Arhiwimizden
«Men göze ilmez ýaly däldim»
Doly wagt gulluk edýän Şarlotta Uaýt uýanyň üýtgeşik tigirli çemedanly Luiswile (ABŞ, Kentukki ştaty) gelmegi köpleriň ünsüni çekdi.
1908-nji ýylda Şarlotta uýanyň üýtgeşik çemedany şäheriň ýaşaýjylarynyň ünsüni çekdi. Şarlotta: «Adamlar diňe meniň çemedanymyň gürrüňini edýärdi. Men göze ilmez ýaly däldim» diýdi. Bu çemedana «tigirli şapak» diýilýärdi.
Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar, häzir Ýehowanyň Güwäçileri, Hudaýyň Sözünden erjellik bilen öwrenýän zatlaryny adamlara gymmatly hakykaty wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Olaryň köpüsi «Müňýyllygyň şapagy» (soňra «Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek» diýip atlandyrylan köp tomly kitapdan) Hudaý barada bilim aldylar. Mümkinçiligi we islegi bolan mesihçiler şäherlere, obalara aýlanyp we daş ýerlere gidip, hakykata suwsan adamlara şol kitaplary hödürleýärdiler. Bu kitaplara köplenç «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler üçin gollanma» diýýärdiler.
1908-nji ýylda Şarlotta uýa we yhlasly wagyzçylar daşy bütinleý matadan edilen alty tomly kitaby 1 dollar 65 sente hödürleýärdiler. Olar kitaby derrew bermeýärdiler-de, ilki sargyt alyp, adamlar aýlyk alan güni getirýärdi. Kitap üçin alnan pullar diňe kitaby çap etmek üçin çykdajysyny ödeýärdi. Hakykatyň bir duşmany adamlaryň şeýle kitaplary gülkünç baha satyn alýandygyna gahary gelýärdi!
Malinda Kifer atly uýa adamlaryň käte hepde-de 200—300 kitap sargandygyny aýdýar. Adamlaryň bu kitaba bolan höwesi kynçylyk hem döretdi. «Garawul diňinde» şeýle diýilýär: «50 kitabyň agramy 18 kilogramdy. Olary paýlamak, aýratynam, uýalara «örän kyndy». Onuň diňe altynjy tomy 740 sahypadan ybaratdy!
Jeýms Koul dogan «Şapagy» adamlara äkitmek üçin, iki tigirli eplenýän rama oýlap tapdy. Nurbat arkaly oňa çemedan birikdirilýärdi. Jeýms oýlap tapan zadyna begenip, kitaply agyr gutulary göterip: «Men indi bilimi agyrtmaýaryn» diýdi. Ol 1908-nji ýylda Sinsinnatide (Ogaýo ştaty) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kongresinde oýlap tapan zadyny görkezdi. Onuň iki kese söýesinde «tigirli şapak» diýlen oýulyp ýazylan ýazgy bardy, çünki ol «Müňýyllyk şapagy» daşamak üçin niýetlenendi. Birazajyk türgenleşip, kitapdan doly çemedany bir eliň bilen sürüp bolýardy. Ramanyň beýikligini sazlap bolýardy, onuň tigiri bolsa, egrem-bugram ýoldan-da ýöreýärdi. Wagyzçylar gullukdan soň öýe pyýada ýa-da tramwaýda gaýdanda, ramany eplände rezinli tigiri çemedanyň diwaryna saplaşyp durýardy.
Doly wagt gulluk edýän uýalara «tigirli şapak» mugt berilýärdi. Başgalar oňa 2, 5 dollar töleýärdi. Kifer uýa (suratda çepde) «şapagy» şeýle ökde ulanýardy welin, hatda agyr çemedany bir eli bilen sürüp bilýärdi, beýleki elinde bolsa, kitaply sumkany göterýärdi. Pensilwaniýada (ABŞ) şahtaçylaryň bir şäherinde gyzyklanýan adamlar şeýle bir köpdi welin, köplenç kitap eltilýän güni, Kifer uýa köpriniň üsti bilen üç-dört sapar Allegeýn derýasyndan geçmeli bolýardy.
1980-nji ýyllaryň ahyrynda graždan awiasiýasynyň bir lýotçigi tigirli çemedan oýlap tapdy. Şu günler ony köplenç aeroportlarlarda we şäherleriň köçelerinde görse bolýar. Emma ýüz ýyl mundan ozal, adamlaryň ünsüni özüne çekýän yhlasly Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler özleriniň «tigirli şapagyny» sürüp, Hudaýyň Sözüniň gymmatly hakykatynyň tohumyny ýaýradýardylar.
[32-nji sahypadaky sitata]
Kitap eltilýän güni Kifer uýa köplenç üç-dört sapar Allegeýn derýasyndan geçmeli bolýardy
[32-nji sahypadaky sitata]
«Şapagy» eltmek has-da aňsatlaşdy