Nika
Nikany kim döretdi?
Mesihçi kim bilen durmuş gurmaly?
Mesihçi ene-ata suwa çümdürilen çagasynyň suwa çümdürilmedik adam bilen durmuş gurmagyny näme üçin goldamaýar?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 24:1—4, 7. Ybraýym pygamber ogly Yshaga Kengan gyzlaryndan däl-de, Ýehowa sežde edýän gyzy alyp berdi.
1Ms 28:1—4. Yshak ogly Ýakuba Kengan gyzlaryna däl-de, Ýehowa gulluk edýän gyza öýlenmegi tabşyrdy.
Ýehowa mesihçiniň imandaşy bolmadyk adam bilen durmuş gurmagyna nähili garaýar?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Pa 11:1—6, 9—11. Ýehowanyň Süleýman patyşa gahary geldi, sebäbi ol kanuny bozup, başga milletli aýallara öýlendi we olaryň täsirine düşüp, ýalan taňrylara sežde edip başlady.
Neh 13:23—27. Ysraýyllar başga milletli aýallara öýlenendigi üçin Ýehowanyň gahary geldi. Şonuň üçin Nehemýa olara käýedi.
Mesihçi Hudaýa wepaly we ýygnakda gowy abraýy bolan adam bilen durmuş gursa näme üçin paýhasly bolar?
Serediň: Efs 5:28—31, 33
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Şm 25:2, 3, 14—17. Nabal baý adamdy, ýöne ol gödek we zalym bolandygy üçin Abygaýylyň durmuşyny kül etdi.
Nak 21:9. Duşuşýan oglan bilen gyzyň garaýşy deň gelmese-de, durmuş gursalar, olaryň maşgalasy bagtly bolup bilmez.
Rim 7:2. Pawlus resul gyz durmuşa çykansoň bikämil äriniň tabynlygynda bolýar diýdi. Şonuň üçin uýalar ýanýoldaş saýlanda ünsli bolmaly.
Maşgala durmuşyna taýýarlyk
Erkek adam maşgala gurmazdan öň aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edip biljekdigine göz ýetirmeli
Mukaddes Kitapdan mysal:
Nak 24:27. Erkek adam öýlenmezden we çaga edinmezden öň maşgalasyny eklär ýaly gazanç edip başarmaly.
Oglan bilen gyz duşuşanda bir-biriniň daş keşbine däl-de, häsiýetlerine üns bermeli we ruhy taýdan berk mesihçi bilen maslahatlaşmaly
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Rut 2:4—7, 10—12. Bowaz Ruta öýlenmezden öň onuň il arasyndaky at-abraýy hakda soraşdyrdy we Rutuň zähmet çekişine, maşgalada özüni alyp barşyna we Ýehowa bolan söýgüsine üns berdi.
Rut 2:8, 9, 20. Rut Bowazyň mähirlidigini, jomartdygyny we Ýehowany jany-teni bilen söýýändigini gördi.
Ýehowa oglan bilen gyzdan tanyşlyk döwründe-de, adaglanansoň hem ahlak taýdan arassa bolmaklaryny talap edýär
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Nak 5:18, 19. Mähriňi görkezmegiň käbir ýollary diňe är-aýalyň arasynda bolmaly.
Aýd 1:2; 2:6. Şulamly gyz bilen çopan oglan duşuşýan döwri bir-birine söýgüsini bildirende, ahlaksyzlyga eltýän hereketleri etmediler.
Aýd 4:12; 8:8—10. Şulamly gyz özüne erk edip, päkligini saklady. Ol «gulply bag-bakja» ýalydy.
Nikany näme üçin kanun taýdan resmileşdirmeli?
Äriň borjy
Ýehowa ärlerden näme talap edýär?
Är maşgalabaşy borjuny ýerine ýetirende kimden görelde almaly?
Är aýalyna söýgüsini bildirmeli, duýgularyna we ýagdaýyna düşünjek bolmaly
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 21:8—12. Ybraýym Bibisaranyň aýdan zatlaryny halamady, ýöne Ýehowa oňa aýalyna gulak asmagy tabşyrdy.
Nak 31:10, 11, 16, 28. Paýhasly är başarjaň aýalynyň her bir ädimini yzarlap, ondan kemçilik tapjak bolup ýörmeýär. Gaýtam oňa ynanýar we öwgüli sözleri aýdýar.
Efs 5:33. Pawlus resul aýal maşgalanyň äriniň söýgüsine hemişe mätäç bolýandygyny aýtdy.
Aýalyň borjy
Ýehowa aýallardan näme talap edýär?
Aýalyň maşgaladaky borjy mertebesini peseldýärmi?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ýoldaşy iman etmeýän uýa Ýehowany nädip begendirip biler?
Uýa näme üçin ärine hormat goýmaly?
Mukaddes Kitapdan mysal:
1Ms 18:12; 1Pe 3:5, 6. Bibisara Ybraýyma «hojaýynym» diýip hormat goýýardy.
Mukaddes Kitapda aýalyň nähili häsiýetleri wasp edilýär?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Ms 24:62—67. Yshak ejesiniň ölümi sebäpli hasrat çekende, aýaly Rebeka oňa göwünlik berdi.
1Şm 25:14—24, 32—38. Abygaýyl Dawutdan rehim etmegini haýyş edip, ärini we öý-içerisini halas etdi.
Est 4:6—17; 5:1—8; 7:1—6; 8:3—6. Şa aýaly Ester Hudaýyň halkyny halas etmek üçin öz janyny orta goýup, patyşanyň ýanyna çakylyksyz bardy.
Kynçylyklary çözmek
Är-aýala maşgalada döreýän kynçylyklary çözmäge haýsy prinsipler kömek eder?
Är-aýala pul meselesinde paýhasly bolmaga haýsy prinsipler kömek eder?
Luk 12:15; Flp 4:5; 1Tm 6:9, 10; Ýew 13:5
Serediň: «Pul»