Goşmaça maglumat
1. Beýik Wawilon näme?
«Beýik Wawilon» ähli ýalan dinleri aňladýar (Ylham 17:5). Geliň, üç sebäbini bileliň.
Bütin dünýäniň üstünden höküm sürýär. Mukaddes Kitapda Beýik Wawilonyň «märekäniň, milletleriň» üstünde oturandygy aýdylýar. Diýmek, ol «ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden höküm sürýär» (Ylham 17:15, 18).
Ol syýasy bileleşik ýa-da söwda edýän gurama däl. Beýik Wawilon weýran edilende, «ýer ýüzüniň patyşalary» we «söwdagärler» ýok edilmez (Ylham 18:9, 15).
Ol Hudaýyň adyna dil ýetirýär. Mukaddes Kitapda oňa ahlaksyz aýal diýilýär, sebäbi ol pul gazanmak üçin ýa-da öz bähbidini gözläp, ýer ýüzüniň hökümdarlary bilen ýakyndan işleşýär (Ylham 17:1, 2). Ol köp adamlary aldap, ganyna galýar (Ylham 18:23, 24).
13-nji sapak, 6-njy sözbaşa dolanyň
2. Mesih haçan gelmelidi?
Mukaddes Kitapda Mesih gelýänçä 69 hepde geçjekdigi aýdylýar (Danyýar 9:25-i okaň).
69 hepde haçan başlady? Ol b. e. öň 455-nji ýylda başlady. Şol ýyl häkim Nehemýa Iýerusalime gelip, şäheri «gaýtadan dikeltdi» (Danyýar 9:25; Nehemýa 2:1, 5—8).
69 hepde näçe wagty öz içine alýar? Mukaddes Kitapda bir gün bir ýyl diýip hasaplanýar (4 Musa 14:34; Hyzkyl 4:6). Diýmek, bir hepde ýedi ýyla deň bolýar. Pygamberlikdäki 69 hepde hem 483 ýyla deň bolýar (69 × 7 = 483).
69 hepde haçan gutardy? B. e. öň 455-nji ýyldan 483 ýyly aýyrsaň, b. e. 29-njy ýylyna düşýära. Şol ýyl Mesih geldi, ýagny Isa pygamber suwa çümdürildi (Luka 3:1, 2, 21, 22).
15-nji sapak, 5-nji sözbaşa dolanyň
3. Gan bilen bagly bejergiler
Käte lukmanlar hassanyň öz ganyny ulanyp, bejergi berýärler. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary gan bilen bagly käbir bejergileri almaýarlar. Meselem, olar başga birine gan bermeýärler ýa-da bejergiden öň ganyny aldyryp, soňam özüne goýbertmeýärler (5 Musa 15:23).
Emma olar gan bilen bagly käbir bejergilerden we usullardan ýüz öwürmeýär. Meselem, barlag üçin gan tabşyrmaga, gemodializi, gemodilýusiýany ýa-da emeli gan aýlanyş apparatyny ulanmaga razy bolup bilerler. Operasiýada, gan tabşyrmaly bolanda ýa-da bejergi döwri ganyny nähili ulanmalydygyny her kimiň özi çözmeli. Lukmanlaryň berýän bejergisi dürli-dürli bolup biler. Şonuň üçin operasiýadan, gan tabşyrmazdan ýa-da bejergi almazdan öň, her bir mesihçi ganynyň nähili ulanyljakdygyny bilmeli. Munuň üçin aşakdaky soraglar hakda oýlanyň.
Ganymyň bir bölegi bedenimden çykarylyp, gan akymy wagtlaýynça duruzylsa, şol gany bedenime goýbermäge ynsabym çatarmy? Ýa-da Hudaýyň gany «ýere dökmeli» diýen tabşyrygyny bozdugym bolarmy? (5 Musa 12:23, 24).
Bejergi wagty ganymyň bir bölegi alnyp, üýtgedilip, soňra ýene-de bedenime guýulsa, Mukaddes Kitaba görä terbiýelenen ynsabym ezýet bermezmi? Ýa-da men şeýle bejergä razy bolup bilerinmi?
39-njy sapak, 3-nji sözbaşa dolanyň
4. Är-aýalyň aýry ýaşamagy
Hudaý är-aýalyň aýry ýaşamagyny islemeýär. Mukaddes Kitaba laýyklykda, är-aýal aýry ýaşasa-da, başga biri bilen maşgala gurup bilmeýär (1 Korinfliler 7:10, 11). Ýöne aşakdaky sebäplere görä, är-aýal bialaç aýry ýaşamaly bolmagy mümkin.
Maşgalasyny bilgeşleýin eklemese. Aýalynyň we çagalarynyň aç-ýalaňaçdygyny görse-de, bilgeşleýin aladasyny etmeýär (1 Timoteos 5:8).
Urup-ýenjip, azar berse. Äri ýa-da aýaly ýanýoldaşyny öldir ýaly urup-ýençýär, maýyp edýär, jan saglygyna howp salýar (Galatýalylar 5:19—21).
Ýehowa bilen dostlugyna garşy çyksa. Ýanýoldaşy Ýehowa gulluk etdirmeýär (Resullar 5:29).
5. Baýramçylyklar we çäreler
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy gynandyrýan baýramçylyklara gatnaşmaýarlar. Emma käbir ýagdaýlarda näme etmelidigini her kimiň özi çözýär. Olar Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny we ynsabyny göz öňüne tutmaly. Geliň, şol ýagdaýlar hakda gürrüň edeliň.
Baýramçylykda gutlasalar. Siz: «Sag bol» diýip bilersiňiz. Eger olar baýramçylygy näme üçin bellemeýändigiňizi sorasalar, düşündirip bilersiňiz.
Ýanýoldaşyňyz baýramçylykda myhmançylyga äkitse. Eger siziň gitmäge ynsabyňyz çatsa, ýanýoldaşyňyza baýramçylyk bilen bagly çärelere we däp-dessurlara goşulmajakdygyňyzy öňünden aýdyň.
Başlyk işgärlerine baýramçylykda goşmaça pul berse. Puly almalymy ýa-da almaly däldigini bilmek üçin şu zatlar hakda oýlanmaly: başlygyň puly baýramyňy gutlap berýärmi? Ýa-da gowy işläniň üçin minnetdarlyk hökmünde berýärmi?
Baýramçylykda sowgat berseler. Käte adamlar: «Seniň baýramçylyk bellemeýäniňi bilýän, ýöne saňa sowgat beresim geldi» diýmegi mümkin. Belki, olar seni gowy görýändigi üçin sowgat beresi gelýändir. Ýöne käbir adamlar seni synajak bolup ýa-da baýramçylyga gatnaşdyrjak bolup sowgat bermekleri mümkin. Ýagdaý nähili bolaýanda-da, her kimiň özi çözýär. Biz Hudaýa wepaly bolup, ynsabymyzy arassa saklamak isleýäris (Resullar 23:1).
44-nji sapak, 1-nji sözbaşa dolanyň
6. Ýokanç keseller
Mukaddes Kitapda: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýilýär (Rimliler 13:8—10). Bizem adamlary söýýändigimiz üçin olara ýokanç keselleri geçirmek islemeýäris. Eger ýokanç keseli bilen kesellän bolsak ýa-da ýokanç keseli göteriji bolsak, onda has-da seresap bolmaly.
Ýokanç keselli adam beýlekiler bilen gujaklaşyp ýa-da ogşaşyp salamlaşmasa, başgalara keselini geçirmez. Eger biri maşgalasyny keselden goramak üçin kesellän adamy öýüne çagyrmasa, olardan öýkelemeli däl. Şeýle-de ýokanç keselli adam suwa çümdürilmezden öň, ýagdaýy hakda ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna habar bermeli. Ol hem beýleki suwa çümdüriljeklere howp abanmaz ýaly şert döreder. Eger bir mesihçi özünde ýokanç keseli bardyr ýa-da ýokanç keseli geçendir öýdýän bolsa, onda maşgala gurmak üçin duşuşyp başlamazdan öň ganyny barlatsa, onda ol başgalaryň aladasyny edýändigini görkezer. Şeýdip, «diňe öz peýdasyny däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözlär» (Filipililer 2:4).
56-njy sapak, 2-nji sözbaşa dolanyň
7. Söwda we hukuk meseleleri
Biz pul meselesinde ýa-da söwda-satyk işlerinde hatda mesihçiler bilen hem ýazuw görnüşinde ylalaşyk baglaşsak, köp düşünişmezligiň öňüni alarys (Ýermeýa 32:9—12). Ýöne şonda-da mesihçileriň arasynda pul ýa-da beýleki meselelerde kiçiräk düşünişmezlik döräp biler. Şeýle ýagdaýda düşünişmezligi dawa-jenjelsiz derrew çözmeli. Şeýle-de ara başgalary goşmaly däl.
Käbir ýagdaýlarda hilegärlik edilse ýa-da töhmet atylsa, düşünişmezligi nädip çözmeli? (Matta 18:15—17-nji aýatlary okaň). Şeýle ýagdaýda Isa pygamber aşakdaky üç maslahata eýermäge höweslendirdi.
Düşünişmezligi öz araňyzda çözjek boluň (15-nji aýada serediň).
Eger mesele çözülmese, ruhy taýdan tejribeli birki şaýady alyp, şol adam bilen gepleşiň (16-njy aýada serediň).
Eger şonda-da düşünişmezligi çözüp bilmeseňiz, ýygnak ýaşulularyna ýüz tutuň (17-nji aýada serediň).
Dogan-uýalar bilen düşünişmezlik bolanda, olary kazyýete tabşyrmaly däl, sebäbi biz Ýehowanyň adyna ysnat getirmek islemeýäris (1 Korinfliler 6:1—8). Emma biz aýrylyşmak, hossarlyk etmek, aliment, ätiýaçlandyryş tölegleri, bankrotlyk ýa-da wesýetnama meselelerinde kazyýete ýüz tutmaly bolarys. Mesihçi şeýle ýagdaýda meseläni parahatlyk bilen çözmek üçin kazyýete ýüz tutsa, Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozmaýar.
Mesihçi biriniň namysyna degen, çaga zorlan, birine topulan, uly möçberde ogurlyk eden ýa-da adam öldüren jenaýatçyny kazyýete berse-de, Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozmaýar.
a B. e. öň 455-nji ýyldan b. e. öň 1-nji ýyla çenli 454 ýyl bar. B. e. öň 1-nji ýyldan b. e. 1-nji ýylyna çenli bir ýyl bar (0-njy ýyl ýok). B. e. 1-nji ýylyndan 29-njy ýylyna çenli hasaplasaň 28 ýyl bolýar. Şeýdip, 483 ýyl gelip çykýar.