Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 3 sah. 14—15
  • Hasrat çekýänler üçin kömek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hasrat çekýänler üçin kömek
  • Oýanyň! — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ARADAN ÇYKAN DOGAN-GARYNDAŞLARYMYZY GÖRERISMI?
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2018
  • Hasrat çekýänlere göwünlik
    Oýanyň! — 2018
  • Dogan-garyndaşlaryň direler!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Bolup biljek ýagdaýlar
    Oýanyň! — 2018
Başgalary
Oýanyň! — 2018
g18 No. 3 sah. 14—15
Adamlar Jennetde direlen ýakynlaryny gujak açyp garşy alýar.

HASRAT ÇEKÝÄNLERE GÖWÜNLIK

Hasrat çekýänler üçin kömek

SOŇKY DÖWÜRLERDE HASRAT ÇEKÝÄNLERIŇ DERDINE MELHEM TAPMAK ÜÇIN KÖP BARLAGLAR GEÇIRILDI. Geçen makalalardan bilşimiz ýaly, iň ökde psihologlaryň berýän maslahatlary Mukaddes Kitapdaky maslahatlara gabat gelýär. Mukaddes Kitap gadymy kitap bolsa-da, onuň maslahatlary şu günler hem peýdaly. Dogrudanam, Hudaýyň Sözi akyldarlygyň çeşmesi. Ondaky maslahatlar ajy aýralykdan hasrat çekýän adamlaryň derdine derman bolýar.

  • Ölen dogan-garyndaşlarymyz ejir çekmeýär

    Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, «ölüler... hiç zat bilmeýär» we «oý-pikirleri... puç bolýar» (Nesihat 9:5; Zebur 146:4). Şeýle-de Mukaddes Kitapda ölüm «uky» bilen deňeşdirilýär (Ýahýa 11:11).

  • Söýgüden doly Allatagala iman etmek göwünlik berýär

    Mukaddes Kitapda: «Ýehowaa dogruçyllara nazar salýar, olaryň perýadyny eşidýär» diýilýär (Zebur 34:15). Allatagala doga etmek diňe bir derdiňi aýdyp göwünlik tapmagy ýa-da pikiriňi durlamagy aňlatmaýar. Oňa doga-dileg edenimizde, älem-jahany Ýaradan bilen dostlaşýarys. Diňe ol ýürek ýaralary bitirýän Beýik Lukmandyr.

  • Bize ajaýyp gelejek garaşýar

    Göz öňüne getiriň, gara topraga siňen merhumlaryň hemmesi ýer ýüzünde direler. Mukaddes Kitapda direliş hakda ençeme sapar aýdylýar. Tizden «Hudaý (biziň) gözlerimizden ýaşlarymyzy süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:3, 4).

Ýehowa iman edýän adamlaryň köpüsine direlişe bolan umyt ajy hasrata döz gelmäge kömek edýär. Ýanýoldaşy aradan çykan Eni (durmuş guranyna 65 ýyl bolupdy) şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň ejir çekmeýändigi we Allatagalanyň olary direltjekdigi hakda ýazylan. Şu pikirler maňa ajy aýralyga döz gelmäge kömek edýär».

Ajy hasraty başdan geçiren Tina şeýle gürrüň berýär: «Tomuň aradan çykan gününden bäri men Hudaýyň goldawyny duýýaryn. Ol her bir ýagdaýda maňa kömek edýärdi, göwünlik berýärdi. Mukaddes Kitapdaky direliş baradaky wadalara men ýürekden iman edýärin. Şol wadalar maňa Tomy görjek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşmaga kömek edýär».

Eni bilen Tina ýaly millionlarça akýürekli adamlar Mukaddes Kitabyň wadalaryna ynanýarlar. Eger siz Hudaýyň beren wadalaryny ýöne bir arzuw-hyýal hasaplaýan bolsaňyz ýa-da maslahatlaryna şübhelenýän bolsaňyz, onda gözleg-barlag geçiriň. Şonda Mukaddes Kitabyň hasrat çekýänlere göwünlik berýändigine göz ýetirersiňiz.

ARADAN ÇYKAN DOGAN-GARYNDAŞLARYMYZY GÖRERISMI?

JW.ORG saýtyndan wideolary görüň.

Adamlar Jennetde direlen ýakynlaryny gujak açyp garşy alýar.

Mukaddes Kitapda aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigi aýdylýar.

ADAM ÖLENSOŇ, OŇA NÄME BOLÝAR?

Adam ölensoň, oňa näme bolýar?

Adam ölensoň näme bolýar? Mukaddes Kitabyň jogaby size göwünlik berer

EDEBIÝATLAR > WIDEOLAR bölümine giriň (MUKADDES KITAP > MUKADDES KITABYŇ TAGLYMATLARY)

HOŞ HABARY EŞITMEK ISLEÝÄRSIŇIZMI?

Hoş habar eşitmek isleýärsiňizmi?

Şu günler erbet habarlary köp eşidýäris. Biz hoş habary nireden eşidip bileris?

TAGLYMATLAR > PARAHATLYK WE BAGT bölümine giriň

a Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş