Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 3
  • Ilkinji erkek we aýal

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ilkinji erkek we aýal
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Soňky duşman ölüm ýok ediler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Olar öýünden näme üçin kowuldy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Agyr durmuş başlanýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 3

3-NJI HEKAÝA

Ilkinji erkek we aýal

BU SURATYŇ öňdäki suratdan näme tapawudy bar? Dogry, bu suratda adamlar bar. Bu ilkinji erkek we aýal. Olary kim ýaratdyka? Hudaý. Hudaýyň adyny bilýäňmi? Onuň ady Ýehowa. Erkek adam bilen aýala bolsa, Adam ata hem-de How ene diýen at dakyldy.

Ýehowa Hudaý Adam atany, ine, şeýle ýaratdy. Hudaý ýerden toprak alyp, kämil ynsan bedenini ýasady. Soňra Adam atanyň burnuna üfledi, ol hem diri jan boldy.

Ýehowa Hudaý Adam ata ýumuş buýurdy. Ol ähli haýwanlara at dakmalydy. Laýyk gelýän ady saýlamak üçin, Adam ata olara köp syn eden bolmaly. Emma haýwanlara at dakyp ýörkä, bir zada üns berdi. Nämä üns berenini bilýäňmi?

Ähli haýwanlar jübüt-jübüt bolup ýaşaýardy. Bu ýerde ata piller hem ene piller, ata ýolbarslar hem-de ene ýolbarslar bardy. Diňe Adam atanyň taýy ýokdy. Şonda Ýehowa Adam atany güýçli uka gidirip, onuň bir gapyrgasyny aldy. Onsoň gapyrgadan aýal ýasady, ol hem Adam atanyň aýaly boldy.

Adam ata indi, gör, nähili bagtly bolandyr! Göz öňüne getirip gör! Ajaýyp bagda ýaşaýandygy üçin, How ene özüni nähili bagtly duýan bolsa gerek! Indi olaryň çagalary bolup, bagtly ýaşap bilerdiler.

Ýehowa Adam ata bilen How enäniň baky ýaşap, bütin ýer ýüzüni Erem bagyna öwürmegini isledi. Adam ata bilen How ene etjek işlerini göz öňüne getirip, özlerini, gör, nähili bagtly duýandyr! Ýer ýüzüni ajaýyp baga öwürmäge seniňem gatnaşasyň gelermidi? Emma Adam ata bilen How enäniň bagty uzaga çekmedi. Gel, sebäbini bileli.

Zebur 8:1; Barlyk 1:26—31; 2:7—25.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş