Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 3 sah. 3
  • Ajy aýralyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ajy aýralyk
  • Oýanyň! — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2018
  • Hasrat çekýänlere göwünlik
    Oýanyň! — 2018
  • Bolup biljek ýagdaýlar
    Oýanyň! — 2018
  • Giriş
    Oýanyň! — 2018
Başgalary
Oýanyň! — 2018
g18 No. 3 sah. 3
Hasrat çekýän adam kafede ýeke özi otyr.

HASRAT ÇEKÝÄNLERE GÖWÜNLIK

Ajy aýralyk

«Men aýalym Sofiýaa bilen 39 ýyldan gowrak bagtly ýaşadym. Emma ol agyr keselden uzak wagtlap ejir çekdi we aradan çykdy. Dostlarym meni goldamak üçin elinde baryny etdiler. Menem ünsümi sowmak üçin bir zatlara güýmenýärdim. Ýöne şonda-da bir ýyllap özümi ele alyp bilmedim. Keýpim sähel salymyň içinde üýtgäp durýardy. Aýalymyň aradan çykanyna üç ýyl boldy. Ýürek ýaralarym henizem bitenok. Wagtal-wagtal onuň bilen ýaşan günlerim ýadyma düşüp hasrat çekýärin» (Kostas).

Dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlar Kostas ýaly ajy hasrata döz gelendirler. Hawa, ýanýoldaşyň, dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň aradan çykmagy biliňi iki bükýär. Munuň şeýledigi bilen psihologlar hem ylalaşýar. Bir žurnalda: «Ölüm adamyň ýüregine bitmejek ýara salýan ömürlik ýitgidir» diýilýär («The American Journal of Psychiatry»). Eger siz hem ajy hasrat çekýän bolsaňyz, şu soraglar hakda oýlanýansyňyz: «Men näçe wagt hasrat çekerkäm? Indi ýüzüm haçan gülerkä? Ýürek derdime derman tapylarmyka?»

«Oýanyň!» žurnalynyň şu sanynda ýokarda agzalan üç soragyň jogabyny bileris. Indiki makalada ýakynlary aradan çykan adamlaryň nähili duýgulary başdan geçirýändigi hakda gürrüň ederis. Soňra bolsa ajy hasrata döz gelmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.

Žurnaldaky maslahatlar size göwünlik berer we ýürek derdiňize derman bolar diýip umyt edýäris.

a Käbir atlar üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş