Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bh sah. 213—sah. 215 abz. 2
  • Magşar güni ýa-da Höküm güni näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Magşar güni ýa-da Höküm güni näme?
  • Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
bh sah. 213—sah. 215 abz. 2

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Magşar güni ýa-da Höküm güni näme?

SEN Höküm gününi nähili göz öňüne getirýäň? Adamlar oňa Hudaýyň her bir adamy höküm etjek günüdir öýdýär. Olaryň pikir etmegine görä, käbir adamlar gökdäki eşretli durmuşa gowuşmaly, başgalar bolsa dowzaha düşmeli. Emma Mukaddes Ýazgylarda beýle zatlar öwredilmeýär. Hudaýyň Sözünde Höküm güni gorkunç we ejir çekilýän wagt däl-de, umyt berýän hem-de dikeldiş wagty diýilýär.

Ýahýa resul Höküm gününi Ylham 20:11, 12-de şeýle suratlandyrýar: «Men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy. Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýen ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy». Adamlara kim höküm çykararka?

Adamlaryň iň Ýokary Kazysy Ýehowa bolsa-da, ol höküm işini başga birine tabşyrdy. Kime? Pawlus resul «Hudaý bir gün belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar» diýdi (Resullaryň işleri 17:31). Direlen Isa Mesih Kazy edip bellendi (Ýahýa 5:22). Höküm güni haçan başlar? Ol näçe wagtlap bolarka?

Ylham kitabyndan bilşimiz ýaly, Höküm güni Armageddon urşunda Şeýtanyň dünýäsi ýok edilenden soň başlara (Ylham 16:14, 16; 19:19—20:3). Armageddondan soň Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňluga müň ýyllyk zyňylar. Isanyň gökdäki 144 000 mirasdaşlary höküm çykarar we «Mesih bilen bile müň ýyl patyşalyk ederler» (Ylham 14:1—3; 20:1—4; Rimliler 8:17). Görşümiz ýaly, Höküm güni 24-sagat däl-de, müň ýyl.

Müň ýylyň dowamynda Isa Mesih «dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarar» (2 Timoteos 4:1). «Diriler» — Armageddonda diri galjak «uly märeke» (Ylham 7:9—17). Ýahýa resul Höküm gününi suratlandyranda, «tagtyň öňünde duran... ölüler» barada aýtdy. Isanyň wada edişi ýaly, «gabyrdakylaryň hemmesi Onuň (Mesihiň) sesini eşidip... direler» (Ýahýa 5:28, 29; Resullaryň işleri 24:15). Adamlara näme esasynda höküm çykarylar?

Ýahýa resulyň gören görnüşinden «kitaplaryň açylandygyny» we «kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykarylandygyny» bilýäris. Bu kitaplarda öňki edilen etmişler ýazyldymyka? Ýok, adamlara ölmänkä eden etmişlerine görä höküm çykarylmaz. Biz muny nireden bilýäris? Mukaddes Ýazgylarda: «Ölen... günäden aklanandyr» diýilýär (Rimliler 6:7). Şonuň üçin direlen adamlar durmuşy täzeden başlar. Diýmek, şol kitaplar Hudaýyň gelejekde berjek görkezmesi bolmaly. Armageddonda diri galan hem-de direljek adamlar ebedi ýaşamak üçin, Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny we onuň Müňýyllykda berjek täze görkezmesini ýerine ýetirmeli. Görşümiz ýaly, adamlara Höküm gününiň dowamynda etjek işlerine görä höküm çykarylar.

Höküm gününde millionlarça adamlar ilkinji gezek Hudaýyň islegi bilen tanşyp, onuň kadasy boýunça ýaşap biler. Bu bütindüýnä okuw programmasy arkaly bolar. Hakykatdanam, «şol dünýäde ýaşaýanlar dogrulygy öwrenerler» (Işaýa 26:9). Emma Hudaýyň islegini hemmeler ýerine ýetirmez. Işaýa 26:10-da şeýle diýilýär: «Eger erbet adama geçirimlik edilse, ol dogrulygy öwrenmez. Dogrularyň ýurdunda zalymlyk eder we Hudaýyň beýikligini görmez». Höküm gününde erbet adamlar ebedilik ýok ediler (Işaýa 65:20).

Höküm gününiň ahyrynda adamlar günäden gutulyp, kämillige ýetende, doly «direler» (Ylham 20:5). Adamzat Höküm gününde başdaky kämillik ýagdaýyna geler (1 Korinfliler 15:24—28). Soňra iň soňky synag bolar. Şeýtan düýpsüz çuňlukdan boşadylar we adamlary azdyrmak üçin soňky gezek synanyşar (Ylham 20:3, 7—10). Synagda wepaly galanlar, Mukaddes Ýazgylardaky: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýen pygamberligiň ýerine ýetişini görerler (Zebur 37:29). Höküm güni, Hudaýa wepaly adamlara, gör, nähili bereket getirer!

a Armageddon barada «Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň» diýen kitabyň 20-nji babyndan we «Ýazgylara düşünmek» diýen ensiklopediýanyň 1-nji tomunyň 594, 595-nji we 1037, 1038-nji sahypalaryndan bilip bolar. Bu edebiýatlary Ýehowanyň Şaýatlary dürli dillerde çap etdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş