Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
    • 1-NJI BÖLÜM

      Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar?

      Daniýadaky Ýehowanyň Şaýatlary

      Daniýa

      Taýwandaky Ýehowanyň Şaýatlary

      Taýwan

      Wenesuelladaky Ýehowanyň Şaýatlary

      Wenesuela

      Hindistandaky Ýehowanyň Şaýatlary

      Hindistan

      Siz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýarsyňyzmy? Belki-de, olar siziň goňşularyňyz, işdeşleriňiz ýa-da synpdaşlaryňyzdyr. Megerem, siz olar bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasynda söhbetdeş bolansyňyz. Ýehowanyň Şaýatlary nähili adamlar? Olar ynanýan zatlary barada adamlara näme üçin gürrüň berýärler?

      Ýönekeý we sada adamlar. Ýehowanyň Şaýatlary dürli milletli we medeniýetli halkdyr. Biziň käbirimiz öň başga dine uýýardyk, käbirimiz bolsa Hudaýyň barlygyna asla ynanmaýardyk. Emma Ýehowanyň Şaýady bolmazdan öň, biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrendik (Resullaryň işleri 17:11). Biz alan bilimimiziň esasynda, Ýehowa Hudaýa sežde etmek kararyna geldik.

      Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyny gymmat saýýarlar. Ähli adamlar ýaly, biz hem kynçylyga uçraýarys we mätäçlik çekýäris. Emma biz Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, durmuşymyzy manyly etdik we bagtly bolduk (Zebur 128:1, 2). Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzy adamlara gürrüň berýäris.

      Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarlar. Bu kada-kanunlary Mukaddes Ýazgylardan tapsa bolýar. Olar bizi bagtly ýaşamaga, dogruçyl bolmaga, adamlara hormat goýmaga we ýagşylyk etmäge höweslendirýär. Şeýle-de bu kada-kanunlar bize hormata mynasyp, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa adam bolmaga we maşgalany agzybir etmäge kömek edýär. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar», şol sebäpli biziň aramyzda ne milletparazlyk, ne-de syýasy bölünişik bar. Biz bütindünýä doganlygyň agzalarydyrys. Biz ýönekeý adamlar bolsak-da, ajaýyp halk hökmünde tanalýarys (Resullaryň işleri 4:13; 10:34, 35).

      • Ýehowanyň Şaýatlaryna näme üçin ýönekeý we sada adamlar diýse bolar?

      • Ýehowanyň Şaýatlary durmuşyny nädip özgertdiler?

  • Biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
    • 2-NJI BÖLÜM

      Biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris?

      Nuh

      Nuh

      Ybraýym we Sara

      Ybraýym we Sara

      Musa

      Musa

      Isa Mesih

      Isa Mesih

      Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlary täze bir diniň adydyr öýdýärler. Emma ýeke-täk hak Hudaýyň gullukçylaryna 2700 ýyl mundan öň hem Onuň «şaýatlary» diýilýärdi (Işaýa 43:10—12). Biz 1931-nji ýyla çenli «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» hökmünde tanalýardyk. Onda biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldyk?

      Bu Hudaýymyzyň kimdigini aýdyň görkezýär. Gadymy golýazmalara görä, Allanyň ady Ýehowa. Mukaddes Ýazgylarda bu ada müňlerçe sapar duş gelse bolýar. Emma käbir terjimelerde bu adyň ýerine Reb ýa-da Hudaý diýen titullar ulanylypdyr. Ýöne Dawut patyşa hak Hudaýyň ady barada şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zebur 8:1). Şeýlelikde, biz Ýehowanyň özüni ýalan taňrylardan tapawutlandyrandygyny görýäris. Biz Hudaýyň mukaddes adyny buýsanç bilen göterýäris.

      Bu biziň näme bilen meşgullanýandygymyzy görkezýär. Habyl we başga-da ençeme adamlar Ýehowa Hudaýa iman edýändiklerine güwä geçdiler. Müňlerçe ýylyň dowamynda Nuh, Ybraýym, Sara, Musa, Dawut ýaly Hudaýa wepaly erkekdir aýallar uly şaýatlar buludynyň toparyna degişli boldular (Ýewreýler 11:4—12:1). Kazyýetde şaýadyň bigünä adamy goraýşy ýaly, biz hem Hudaýymyz baradaky hakykata şaýatlyk etmäge tagalla edýäris.

      Biz Isanyň göreldesine eýerýäris. Mukaddes Ýazgylarda Isa dogruçyl, çyn şaýat diýilýär (Ylham 3:14). Ol adamlara «Hudaýyň adyny bildirýärdi» we «hakykata güwälik» edýärdi (Ýahýa 17:26; 18:37). Şol sebäpli Mesihiň şägirtleri hem Ýehowanyň adyny göterip, ony başgalara gürrüň bermeli. Biz hem şeýle etmäge jan edýäris.

      • Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldylar?

      • Ýehowa barada haçandan bäri şaýatlyk edilýär?

      • Ýehowanyň beýik Şaýady kim?

      GOŞMAÇA MAGLUMAT

      Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen ýakyndan tanyşjak boluň we olardan näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary bolandygyny soraň.

  • Mukaddes Ýazgylardaky hakykat nädip dykgatly öwrenilip başlanyldy?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
    • 3-NJI BÖLÜM

      Mukaddes Ýazgylardaky hakykat nädip dykgatly öwrenilip başlanyldy?

      1870-nji ýylda käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenip başladylar

      Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler (1870)

      Bu adam «Garawul diňi» žurnalynyň ilkinji sanyny okaýar

      Ilkinji «Garawul diňi» (1879)

      Aýalyň elinde «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnaly bar

      Häzirki «Garawul diňi»

      Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Isa Mesih ölenden soňra, irki mesihçileriň arasynda ýalan pygamberler döräp, hakykat ýoýulmalydy (Resullaryň işleri 20:29, 30). Bu şeýle-de boldy. Olar Isanyň öwreden zatlaryny ýoýup, ýalan taglymatlary girizdiler. Şeýlelikde, hristian dini peýda boldy (2 Timoteos 4:3, 4). Mukaddes Ýazgylara biziň dogry düşünendigimizi bilmäge näme kömek edýär?

      Ýehowa hakykaty öz wagtynda açdy. Allatagala soňky günlerde «akylly adamlaryň» hakykata düşünjekdigini aýtdy (Danyýel 12:9, 10). 1870-nji ýylda hakykaty gözleýän adamlaryň käbiri buthanalaryň öwredýän taglymatlarynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna göz ýetirdiler. Şol sebäpli olar Hudaýyň Sözüniň näme öwredýändigine düşünmek üçin, ony yhlasly öwrenip başladylar. Ýehowa olaryň eden tagallalaryna ak pata berdi.

      Akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenýärdiler. Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenen adamlaryň ulanan usullaryny biz hem ulanýarys. Olar Mukaddes Ýazgylary jikme-jik öwrenýärdiler. Düşünmesi kyn bolan ýerlerine gabat gelenlerinde, olar muny anyklamak üçin başga aýatlary okaýardylar. Hudaýyň Sözüniň esasynda belli bir netijä gelenlerinde, ony ýazyp, bellik edýärdiler. Şeýlelikde, olar Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny, Patyşalygyny, Onuň adamzat we ýer babatdaky niýetini, ölen adamlaryň ýagdaýyny hem-de direliş baradaky hakykaty bildiler. Akýürekli adamlar Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenip, ýalan taglymatlardan we däp-dessurlardan azat boldular (Ýahýa 8:31, 32).

      1879-njy ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler ähli adamlara hakykaty aýan etmelidigine düşündiler. Olar şondan soňra žurnal çap edip başladylar. Şu günler bu žurnal «Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär» ady bilen çap edilýär. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty 240 ýurtda we 750-den gowrak dilde adamlara wagyz edýäris. Hakykat bilimi şeýle uly möçberde hiç haçan ýaýramandy!

      • Isa ölenden soň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata näme boldy?

      • Hudaýyň Sözündäki hakykatyň aýan bolmagyna näme kömek etdi?

  • Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» näme üçin çykaryldy?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
    • 4-NJI BÖLÜM

      Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» näme üçin çykaryldy?

      Köne çap maşyny
      Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesiniň» ilkinji neşiri
      Kongoda (Kinşasa) Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesini» görýärler

      Kongo (Kinşasa)

      Ruandada Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesi» çykaryldy

      Ruanda

      Simmaha terjimesinde Hudaýyň ady duş gelýär

      Simmaha terjimesindäki Zebur 69:31-de Ýehowanyň ady bar. B. e. III ýa-da IV asyry.

      Köp ýyllardan bäri Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerini ulanýardylar, çap edýärdiler we adamlara paýlaýardylar. Emma wagtyň geçmegi bilen, biz täze terjimäniň gerekdigine düşündik. Bu terjime adamlara Hudaýyň islegine doly düşünmäge we «hakykat bilimine» ýetmäge kömek etmelidi (1 Timoteos 2:3, 4). Şeýlelikde, 1950-nji ýylda «Täze Dünýä terjimesiniň» bir bölegi iňlis dilinde çykdy. Şu günler bu dogry we düşnükli terjimäni 120-den gowrak dillerde okap bolýar.

      Düşünmesi aňsat bolan Mukaddes Ýazgylar gerekdi. Wagtyň geçmegi bilen, dilleriň ählisi özgerip durýar. Şol sebäpli köp terjimelerde düşünmesi kyn we könelişen sözlere duş gelse bolýar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna laýyk gelýän gadymy golýazmalar tapyldy. Olar gadymy ýewreý, arameý, grek dillerinde ýazylan Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýär.

      Hudaýyň islegini dogry düşündirýän terjime gerekdi. Mukaddes Ýazgylary terjime edýän adamlar özbaşdak hereket etmeli däldiler. Olar Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna eýerip terjime etmelidiler. Gynansak-da, Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden Hudaýyň mukaddes adyny aýyrdylar.

      Ýazgylaryň Awtoryny şöhratlandyrýan terjime gerekdi (2 Şamuwel 23:2). Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalyrynda Hudaýyň adyna 7 müň gezek duşsa bolýar. Ýehowanyň ady «Täze Dünýä terjimesinde» doly dikeldildi (Zebur 8:1, 9; 68:20). Onuň asyl nusgasy aşakdaky suratda görkezilýär. Birnäçe ýylyň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, Hudaýyň pikirlerini anyk we aýdyň düşündirýän terjime peýda boldy. Adamlar bu Mukaddes Ýazgylary okap lezzet alýarlar. Geliň, Mukaddes Ýazgylary her gün okalyň! (Ýeşuwa 1:8; Zebur 1:2, 3).

      • Näme üçin Mukaddes Ýazgylar täzeden terjime edildi?

      • Hudaýy tanamak isleýän adamlar nämäni endik edinmeli?

      GOŞMAÇA MAGLUMAT

      Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesinde» şeýle diýilýär: «Seniň adyň Ýehowadygyny, bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler» (Zebur 83:18). Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinden Hudaýyň adynyň näme sebäpden aýyrlandygyny bilmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 195—197-nji sahypalaryna serediň.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş