-
Isa Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärMukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
-
-
17-NJI BÖLÜM
Isa Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýär
Isa şägirtlerine köp zady öwredýär, onuň öwredýän zatlarynyň esasy temasy: Hudaýyň Patyşalygy
ISA näme üçin ýer ýüzüne geldi? Ol şeýle diýdi: «(Men) Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny... bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:43). Görşümiz ýaly, Isa, esasan, Patyşalyk barada wagyz etdi. Geliň, bu wagzyň dört sany aýratynlygyna seredeliň.
1. Isa — Mesihi Patyşa. Isa özüniň wada edilen Mesihdigini açyk mälim etdi (Ýahýa 4:25, 26). Şeýle-de ol Daniýel pygambere berlen görnüşdäki Patyşanyň özüdigini aýtdy. Isa «şöhratly tagtyna» geçende, resullarynyň hem tagtlarda oturjakdygyny aýtdy (Matta 19:28). Isa olary «kiçijik süri» diýip atlandyryp, bu topara degişli bolmadyk «başga-da goýunlarynyň» bardygyny belläp geçdi (Luka 12:32; Ýahýa 10:16).
2. Hudaýyň Patyşalygy hakyky adalatlylygy berkarar eder. Isa Patyşalygyň iň uly adalatsyzlygy ýok etjekdigini aýtdy: Erem bagynda turzulan pitneden bäri Şeýtan Ýehowa Hudaýyň adyny masgaralap gelýär. Ýöne indi Hudaýyň ady mukaddes bolar (Matta 6:9, 10). Şeýle-de Isa erkekdir aýallara, baýdyr garyplara öwredip, adamlary ala tutmaýandygyny görkezdi. Ol ysraýyllylar üçin iberilse-de, samariýalylara-da, özge milletlere-de kömek etdi. Şol döwürdäki dini ýolbaşçylardan tapawutlylykda, Isa ýüzgörüjilik etmedi.
3. Hudaýyň Patyşalygy bu dünýäden bolmaz. Isa syýasy taýdan durnuksyz döwürde ýaşapdy. Onuň watany özge ýurduň goly astyndady. Emma halk ony patyşa etjek bolanda, Isa olaryň ýanyndan gitdi (Ýahýa 6:14, 15). Ol bir hökümdara şeýle diýdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl» (Ýahýa 18:36). Şägirtlerine bolsa: «(Siz) dünýäden dälsiňiz» diýdi (Ýahýa 15:19). Olar Isany goramak üçin eline ýarag aljak bolanda-da, olara rugsat bermedi (Matta 26:51, 52).
«Isa... oba-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi» (Luka 8:1)
4. Mesih söýgi bilen höküm sürer. Isa adamlaryň kalbyna dynçlyk bermegi, olaryň ýüküni ýeňletmegi söz berdi (Matta 11:28—30). Ol sözünde-de durdy. Isanyň gymmatly maslahatlary söýgä esaslanandy. Ol biynjalykdan nädip gaça durmalydygyny, adamlar bilen nädip gowy gatnaşykda bolmalydygyny, baýlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmelidigini we nädip bagta ýetmelidigini düşündirdi (Matta kitabynyň 5—7-nji baplary). Isa adamlary söýýärdi. Onuň ýanyna dürli ynsanlar, hatda ezilen we äsgerilmeýän adamlar gelýärdi. Olar özüni Isanyň ýanynda arkaýyn duýýardylar. Isa, gör, nähili gowy Hökümdar bolar!
Isa Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ençeme gudratlar hem görkezdi. Näme üçin? Geliň, onuň sebäbini bileliň.
-
-
Isa gudrat görkezýärMukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
-
-
18-NJI BÖLÜM
Isa gudrat görkezýär
Isanyň görkezen gudratlary ol Patyşa bolanda güýjüni nädip ulanjakdygyny aýan edýär
ISA adamlaryň edip bilmejek işlerini edýärdi, çünki bu ukyby oňa Hudaý beripdi. Isa örän köp gudratlary görkezdi. Köp adamlar onuň gudratlaryny gözi bilen gördüler. Isanyň görkezen gudratlary onuň duşmanlary ýeňip biljekdigini we bikämil adamlaryň elinden gelmeýän zatlaryna güýjüniň ýetýändigini subut etdi. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.
Açlyk. Isa iki gezek müňlerçe adamy bary-ýogy birnäçe çörek we balyk bilen doýurdy. Iki gezek hem iýmit örän boldy. Bir sapar Isa suwy gowy şeraba öwürdi, bu onuň ilkinji gudratydy.
Keselçilik. Isa «her hili syrkawlary, hassalary bejererdi» (Matta 4:23). Ol körleri, kerleri, maýyplary, agsaklary, heýwere kesellileri, garaguş tutgaýyndan ejir çekýänleri we ysmazlary sagaltdy. Onuň bejerip bilmeýän keseli ýokdy.
Tebigy betbagtçylyk. Bir gezek Isa şägirtleri bilen gämide Jelile kölünden ýüzüp barýardy. Birden güýçli tupan turýar, şägirtler örän gorkýar. Şonda Isa tupana: «Sem bol, dek otur!» diýýär. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk bolýar (Markus 4:37—39). Ýene-de bir sapar gaty güýçli tupan turanda, Isa suwuň ýüzünde ýöreýär (Matta 14:24—33).
Zalym ruhlar. Zalym ruhlar ähli adamlardan örän güýçli. Şol sebäpli adamlar Hudaýyň bu zalym duşmanlarynyň süteminden dynyp bilmeýär. Emma Isa ençeme gezek jynlary adamlardan kowup, olara gaýdyp girmezligi buýurdy. Isa zalym ruhlardan gorkmaýardy, gaýtam, olar ondan gorkýardy, çünki Isada ygtyýar bardy.
Ölüm. Ölüme «soňky duşman» diýip ýerlikli aýdylan. Ony hiç bir ynsan ýeňip bilmeýär (1 Korintoslylar 15:26). Emma Isa ölüleri direldýärdi: ol bir dul hatynyň ýekeje ogluny we hasrat çekýän ata-enäniň gyzyny direltdi. Şeýle-de Isa söýgüli dosty Lazaryň ölenine dört gün geçse-de, ony adamlaryň gözüniň öňünde direltdi. Bu görlüp-eşidilmedik gudratdy! Hatda Isanyň ganym duşmanlary-da, onuň bu gudratyny inkär edip bilmediler (Ýahýa 11:38—48; 12:9—11).
Isa näme üçin gudrat görkezdi? Eýsem, onuň kömek eden adamlary soň ölmedimi? Hawa, öldi. Isanyň görkezen gudratlary Mesihi Patyşa baradaky ajaýyp pygamberlikleriň ählisiniň hökman ýerine ýetjekdigini subut edýär. Hudaýyň bellän Patyşasy açlygy, keselçiligi, tebigy betbagtçylygy, zalym ruhlary we ölümi doly ýok eder. Biz muňa şübhelenmän bileris, çünki Isa gudrat görkezen güýjüniň Hudaýdandygyny aýan etdi.
-
-
Isa gelejek barada pygamberlik edýärMukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
-
-
19-NJY BÖLÜM
Isa gelejek barada pygamberlik edýär
Isa Patyşa bolup höküm sürjek döwründe boljak wakalary we zalym dünýäniň soňy barada pygamberlik edýär
ZEÝTUN dagyndan Iýerusalim we onuň ybadathanasy gowy görünýärdi. Isa şol dagda otyrka, dört sany resuly onuň ýanyna gelip, sorag berdiler. Mundan biraz öň Isa Iýerusalimiň ybadathanasynyň weýran ediljegi barada aýdypdy. Ondan öň bolsa, «döwrüň soňunyň» geljekdigini gürrüň beripdi (Matta 13:40, 49). Indi resullar ondan: «Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3).
Isa olara Iýerusalim weýran bolmazdan öň nähili wakalaryň boljakdygyny gürrüň berdi. Emma onuň sözleri gelejekde bütin ýer ýüzünde has uly möçberde hem ýerine ýetmelidi. Isa dünýäde boljak wakalary we şertleri pygamberlik etdi, bularyň ählisi bir alamaty düzýär. Bu alamat arkaly adamlar Isanyň gökde Patyşa bolandygyna düşünerler. Başgaça aýdanyňda, bu alamat Ýehowa Hudaýyň Isany wada eden Mesihi Patyşalygynyň tagtynda oturdandygyny we onuň tizden zalymlygy ýok edip, ýer ýüzünde hakyky parahatlygy dikeltjekdigini görkezer. Isanyň welilik eden wakalary zalym dünýäniň, ýagny häzirki dini, syýasy we sosial jemgyýetiniň soňunyň gelendigine hem-de täze jemgyýetiň başlandygyna güwä geçmeli.
Mesih Isanyň tagta geçendigini nämeden bilse bolar? Ol halkara uruşlaryň, açlygyň, güýçli ýer titremeleriň, ähli ýerde gyrgynçylygyň boljakdygyny we kanunsyzlygyň artjakdygyny aýtdy. Isanyň hakyky şägirtleri Hudaýyň Patyşalygy barada bütin ýer ýüzünde wagyz ederler. Şondan soň ýer ýüzünde hiç haçan bolmadyk «uly muşakgat» bolar (Matta 24:21).
Isanyň şägirtleri bu muşakgatyň golaýlandygyny nädip bilerler? Isa: «Injir agajyndan sapak alyň» diýdi (Matta 24:32). Injiriň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýäris. Şonuň ýaly-da, Isanyň pygamberlikleriniň ählisiniň bir wagtda ýerine ýetmegi dünýäniň soňunyň golaýlandygyny görkezer. Ýöne bu uly muşakgatyň gününi we sagadyny Atadan başga hiç kim bilmez. Şol sebäpli Isa şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz» (Markus 13:33).
Mattanyň 24-nji we 25-nji, Markusyň 13-nji, Lukanyň 21-nji baplaryna esaslanýar.
a Isanyň pygamberlikleri barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 86—95-nji sahypalaryna serediň. Ýehowanyň Şaýatlary çap etdi.
-