Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
    • 13-NJI BAP

      Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?

      «Dost-ýarlarym kynçylyga düşende, olara derrew kömege ýetişsemem, soňra öýe gelip, özümem aglaýaryn. Ýöne muny hiç kim bilmeýär». Kelli

      «Men käte gam-gussa batyp, özümi başgalardan çetde tutýaryn. Meni gezelenje çagyrsalaram, gitmejek bolup, bir bahana tapýaryn. Bu ýagdaýymy öýdäkilere-de bildirmejek bolýaryn. Şonuň üçin olar meniň bar zadym gül ýalydyr öýdýärler». Rik

      SENEM Rik bilen Kelliniňki ýaly duýgulary başdan geçirýärmiň? Eger şeýle bolsa, özüňi ýazgaryp ýörme. Sebäbi her bir adam wagtal-wagtal göwnüçökgünlige düşýär. Hatda Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar hem käte gam-gussa batýardy (1 Şamuwel 1:6—8; Zebur 35:14).

      Käbir ýagdaýlarda näme sebäpli göwnüçökgünlige düşýändigiňi bilseňem, käwagt munuň sebäbine düşünýänem dälsiň. 19 ýaşly Anna: «Durmuşyňda hiç hili betbagtçylyk bolmasa-da, käte gaty sustupes bolýarsyň. Hiç zat ýok ýerden gam-gussa batanyňy özüňem duýman galýarsyň» diýýär.

      Göwnüçökgünlik näme sebäpli döräýende-de, ýüregiňdäki ünji seni gysyp-gowrup barýan bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda aşakdaky maslahatlara eýerseň peýdaly bolar.

      1. Gam-gussaňy paýlaş. Eýýup pygamber jebir-jepa çekip ýörkä: «Ajy hasratdan geplärin» diýdi (Eýýup 10:1).

      Kelli şeýle diýýär: «Gam-gussamy kimdir biri bilen paýlaşanymda, ýüregim giňeýär. Başgalar çekýän hasratyma düşünip, maňa gerekli kömegi berende, olar meni çuň guýudan çekip çykaran ýaly bolýar».

      Maslahat: Göwnüçökgünlige düşeniňde, içiňi döküp biljek dostuň adyny ýaz.

      ․․․․․

      2. Duýgularyňy kagyz ýüzüne geçir. Gam-gussa seniň durmuşyňy gara bulut kimin bürände, belki-de, kalbyňdaky duýgulary kagyz ýüzüne geçirmek islärsiň. Dawut pygamberem Hudaýyň ylhamy bilen ýazan mezmurlarynda gaýgy-hasratyny beýan edýärdi (Zebur 6:6). Eger senem şeýle etseň, «sagdyn öwüdi, paýhasy gözden salmarsyň» (Süleýmanyň tymsallary 3:21).

      Hizer şeýle diýýär: «Gam-gussa sebäpli döreýän ýaramaz duýgulary kagyz ýüzüne geçirenimde, kellämdäki düşnüksiz pikirlerden saplanmaga kömek edýär. Göwnüçökgünlige näme sebäpli düşendigiňe göz ýetirip, duýgularyňy beýan etseň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar».

      Maslahat: Göwnüçökgünligi ýeňmek üçin 93-nji sahypadaky çarçuwa seret.

      3. Hudaýa doga et. Gaýgy-aladaň barada Ýehowa doga etseň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy seniň ýüregiňi we pikirleriňi... gorar» (Filipililer 4:6, 7).

      Ester şeýle diýýär: «Men näme üçin gam-gussa batýandygyma asla düşünip bilmeýärdim. Şonuň üçin şadyýan bolar ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soradym. Men hiç zat ýok ýerden göwnüçökgünlige düşýändigime hasam erbet bolýardym. Ýöne, ahyrsoňy, muny ýeňmegi başardym. Sizem doga-dilegiň güýjüne hiç wagt kembaha garamaň».

      Maslahat: Zebur 139:23, 24-nji aýatlardaky ýaly, senem Ýehowa ýürekden doga etjek bol. Hudaýa ýüregiňi döküp, näme sebäpli göwnüçökgünlige düşýändigiňi anyklar ýaly kömek sora.

      Ýokarda berlen maslahatlardan daşary, Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardan hem köp peýdaly görkezmeleri tapyp bilersiň. Ondaky ruhlandyryjy aýatlary okap, aň-düşünjäňi gowy zatlardan doldursaň, göwnüň göteriler (Zebur 1:1—3). Şu kitabyň iki tomunda-da getirilýän «Geçmişden sapak edinýäris» diýen bölüm Mukaddes Ýazgylary has gyzykly edip okamaga kömek eder. II tomuň (rusça) 227-nji sahypasynda Pawlus resulyň bikämillik sebäpli dörän ýaramaz duýgularyny nädip ýeňendigini okap bilersiň.

      Göwnüçökgünlik uzaga çekse...

      Raýan atly bir oglan: «Käte ýene bir güni manysyz geçirenimden, irden düşegimden galman ýatanymy gowy görýärin» diýýär. Ol agyr göwnüçökgünlikden (depressiýa) ejir çekýär. Bu keselden ejir çekýänler az däl. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýetginjekleriň 4-den 1-iniň agyr göwnüçökgünlige düşýändigi anyklandy.

      Şeýle kesele duçar bolandygyňy nädip bilmeli? Onuň käbir alamatlary şulardan ybarat: adamyň keýpi gaçýar, özüni alyp barşy üýtgeýär, özüni başgalardan çetde tutýar, hiç zada göwni galmaýar, işdäsi hem-de ukusy bozulýar, özüni dereksiz we günäkär duýýar.

      Elbetde, bu agzalan zatlaryň käbiri her bir adamda-da bolup bilýär. Ýöne olar iki hepdeden uzaga çekse, lukmana ýüz tutmak babatda eneň-ataň bilen gürleşseň gowy bolar. Lukman seniň agyr göwnüçökgünlige düşendigiňi ýa düşmändigiňi anyklamaga kömek edera.

      Eger senem agyr göwnüçökgünlikden ejir çekýän bolsaň, öz ýagdaýyňdan utanma. Köpler bejergi alansoň, lapykeçligi ýeňip, özlerini bagtly duýup başladylar. Göwnüçökgünlige näme sebäpli düşenem bolsaň, Zebur 34:18-däki: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýen teselli beriji sözleri unutma.

      INDIKI BAPDA

      Dünýäden doýup, janyňa kast etmek barada oýlanýan bolsaň näme etmeli?

      [Çykgyt]

      a Sustupeslik has uzaga çekse, ýaşlaryň käbiri janyna kast etmek barada pikirlenip başlaýar. Eger seniňem kelläňe şeýle pikirler gelýän bolsa, muny haýal etmän ynamdar adamlaryň birine aýt. (Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 14-nji babyna seredip bilersiň.)

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr». Zebur 34:18

      MASLAHAT

      Göwnüçökgünlige düşeniňde nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi we gam-gussa batmagyňa nämäniň sebäp bolýandygyny anyklap ýaz. Bir aý geçensoň, ýazan zatlaryňy okap gör. Seniň garaýşyň öňküden üýtgedimi? Onda bu babatda saňa nämäniň kömek edendigini hem bellik et.

      BILÝÄRSIŇMI... ?

      Sen oglan bolsaňam, aglamaga utanma. Hatda Dawut patyşa-da bir gezek: «Her gije aglamakdan düşegimi gark edýärin. Gözýaşlarym bilen ýorganymy öl edýärin» diýdi (Zebur 6:6).

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Biraz göwnüm açylar ýaly, men... ․․․․․

      Şu dostlarym bilen gürrüňdeş bolsam, ýüregim giňär: ․․․․․

      Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

      NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

      ● Aglamak näme üçin peýdaly bolup biler?

      ● Köpçüligiň içinde bolsaň, gam-gussaňy ýeňmäge nädip kömek eder?

      [96-njy sahypadaky sitata]

      «Gam-gussa batanymda, özümi başgalardan çetde tutmajak bolýaryn. Elbetde, käte pikirlenmek ýa-da aglamak üçin ýeke galasyň gelýär. Ýöne köpçüligiň içinde bolsaň, göwnüçökgünlige düşürýän pikirlerden ünsüň sowulýar» Kristina

      [93-nji sahypadaky tablisa]

      Bellik depderçäm

      Göwnüçökgünligi ýeňmek üçin

      Tablisany doldur

      Ýagdaý

      Mugallymym meniň göwnüme degýär

      Nädogry

      Men indi onuň sapagyna gowy taýýarlanjak däl

      Dogry

      Şu kitabyň 20-nji babyna seret

      Ýagdaý

      Dostum meni äsgermezçilik edýär

      Nädogry

      Men ony başgalara ýamanlajak

      Dogry

      Şu kitabyň II tomunyň 10-njy babyna seret

      Ýagdaý

      Ejem bilen kakam aýrylyşýar

      Nädogry

      Olary hiç haçan bagyşlamaryn

      Dogry

      Şu kitabyň 4-nji babyna seret şu kitabyň

      Ýagdaý

      ․․․․․

      Nädogry

      ․․․․․

      Dogry

      ․․․․․

      Ýagdaý

      ․․․․․

      Nädogry

      ․․․․․

      Dogry

      ․․․․․

      [95-nji sahypadaky surat]

      Başgalaryň berýän kömegini kabul edip, tagalla etseň, gam-gussanyň çuň guýusyndan çykyp bilersiň

  • Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
    • 14-NJI BAP

      Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?

      «ÝAŞANYMDAN ölenim gowudyr». Bu sözleri kimiň aýdandygyny bilýärmiň? Hudaýa iman etmeýän ýa-da ondan ýüz öwren adammy? Belki-de, Hudaýyň özi ony terk edendir? Ýok, bu sözleri Hudaýa wepaly gulluk eden Ýunus pygamber aýtdy. Sebäbi ol gaty göwnüçökgünlige düşüpdi (Ýunus 4:3).

      Mukaddes Ýazgylarda Ýunus pygamberiň öz janyna kast etjek bolandygy barada aýdylmaýar. Emma onuň zaryn ýalbaryşyndan bir wajyp zada göz ýetirýäris: hatda Hudaýyň wepaly gullukçylary-da käte ejizläp, sustupes bolýarlar (Zebur 34:19).

      Ýaşlaryň köpüsi gaty göwnüçökgünlige düşüp, asla ýaşasy gelmeýär. 16 ýaşly Laura hem şeýle diýýär: «Men birnäçe ýyldan bäri göwnüçökgünlikden ejir çekýärin. Köplenç öz janyma kast etmek barada pikirlenýärin». Eger senem biriniň öz janyna kast etmek barada oýlanýandygyny bilseň ýa-da özüňde şeýle pikir döreýän bolsa näme etmeli? Gel, ilki bilen, bu ýaramaz duýgularyň näme sebäpden döreýändigini bileli.

      Lapykeçligiň düýp sebäbi

      Adamda näme üçin öz janyna kast etmek pikiri döreýärkä? Munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Birinjiden, «kyn döwürde» ýaşaýandygymyz üçin, ýaşlaryň köpüsi durmuşyň gaýgy-aladasyndan basylýar (2 Timoteos 3:1). Şeýle-de bikämillik sebäpli, adam özi we daş-töweregindäki zatlar hakda köplenç nädogry garaýyşda bolýar (Rimliler 7:22—24). Käte bolsa adamlaryň öz janyna kast etmegine zorluk-süteme sezewar bolandygy ýa-da saglyk ýagdaýy sebäp bolýar. Geçirilen barlaglara görä, bir ýurtda öz janyna kast edenleriň 90 göteriminde akyl taýdan näsazlygyň bolandygy anyklandya.

      Elbetde, her bir adam betbagtçylyga uçrap bilýär. Mukaddes Ýazgylarda-da «bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli iňňildäp, görgi görýändigi» aýdylýar (Rimliler 8:22). Muňa ýaşlaram degişli. Aşakda agzalýan zatlar olara has-da erbet täsir edýär:

      ● Dogan-garyndaşynyň ýa-da dostunyň aradan çykmagy

      ● Maşgaladaky agzalalyk

      ● Sapaklaryna ýetişmezligi

      ● Halaşýany bilen arasynyň bozulmagy

      ● Zorluk-süteme sezewar bolmagy (bedenine şikes ýetirilmegi ýa-da zorlanmagy)

      Gynansak-da, ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly şeýle kynçylyklaryň haýsy-da bolsa birine duş gelýär. Olaryň käbirine bu ýagdaýlara döz gelmek başartsa, käbirine aňsat bolmaýar. Psihologlaryň aýtmagyna görä, kynçylygyň hötdesinden gelmek islemeýän ýaşlar öz ýanyndan: «Bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmerin, maňa hiç kim kömegem edip bilmez» diýip pikir edýärler. Başgaça aýdanyňda, olar hemme zatdan umydyny üzýärler. Aslynda, olar ölmek däl-de, dünýäniň azabyndan dynmak isleýärler.

      Hiç hili çykalga ýokmy?

      Eger sen kimdir biriniň dünýäden doýup, öz janyna kast etjek bolýandygyny bilseň näme edip bilersiň?

      Eger dostuň lapykeç bolup, janyna kast edesi gelýän bolsa, oňa kömek gerekdigini düşündir. Soňra onuň özi islemese-de, ynamdar adama ýüz tutup, bu ýagdaýy habar ber. Dostuň bilen araň bozular öýdüp gorkma. Sebäbi şeýdip, sen onuň janyny halas edip bilersiň.

      Ýöne seniň özüň janyňa kast etmek barada oýlanýan bolsaň näme? Muny öz içiňde saklap ýörmän, eneň-ataňa, dostuňa ýa-da seni ünsli diňläp, aladaňy etjek adama gürrüň ber. Kynçylygyň barada açyk gürleşseň, saňa peýda bermese, zyýan etmezb.

      Elbetde, gürrüňdeş bolanyň bilen, kynçylyklaryň dessine aýrylmaz. Emma ynamdar adama içiňi dökseň, bu saňa ýagdaýa dogry göz bilen garamaga kömek eder. Sen hatda kynçylyklaryň çözgüdini hem tapyp bilersiň.

      Ýagdaýlar üýtgäp durýar

      Sen gaty göwnüçökgün bolsaňam, bir wajyp zady unutma: hiç hili çykalga ýok ýaly bolup görünse-de, wagtyň geçmegi bilen, ýagdaý üýtgeýär. Köp betbagtçylyklary başdan geçiren mezmurçy Dawut hem Hudaýa doga edip: «Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň» diýdi (Zebur 30:11).

      Elbetde, Dawut şatlygyň uzaga çekmejekdigine düşünýärdi. Ol durmuşda gaýgyly günleriň hem bolýandygyny bilýärdi. Seniňem durmuşyňda kyn ýagdaýlar bolýarmy? Belki-de, häzir olar saňa çekip çydardan agyr görünýändir. Ýöne sabyrly bol. Sebäbi, wagtyň geçmegi bilen, ýagdaýlaryň üýtgemegi köplenç gowulyga eltýär. Käwagt kynçylygyň aýrylandygyny özüňem duýman galarsyň. Käbir ýagdaýlarda bolsa onuň gaty aňsat çözülendigine haýran galmagyň mümkin. Hawa, kynçylyk nähili agyr bolsa-da, hemişelik däldir (2 Korinfliler 4:17).

      Doga etmegiň peýdasy

      Doga edip, Hudaý bilen gürrüňdeş bolmak örän wajypdyr. Senem Dawut pygamber ýaly: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal» diýip, doga edip bilersiň (Zebur 139:23, 24).

      Doga etmek ýöne bir kynçylygyňy çözmegiň usuly däl. Sen doga edeniňde, gökdäki Ataň bilen gepleşýärsiň. Ol seniň «ýüregiňi Oňa dökmegiňi» isleýär (Zebur 62:8). Gel, Hudaý babatda wajyp hakykata seredeli:

      ● Ol seniň näme sebäpden göwnüçökgünlige düşýändigiňi gowy bilýär (Zebur 103:14).

      ● Ol seni özüňden hem gowy tanaýar (1 Ýahýa 3:20).

      ● «Ol seniň aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7).

      ● Gelejekde boljak Jennetde Hudaý seniň «gözleriňden ähli ýaşlaryňy süpürer» (Ylham 21:4).

      Göwnüçökgünlik saglygyň bilen bagly bolsa...

      Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, janyňa kast etmeklik köplenç adamyň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolýar. Eger sende-de şeýle kynçylyk bar bolsa, başgalardan kömek soramaga çekinme. Isa pygamber hem syrkawlara lukmanyň gerekdigini aýtdy (Matta 9:12). Hawa, köp keselleri bejerip bolýar. Senem bejergi alsaň, ýagdaýyň gowulaşarc.

      Mukaddes Ýazgylarda örän teselli beriji sözler bar. Onda gelejekde boljak Jennetde hiç bir adamyň «Men syrkaw» diýmejekdigi wada berilýär (Işaýa 33:24). Hudaý şol döwürde «öňki zatlaryň ýatlanmajakdygyny, ýada düşmejekdigini» aýdýar (Işaýa 65:17). Şol sebäpli sen häzirlikçe durmuşyň kynçylyklaryna döz gelmek üçin eliňde baryny edip, Hudaýyň bellän wagtynda göwnüçökgünligiň doly aýryljakdygyna ynamly bolup bilersiň (Ylham 21:1—4).

      ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 9-NJY BABYNY OKAP BILERSIŇ

      INDIKI BAPDA

      Eneň-ataňa ähli zady aýtmak islemeseň-de, olar seniň durmuşyňda bolýan zatlaryň hemmesini bilesi gelýän bolsa näme etmeli?

      [Çykgytlar]

      a Emma akyl taýdan näsazlygy bolan ýaşlaryň köpüsi öz janyna kast etmeýär.

      b Göwnüçökgünlige düşen mesihçiler ýygnak ýaşulularyndan hem kömek sorap biler (Ýakup 5:14, 15).

      c Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 13-nji babyna seredip bilersiň.

      ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

      «Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap, minnetdarlyk bilen doga ediň we ýalbaryň. Şonda... Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar». Filipililer 4:6, 7

      MASLAHAT

      Gam-gussa batsaň, biraz gezelenç et. Arassa howada gezmeleseň ýa-da maşk etseň, az-kem göwnüň açylar, saglygyňa-da peýdaly bolar.

      BILÝÄRSIŇMI... ?

      Öz janyna kast edýän adam ýakynlarynyň hem ýüregine bitmejek ýara salýar.

      SEN NÄME ETMEKÇI?

      Eger özümi dereksiz ýa-da hiç kime gerekmejek ýaly duýsam, şu adama içimi dökmekçi (adyny ýaz): ․․․․․

      Men durmuşymdaky şu gowy zatlar barada oýlanmakçy: ․․․․․

      Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

      NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

      ● Kynçylyk nähili agyr bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, çözülýär. Muňa düşünmegiň nähili peýdasy bar?

      ● Janyna kast edýän adam haýsy manyda öz kynçylyklaryny başga birine geçirýär?

      [104-nji sahypadaky sitata]

      «Käwagt gaty göwnüçökgünlige düşüp, özümi öldürip dynasym gelýärdi. Ýöne Hudaýa dyngysyz doga edip, bejergi alanymdan soň, ýaşaýşa bolan höwesim artdy» Heýdi

      [100-nji sahypadaky çarçuwa]

      Göwnüçökgünlige düşen bolsaň

      Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar hem durmuşyň gaýgy-aladasyndan ýaňa käte göwnüçökgünlige düşýärdi. Gel, käbir mysallara seredeli.

      Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» (Gelip çykyş 25:22).

      Musa: «Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn» (Sanlar 11:15).

      Ylýas: «Ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» (1 Patyşalar 19:4).

      Eýýup: «Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň... Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!» (Eýýup 14:13).

      Bu adamlar kynçylyklary aýrylar diýip asla pikirem etmändiler. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, olaryň ýagdaýy gowulandy. Senem öz ýagdaýyň gowulaşjakdygyna ynamly bolup bilersiň!

      [102-nji sahypadaky surat]

      Göwnüçökgünlik gara bulut kimin geçip gider

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş