32-NJI BAP
Boş wagtymy nädip gowy geçirmeli?
Dogry ýa-da nädogrudygyny belle.
Mukaddes Ýazgylara görä...
Sport bilen meşgullanmak bolmaýar.
□ Dogry □ Nädogry
Kinolaryň we telegepleşikleriň hemmesi erbet.
□ Dogry □ Nädogry
Tanslaryň ählisi erbet.
□ Dogry □ Nädogry
SEN hepdäniň dowamynda sapaklaryňy gowy okansyň, öýdäki işleriňi hem doly edensiň. Emma ýaş bolandygyň üçin onçakly ýadaw dälsiň (Süleýmanyň tymsallary 20:29). Indi bolsa, öňüňdäki dynç günleri şadyýan we gowy geçiresiň gelýändir.
Belki-de, deň-duşlaryň: «Mukaddes Ýazgylary okaýanlara dynç alyp, göwün açmak bolmaýar» diýýändir. Bu, hakykatdanam, şeýlemi? Gel, öňki sahypadaky üç pikiriň dogry ýa-da nädogrudygyny we wagtyňy gowy geçirmek barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bileli.
● Sport bilen meşgullanmak bolmaýar.
Nädogry. Mukaddes Ýazgylarda: «Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr» diýilýär (1 Timoteos 4:8, «Mukaddes Kitap»). Şu günler sportuň buzda typmak, welosiped sürmek, tennis, basketbol, futbol we woleýbol oýnamak ýaly dürli görnüşleri bar. Bu oýunlar hem peýdaly, hem gyzykly bolup biler.
Ýöne bu sporta doly berilmegi aňladýarmy? Muny bilmek üçin ýokarda getirilen aýadyň kontekstine seretmeli. Pawlus resul Timoteosa şeýle sözleri ýazýar: «Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr». Diýmek, «özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek», ýagny Hudaýa wepaly bolmak iň wajyp zat. Sport bilen meşgullanmak isläniňde Hudaýa nädip wepaly bolup bilersiň? Muny bilmek üçin aşakdaky üç soragyň jogabyny bilmeli.
1. Bu sport howplumy? Deň-duşlaryň sportuň belli bir görnüşini öwýän bolsalar, gaty bir ynanyp barma. Gaýtam, onuň saňa howpludygyna ýa-da däldigine göz ýetir. Mysal üçin, sportuň bu görnüşine gatnaşyp, zyýan çekenleriň sany köpmi? Özüňi goramak üçin nähili howpsuzlyk çäreleri bar? Bir ýeriňe zyýan ýetmez ýaly ýörite egin-eşik almaly bolarsyňmy? Elbetde, sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullansaň-da, tötänden şikes almagyň mümkin. Emma bu sportuň maksady garşydaşyňa zyýan ýetirmekmi?
Ýaşaýyş — Hudaýyň sowgady. Hudaýyň ysraýyllylara beren kanunyna görä, tötänden biriniň ölümine sebäpkär bolan adama jeza berilýärdi (Müsürden çykyş 21:29; Sanlar 35:22—25). Şonuň üçin olar howpsuzlyk çäresini görmelidi (Kanun taglymaty 22:8). Edil şonuň ýaly, şu günlerem mesihçiler ýaşaýşa hormat goýmaly.
2. Bu sport bilen meşgullansam kimler bilen gatnaşmaly bolaryn? Eger sport ugrundan aýratyn ukybyň bar bolsa, deň-duşlaryň ýa-da mugallymlaryň saňa mekdebiň toparyna goşulmagy teklip eder. Saňa-da bu teklip ýaraýan bolsa, ondan ýüz öwürmek gaty kyn bolmagy mümkin. Ýehowanyň Şaýady bolan Mark atly ýetginjek: «Ene-atamyň mekdepdäki topara goşulmaga näme üçin rugsat bermeýändigine düşünip bilemok» diýýär. Ýöne ene-ataňy yrjak bolmagyň deregine, ilki bilen, şu zatlar barada pikirlen: Köplenç oýna taýýarlyk we ýaryşlar okuwdan soň bolýar. Eger sen gowy oýunçy bolsaň, sporta has köpräk üns bermäge höweslendirerler. Eger sen känbir gowy oýnamaýan bolsaň, onda köpräk türgenleşmegi talap ederler. Galyberse-de, oýunçylar biri-biri bilen ýakyn gatnaşýandygy üçin dostlaşýarlar. Sebäbi olar şatlygyny hem, gaýgysyny hem deň paýlaşýarlar.
