72-NJI HEKAÝA
Hudaý Hizkiýa patyşa kömek edýär
BU ADAMYŇ Ýehowa näme üçin doga edýänini bilýäňmi? Ol Ýehowa gurban edilýän ýerde hatlary näme üçin goýduka? Ol iki taýpaly günorta Ysraýyl patyşalygynyň patyşasy Hizkiýa. Hizkiýa kyn ýagdaýda. Näme üçin?
Sebäbi Aşur goşuny on taýpaly demirgazyk patyşalygy basyp aldy. Ýehowa muňa ýol berdi, sebäbi ýurduň adamlary juda erbetdi. Indi bolsa Aşur goşuny iki taýpaly patyşalyga garşy söweşe çykýar.
Edil şol wagt Aşuryň patyşasyndan Hizkiýa patyşa hat alýar. Bu hatlary Hizkiýa Hudaýyň öňünde goýýar. Hatlarda Ýehowanyň üstünden gülnüp, Hizkiýanyň bolsa boýun bolmagy barada ýazylgydy. Hizkiýa şonuň üçin: «Eý Ýehowa, bizi Aşur patyşasyndan halas et. Şonda ähli halk seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy biler» diýip doga edýär. Ýehowa Hizkiýanyň dogasyny eşidermikä?
Hizkiýa gowy patyşady. Ol atasy Ahaza hem-de on taýpaly patyşalygyň erbet patyşalaryna meňzänokdy. Hizkiýa Ýehowanyň kanunlarynyň hemmesini ýerine ýetirmäge çalyşýardy. Ol doga edip gutaran badyna, Işaýa pygamber Ýehowanyň sözlerini aýdýar: «Aşuryň patyşasy Iýerusalime girmez. Onuň esgerleriniň birisi hem şähere golaýlaşmaz. Iýerusalime garşy ýeke ok hem atylmaz».
Aşakdaky surata seret. Ölüp ýatan esgerleriň kimdigini bilýäňmi? Olar aşurly esgerler. Ýehowa perişdesini iberýär. Ol bir gijede 185 müň aşurly esgeri öldürýär. Şonda Aşur patyşasy ýeňlip, yzyna gaýdýar.
Iki taýpaly patyşalyk halas bolup, halk birnäçe wagtlap asuda ýaşaýar. Hizkiýa patyşa aradan çykanda, ýerine ogly Manasse geçýär. Manasse we ondan soň patyşalyk eden ogly Amon erbet patyşadylar. Şonuň üçin ýurt ýene-de zorlukdan we zalymlykdan dolýar. Amon patyşany öz hyzmatkärleri öldürýär, iki taýpaly patyşalyga bolsa onuň ogly Ýoşiýa patyşa bolýar.