Gowy gylyk-häsiýet dogry işleýän kompas ýaly, çaga ýagşy işleri etmäge kömek edýär
ENE-ATALARA
7. Gylyk-häsiýet
NÄME?
Her bir adamyň özüni alyp barşy ýa-da dogry hasaplaýan işleri. Meselem, ene-atalar ähli zatda dogruçyl bolmaga jan edýärler. Olar çagalaryny hem dogruçyl adam edip ýetişdiresi gelýär.
Şeýle-de ene-atalar çagalaryna işeňňir, adalatly bolmagy we adamlara ýagşylyk etmegi kiçiliginden öwretmek isleýärler.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Çagany terbiýeläp, dogry ýola sal, ulalanda hem ondan sowulmaz» (Nakyllar 22:6).
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Gowy gylyk-häsiýetler. Tehnologiýanyň ösen döwründe gowy gylyk-häsiýetli bolmak hasam wajyp. «Telefonyň ýa-da telewizoryň peýdasyndan zyýany köp. Çagalar ýanymyzda otyrka-da, telefondan bildirmän görmesiz zatlary görüp biler» (Güljan).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Ruhy taýdan ösen adamlaryň... aň-düşünjesi ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge öwrenişendir» (Ýewreýler 5:14).
Hormat-sylag. Şu günler adamlar bir-biri bilen gürleşenden telefona güýmenenini gowy görýärler. Şonuň üçin «haýyş», «sag boluň», «taňryýalkasyn», «bile ýalkasyn» diýen ýaly sözleri aýdyň. Şeýdip, adamlaryň gadyryny bilýändigiňizi görkezýärsiňiz.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şeýle ediň» (Luka 6:31).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
Çagalaryňyza ahlak arassalygyny öwrediň. Geçirilen barlaglara görä, köp ene-atalar ýetginjek çagalaryna nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegiň nädogrudygyny düşündirýärler. Şonuň üçinem çagalar jynsy gatnaşyk etmeýärler.
MASLAHAT. Häzirki bolýan ýagdaýlary gürrüň berip, çagaňyza gowy gylyk-häsiýetleri öwrediň. Meselem, täzeliklerde jenaýatçylyk hakda eşideniňizde, şeýle diýip bilersiňiz: «Adamlar bir-birini şeýle bir ýigrenýär welin, gaty gorkunç. Adamlar näme üçin şeýle zalymka?»
«Çagalara öwretmeseň, agy-garany saýgaryp bilmeýärler» (Begmyrat).
Sylaşykly bolmagy öwrediň. Hatda kiçi çagalaram «haýyş», «sag boluň», «taňryýalkasyn» diýmegi, adamlara hormat goýmagy öwrenip bilýär. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Eger çagalar maşgalada, mekdepde ýa-da futbolda uly toparyň bir agzasydygyna gowy düşünse, daş-töweregindäki adamlar hakda oýlanyp, olaryň aladasyny etmek aňsat bolýar» («Parenting Without Borders»).
MASLAHAT. Çagalaryňyza adamlar bilen sylaşykly bolmagy öwretmek üçin, öýüň işlerini etdiriň.
«Eger çagalara kiçiliginden öýüň işlerini etmegi öwretseň, onda olara ulalanda-da aňsat bolýar. Olar tabşyrylan işi hökman ýerine ýetirmegi öwrenýär» (Ogultar).