2-NJI BAP
Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?
«Ynsabyňyzy päk saklaň» (1 PETRUS 3:16).
1, 2. Kompas näme üçin wajyp gural we onuň ynsap bilen näme meňzeşligi bar?
DEŇIZÇI gämisi bilen äpet tolkunlary böwsüp barýar. Syýahatçy çöl-beýewanlykdan gidip barýar. Uçarman uçary bilen gatlak-gatlak bulutlardan geçip, gögüň bir çetinden başga bir çetine ýetýär. Bu adamlaryň arasynda näme umumylyk bar? Eger olaryň her birinde kompas, ýa-da, başga bir häzirki zaman tehnologiýasy bolmasa, betbagtçylyga uçrardylar.
2 Kompas ýönekeý gural bolup, onuň aýlanýan magnitli dili elmydama demirgazygy görkezýär. Eger kompas dogry işlese, aýratynam, gowy karta bilen ulanylsa, howply ýagdaýyň öňüni almaga kömek edýär. Ony Ýehowanyň bize beren gymmatly sowgady bolan ynsap bilen deňeşdirse bolýar. Türkmençe Injilde oňa wyždan hem diýilýär (Resullaryň işleri 24:16; Ýakup 1:17). Ynsap bolmasa, biziň hiç hili ýol görkezijimiz bolmazdy. Eger ynsabymyzy ýerlikli ulansak, ol bize dogry ýoly tapyp, ondan ýöremäge kömek eder. Geliň, ynsabyň nämedigine we nähili ähmiýetiniň bardygyna seredeliň. Soňra şu üç sowalyň jogabyny bileris: 1) Ynsabyňy nähili terbiýelemeli, 2) adamlaryň ynsabyna näme üçin hormat goýmaly we 3) päk ynsabyň näme peýdasy bar?
YNSAP WE ONUŇ ÄHMIÝETI
3. «Ynsap» diýen grek sözi göni manyda näme aňladýar we nähili ukyp diňe adamlarda bar?
3 Mukaddes Ýazgylarda «ynsap» diýen grek sözi göni manyda «özüňi tanamak» diýmegi aňladýar. Ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlardan tapawutlylykda, Hudaý bize özümizi tanamak ukybyny berdi. Başgaça aýdanda, biz özümize gapdaldan seredip, eden işimize baha berýäris. Ynsap içimizde oturan şaýat ýa-da kazy kimin biziň edýän işlerimizi, garaýşymyzy we kararlarymyzy derňeýär. Ol bize dogry karara gelmäge kömek edýär ýa-da erbet işler barada öňünden duýdurýar. Şunlukda, ýagşy iş etsek begenýär, ýaman iş edenimizde bolsa ezýet berýär.
4, 5. a) Adam ata bilen How enede ynsabyň bardygyny nireden bilýäris we olaryň Hudaýyň kanunyny bozmagy nämä eltdi? b) Hudaýyň gadymy gullukçylary ynsabyna görä näme etdiler? Mysal getir.
4 Erkege, aýala-da bu ukyp ilkibaşdan berlipdi. Adam ata bilen How enäniň ikisi-de ynsabynyň bardygyny görkezdiler. Muny olaryň günä edeninden soň, utanyşyndan görse bolýar (Gelip çykyş 3:7, 8). Olaryň ynsaby ezýet berse-de, hiç hili peýdasy degmedi. Sebäbi olar Hudaýyň kanunyny bilgeşleýin bozdular. Şeýlelikde, olar bilkastlaýyn pitne turzup, Ýehowa Hudaýyň duşmany boldular. Olar kämil ynsandy we näme edýänini bilýärdiler, şol sebäpli Hudaý olary bagyşlamady.
5 Adam ata bilen How eneden tapawutlylykda, bikämil adamlaryň köpüsi ynsabyna gulak asýarlar. Meselem, wepaly Eýýup şeýle diýdi: «Men hemişe adalatly bolupdym we ondan hiç el çekmerin; ýüregim meni ömrümiň hiç bir güni üçin ýazgarmaz»a (Eýýup 27:6). Dogrudan-da, Eýýup ynsaply adamdy. Ol ynsabyna hemişe gulak asyp, şoňa görä-de hereket ederdi. Şol sebäpli ol ynsabynyň ýazgarmandygyny arkaýyn aýdýar, ýagny özüni utançly we günäli duýmaýar. Indi bolsa Eýýup bilen Dawudyň tapawudyna üns bereliň. Bir gezek Dawut Ýehowanyň mesh edilen patyşasy Şawula hormat goýmady, şonda «Dawudyň ýüregi biynjalyk boldy» (1 Şamuwel 24:5). Elbetde, ynsabynyň gynamagy Dawuda uly kömek etdi, çünki ol beýle işi gaýdyp etmedi.
6. Ynsabyň ähli adamlara berlendigi nämeden görünýär?
6 Ynsap diňe Ýehowanyň gullukçylarynda bolýarmy? Pawlus resulyň ýazan sözlerini okalyň: «Başga milletdäki adamlar Hudaýyň kanunyny bilmeseler-de, kanuna laýyk işleri berjaý edip, ýagşyny we ýamany saýgaryp bilýändigini görkezýärler. Olar eden işleri üçin pikirlerinde özlerini ýa günäkärleýärler, ýa-da aklaýarlar. Şeýdip, olar kanundaky prinsipleriň ýüreklerinde ýazylandygyny görkezýärler, hatda olaryň ynsaby-da muňa şaýatlyk edýär» (Rimliler 2:14, 15). Hatda Ýehowanyň kanunlaryny asla bilmeýän adamlar hem käwagtlar ynsabyna görä Hudaýyň prinsiplerine laýyk işleri edýär.
7. Ynsap näme üçin käwagt ýalňyşdyryp biler?
7 Ýöne ynsap käwagt ýalňyşdyryp biler. Näme üçin? Eger-de kompasy magnite golaý eltseň, onda onuň täsiri astynda demirgazygy däl-de, başga tarapy görkezmegi ahmal. Şeýle-de gowy kartaň bolmasa, kompasyň hiç hili peýdasy degmez. Şonuň ýaly-da, ýüregiň betnebis höwesleri aşa täsir etse, ynsap adamy ýalňyşdyrmagy mümkin. Eger ynsaby Hudaýyň Sözüniň görkezmesine görä ulanmasak, onda biz köp wajyp meselelerde ýagşy-ýamany saýgaryp bilmeris. Aslynda, ynsabymyz dogry ýol görkezer ýaly, bize Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi gerek. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Ynsabym hem mukaddes ruh arkaly... şaýatlyk edýär» (Rimliler 9:1, 2). Emma ynsabymyz Ýehowanyň mukaddes ruhuna seslener ýaly näme etmeli? Munuň üçin ony terbiýelemeli.
YNSABY NÄDIP TERBIÝELEMELI?
8. a) Ýürek ynsaba nähili täsir edip biler we ilki bilen nämäni göz öňünde tutmaly? b) Mesihçä päk ynsaply bolmak näme üçin hemişe ýeterlikli däl? (Çykgyda seret).
8 Sen nädip ynsabyňa görä karara gelip bilersiň? Käbir adamlar diňe içki duýgularyna diň salyp, şoňa görä hereket edýärler. Soňra: «Meniň-ä muňa ynsabym çatýar» diýýärler. Ýürek höwesleri juda güýçli bolmagy mümkin, hatda ynsaba-da täsir edip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ynsan ýüregi gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýar» (Ýermeýa 17:9). Diýmek, ýürek höwesi esasy zat bolmaly däl. Biz, ilki bilen, Ýehowa Hudaýyň halaýan zadyny göz öňünde tutmalyb.
9. Hudaýdan gorkmak näme we ol ynsabymyza nähili täsir etmeli?
9 Eger terbiýelenen ynsaba görä karara gelsek, onda betnebis höweslere eýerýändigimizi däl-de, Hudaýdan gorkýandygymyzy görkezeris. Bir mysala seredeliň. Wepaly häkim Nehemýa Iýerusalimiň ilatyndan käbir tölegleri we salgytlary almaga haklydy. Emma ol hiç zat ýygnatmady. Näme üçin? Sebäbi ol Hudaýyň halkyna agram salyp, Ýehowany sähelçe-de närazy etmek islemeýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men muny etmedim, sebäbi Hudaýdan gorkýardym» (Nehemýa 5:15). Hudaýdan gorkmak, ýagny gökdäki Atamyzy närazy etmekden gorkmak örän wajypdyr. Şeýle hormat we gorky bizi karara gelende, Hudaýyň Sözünden görkezme agtarmaga höweslendirer.
