-
Ýazgylaryň kadalaryna näme üçin eýermeli?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
34-NJI BAP
Ýazgylaryň kadalaryna näme üçin eýermeli?
Sen mekdebiň naharhanasynda iki gyz klasdaşyň bilen günortanlyk edinýärsiň. Birdenem mekdebe täze gelen oglan gapydan girýär. Şonda gyzlaryň biri:
«Begli seni çyndanam gowy görýär. Ol saňa seredip, gözüni aýryp bilenok» diýýär.
Soňra beýlekisi pyşyrdap: «Bilýäňmi gyz, onuň söýüşýänem ýok!» diýýär.
Sen muny öňem bilýärdiň, sebäbi Begli seni öýünde bolan oturylyşyga-da çagyrypdy. Elbetde, sen onuň teklibini kabul etmändiň. Ýöne indi sen: «Giden bolsam näme bolardy?» diýip pikirlenýärsiň.
Gyzlaryň birinjisi pikiriňi bölüp:
«Wah, meniň söýüşýänim bar-da, bolmasa Beglini çeňňegime ildirerdim» diýýär.
Soňra onuň seredişinden näme diýjegini bilýärsiň.
Ol: «Seniň näme üçin henizem söýüşýäniň ýok?» diýip soraýar.
Ine, ol seniň gorkup ýören soragyňy hem berdi. Elbetde, senem beýleki gyzlar ýaly biri bilen söýüşmek isleýänsiň. Ýöne durmuş gurmaga taýýar bolmankaň, söýüşmegiň gowy däldigine düşünýänsiň. Sen: «Eger Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bolsadym, onda...» diýip, içiňi gepledýärsiň.
Edil şol wagtam, gyzlaryň ikinjisi: «Ýehowanyň Şaýady bolanyň üçin gerek?!» diýýär.
Sen içiňden: «Ol meniň pikirimi okaýan ýaly» diýýärsiň.
Soňra ol: «Seniň bar bilýäniň Hudaý. Käte göwün açmagam bolýandyr-a» diýýär.
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygyň üçin deň-duşlaryň seniňem üstüňden gülüpdimi? Eger şeýle bolsa, sen özüňi bir gowy zatdan galan ýaly duýýarsyňmy? Debora hem özüni şeýle duýupdy. Ol: «Klasdaşlarymyň halan zadyny edýändigini görenimde, Mukaddes Ýazgylardaky kadalar meniň el-aýagymy baglaýan ýaly bolýardy. Menem olaryňky ýaly erkin bolasym gelýärdi» diýýär.
Dogrusyny bil
Köp adamlar öz ýalňyşyndan sapak edinýär. Emma bu hemişe dogry däl. Mezmurçy Asaf ýaly başgalaryň ýalňyşyndan sapak edinmek paýhasly we Mukaddes Ýazgylar hem muny maslahat berýär. Asaf üçin Hudaýyň tabşyryklary çendenaşa agyr ýaly bolup görünýär. Ýöne ol Hudaýyň ýolundan ýöremegi bes eden adamlaryň nähili ýagdaýa uçraýandygy barada oýlanýar. Şonda Asaf olaryň «sürçek ýerde» durandygyna düşünýär (Zebur 73:18).
Gel, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyny bes edip, nikadan öň jynsy gatnaşyk eden ýaşlaryň aşakdaky soraglara nähili jogap berendigine seredeli.
● Muňa näme sebäp boldy?
Debora: «Mekdepdäkileriň hemmesiniň söýüşýäni bardy. Olar daşyndan bagtly görünýärdi. Deň-duşlarym bilen oturanymyzda bolsa, söýüşýänleriň ogşaşýandygyny, gujaklaşýandygyny görýärdim we olara gözüm gidýärdi. Men özümi ýeke duýýardym. Köplenç men gowy görýän oglanym bilen wagtymy bile geçirişimi sagatlap göz öňüme getirýärdim. Bu bolsa, onuň ýanynda bolmak islegimi hasam güýçlendirýärdi».
Maýk: «Jynsy gatnaşyk barada gürrüň edilýän telegepleşikleri görýärdim we žurnallary okaýardym. Deň-duşlarym bilen jynsy gatnaşyk barada gürrüň edenimizde bolsa, bilesigelijiligim hasam artýardy. Men bir gyz bilen ikiçäk galanymda onuň bilen ogşaşyp gujaklaşsamam, jynsy gatnaşyk etmerin diýip pikir edýärdim. Özüme gaty ynamlydym».
Andre: «Internetde pornografiýa görýärdim. Üstesine-de, spirtli içgileri köp içip başladym we Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalaryna sowuk-sala garaýan ýaşlaryň gurnaýan oturylyşyklaryna gatnaşýardym».
Treýsi: «Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň günädigini bilýärdim. Şonuň üçinem muny etjek bolmaýardym. Emma ony ýigrenmändigim üçin, duýgularym möwç urup, erkimi elimden aldy. Eden işim üçin biraz wagt özümi günäkär hem duýmadym».
● Bu seni bagtly etdimi?
Debora: «Deň-duşlaryma meňzeýändigim üçin başda özümi erkin we bagtly duýdum. Emma bu duýgular uzak dowam etmedi. Soňra men özümi hapa, bozuk we gerekmejek adam ýaly duýdum. Gyzlygymyň gadyryny bilmän, ony aňsatlyk bilen ýitirenime gaty ökünýärin».
Andre: «Erbet höweslerimi kanagatlandyrmak meniň üçin gün-günden aňsatlaşýardy. Ýöne şol bir wagtyň özünde, özümi günäli duýýardym. Özüme bolan hormatymam gaçdy».
Treýsi: «Günä edip, ýaşlygymy kül etdim. Söýüşýän oglanym bilen bagtly bolaryn öýtdüm. Ýöne beýle bolmady. Gaýtam, bir-birimizi gynandyryp, ýüregimize ýara saldyk we ejir çekdik. Ýehowa gulak asmandygyma ökünip, aglap ýatyp bilmedik günlerim hem az däldi».
Maýk: «Durmuşdan şatlyk tapman başladym. Eden işimiň başgalara zyýan ýetirendigi barada oýlanmajak bolýardym, ýöne başartmaýardy. Öz islegimi kanagatlandyrmak üçin başgalary gynandyrandygymy ýatlanymda bolsa, özümi gaty erbet duýýardym».
● Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary çendenaşa erkinligiňi alýar diýip pikir edýän ýaşlara nähili maslahat bererdiňiz?
Treýsi: «Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşa we şol boýunça ýaşaýan adamlar bilen gatnaş. Şonda sen bagtly bolarsyň».
Debora: «Edýän işleriň diňe özüňe däl, başgalara-da täsir edýär. Eger Hudaýyň maslahatyny kabul etmeseň, ajy miwesini dadarsyň».
Andre: «Heniz ýaş wagtyň tejribäň az bolýar. Şonuň üçin deň-duşlaryň durmuşy gyzykly ýaly bolup görünýär. Olaryň garaýşy saňa güýçli täsir edýär. Şol sebäpli dostlaryňy paýhasly saýla. Ýehowa bil bagla. Şonda sen hiç haçan ökünmersiň!»
Maýk: «Adamyň mertebesi we ahlak taýdan arassalyk Ýehowanyň beren iň gymmatly sowgatlarynyň biri. Mertebäňi peseltmek we ahlaksyzlyk etmek, berlen sowgady arzan baha satmakdyr. Kynçylyklaryň barada ene-ataň ýa-da uly ýaşly biri bilen gepleş. Eger ýalňyşlyk goýberseň, derrew birinden kömek sora we ýagdaýy düzet. Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşasaň, hakyky parahatlygy duýarsyň».
Baglaýarmy ýa-da goraýar?
Ýehowa «bagtly Hudaý» bolandygy üçin biziňem bagtly bolmagymyzy isleýär (1 Timoteos 1:11; Wagyz kitaby 11:9). Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar seniň üçin peýdaly. Belki, ol el-aýagyňy baglap, erkinligiňi alýan ýaly görünýändir. Ýöne ol edil ulagdaky «howpsuzlyk kemeri» ýaly, howpdan goraýar.
Sen Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň peýdalydygyna ynanyp bilersiň. Eger Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşasaň, diňe bir Ýehowany begendirmän, eýsem özüňe-de köp peýda berer (Işaýa 48:17).
Hudaýyň nädip dosty bolup bolýandygyny bil.
