Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 101
  • Isany öldürýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isany öldürýärler
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Galgotada ölýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isany ölüme höküm edýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Biz näme üçin Isany söýmeli?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 101

101-NJI HEKAÝA

Isany öldürýärler

BOLÝAN gorkunç zatlara seret. Isany öldürýärler. Ony pürse çüýlediler. Onuň elini we aýagyny çüýlediler. Isany kim şeýle gynaýarka?

Isany ýigrenýänler bar. Kimdigini bilýäňmi? Olaryň biri Şeýtan Iblis. Ol Adam ata bilen How enäni Ýehowa garşy çykarypdy. Isany pürse çüýleden hem Şeýtandy.

Isany pürse çüýlemänkäler, duşmanlary ony masgaralaýarlar. Olaryň Getsemani bagyna gelip, Isany tutuşy ýadyňdamy? Olar kimlerdi? Dogry, olar dini ýolbaşçylardy. Gel, soňra näme bolanyny bileli.

Dini ýolbaşçylar Isany tutanda, resullary gorkup, ony ýeke goýup gaçýarlar. Golaýda diňe Petrus bilen Ýahýa resul galýar. Olar Isa näme bolanyny bilmek üçin yzy bilen gidýärler.

Isany ozal baş ruhany bolan Hanna atly bir ýaşulynyň ýanyna eltýärler. Ýöne ol ýerde kän bolmaýarlar. Soňra Isany şol wagtky baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirýärler. Onuň öýüne birnäçe dini ýolbaşçylar ýygnanyşýar.

Kaýafanyň öýünde Isany sud edýärler. Isa hakda ýalan zatlary aýdýan adamlary getirýärler. Dini ýolbaşçylar biragyzdan: «Isany öldürmeli» diýýärler. Soňra bolsa ýüzüne tüýkürip, ony ýumruklaýarlar.

Şol wagt Petrus daşarda howluda otyrdy. Gije sowukdy, şonuň üçin adamlar ot ýakyp otyrdy. Olar oda ýylynyp otyrkalar, bir hyzmatkär gyz Petrusa seretdi-de: «Bu adam hem Isa bilendi» diýdi.

Petrus oňa: «Men ony tanamok» diýdi.

Oňa Isa bilen bolandygyny üç gezek aýtdylar. Ýöne Petrus üç gezek hem boýun almady. Petrus üçünji gezek muny aýdanda, Isa öwrülip, oňa seredýär. Petrus ýalan sözlänine erbet bolup, daşaryk çykyp, möňňürip aglaýar.

Bäşinji güni daň bilen, ruhanylar Isany ýygnak geçirilýän ýere, ýagny Mejlise getirdiler. Olar bu ýerde Isany näme etmelidigi barada maslahatlaşýarlar. Soňra ony Ýahudanyň hökümdary Pontius Pilatusyň ýanyna eltýärler.

Ruhanylar: «Bu erbet adam. Ony öldürmeli» diýýärler. Pilatus Isany biraz sorag edip: «Bu adam hiç hili erbet iş etmändir» diýip, haýran galýar. Soňra Pilatus Isany Hirodes Antipasyň ýanyna iberýär. Hirodes Jeliläniň hökümdary bolsa-da, şol wagt Iýerusalimdedi. Hirodes hem Isa hiç hili erbet iş etmändir diýip, ony ýene-de Pilatusyň ýanyna iberýär.

Pilatus Isany boşatmak isleýär. Ýöne Isanyň duşmanlary oňa derek başga bir jenaýatçy Barabbasy boşatmagy talap edýärler. Pilatus Isany ýarym günläp halkyň öňüne çykaryp: «Ine, siziň patyşaňyz, serediň!» diýýär. Ruhanylar bolsa: «Bu adamy ýok et! Ony öldür! Öldür!» diýip gygyryşýarlar. Şonda Pilatus Barabbasy boşadyp, Isany öldürdýär.

Bäşinji gün gündiz Isany pürse çüýleýärler. Onuň her tarapynda ölüm jezasy berlen iki jenaýatçy pürse çüýlendi. Olar suratda görnenok. Isanyň ölüminiň öň ýanynda jenaýatçylaryň biri: «Isa, patyşalygy alanyňda meni ýatla» diýýär. Isa oňa: «Saňa söz berýärin, sen Meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýýär.

Bu ajaýyp wada dälmi näme? Isanyň haýsy Jennet barada diýenini bilýäňmi? Hudaýyň başdaky ýaradan Jenneti nirede bolduka? Dogry, Jennet ýerdedi. Isa gökde patyşa bolanda, ýerdäki täze Jennetde bagtly ýaşamak üçin şol adamy direlder. Biz muňa şat dälmi näme?

Matta 26:57—75; 27:1—50; Luka 22:54—71; 23:1—49; Ýahýa 18:12—40; 19:1—30.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş