16B ÇARÇUWA
Adamlar haçan we nädip ahy-nala çekýär, bellik alýar, ýok edilýär?
Hyzkyl kitabynyň 9-njy babyndaky pygamberlik biziň günlerimizde-de ýerine ýetýär. Gelejekde nähili wakalaryň boljakdygyny bilsek, häzirden olara taýýar bolarys
«Ahy-nala çekmek»
HAÇAN: Soňky günlerde, uly betbagtçylykdan öň
NÄDIP: Dogruçyl adamlar dünýädäki erbetligi ýigrenýändigini görkezýärler. Olar hoş habary diňleýärler, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärler, özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler we Mesihiň doganlaryny goldaýarlar
«Bellik almak»
HAÇAN: Uly betbagtçylykda
NÄDIP: Görnüşdäki syýa gaply adam Isa Mesihi aňladýar. Ol Kazy hökmünde milletleri höküm etmäge geler. Isa Armageddonda halas bolar ýaly uly märekä bellik goýar
«Ýok edilmek»
HAÇAN: Armageddonda
NÄDIP: Isa Mesih perişdelerden we 144 000 saýlananlardan ybarat goşuny bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini bütinleý ýok eder, Ýehowa arassa sežde edýän adamlara bolsa adalatly täze dünýäni berer