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Peýdaly zady öwredýän... Hudaýyňyz Reb Mendirin». Işaýa 48:17
MASLAHAT
Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýermegiň paýhaslydygyny jigiňe nädip düşündirjekdigiň hakda oýlan. Ynanýan zatlaryň barada gürrüň berseň, hakykat ýüregiňde kök urar.
BILÝÄŇIZMI?
Ýehowa bilen dostlugyňa aňsatlyk bilen zyýan ýetip bilýär. Ýöne ony dikeltmek üçin köp ýyl gerek bolmagy mümkin.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň paýhaslydygyna düşüner ýaly, men ․․․․․
Dünýäniň garaýşyna görä ýaşaýanlara gözüm gidip başlasa, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Hudaýyň tabşyryklaryny bozmagyň erbet netije berýändigini öz başyňdan geçirip görmek gerekmi?
● Debora, Maýk, Andre we Treýsiniň aýdanlaryndan näme öwrenip bilersiň?
● Käbir ýaşlar näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny el-aýagyňy baglaýan ýaly görýär? Ýöne bu näme üçin nädogry?
[285-nji sahypadaky sitata]
«Eden işiň üsti açylsa, gaty erbet bolýarsyň. Ýöne ony gizleseň, ondanam beter bolýar» Donna
[288-nji sahypadaky surat]
Hudaýyň talaplary el-aýagyňy baglaman, gaýtam, goraýar
-
-
Men nädip Hudaýyň dosty bolup bilerin?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
35-NJI BAP
Men nädip Hudaýyň dosty bolup bilerin?
Jeremi durmuşynda bolan bir pajygaly wakadan soň, Hudaý bilen dostlaşmagyň wajypdygyna göz ýetirýär. Ol şeýle diýýär: «12 ýaşymdakam kakam bizi taşlap gitdi. Bir gün agşam men: „Kakam yzyna gelsin“ diýip, Ýehowa ýalbaryp doga etdim».
Jeremi gam-gussaly wagty Mukaddes Ýazgylary okap başlaýar. Ol Zebur 10:14-i okanda, aýatdaky sözler onuň ýüregine jüňk bolýar. Ol ýerde Ýehowa barada: «Garyp özüni saňa tabşyrýar; ýetimiň kömekçisi Sensiň» diýilýär. Jeremi: «Şonda bu sözleri Ýehowanyň maňa aýdýandygyna düşündim. Ol meniň kömekçimdigini we Atamdygyny ýatlatmak isleýän ýaly boldy. Aslynda, ondan gowy Ata barmy näme?!» diýýär.
SENIŇ ýagdaýyň Jereminiňki ýaly bolsa-da, bolmasa-da, Ýehowa seniň özi bilen dostlaşmagyňy isleýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Bu sözleriň manysy hakda oýlanyp gör. Hudaýy görüp bilmeseň-de, hatda deň-duşuň bolmasa-da, Ol seniň bilen dostlaşmak isleýär.
Emma Hudaýyň dosty bolmak üçin tagalla etmeli bolarsyň. Muňa düşünmek üçin, gel, bir mysala seredeli. Öýde ösýän güli göz öňüne getir. Ol öz-özünden ösmeýär. Onuň ösmegi üçin yzygiderli suw bermeli we gowuja seretmeli. Hudaý bilen dostlaşmak hem, edil, şunuň ýaly. Onda Hudaý bilen dostlugyňy berkitmäge näme kömek edip biler?
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek
Dostluk — iki adamyň bir-birini diňlemegini we gürleşmegini aňladýar. Hudaý bilen hem şu usullar arkaly dostlaşyp bolýar. Hudaýyň bize näme diýýändigini eşitmek üçin Mukaddes Ýazgylary okamaly we öwrenmeli (Zebur 1:2, 3).
Mümkin, sen öwrenmegi halaýan dälsiň. Ýaşlaryň köpüsi okanyndan telewizor görenini, oýun oýnanyny ýa-da dostlary bilen wagtyny bile geçirenini gowy görýär. Ýöne sen Hudaýyň dosty bolmak isleseň, Onuň özi bilen dostlaşmak isleýän adamlaryndan edýän talaplaryna eýermeli. Sen ony diňlemek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmeli.
Eger senem öwrenmegi gowy görmeýän bolsaň, alada etme. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek seniň pikir edişiň ýaly kyn däl. Sen kitap okamagy halamasaň-da, Mukaddes Ýazgylary okamakdan lezzet alyp bilersiň. Munuň üçin ýörite wagt bellemeli. Liza şeýle diýýär: «Okamak üçin gün tertibim bar. Men her gün irden Mukaddes Ýazgylardan bir bap okaýaryn». 15 ýaşly Mariýa bolsa: «Her gün ýatmazdan öň Mukaddes Ýazgylaryň bir parçasyny okaýaryn» diýýär.
Mukaddes Ýazgylary düzen gün tertibiňe görä okap başlamazdan öň, 292-nji sahypadaky çarçuwa seret. Soňra aşakdaky boş ýere Hudaýyň Sözüni öwrenmäge haçan ýarym sagat wagt sarp edip biljekdigiňi ýaz.
․․․․․
Ýöne gün tertibini düzmek munuň başlangyjy. Sen Mukaddes Ýazgylary okap başlanyňda, ony öwrenmegiň hemişe aňsat bolmaýandygyna düşünersiň. Belki, senem 11 ýaşly Jezrel atly oglanyň aýdýanlary bilen ylalaşarsyň. Ol: «Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerlerini okamak gaty kyn we känbir gyzykly däl» diýýär. Eger sende-de şeýle bolýan bolsa, onda ýan berme! Mukaddes Ýazgylary okamaklyga dostuň Ýehowa Hudaýy diňlemäge mümkinçilik hökmünde seret. Onsoňam, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek gyzykly we peýdaly bolarmy ýa-da ýok, bu seniň özüňe bagly.
Doga etmek
Doga etmek — Hudaý bilen gürleşmekdir. Hudaýyň saňa şeýle ajaýyp sowgady berendigi hakda oýlan! Gije ýa gündizdigine garamazdan, sen islendik wagt Ýehowa doga edip bilýärsiň. Ol seni hemişe diňlemäge taýýar. Üstesine-de, ol seniň aýtmak isleýän zatlaryňy eşitmek isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda: «Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap, minnetdarlyk bilen doga ediň we ýalbaryň» diýilýär (Filipililer 4:6).
Bu aýatda aýdylyşyna görä, Ýehowa hemme zady aýdyp bilýärsiň. Meselem, sen oňa kynçylyklaryň we gaýgy-aladalaryň barada aýdyp bilersiň. Şeýle-de sen eden ýagşylyklary üçin dostuňa minnetdarlyk bildirişiň ýaly, Ýehowa-da minnetdarlyk aýdyp bilersiň. Sebäbi ol saňa islendik dostuňdan hem köp ýagşylyk edýär (Zebur 106:1).
Ýehowa haýsy zatlar üçin minnetdarlyk bildirmek isleýändigiňi ýaz.
․․․․․
Elbetde, käte gorky we gaýgy-alada ýük bolup biler. Şeýle ýagdaýda Zebur 55:22-däki: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýen maslahata eýer.
Hudaýa nämeler hakda doga etjekdigiňi aşakdaky boş ýerlere ýaz.
․․․․․
Hudaýyň kömegi
Hudaý bilen dostlaşmak üçin onuň saňa eden kömegini hem ýatlamak wajyp. Mezmurçy Dawut: «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!» diýip ýazdy (Zebur 34:8). 34-nji mezmury ýazmazdan öň, onuň janyna birnäçe gezek howp abanypdy. Sebäbi Şawul patyşa Dawudy öldürmegi buýrupdy. Şol sebäpli ol duşmany bolan piliştlileriň ýanyna gaçmaly boldy. Dawut ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda, özüni däli ýaly alyp baryp, ölümden gutulyp bildi (1 Şamuwel 21:10—15).
Emma Dawut bu ýagdaýda: «Öz güýjüm bilen halas boldum» diýip pikir etmedi. Ol Ýehowanyň elini gördi. Ol ýokarda getirilen mezmurda şeýle sözleri ýazýar: «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Zebur 34:4). Dawut bu sözleriň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetiripdi. Şol sebäpli ol başgalary hem «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görmäge»a höweslendirdi.