Indi bolsa özüňe şeýle soraglary ber: Boş wagtlarymy türgenleşik üçin sarp etsem, bu maňa nähili täsir eder? Ynanýan zatlarymyz deň gelmeýänler bilen dostlaşsam, netijesi nähili bolar? (1 Korinfliler 15:33). Şol toparyň agzasy bolup galmak üçin nämelerden geçmeli bolaryn?
3. Bu sport üçin näçe wagtym we pulum gider? Mukaddes Ýazgylarda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýip maslahat berilýär (Filipililer 1:10). Bu maslahata eýermek üçin özüňe: «Sapaklaryma taýýarlanmaga we ruhy işleri etmäge goýan wagtymy sport bilen meşgullanmaga sarp edýärinmi? Munuň üçin näçe pul gerek bolar? Ony töläp bilerinmi?» diýen soraglary ber. Bu soraglaryň üstünde oýlanmak, wajyp zatlary birinji orunda goýmaga kömek eder.
● Kinolaryň we telegepleşikleriň hemmesi erbet.
Nädogry. Mukaddes Ýazgylar mesihçileri «gowy zada... berk ýapyşmaga» we «erbetligiň ähli görnüşinden gaça durmaga» höweslendirýär (1 Selanikliler 5:21, 22). Bu prinsipe kinolary we telegepleşikleri göreniňde hem eýerse bolýara.
Dostlaryň bilen kino gitmek gaty gyzykly. Günorta Afrikaly Liýa: «Men kino görmäge gidesim gelse, derrew joralarymyň birine jaň edýärin. Olam beýlekilere jaň edýär. Şeýdip, biz üýşüp gidýäris» diýýär. Adatça, olar kinony gündiz görmäge gidýärler. Kinodan soň bolsa, olaryň yzyndan ene-atalary gelýär we olar bilelikde bir ýerde agşamlyk edinýärler.
Kinolaryň we telegepleşikleriň çykarylyp başlandygyna köp wagt bolmasa-da, ondaky bolýan wakalar, ýagny adamlaryň ýüregine ýakyn ýagdaýlar we olary gyzyklandyrýan zatlar täze däl. Isa pygamber adamlaryň ýüregine täsir edýän wakalary gürrüň berýärdi. Meselem, ol samariýaly adam baradaky mysaly aýdyp, rehimdar bolmagy we ýagşy işleri etmegi öwretdi (Luka 10:29—37).
Şu günler çykarylýan kinolar hem adamlara köp zatlary öwredýär. Esasy zat bolsa, onuň näme öwredýändigini bilmeli. Meselem, olar tomaşaçylara kinonyň gahrymany jenaýatçylyk etse-de, güýjüni ulanyp beýlekileri ursa-da, şeýle adama rehimdarlyk etmegi öwredýär. Şol sebäpli seresap bolmasaň, zorlugy we ahlaksyz hereketleri goldaýandygyňy özüňem duýman galarsyň. Şeýle duzaga düşmez ýaly näme edip bolýar?
Kino ýa-da telegepleşik görmekçi bolanyňda, özüňe şeýle soraglary ber: «Bu meni rehimdar bolmaga höweslendirermi? (Efesliler 4:32). Ýa-da muny görenimden soň, başgalaryň kyn güne düşendigine begenerinmi? (Süleýmanyň tymsallary 17:5). Maňa „ýamanlygy ýigrenmek“ kyn bolarmy? (Zebur 97:10). Özümem olara meňzemerinmi? (Zebur 26:4, 5)».
Filmiň reklamasyny we bir bölegini görüp, onuň näme hakda boljakdygyny azda-kände bilse bolýar. Emma «her söze ynanmak» akmaklyk bolardy (Süleýmanyň tymsallary 14:15). Näme üçin? Reklamalar adamyň garaýşyna täsir edýär. Şol sebäpli reklamany döredýänler onuň erbet tarapyny gizleýärler. Kamila atly ýetginjek: «Kinoda baş gahrymanlaryň roluny kimleriň ýerine ýetirýändigini bilseň, köplenç onuň näme hakdadygyny bilip bolýar» diýýär.
Filmi görmelidigini ýa-da däldigini Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýan dostuň bilen hem maslahatlaşsa bolýar. Ýöne adamyň köplenç kino babatda diňe özüne ýaran zady gürrüň berýändigini ýadyňdan çykarma. Şonuň üçin ondan kinoda nämäni halamandygyny gürrüň bermegini haýyş et. Meselem, ondan zorlugyň, ahlaksyzlygyň we jadygöýligiň görkezilýän ýerleriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny sora. Bu meselede ene-ataň hem gowy maslahat berip bilýär. Wanesa atly ýetginjek: «Men hemişe, ilki, ene-atamdan soraýaryn. Olar razy bolsalar-a görýärin, bolmasa-da görmeýärin» diýýär.
Kinony ýa-da telegepleşigi saýlamaga ýüzleý seretmeli däl. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Sebäbi seniň saýlaýan göwün açmaň ýüregiňde nämäniň bardygyny we nämäni gymmat saýýandygyňy aýan edýär (Luka 6:45). Bu bolsa seniň kimler bilen dostlaşmagy we näme hakda gürrüň etmegi halaýandygyňy, şeýle-de ahlak kadalaryna bolan garaýşyňy görkezýär. Şonuň üçin saýlanyňda ünsli bol!
● Tanslaryň ählisi erbet.
Nädogry. Ysraýyllar Gyzyl deňzinden geçip, müsürlilerden halas bolansoň, Merýem aýallar bilen tans etdi (Müsürden çykyş 15:20). Mundan başga-da, Isanyň ýiten ogul baradaky tymsalyny ýada sal. Ol öýüne dolanyp gelende, öýündäkiler ony «aýdym-saz we tans» bilen garşy aldylar (Luka 15:25).
Şu günlerem köp medeniýetlerde ýaşlar we uly ýaşly adamlar dost-ýarlary hem-de dogan-garyndaşlary bilen dynç alanlarynda tans edýärler. Mukaddes Ýazgylarda dostlaryň bilen dynç almak ýazgarylmasa-da, onuň «keýpi-sapaly oturyşyklara» öwrülmeli däldigi duýdurylýar (Galatýalylar 5:19—21). Işaýa pygamber şeýle ýazýar: «Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň, giç agşama çenli şerap içip, möwç alýanlaryň dat gününe! Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler» (Işaýa 5:11, 12).
Şeýle oturylyşyklarda ir ertirden tä agşama çenli içhä-içlik bolýardy we aýdym-sazly meýlis gurnalýardy. Olar özlerini edil «Hudaý ýok!» diýýän ýaly alyp barýardylar. Şonuň üçinem Hudaýyň şeýle oturylyşyklary ýazgarandygy şübhesiz.
Eger seni hem aýdym-sazly, tansly oturylyşyklara çagyrsalar, özüňe şeýle soraglary ber: «Ol ýere kimler barar? Olar nähili adam? Oturylyşygy kim gurnaýar? Tertip-düzgüne kim gözegçilik eder? Ene-atam muňa gatnaşmagymy halarmy? Ol ýerde nähili tanslar ediler? Köp tanslar nädogry duýgulary oýarýar we ahlaksyz islegleri döredýär. Şeýle tanslary etmek ýa-da görmek, „ahlaksyzlykdan“ gaça durmaga kömek edermi? (1 Korinfliler 6:18)».
Eger seni gijeki kluba çagyrsalar näme edersiň? Şon atly ýetginjek Ýehowanyň Şaýady bolmanka şeýle klublara gidýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Aňyrda erbet aýdym-sazlary goýýardylar, ahlaksyz tanslar edilýärdi. Adamlaryň köpüsi ol ýere diňe kimdir biri bilen ýatmak üçin barýar». Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçeninden soň, Şon garaýşyny düýpgöter özgerdýär. Ol: «Şeýle klublar mesihçileriň barjak ýeri däl» diýýär.
Näme üçin seresap bolmaly?
Seniň pikiriňçe, esgeri haçan ýeňmek aňsat? Söweş meýdanynda urşup ýören wagtymy ýa-da esger ýoldaşlary bilen dynç alýan wagty? Elbetde, dynç alýan wagty. Sebäbi ol şol wagt arkaýynlaşýar. Edil şonuň ýaly, senem mekdepde ýa-da işde bolup biläýjek howply ýagdaýlar barada pikirlenip, ruhy taýdan oýa bolýansyň. Emma dostlaryň bilen dynç alanyňda arkaýynlaşyp, ahlak kadalaryna eýermegi ünsden düşürmegiň mümkin.
Sen dynç almak we göwün açmak babatda Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerseň, käbir deň-duşlaryň üstüňden gülmegi mümkin. Hatda ene-atasy Ýehowanyň Şaýady bolan ýaşlaram üstüňden gülüp biler. Sebäbi olaryň ynsaby kütelen (1 Timoteos 4:2). Olar saňa: «Özüňi gaty dogruçyl hasaplaýarsyň» diýmekleri ahmal. Ýöne olaryň aýdýanlaryna üns berme, gaýtam, «ynsabyňy päk sakla» (1 Petrus 3:16).
Seniň üçin deň-duşlaryň däl-de, Ýehowanyň sen barada näme pikir edýändigi wajyp bolmaly. Eger dostlaryň ynsabyňa görä hereket edýändigiň üçin ýazgarýan bolsa, onda olar bilen dostlugyňy bes edip, täze dostlary tutunsaň gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Ahlak taýdan arassa galmaga özüň jogapkärdigiňi ýatdan çykarma! Şonuň üçin göwün açanyňda-da, dynç alanyňda-da ahlak taýdan arassa gal (Süleýmanyň tymsallary 4:23).
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 37-NJI BABYNA SERET
Şu günler pornografiýa giňden ýaýran. Munuň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?
[Çykgyt]
a Bu barada köpräk bilmek üçin, I tomuň 36-njy babyna seredip bilersiň.
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan... Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder». Wagyz kitaby 11:9
MASLAHAT
Aýda bir ýa-da birnäçe gezek maşgala bolup dynç alar ýaly, ene-ataňdan haýsy günler telewizory görmeli däldigini sora.
BILÝÄŇIZMI?
Ysraýyl halky üçin aýdym-saz we tans hakyky seždäniň bir bölegidi (Zebur 150:4).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Eger mekdepden soň sport toparynda oýnamaga çagyrsalar, men ․․․․․
Dostlarym bilen görýän kinom mesihçilere ýaraşmaýan bolsa, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Ýehowanyň Şaýatlary sportuň howply görnüşlerinden näme üçin gaça durmaly?
● Filmiň ýerliklidigini ýa-da däldigini nädip anyklap bilersiň?
● Tanslaryň ýerliklidigini ýa-da däldigini nädip anyklap bilersiň?
[269-njy sahypadaky sitata]
«Men tans etmegi gaty gowy görýärin. Ýöne ene-atamyň maslahatyna hem gulak asýaryn. Men durmuşda tansy ähli zatdan öňde goýmaýaryn» Tina
[268-nji sahypadaky surat]
Esgeri söweş meýdanynda däl-de, dynç alýan wagty ýeňmek aňsat. Edil şonuň ýaly, dynç alanyňda saňa-da ahlak kadalaryna eýermek kyn bolup biler