10, 11. Spirtli içgiler babatda Mukaddes Ýazgylarda nähili prinsipler bar we olary ulanmak üçin Hudaýyň görkezmesini nädip alyp bileris?
10 Mysal üçin, spirtli içgiler meselesine seredeliň. Köp adamlar dost-ýarlary we tanyş-bilişleri bilen oturanda, özüne şeýle sowal bermeli: «Içmelimi ýa içmeli däl?» Ilki bilen, käbir zatlary göz öňünde tutmaly. Mukaddes Ýazgylarda muňa degişli nähili prinsipler barka? Elbetde, onda spirtli içgileri içmek ýazgarylmaýar. Onda şerap sowgady üçin Ýehowa şöhratlandyrylýar (Zebur 104:14, 15). Emma serhoşlyk we içhä-içlik ýazgarylýar (Luka 21:34; Rimliler 13:13). Galyberse-de, ahlaksyzlyk we zynahorlyk ýaly agyr günäler bilen birlikde serhoşlyk hem agzalýarc (1 Korinfliler 6:9, 10).
11 Mesihçileriň ynsaby şeýle prinsipler boýunça terbiýelenýär, şoňa görä-de duýgur bolýar. Şol sebäpli biz oturylyşykda içmeli bolanda, özümize şeýle sowallar bermeli: «Oturylyşyk näme üçin gurnalýar? Onuň soňy içhä-içlige ýazarmy? Men spirtli içgä göwün berdimmi? Men içegenmi ýa şonsuz oňup bilmeýärinmi? Keýpimi götermek we ýagdaýymy gowulandyrmak üçin içýärinmi? Çen bilen içmegi başarýarynmy?» Bu babatda Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere we şu sowallara seredenimizde, Ýehowadan görkezme dilemeli (Zebur 139:23, 24-nji aýatlary okaň). Şeýdip, biz Ýehowadan mukaddes ruh bilen ýol görkezmegi haýyş edýäris. Şeýle-de biz ynsabymyzy Hudaýyň prinsiplerine görä terbiýeleýäris. Emma bir karara gelenimizde, ýene-de bir zady göz öňünde tutmaly.
ADAMLARYŇ YNSABYNA NÄME ÜÇIN HORMAT GOÝMALY?
Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsap spirtli içgiler babatda dogry karara gelmäge kömek edýär
12, 13. Mesihçileriň ynsaby biri-biriniňkiden näme üçin tapawutlanýar we biz muňa nähili garamaly?
12 Käte mesihçileriň ynsabynyň bir-birinden tapawutlanýandygyny görüp, haýran galýansyň. Mesihçi bir zady ýa däbi gowy görüp, ony asla ýazgaranok, başga mesihçi bolsa ony halamaýar. Mysal üçin, mesihçileriň biri oturylyşykda içmäge dostlary bilen dynç almak ýaly garaýar, başga bir mesihçi bolsa muňa büdreýär. Näme üçin olaryň pikiri bir-birinden tapawutlanýarka we biz muňa nähili garamaly?
13 Adamlaryň pikiri köp zatda bir-birinden tapawutlanýar. Olaryň alan terbiýesi her hili bolýar. Meselem, käbir adamlar öňler haýsydyr bir gowşaklyk bilen göreşendir. Belki, ony ýeňmek aňsat bolan däldir (1 Patyşalar 8:38, 39). Aýratynam, olar spirtli içgileri içmekden has-da habardar bolýarlar. Şeýle adam öýüňe gelende, oňa hödür edäýeniňde-de, içmäge ynsaby çatmaz. Sen öýkelärmiň? Şonda-da içirjek bolarsyňmy? Ýok. Belki, ol içmeýänliginiň sebäbini saňa düşündirip durmaz, ýöne onuň sebäbini bilsek-de, bilmesek-de, doganlyk söýgüsi onuň ynsabyna hormat goýmaga kömek eder.
14, 15. I asyrda ýaşan meshçileriň ynsaby haýsy meselede tapawutlanýardy we Pawlus nähili maslahat berdi?
14 Pawlus resul I asyrda ýaşan mesihçileriň ynsabynyň köplenç bir-birinden has tapawutlanýandygyny bilýärdi. Şol wagtlar butlara gurban edilen zatlary iýmek meselesi käbir mesihçileri biynjalyk edýärdi (1 Korinfliler 10:25). Şeýle zatlar bazarda satylanda, olary iýmäge Pawlusyň ynsaby çatýardy. Pawlus üçin but hiç zatdy, Ýehowanyň berýän zatlary hiç haçan butlaryňky bolup bilmez, olar diňe Ýehowa degişlidir. Emma Pawlus başga mesihçileriň beýle pikir etmeýändigini bilýärdi. Sebäbi olaryň käbiri mesihçi bolmazyndan öň, butlara yhlasly sežde edipdiler. Indi butlar bilen bagly islendik zat olara agyr degýärdi. Bu mesele nähili çözüldi?
15 Pawlus şeýle diýdi: «Biz, imany güýçlüler, diňe öz aladamyzy etmän, gaýtam, imany gowşaklara kynçylyklara döz gelmäge kömek etmeli. Hatda Mesih hem öz aladasyny etmedi» (Rimliler 15:1, 3). Pawlusyň aýtmagyna görä, biz Mesihden görelde alyp, doganlaryň peýdasyny özümiziňkiden ýokary tutmaly. Diýmek, onuň ugrunda Mesihiň gurban bolandygyny bilip, doganyň büdremezligi üçin, Pawlus eti asla iýmerin diýýär (1 Korinfliler 8:13; 10:23, 24, 31—33-nji aýatlary okaň).
16. Ynsaby ejizräk mesihçiler başga ynsaply doganlaryny näme üçin ýazgarmaly däl?
16 Emma welin, ynsaby ejizräkler başgalary ýazgaryp, hemmeleriň ynsabyny özüniňkä meňzetjek bolmaly däl (Rimliler 14:10-ny okaň). Aslynda, ynsabymyz başgalary däl-de, özümizi ýazgarmaly. Isanyň: «Adamlary ýazgarmagyňyzy bes ediň, şonda sizi-de ýazgarmazlar» diýen sözlerini ýada salyň (Matta 7:1). Mesihçileriň ählisi ynsaba bagly meselelerde agzalalyk döretmekden gaça durmaly. Birek-biregi büdretmän, gaýtam, abatlap, ýygnakda söýgini we agzybirligi artdyrmaly (Rimliler 14:19).
PÄK YNSABYŇ PEÝDASY
Ynsabymyz päk bolsa, kalbymyz rahatlyk tapyp, durmuş ýolunda uly şatlyk bilen ýöräris
17. Şu günler köp adamlaryň ynsaby nähili?
17 Petrus resul: «Ynsabyňyzy päk saklaň» diýýär (1 Petrus 3:16). Ýehowa Hudaýyň öňünde päk ynsaply bolmak uly bereketdir. Häzirki adamlaryň köpüsinde şeýle ynsap ýok. Pawlus olaryň «ynsaplary tagma basylan ýaly hiç zady duýmaz» diýýär (1 Timoteos 4:2). Tagma salýan demir derini erbet ýakyp, ony ýaralaýar we ol hiç zady duýmaýar. Dogrudan-da, köp adamlaryň hem ynsaby öli, ýagny şeýle gatapdyr welin, hiç zady duýmaýar, hatda erbetlik barada duýdurmaýar, nägile-de bolmaýar, özüni günäli ýa utançly hasaplamaýar. Şol sebäpli köp adamlar ynsabyny ýitirip: «Gowy-da şol!» diýýärler.
18, 19. a) Özüňi günäli we utançly duýmak näme üçin peýdaly? b) Eger toba edip, günämiz geçilse-de, özümizi günäli we utançly duýsak näme etmeli?
18 Diýmek, özümizi günäli duýsak, ynsabymyz ýalňyşandygymyzy aýdýar. Bu günäkäri toba etmäge höweslendirse, hatda onuň iň agyr günäsi-de geçiler. Meselem, Dawut patyşa agyr günä etse-de, bagyşlandy, sebäbi ýürekden toba etdi. Ol eden işine ökünip, Ýehowanyň kanunlaryna gulak asmagy ýüregine düwdi. Şeýdip, ol Ýehowanyň «gowy, geçirimlidigine» göz ýetirdi (Zebur 51:1—19; 86:5). Eger toba edip, günämiz geçilse-de, özümizi günäli we utançly duýsak näme etmeli?
19 Käte günäkäriň ynsaby aşa ýazgaryp, uzak wagtlap azar berse, oňa köp zyýan ýetirer. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň bizi ýazgarýan ýürekden uludygyny we ähli duýgularymyzy bilýändigini özümize ýatlatmaly. Adamlara öwredişimiz ýaly, biziň özümiz hem Hudaýyň söýgüsine we geçirimlidigine ynanmaly (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň). Şeýle-de päk ynsap kalbymyza rahatlyk salýar we bu dünýäde tapdyrmaýan uly şatlyk berýär. Bir wagt agyr günä eden adamlar kalbyna aram tapyp, häzir Ýehowa Hudaýa päk ynsap bilen gulluk edýärler (1 Korinfliler 6:11).
20, 21. a) Bu kitap saňa näme etmäge kömek eder? b) Mesihçileriň nähili azatlygy bar we ony nähili ulanmaly?
20 Bu kitap şeýle şatlygy berip, Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günleri gutarýança päk ynsaply bolmaga kömek edýär. Elbetde, şu kitabyň dowamynda her gün duş gelýän ýagdaýlar barada oýlanyp, Mukaddes Ýazgylardan olara degişli kanunlara we prinsiplere seredip ýetişmeris. Galyberse-de, ynsaba bagly meselelerde ýönekeý, taýýar düzgünler bardyr öýtmäliň. Bu kitap saňa Hudaýyň Sözüni gündelik durmuşyňda ulanmagy öwredip, seniň ynsabyňy terbiýelemäge we ony duýgur etmäge ýardam eder. Musanyň kanunyndan tapawutlylykda, «Mesihiň kanuny» Hudaýyň gullukçylaryna ýazylan düzgün, kanunlar boýunça däl-de, ynsap we prinsip boýunça ýaşamagy maslahat berýär (Galatýalylar 6:2). Şeýlelikde, Ýehowa mesihçilere köp azatlyk berdi. Emma Hudaýyň Sözi bize bu azatlygy hiç haçan «erbet işleriň üstüni örtmek üçin» ulanmaň diýip ýatladýar (1 Petrus 2:16). Gaýtam, şeýle azatlyk Ýehowa söýgimizi görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.
21 Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamak barada doga edip, şoňa görä-de hereket etseň, Ýehowany ilki tananyňda başlan iň wajyp ýoly dowam edersiň: saýgarma ukyplaryňy terbiýelärsiň (Ýewreýler 5:14). Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyň gündelik durmuşyňda peýdaly bolar. Syýahatça ýol görkezýän kompas ýaly seniň ynsabyň hem gökdäki Ataňa ýaraýan işleri etmäge kömek eder. Şeýdip, özüňi Hudaýyň söýgüsinde saklarsyň.
a Ýewreý Ýazgylarynyň asyl nusgasynda «ynsap» sözi ulanylmaýar. Ýöne şuňa meňzeş mysallardan ynsabyň täsiri görünýär. «Ýürek» sözi köplenç adamyň içki dünýäsini aňladýar. Şeýle ýagdaýlarda, ol adamyň içki duýgusyny, ýagny ynsabyny görkezýär. Injilde bolsa «ynsap» we «wyždan» diýen grek sözleri takmynan 30 sapar duş gelýär.
b Injilde aýdylmagyna görä, ynsabyň päk bolmagy hemişe ýeterlikli däl. Meselem, Pawlus şeýle diýýär: «Ynsabym maňa hiç bir zatda ezýet bermeýär. Emma şonda-da özümi dogry adam hasaplamaga hakym ýokdur. Aslynda, maňa höküm çykarýan Ýehowadyr» (1 Korinfliler 4:4). Pawlus ýaly käbir adamlar hem mesihçileri päk ynsap bilen yzarladylar, sebäbi olar Hudaýy razy edýändiris öýdýärdiler. Ynsabymyzyň diňe özümiz üçin däl, eýsem, Hudaýyň öňünde-de päk bolmagy wajypdyr (Resullaryň işleri 23:1; 2 Timoteos 1:3).
c Köp lukmanlaryň aýtmagyna görä, arakhorlara çen bilen içmek hem bolmaýar, çünki olar üçin «çen bilen içmek» asla içmezligi aňladýar.