Ýehowanyň saňa kömek edendigi ýadyňa düşýärmi? Muny aşakdaky boş ýere ýazyp bilersiň. Belki, bu üýtgeşik däl-de, her günki bolýan ýagdaýdyr we bolmaly zat ýaly görünýändir.
․․․․․
Saňa Hudaýyň Sözüni, belki, ene-ataň öwredendir. Eger şeýle bolsa, muny gymmat saý! Ýöne Hudaý bilen dostlugyňy özüň berkitmelidigiňi ýadyňdan çykarma. Şu bapdaky maslahatlar saňa muny etmäge kömek eder. Ýehowa bolsa edýän tagallaňy patalar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dilemegiňizi dowam ediň, size berler; agtarmagyňyzy dowam ediň, taparsyňyz» diýilýär (Matta 7:7).
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 38, 39-NJY BAPLARYNA SERET
Sen Hudaý barada gürrüň bermäge çekinýärsiňmi? Çekinmez ýaly näme etmeli?
[Çykgyt]
a Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde bu jümle «özüň göz ýetir» ýa-da «öz tejribäňde gör» diýip hem terjime edilipdir.
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr». Matta 5:3
MASLAHAT
Eger sen Mukaddes Ýazgylardan her gün 4 sahypa okasaň, onda bir ýylyň dowamynda okap gutararsyň.
BILÝÄŇIZMI?
Eger sen şu kitaby okap, ondaky Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlara eýerýän bolsaň, Ýehowa saňa aýratyn üns berýär (Ýahýa 6:44).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Mukaddes Ýazgylary okanymda köpräk peýda alar ýaly, men ․․․․․
Hudaýa yzygider doga etmek üçin, men ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Mukaddes Ýazgylary öwreneniňde has gyzykly bolar ýaly näme edip bilersiň?
● Näme üçin Ýehowa bikämil adamlaryň dogasyny diňlemek isleýär?
● Ýehowa edýän dogalaryňy nädip gowulandyryp bilersiň?
[291-nji sahypadaky sitata]
«Kiçi wagtym Hudaýa doga edenimde her gezek şol bir zatlary gaýtalaýardym. Indi bolsa, her günki bolup geçen gowy we erbet zatlary gürrüň berýärin. Her günüň üýtgeşik bolýandygy üçin şol bir zatlary gaýtalamaýaryn» Ýewa
[292-nji sahypadaky çarçuwa]
Mukaddes Ýazgylardan gözleg geçir
1. Okamak isleýän wakaňy saýla. Muňa gowy düşünmek üçin Hudaýdan akyldarlyk dile.
2. Ünsli oka. Okanyňda howlukma! Wakany göz öňüňe getir. Şeýle-de okanyňda bolup geçýän zatlary görmäge, adamlaryň sesini eşitmäge, şol wagtky ysy almaga, naharlaryň tagamyny datmaga we şuňa meňzeş zatlara üns berjek bol. Mümkin boldugyndan, wakany pikiriňde janlandyr!
3. Okan zatlaryň hakda oýlan. Özüňe şeýle soraglary ber:
● Ýehowa näme üçin bu wakany öz Sözünde ýazdyrdy?
● Kimlerden görelde almaly we kimleriň mysaly duýduryş üçin ýazyldy?
● Öwrenen zatlarymy durmuşda nädip ulanyp bilerin?
● Bu waka maňa Ýehowa we onuň haýsy ýagdaýda nähili hereket edýändigi barada näme öwredýär?
4. Ýehowa gysgaça doga et. Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryňy we ony durmuşda nädip ulanjakdygyňy Ýehowa gürrüň ber. Oňa Mukaddes Ýazgylary sowgat berendigi üçin hemişe minnetdarlyk aýt!
[Surat]
«Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur». Zebur 119:105
[294-nji sahypadaky çarçuwa]
Ilki daş, soňra çäge!
«Doga etmäge wagtym ýok» ýa-da «Mukaddes Ýazgylary okamaga wagtym ýok» diýýän bolsaň, bu köplenç durmuşda wajyp hasaplaýan zatlaryňa bagly bolýar.
Muny barlap gör: Bir bedräniň içine uly daşlary ýerleşdir. Soňra onuň üstüne tä bedre dolýança çäge guý. Şeýlelikde, bedre daşlardan we çägeden dolandyr.
Indi bolsa, bedräni boşat we muny tersine edip gör. Onuň içine ilki çägäni guý, soňra daşlary ýerleşdir. Daşlaryň hemmesi sygmady gerek?! Sebäbi bu gezek sen bedrä ilki bilen çägäni guýduň.
Mundan näme öwrenip bileris? Mukaddes Ýazgylarda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýilýär (Filipililer 1:10). Eger sen çägäni, ýagny dynç alyş ýaly zatlary birinji ýerde goýsaň, onda daşlara, ýagny ruhy zatlara ýeterlik wagtyň galmaz. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda maslahat berlişine görä, wajyp zatlary birinji orunda goýsaň, hem Hudaýyň Patyşalygyny goldamaga, hem dynç almaga wagt taparsyň. Hemme zat bedräňe nämäni birinji salýandygyňa bagly!
[290-njy sahypadaky surat]
Hudaý bilen dostluk güle meňzeýär. Onuň ösmegi üçin tagalla etmeli
-
-
Hudaý barada nädip çekinmän gürrüň bermeli?Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
-
-
36-NJY BAP
Hudaý barada nädip çekinmän gürrüň bermeli?
Ynanýan zatlaryň barada klasdaşlaryňa aýtmaga esasan şularyň haýsysy çekindirýär?
□ Mukaddes Ýazgylary gowy bilmeýändigiň
□ Üstüňden gülmeklerinden gorkýandygyň
□ Gürrüňe nädip başlajakdygyňy bilmeýändigiň
Hudaý barada gürrüň bereniňde şu usullaryň haýsysy seniň üçin has aňsat?
□ Hersine aýratynlykda aýtmak
□ Bütin klasyň öňünde aýtmak
□ Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary hakda beýannama ýazmak
Mukaddes Ýazgylary gowy düşündirseň haýsy klasdaşyň seni diňlemegi mümkin? Onuň adyny ýaz.․․․․․
ISLENDIK ZAT — sport, egin-eşik ýa-da gyzlar (oglanlar) barada gürrüň et, garaz, klasdaşlaryň ýanynda Hudaý barada gürrüň etmeseň bolýandyr. «Hudaý» diýip agzanyňdan, dymyşlyk bolýandyr.
Bu deň-duşlaryň Hudaýa ynanmaýandygyny aňlatmaýar. Ýaşlaryň köpüsi Hudaýa ynanýar. Ýöne olar bu barada gürrüň etmäge utanýarlar. Sebäbi olaryň pikiriçe, Hudaý barada gürrüň etmek «ýörgünli tema däl».
Senem şeýle pikirdemi?
Belki, sen hem klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň bermäge çekinýänsiň. Bu ýagdaýa düşünse bolýar. Sebäbi hiç kim özüniň çetde tutulmagyny we üstünden gülünmegini islemeýär. Klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň berseň, senem şeýle ýagdaýa düşmegiň mümkin. Emma olaryň ählisi saňa şeýle garar diýip pikir etme. Ýaşlaryň köpüsini: «Bu dünýä näme bolýar? Näme üçin kynçylyk köp?» diýen ýaly soraglar gyzyklandyrýar. Deň-duşlaryň bu barada uly ýaşlylar bilen däl-de, öz ýaşyndakylar bilen gürrüň etmegi gowy görýärler.
Ýöne şonda-da klasdaşlaryň bilen din hakda gürrüňe başlasaň, diliň tutulaýjak ýalydyr. Ahmal, olar meni öte dindar hasaplarlar ýa-da berýän soraglaryna dogry jogap berip bilmerin öýdüp biynjalyk bolýansyň. Eger şeýle bolsa, känbir alada etme. Ynanýan zatlaryň hakda gürrüň bermegi saz guralyny çalmak bilen deňeşdirse bolýar. Çalmak ilkibaşda kyn bolar, ýöne yzygider öwrenmegiňi dowam etseň, gün-günden aňsatlaşar. Şeýdip, tagallaň ýerine düşer. Onda Hudaý barada nädip gürrüňe başlamaly?
