyz hasaplanylýan ýumuş tabşyrylsa, ony derrew ýerine ýetiriň. Mugallymyňyzy dost hökmünde gymmat saýyp, edýän aladasyna minnetdarlygyňyzy bildiriň. Şonda siz Elýaşanyň göreldesine eýerip: «Men senden galmaryn» diýýän ýaly bolarsyňyz. Siz tabşyrylan ýumuşlaryň ählisini ýerine ýetirip, wepaly boluň. Bu wajypmy? Elbetde, sebäbi ýaşulular wepalylygyňyzy we ynama mynasypdygyňyzy görenlerinde, Ýehowanyň size goşmaça jogapkärli işleri tabşyrmak isleýändigine düşünerler (Zeb. 101:6; 2 Timoteos 2:2-ni okaň).

      HORMAT GOÝUŇ

      15, 16. a) Elýaşa mugallymyna hormat goýýandygyny nädip görkezýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Elýaşa pygamberleri nädip ruhlandyrýar?

      15 Elýaşanyň galdyran göreldesi doganlara tejribeli ýaşululara nädip hormat goýmalydygyny öwredýär. Ylýas bilen Elýaşa Ýerihoda ýaşaýan pygamberler bilen görüşenden soňra Iordana tarap ýola düşýärler. Derýanyň kenarynda «Ylýas donuny alyp, düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi». Olar derýanyň beýleki kenaryna geçip, ýene-de gürrüňini dowam etdiler. Ýöne Elýaşa indi hemme zady bilýärin diýmegiň deregine, mugallymynyň aýdýan her bir sözüni ýere gaçyrman ünsli diňleýärdi. Soňra Ylýas pygamber harasat içinde göge göterilýär. Elýaşa yzyna dolanýar we Iordanyň kenaryna baryp: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrýar. Ol pygamberden galan dony alyp, suwa urýar we suw ýene-de iki tarapa bölünýär (2 Pat. 2:8—14).

      16 Üns beren bolsaňyz, Elýaşanyň ilkinji gudraty Ylýas pygamberiň soňky gudratyna meňzeşdi. Mundan näme öwrense bolar? Elýaşa pygamber bolandan soňra men hemme zady başgaça etmelidirin diýip pikir etmeýär. Gaýtam, ol mugallymyna hormat goýýandygyny iş ýüzünde görkezip, beýleki pygamberleri hem ruhlandyrýar (2 Pat. 2:15). Elýaşa pygamber bolup 60 ýyllap gulluk edýär we Ýehowa oňa Ylýasdanam köp gudratlary görkezmäge güýç berýär. Okuwçylar onuň göreldesine nädip eýerip bilerler?

      17. a) Okuwçylar Elýaşanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Wepaly okuwçylara Ýehowa nähili mümkinçilik berer?

      17 Size ýygnakda jogapkärli borçlar berlende, derrew düýpgöter özgerişler etmeli diýip pikir etmäň. Bu siziň islegiňize däl-de, ýygnagyň zerurlyklaryna we Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine bagly bolýar. Elýaşa pygamberleri ruhlandyrýardy we mugallymyna hormat goýýardy. Siz hem ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylara esaslanyp edýän işlerini goldap, imandaşlaryňyzy ruhlandyrmaly we mugallymyňyza hormat goýmaly (1 Korintoslylar 4:17-ni okaň). Dogan-uýalar gurama bilen deň ýörär ýaly, Ýehowa siziň tejribäňizi ulanyp, özgerişler etmäge ýol berjekdigine şübhelenmän bilersiňiz. Belki, Ýehowa Elýaşa ýaly mugallymyňyzdan-da has köp işleri etmäge sizi öz wagtynda ulanar (Ýahýa 14:12).

      18. Doganlara jogapkärli borçlary almaga kömek etmegi näme üçin birinji orunda goýmaly?

      18 Biz öňki we şu makalada doganlara jogapkärli borçlary almaga kömek etmegi birinji orunda goýmalydygyny öwrendik. Berlen maslahatlar ýaşululara peýdaly bolar diýip umyt edýäris! Goý, doganlar berilýän kömegi höwes bilen kabul edip, akyldarlyk bilen imandaşlarynyň aladasyny etsinler! Şonda olar bütin dünýädäki dogan-uýalara ruhy taýdan berkemäge we gelejekdäki wajyp döwürde-de wepaly galmaga kömek ederler.

      a Eger 20 ýaşyna ýetmedik dogan ruhy taýdan ösüp, pesgöwünli we Mukaddes Ýazgylaryň başga-da talaplaryna laýyk gelýän bolsa, ýaşulular ony ýygnak hyzmatçysy bolmaga teklip edip bilerler (1 Tim. 3:8—10, 12; w90-U 1/2 sah. 23).

      b Siz dogan bilen gürrüňdeş bolanyňyzda «Garawul diňi» žurnalyndan (w12 15/4 sah. 14—16, abz. 8—13) we «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabyndan (16-njy bap, abz. 1—3) peýdalanyp bilersiňiz.

      Doganlara talaba laýyk gelmäge kömek ediň

      DOGANLARA ruhy taýdan ösmäge kömek eden ýaşulular şeýle maslahat berýärler:

      1. Sözde we iş ýüzünde görelde görkeziň.

      2. Okuwçyny bir ýylyň dowamynda Mukaddes Ýazgylary okamaga höweslendirip, ruhy taýdan ösmäge kömek ediň.

        Ylýas donuny suwa urup, Iordan derýasyny ikä bölüşini Elýaşa görýär
      3. Bile wagyz ediň.

      4. Wagyz duşuşygyny netijeli geçirmegi öwrediň.

        Ýaşuly nutuk bilen çykyş edýär; 2. Ýaşuly ýygnak hyzmatçysyna kömek edýär; 3. Ýygnak hyzmatçysy nutuk bilen çykyş edýär
      5. Jemagat nutugy bilen çykyş edeniňizde, okuwçy siziň meýilnama görä temany düşündirişiňize üns bersin. ▸

      6. Siz maşgala okuwyňyza käte dogany maşgalasy bilen çagyryň.

      7. Maşgala agzalaryňyz bilen bellenmedik territoriýada ýa-da az wagyz edilýän ýerlerde gulluk edeniňizde, dogany we onuň maşgala agzalaryny çagyryňc.

      c Awstraliýada, Aziýada, Afrikada, Günorta Amerikada, Demirgazyk Amerikada we Ýewropada ýaşaýan ýaşulular bu maslahatlara eýerip, gowy netije gazandylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş