Ene-atalar
Ýehowa maşgalany näme üçin döretdi?
Ene-atalar çagalaryny näme üçin goramaly?
Serediň: «Çagalar, ýaşlar»
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 33:4, 5. Ýakup çagalaryna Allanyň sowgady hökmünde garaýardy.
2Ms 1:15, 16, 22; 2:1—4; 6:20. Imram bilen Ýokebet ogly Musany goramak üçin öz janyny howp astyna saldy.
Ene-atalaryň nähili borjy bar?
Çagalara näme üçin Ýehowa gulak asmagy öwretmeli?
Serediň: 2Tm 3:14, 15
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Şm 2:18—21, 26; 3:19. Ene-atasy Şamuweli Ýehowa bagyş etdi. Olar her ýyl Şamuweli görmäge gelerdiler we gerek-ýarak zatlaryny getirerdiler. Ol Ýehowa wepaly adam bolup ýetişdi.
Luk 2:51, 52. Isa kämil bolsa-da, bikämil ene-atasyna gulak asdy.
Ene-atalar çagalaryny terbiýelemek üçin peýdaly maslahatlary nireden tapyp biler?
5Ms 6:4—9; Efs 6:4; 2Tm 3:14—17
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ser 13:2—8. Perişde Manowa oglunyň boljakdygyny aýdanda, ol Ýehowadan ogluny nädip terbiýelemelidigini sorady.
Zb 78:3—8. Ýehowa ene-atalaryň çagalaryna Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny gürrüň bermegini isleýär.
Käbir çagalar mesihçi maşgalada ulalsa-da näme üçin Ýehowa gulluk etmeýär?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 6:1—5; Ýhd 6. Perişdeler Ýehowanyň huzurynda ençeme ýyl gulluk etseler-de, olaryň käbiri Hudaýa garşy çykdy.
1Şm 8:1—3. Şamuwel pygamber Hudaýa wepaly gulluk edýärdi, ýöne ogullary para alýardy we adalatsyzlyk edýärdi.
Ene-atalar çagalaryna Hudaý hakda näçe ýaşdan öwredip başlamaly?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
5Ms 29:10—12, 29; 31:12; Hyd 10:1. Ysraýyllar Ýehowa hakda bilim almak üçin ýygnanyşanda, çagalaryny ýanlary bilen getirýärdiler.
Luk 2:41—52. Ýusup bilen Merýem Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime çagalaryny hem alyp gidýärdi.
Mukaddes Kitapdaky haýsy mysallar ene-atalaryň çagalaryny goramalydygyny görkezýär?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Ms 19:4; 5Ms 32:11, 12. Ýehowa özüni jüýjelerini goraýan we arkasynda göterýän bürgüde meňzedýär.
Işa 49:15. Ýehowa gullukçylaryny gorajakdygyny we balasyny emdirýän eneden hem has gowy aladasyny etjekdigini aýtdy.
Mat 2:1—16. Şeýtan Hirodes patyşanyň ýanyna müneçjimleri ugradyp, bäbejik Isany öldürjek boldy. Ýöne Ýehowa ogluny goramak üçin Ýusuba maşgalasyny alyp Müsüre gitmegi tabşyrdy.
Mat 23:37. Isa özüni jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýan towuga meňzedip, ysraýyl halkyny goramak isleýändigini aýtdy.
Ene-atalar näme üçin çagalary bilen jynsy gatnaşyk hakda gepleşmeli?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
3Ms 15:2, 3, 16, 18, 19; 5Ms 31:10—13. Musanyň kanunynda jynsy gatnaşyk hakda açyk aýdylýardy. Ýehowa şol kanunlary çagalaryň hem diňlemegini isleýärdi.
Zb 139:13—16. Dawut ynsanyň täsin ýaradylyşy hakda aýdyp, Ýehowany şöhratlandyrdy.
Nak 2:10—15. Ýehowanyň berýän bilimi we akyldarlygy bizi azgyn we zalym adamlardan goraýar.
Ene-atalar näme üçin çagalaryna söýgi bilen terbiýe bermeli?
Nak 13:24; 29:17; Ýer 30:11; Efs 6:4
Serediň: Zb 25:8; 145:9; Kol 3:21
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Zb 32:1—5. Dawut eden günäsi üçin temmi alanda gynandy. Ýöne Ýehowanyň toba edýän adamy bagyşlaýandygyny bilende egninden ýük aýrylan ýaly boldy.
Ýun 4:1—11. Ýunus gaharlanyp Ýehowa bilen sylaşyksyz gepleşse-de, Ýehowa onuň bilen ýumşak gepleşip, rehimdar bolmagyň wajypdygyny öwretdi.
Söýýän ene-ata näme üçin çagasyna gerek ýerinde temmi berýär?
Serediň: Nak 15:32; Ylh 3:19