Köplenç sen adaty zatlardan gürrüňe başlap bilersiň. Meselem, deň-duşlaryň ýaňy-ýakynda bolup geçen zat barada gürrüň edýän bolsalar, senem bu hakda Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlary öz sözüň bilen aýdyp bilersiň. Ýa-da sen klasdaşlaryň biri bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Ýa bolmasa, senem käbir ýaşlar ýaly has aňsat usuly ulanyp bilersiň. Olar klasdaşlarynyň üns berýändigini ýa-da bermeýändigini bilmek üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty partasynda goýýarlar. Köplenç olaryň muňa üns berýändigi üçin, gürrüňe başlamak aňsat bolýar.
Sen ýokardaky usullaryň haýsysyny ulanyp görmek isleýärsiň? ․․․․․
Klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň bermek üçin ýene nähili usul ulanyp biljekdigiňi ýaz.
․․․․․
Käwagt mekdep sapaklary Hudaý barada gürrüň bermäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, siz ewolýusiýa taglymaty barada sapak geçýärsiňiz. Sen mümkinçilikden peýdalanyp ýaradylyş barada gürrüň berersiňmi?
Ýaradylyş barada aýtmaga gorkma
Raýen atly ýetginjek: «Mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada geçen sapagymyz kiçilikde öwrenen zatlaryma düýbünden garşy gelýär. Mugallymym: „Bu subut edilen zat“ diýende, gaty gorkdum» diýýär. Rakel atly gyz hem özüni şeýle duýandygyny aýdyp: «Mugallymym: „Indiki sapak ewolýusiýa taglymatyny öwreneris“ diýende, inim tikenekläp gitdi. Men bütin klasyň öňünde bu çekeleşikli tema barada garaýşymy düşündirmeli bolaryn diýip alada etdim» diýýär.
Sen ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanýandygyň üçin, mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada geçeniňizde özüňi nähili duýýarsyň? (Ylham 4:11). Daş-töwerekdäki zatlar ýaradylyşyň bolandygyny subut edýär. Ýöne okuw kitabynda adamlaryň ewolýusiýa esasynda dörändigi barada öwredilýändir. Mugallymlaryň hem şuny aýdýandyr. Şol sebäpli sen: «Alymlar bilen jedelleşer ýaly men kim bolupdyryn?!» diýip, pikir etmegiň mümkin.
Ewolýusiýa taglymatyna diňe sen däl, eýsem başga-da ynanmaýan adamlar köp. Hatda alymlaryň arasynda-da muňa ynanmaýanlary bar. Mundan başga-da, mugallymlaryň we klasdaşlaryň köpüsi muňa ynanýan däldir.
Sen ýaradylyş barada ynanýan zatlaryňy gürrüň bermek üçin Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigini bilmeli. Mukaddes Ýazgylarda anyk aýdylmaýan zatlar hakda jedel etmegiň geregi ýok. Gel, käbir mysallara seredeli.
Okuw kitaplarynda Ýer planetasy bilen Gün sistemasynyň milliardlarça ýyl mundan öň bardygy aýdylýar. Mukaddes Ýazgylarda Älem-jahanyň ýaradylyşyň birinji gününden öňem bardygy aýdylýar. Şol sebäpli, belki, Ýer planetasy bilen Gün sistemasy milliardlarça ýyl mundan öň peýda bolandyr (Gelip çykyş 1:1).
Mugallymlarym: «Ýer planetasynyň bary-ýogy alty günüň içinde ýaradylmagy mümkin däl» diýýär. Alty günüň göni manydaky 24 sagatdan ybarat bolan güni aňladýandygy barada Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar.
Sapakda janly-jandarlarda hem-de adam organizminde wagtyň geçmegi bilen bolan özgerişlikler hakynda gürrüň edildi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaý janly-jandarlaryň «dürli» görnüşini ýaratdy (Gelip çykyş 1:20, 21). Bu bolsa, «ýaşaýyş jansyz zatdan peýda boldy» ýa-da «Hudaý bir öýjügi döretdi, soňam şol öýjükden ewolýusiýa esasynda başga zatlar peýda boldy» diýen düşünjäniň nädogrudygyny görkezýär. Ýöne janly-jandarlaryň her bir görnüşi hem öz içinde dürli görnüşli bolup bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar hem her bir janly-jandaryň öz görnüşindäkileriniň arasynda üýtgeşmäniň bolup bilýändigini inkär etmeýär.
Şu bapda aýdylan zatlary göz öňünde tutup, mugallymyň ýa-da klasdaşyň şeýle diýse näme jogap berersiň:
«Biziň ewolýusiýa esasynda dörändigimizi ylym subut edýär». ․․․․․
«Hudaýy görmeýändigim üçin onuň bardygyna ynanmaýaryn». ․․․․․
Ynanýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetir!
Sen Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösen bolsaň, onda ene-ataň saňa Ýaradyjynyň bardygy barada öwredendir. Senem şol sebäpli Hudaýyň bardygyna ynanýansyň. Ýöne ulaldygyňça «pikirlenmek ukybyňy ulanyp», ýagny Hudaýyň bardygyna özüň düşünip, iman etmek isleýänsiň (Rimliler 12:1). Şonuň üçin özüňe: «Hudaýyň bardygyna meni näme ynandyrýar?» diýen soragy ber. 14 ýaşly Sam adam bedeniniň gurluşy hakda pikirlenýär. Ol: «Adamyň bedeni örän çylşyrymly hem-de organlary biri-biri bilen baglanyşykly işleýär. Bu zatlaryň ewolýusiýa esasynda peýda bolmagy mümkin däl» diýýär. 16 ýaşly Holly hem munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Mende süýji keseliniň bardygy bilnenden soň, adam bedeniniň gurluşyny gowy öwrenip başladym. Mysal üçin, aşgazanasty mäz kiçijik organ bolsa-da, ol gaty uly işi ýerine ýetirýär. Şeýle kiçijik organyň ganyň düzümine hem-de beýleki organlaryň işleýşine täsir edýändigi gaty geň».
Boş ýerlere Hudaýyň bardygyna ynandyrýan üç sany subutnamany ýaz.
1. ․․․․․
2. ․․․․․
3. ․․․․․
Hudaýa we ýaradylyşa ynanýandygyň üçin utanyp, aljyrar ýaly hiç zat ýok. Sebäbi daş-töweregimizdäki zatlaryň hemmesi ýaradylyşyň bolandygyny subut edýär.
Ýaradylyşa däl, eýsem, subutnamanyň ýokdugy sebäpli ewolýusiýa taglymatyna ynanmak köre-körlükdir. Ewolýusiýa taglymatynda gudrat görkezip bilýäniň bardygyna däl-de, gudrata ynanmalydygy barada aýdylýar. Eger bu barada gowy gözleg geçirseň we düşünseň, Hudaýyň bardygy baradaky ynanjyňy düşündirmek aňsat bolar.
Deň-duşlaryň suwa çümdürilýär. Senem suwa çümdürilmäge taýýarmy?
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Men hoş habary wagyz etmekden utanmaýaryn. Hoş habar — Hudaýyň güýji bolup, imanly adamlaryň ählisini... halas edip bilýändir». Rimliler 1:16
MASLAHAT
Hudaý barada gürrüň bereniňde utansaň ýa-da känbir ynamly geplemeseň, klasdaşlaryň üstüňden gülmegi mümkin. Şonuň üçin garaýşyň hakda olaryňky ýaly çekinmän aýt. Şonda olar saňa hormat goýar.
BILÝÄŇIZMI?
Mugallymlardan ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny subut etmegi haýyş edenlerinde, käte olar hiç zat aýdyp bilmeýär. Şonda olar diňe şeýle öwredilendigi üçin muny dogry hasaplaýandyklaryna düşünýär.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Klasdaşym bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe başlamak üçin, men ․․․․․
Ýaradyja näme üçin ynanýandygymy sorasalar, men...
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Hudaý barada gürrüň bermek näme üçin wajyp?
● Klasdaşlaryňa ýaradylyşa ynanýandygyňy gürrüň bermek üçin haýsy usullary ulansaň aňsat bolar?
● Ähli zady Ýaradana minnetdardygyňy nädip görkezip bilersiň? (Resullaryň işleri 17:26, 27).
[299-njy sahypadaky sitata]
«Mekdep diňe biziň baryp biljek wagyz meýdançamyz» Iraýida
[298-nji sahypadaky surat]
Ynanýan zatlaryň barada gürrüň bermek saz guralyny çalmak ýalydyr. Yzygider türgenleşseň ökdeleşersiň
[301-nji sahypadaky surat]
Ynanýan zatlaryňy gürrüň bermäge gorkýan bolsaň, sen muny ýeňip bilersiň
-