2B ÇARÇUWA
Hyzkylyň durmuşy we ýaşan döwri
Hyzkyl diýen at «Hudaý güýç-kuwwat berýär» diýmegi aňladýar. Onuň pygamberliklerinde köp duýduryşlar berilýär. Aýdan habary adynyň manysy bilen baglanyşykly bolup, Hudaýa arassa sežde etmek isleýän adamlaryň imanyny berkidýär.
DÖWÜRDEŞLERI
ÝERMEÝA
ruhanylar maşgalasyndan, Iýerusalimde köp gulluk etdi (b. e. öň 647—580)
HULDA
takmynan b. e. öň 642-nji ýylda ybadathanada Kanun kitaby tapylan döwri gulluk etdi
DANYÝAR
ýahuda taýpasynyň şa maşgalasyndan, b. e. öň 617-nji ýylda Wawilona sürgün edildi
HABAKUK
Ýehoýakym höküm sürüp başlanda Ýahudada gulluk eden bolmaly
ABDYÝAR
Edoma garşy pygamberlik edýär, belki, Iýerusalimiň weýran edilen döwri pygamberlik edendir
HAÇAN PYGAMBERLIK ETDILER? (SENELER B. E. ÖŇ)
HYZKYLYŇ DÖWRÜNDÄKI ESASY WAKALAR (SENELER B. E. ÖŇ)
tak. 643: dünýä inýär
617: Wawilona sürgün edilýär
613: pygamberlik edip başlaýar, Ýehowa görnüş görkezýär
612: görnüşde ybadathanada edilýän haram işleri görýär
611: Iýerusalime çykarylan hökümi aýdyp başlaýar
609: aýaly aradan çykýar, Iýerusalim soňky gezek gabalýar
607: Hudaý Iýerusalimiň weýran ediljegini aýdýar
593: görnüşde ybadathanany görýär
591: Nawuhodonosoryň Müsüre hüjüm etjegini pygamberlik edýär, kitabyny ýazyp gutarýar
ÝAHUDANYŇ WE WAWILONYŇ PATYŞALARY
659—629: Ýoşyýa arassa seždäni dikeldýär, emma faraon Neho garşy söweşde aradan çykýar
628: Ýehogahaz üç aýlap zalymlyk bilen höküm sürensoň, faraon Neho ony ýesir alýar
628—618: zalym patyşa Ýehoýakym faraon Neho bilen ylalaşyk baglaşýar
625: Nawuhodonosor müsür goşunyny derbi-dagyn edýär
620: Nawuhodonosor ilkinji gezek Ýahuda hüjüm edýär, Iýerusalimde Ýehoýakym bilen ylalaşyk baglaşýar
618: Ýehoýakym Nawuhodonosora garşy gozgalaň turuzýar, ýöne wawilonlylar Wada edilen ýurda ikinji gezek hüjüm edende aradan çykan bolmaly
617: zalym patyşa Ýehoýakyn (beýleki ady Ýehonýa) üç aýlap höküm sürensoň, Nawuhodonosora boýun egýär
617—607: erbet we gorkak patyşa Sadykýar Nawuhodonosor bilen ylalaşyk baglaşýar
609: Sadykýar gozgalaň turzansoň, Nawuhodonosor Ýahuda üçünji gezek hüjüm edýär
607: Nawuhodonosor Iýerusalimi derbi-dagyn edip, Sadykýary ýesir alýar, gözlerini oýup, Wawilona äkidýär